Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň baştutanyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň baştutanyny kabul etdi

view-icon 974
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Oýuunsaýhan Dendewnorowy kabul etdi.

Iri halkara guramasynyň wekili duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda işlän ýyllaryny hemişe uly kanagatlanma bilen ýatlajakdygyny nygtady. Ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwletiň durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alan iri möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň şaýady bolmak bagtynyň miýesser edendigini buýsanç bilen aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisine ýurdumyzyň wise-başlyklyga saýlanmagy Türkmenistanyň ägirt uly halkara abraýynyň nobatdaky gezek ykrar edilmesine öwrüldi. ÝUNISEF-iň wekilhanasynyň ýolbaşçysy bu ajaýyp waka bilen mähirli gutlap, täze müňýyllygyň umumy maksatlary hem-de wezipeleri babatda soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň has-da üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge diplomatyň goşan ägirt uly şahsy goşandyna ýokary baha berdi. ÝUNISEF bilen soňky ýyllaryň içinde saglygy goraýşy, bilimi, sporty, eneligi we çagalygy goramagy hem-de beýleki dürli ulgamlarda birnäçe wajyp bilelikdäki taslamalar hem-de maksatnamalar durmuşa geçirildi.

BMG-niň Çagalar gaznasy ençeme ýyllaryň dowamynda maglumat edebiýatyny hem-de aň-bilim we ösüş häsiýetli ýygyndylary çap etmekde we ýaýratmakda, maslahatlary, okuw maslahatlaryny, duşuşyklary we mowzuklaýyn çäreleri, şol sanda ösüp gelýän nesliň saglygyny berkitmäge we goramaga gönükdirilen çäreleri guramakda Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hemişelik hyzmatdaşy bolup çykyş edip gelýär. Bilelikdäki başlangyçlaryň hem-de çäreleriň has işjeň geçirilýän döwrüniň okuwçylaryň tomusky dynç alyş döwrüne gabat gelýändigi bellärliklidir. Şol döwürde türkmen çagalary öz wagtlaryny soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan iň döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde geçirýärler.

Saglygy goraýyş ulgamyna köp wagtlap ýolbaşçylyk eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde, türkmenistanlylar häzirki zaman lukmançylyk hyzmatlarynyň köp görnüşlerine eýe boldular. Şol hyzmatlar işjeň alnyp barylýan sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiň we sportyň häzirki gerimi bilen utgaşyklylykda beden we ruhy taýdan ösen nesliň terbiýelenilmegine gönüden-göni ýardam berýär.

Ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak ulgamy hem uly döwlet goldawyna eýe boldy. Muňa paýtagtymyzda we sebitlerde gurlan “Ene mähri” enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri hem-de ene süýdi bilen iýmitlendirmek we ganazlyga garşy göreşmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalar aýdyň subutnama bolup durýar. Häzirki günde ýurdumyzyň çaga dogrulyşyna kömek edýän edaralaryň ählisine diýen ýaly “Çaga mähirli garaýan hassahana” diýen hormatly dereje berildi. Ol Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) bilermenleri tarapyndan tassyklanyldy. “Türkmenistanda eneleriň, täze dünýä inen bäbekleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglyklaryny goramagyň” Milli strategiýasynyň hem-de 2015-2019-njy ýyllar üçin hereket etmegiň meýilnamasynyň çäklerinde netijeli işler alnyp barylýar.

Nygtalyşy ýaly, bilelikde işlemegiň köpýyllyk oňyn tejribesine daýanyp, Türkmenistan BMG-niň ulgamynda iň möhüm halkara düzümler, hususan-da, ÝUNISEF we BSGG bilen mundan beýläk-de ysnyşykly özara hereket etmäge meýillidir. Şol düzümler azyk önümlerini baýlaşdyrmak we çaga immunizasiýasyny geçirmek boýunça uly möçberli milli taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Bu ugurda gerimi taýdan Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde öňdäki orny eýeleýär. Halkara bilermenleri “Immuno öňüni alyş” Milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, Türkmenistanda ýokanç keselleri bilen kesellemekliginiň görnetin azalandygyny aýratyn belleýärler. Şol maksatnama sebitde has giň ýaýran kesellere garşy, şol sanda inçekesele, bogun agyra, täjihoraza, gökbogma, bürmek keseline we beýlekilere garşy hökmany sanjym geçirilmegini göz öňünde tutýar. ÝUNISEF öz tarapyndan ilatyň durnukly we ählumumy immunizasiýa gurşalyp alynmagyny goldaýar hem-de munuň ömrüni goramak üçin örän wajyp ähmiýete eýe bolan her bir çaganyň esasy hukugydygyny nygtaýar.

BMG-niň Çagalar gaznasy bilen köpýyllyk özara hereketleriň netijesinde ýod-demir ýetmezçiligi sebäpli, ýüze çykýan keselleriň azaldylmagy boýunça birnäçe ähmiýetli taslamalar hem üstünlikli durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda öndürilýän ähli ýokary we birinji sortly bugdaý ununy foliý kislotasy hem-de demir bilen doly baýlaşdyrmaklyk ýola goýuldy, ilaty ýodlaşdyrylan duz bilen üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň GDA we Merkezi Aziýa döwletleriniň içinde ilkinji hem-de dünýäde dördünji bolup, umumy kabul edilen halkara ölçeglerine laýyklykda duzy köptaraply ýodlaşdyrmagy üpjün edýän ýurt hökmünde ählumumy ykrar edilmä eýe bolandygyny ýatlamak ýerliklidir.

Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk edilmegi hem oňyn netijelerini berýär. Biziň döwletimiz çagalaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegine aýratyn möhüm ähmiýet berip, ösüp gelýän nesliň mekdebe çenli terbiýesine hem-de bilimine uly üns berýär. Muňa ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky Wekilhanasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan “2011—2015-nji ýyllar üçin çaganyň irki ösüşi hem-de ony mekdebe taýýarlamak” boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän Milli maksatnama has aýdyň şaýatlyk edýär. “Çagalara mähirli garaýan mekdepler” atly halkara başlangyjynyň okuw-bilim toplumynyň ulgamyna ornaşdyrylmagy bilelikdäki tagallalaryň wajyp ugurlarynyň biri boldy. Ol Türkmenistanda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän innowasion bilim maksatnamasynyň esasy maksatlaryna hem-de wezipelerine doly gabat gelýär.

Duşuşygyň çäklerinde gazanylan üstünlikler we köpýyllyk netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan şu ýylyň mart aýynda tassyklanylan Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2016—2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasy şol gatnaşyklary ösdürmek üçin iş ýüzündäki gollanma bolar.

Hanym Oýuunsaýhan Dendewnorow ÝUNISEF-iň döwletimiziň tutuş dünýäde abadançylygyň maksatlaryna doly gabat gelýän netijeli halkara syýasatyny doly goldaýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şanly 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş meseleleri boýunça sammitde beýan eden täze başlangyçlarynyň we teklipleriniň bilelikde işlemek üçin nobatdaky gezek kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegi daşary syýasatynyň strategiki ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan edip, BMG-niň ähli ýöriteleşdirilen edaralary we düzümleri, şol sanda alyp barýan işleri iň ýaş raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga hem-de üpjün etmäge, her bir çaganyň mümkinçiliginiň doly ösmegine we açylmagyna ýardam edýän oňaýly ýagdaýlaryň döredilmegine gönükdirilen Çagalar gaznasy bilen netijeli, özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklary ýola goýdy.

Çagalaryň saglygyny goramakda, bilim we durmuş taýdan üpjünçiligi ulgamynda Türkmenistanyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny ýurdumyzyň çagalaryň hukugy babatda binýatlaýyn halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda çagalaryň ömrüni, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek baradaky Bütindünýä Jarnamasyna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary baradaky Konwensiýasyna goşulmagy tassyklaýar.

Söhbetdeşligiň çäklerinde Türkmenistanda geçirilen multiklaster barlaglary bilen baglanyşykly meselelere hem deglip geçildi. Onuň netijeleri beýleki 22 döwlet üçin nusga alarlyk boldy.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertleri döretmekde ýurdumyzyň uly üstünliklerine ýokary baha berip, wekilçilik edýän halkara guramasynyň Türkmenistan bilen köpýyllyk üstünlikli özara hereketleri yzygiderli çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Hanym Oýuunsaýhan Dendewnorow pursatdan peýdalanyp, hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän aýratyn ünsi hem-de ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň işine hemmetaraplaýyn goldawy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdy.