Mähriban uçurymlar!
Sizi Garaşsyz, Bitarap Watanymyza wepaly gulluk etjek, deňiz çäklerimiziň bitewüliginiň goralyp saklanmagyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini, ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygynyň, hukuk tertibiniň we kanunçylygyň ýokary derejede goralmagyny üpjün edýän ýokary bilimli hünärmenler edip ýetişdiren ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlamagyňyz, ýokary bilime we ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz, şeýle hem ilkinji zähmet ýoluna we harby gulluga gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň giňden bellenýän Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýaş serkerdelere — watançy hünärmenlere gadamlarynyň batly, buýsançly başlarynyň hemişe belent bolmagyny, geljekde özlerine ynanyljak wezipelerde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw edýärin.
Eziz Watanymyzyň merdana goragçylary!
Bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny hem-de döredijilikli zähmetini goramak, jemgyýetimizde kanunçylygy, hukuk tertibini has-da berkitmek siziň mukaddes borjuňyzdyr.
Watanymyzyň bagtyýar geljegi üçin bilimiňizi has-da kämilleşdirmek, göreldeli gulluk etmek siziň baş wezipäňize öwrülmelidir. Siz bilimiň, ylmyň we harby sungatyň döwletimizde we daşary ýurtlarda toplanan tejribesini yzygiderli özleşdirmelisiňiz. Watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, päk ýüreklilik ýaly ajaýyp häsiýetler bilen uly at-abraýa mynasyp bolmalysyňyz.
Siz dünýäde parahatçylyk söýüji daşary syýasaty alyp barýan eziz Watanymyzyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini gündelik harby gullugyňyzda berk berjaý etmelisiňiz.
Hormatly serkerdeler, professor-mugallymlar!
Ýurdumyzda ýaşlara saýlap alan hünärleri boýunça bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Döwrebap bilim özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýaşlarymyzyň belent ynsanperwerlik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi we döwrebap pikirlenmegi, ilkinji nobatda, serkerdeleriň we professor-mugallymlaryň özleriniň hünär ussatlyklaryny yzygiderli artdyrmaklary we dünýäniň öňdebaryjy iş usullaryny ulanmaklary bilen berk baglanyşyklydyr.
Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bilimiň we ylmyň iň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, siz her bir harby talybyň bilime we ylma bolan höwesini artdyrmalysyňyz. Harby talyplary ylmy barlaglara ugrukdyrmalysyňyz.
Geljekde hem siziň bu jogapkärli wezipäni uly abraý bilen berjaý edip, ylymly-bilimli, päk ahlakly we beden taýdan sagdyn, merdana watançylary terbiýeläp ýetişdirmekde gujur-gaýratyňyzy, ukyp-başarnygyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.
Garaşsyz Watanymyzyň edermen gerçekleri!
Siz özüňize ynanylan wezipeleri, tabşyryklary ýerine ýetireniňizde pederlerimiziň halallyk, pespällik, kiçigöwünlilik, salyhatlylyk, paýhaslylyk, mertlik, edermenlik, watansöýüjilik ýaly belent häsiýetlerine eýermelisiňiz we halkymyzyň buýsanjyna hem-de uly hormatyna mynasyp bolmalysyňyz.
Siz Watanymyzyň we dünýäniň taryhynda öçmejek yz goýan Oguz han, Seljuk beg, Togrul beg, Çagry beg, Görogly beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar ýaly türkmen halkynyň beýik ogullarynyň gahrymançylykly söweş ýollaryny mynasyp dowam etdirmelisiňiz.
Siziň paýyňyza ýurdumyzda gazanan ähli üstünliklerimiziň — ykdysady we medeni-ruhy ösüşlerimiziň, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň berk binýady bolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy janyňyzdan eý görüp, parasatly ata-babalarymyzyň agzybir, parahat we asuda ýaşamak baradaky wesýetlerini berjaý etmek ýaly mukaddes borç düşýär.
Siziň bu belent borja hemişe wepaly boljakdygyňyza, eger gerek bolsa, eziz Watanymyz, mähriban halkymyz üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.
Eziz uçurymlar!
Siziň ähliňizi şu günki ajaýyp dabara mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow