Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Sizi däbe öwrülen möhüm ykdysady çäräniň — Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatyna bagyşlanan serginiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, köptaraply döwletara gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.
Şu gün açylýan sergi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde, gurluşyk materiallary senagatynda türkmen-türk telekeçileriniň hyzmatdaşlygyny ösüşiň täze derejesine çykarmakda, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmakda, Türkiýäniň kompaniýalary we maýadarlary bilen işewürlik gatnaşyklaryny berkitmekde, milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýasyny giňden çekmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Häzirki döwürde Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalaryň we döwlet ösüşine degişli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan türk işewürleri gurluşyk materiallary senagatynda we gurluşyk pudagynda türkmenistanly kärdeşleri bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.
Gadyrly sergä gatnaşyjylar!
Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakda uly üstünlikler gazanýan Türkmenistan gurluşyk senagatyna iň täze tehnologiýalaryň giňden çekilmegine, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň ornaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýär. Bu bolsa ýurdumyzda ýöriteleşdirilen sergileriň we işewürlik maslahatlarynyň yzygiderli guralmagyny şertlendirýär.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilýän bu sergide Türkiýäniň dürli sebitleriniň kompaniýalary we firmalary özleriniň senagat kuwwatlyklaryny we eksport mümkinçiliklerini görkezerler. Olaryň arasynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän, netijeli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin amatly şertlerden peýdalanmagy maksat edinýän kompaniýalaryň hem kändigi bellenmäge mynasypdyr.
Döwletara türkmen-türk gatnaşyklary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sazlaşykly ösüşe eýe boldy. Bu gatnaşyklar iki doganlyk halkyň arasyndaky asyrlaryň dowamynda ýola goýlan dostluk we ruhy ýakynlyk, özara düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklaryna esaslanýar.
Türkmenistan we Türkiýe köpasyrlyk asylly däplere ygrarly bolup durýarlar. Iki döwlet hem bilelikdäki işiň oňyn tejribelerini, ägirt uly serişde mümkinçiliklerini, milli ykdysadyýetiň gazananlaryny we geoykdysady ýagdaýlary nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýärler.
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatyna bagyşlanan serginiň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglyk, rowaçlyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow