Ï Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanyldy

view-icon 1073
Bu habar ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinden gelip gowuşdy, şol ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýär. Şeýlelikde, Türkmenistan eýýäm bäşinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanylýar. Munuň özi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we umumy bähbitlere laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek milli Liderimiziň oňyn strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol hyzmatdaşlyk bolsa strategiki häsiýete eýedir. Däbe öwrülen şol gatnaşyklar toplanan baý tejribä daýanyp, täze many-mazmuna eýe boldy. BMG hem-de onuň iri ýöriteleşdirilen edaralary we düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegi, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň işlerinde işjeň orun eýeleýändigi, tutuş adamzady tolgundyrýan wajyp meseleleri çözmäge anyk ýardam bermäge çalyşýandygy bilen şertlendirilendir.

Ýurdumyzyň döredijilikli syýasaty ýaly, bu garaýyş hem Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy goldawyna eýe boldy. Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň indi ençeme gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň, şol sanda 58-nji, 62-nji, 64-nji we 68-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, soňky ýyllarda döwletimiz köp gezek bu iri halkara guramasynyň abraýly düzümleriniň hem-de ykdysady edaralarynyň düzümine saýlanyldy. Bularyň ählisi Türkmenistan — BMG gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyna we olaryň uzakmöhletleýin geljege gönükdirilendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, 2010-njy ýylyň güýzünde Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika boýunça komitetiniň býurosynyň wise-başlyklygyna, soňra bolsa bassyr iki ýyl SPEKA-nyň — Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan işläp taýýarlanylan Ýörite maksatnamasynyň başlyklygyna saýlanandygyny ýatlatmalydyrys. 2011-nji ýylyň aprelinde ýurdumyz BMG-niň abraýly edaralarynyň birbada üçüsiniň – 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň ilat we ösüş baradaky komissiýasynyň, şol döwür üçin BMG-niň neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň, şeýle hem hemişelik esasda BMG-niň Ýokary Komissarynyň bosgunlaryň işi baradaky Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň düzümine saýlanyldy. 2013-nji ýylyň aprelinde Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wise-başlyklygyna, şol ýylyň noýabr aýynda bolsa 2013-2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy.

Geçen ýylyň ýazynda we güýzünde ýurdumyz degişlilikde 2016-2018-nji ýyllar döwür üçin BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek baradaky düzüminiň Ýerine ýetiriji Geňeşine hem-de ýene-de BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika baradaky Komitetiniň býurosynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy. Şu ýylyň aprel aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) mejlisiniň barşynda Türkmenistan birbada üç düzüme – 2017-2020-nji ýyllar döwür üçin BMG-niň ylym we tehnika baradaky komissiýasynyň, 2016-2020-nji ýyllar döwür üçin Ilat we ösüş komissiýasynyň hem-de 2017-2021-nji ýyllar üçin Durmuş taýdan ösüş komissiýasynyň düzümine saýlanyldy.

Türkmenistanyň BMG-niň alty esasy edarasynyň biriniň – 2013-2015-nji ýyllar üçin Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň “EKOSOS” agzalygyna saýlanylmagynyň özi hem BMG bilen köpýyllyk gatnaşyklarynyň taryhynda uly ähmiýete eýe boldy. Bu waka 2012-nji ýylyň noýabrynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde bolup geçdi. Mälim bolşy ýaly, EKOSOS özüne degişli giň meselelere gözegçilik edýän dürli düzümleriň we komissiýalaryň hataryna girýär. Olaryň hatarynda ýokarda agzalyp geçilen Komissiýalaryň üçüsi bar. Biziň ýurdumyz olaryň düzümine öň hem saýlanylypdy. Türkmenistanyň täzeden saýlanylmagy bolsa onuň şol komissiýalaryň köpugurly işine goşýan goşandynyň nobatdaky ykrarnamasydyr.

Türkmenistanda adam hukuklary ulgamynda hereketleriň Milli meýilnamasy, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-niň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýurt maksatnamasynyň hereketler Meýilnamasy hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýurt maksatnamasynyň hereketler Meýilnamasy BMG-niň ýörite edaralary, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Çagalar gaznasy we BMG-niň Ilat gaznasy bilen üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň netijeleridir. Şol meýilnamalar 2016-2020-nji ýyllar üçin niýetlenendir.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprelinde Aşgabatda 2016-2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ösüş maksady bilen hyzmatdaşlyk etmegiň Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekilendigini ýatlatmalydyrys. Ol ýurdumyzda durmuşa geçirilýän möhüm milli maksatnamalaryň wezipelerine hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Soňky onýyllygyň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde ozalky iki bäşýyllyk Çarçuwaly maksatnama laýyklykda dürli ulgamlarda 264 taslamany durmuşa geçirendigi bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerinde döwletimiziň işjeň orun eýeleýändigini aýdyňlyk bilen tassyklaýar. Şol başlangyçlar bolsa möhüm ugurlarda, şol sanda ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we köpşahaly ulag-üstaşyr düzümleri döretmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Olar BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamalarynda öz beýanyny tapdy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz ençeme gezek iri halkara forumlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Olaryň gün tertibine häzirki döwrüň wajyp meseleleri girizildi. Şu ýyl bolsa Aşgabatda durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat geçiriler. Munuň özi hem Watanymyzyň dünýä giňişliginde abraýynyň has-da artýandygyna şaýatlyk edýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy ýurdumyzyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm tapgyry alamatlandyrýar. Şol gatnaşyklar bolsa ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär.