Ï Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

view-icon 940
Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň nobatdaky 14-nji maslahaty geçirildi, oňa degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda deputatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuknamalaryň taslamalaryna garadylar.

Şunuň bilen baglylykda, milli parlament tarapyndan milli Liderimiziň deputatlaryň öňünde goýan esasy wezipelerine laýyklykda, kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça iri möçberli işler geçirilýär. Ähli kanun taslamalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünleri, halkara hukugynyň kadalary nazara alnyp işlenip taýýarlanylýar, bu bolsa döwletimizi syýasy, durmuş-ykdysady hem-de ruhy-medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

“Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, adam hakyndaky alada, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr. Biziň ýurdumyzyň täze taryhy döwürdäki ykdysady strategiýasy, esasy manysy “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda beýan edilen bu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanda giňden ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri netijesinde paýtagtymyzda we welaýatlarda her ýyl täze zawodlar we fabrikler, durmuş maksatly desgalaryň — mekdepleriň, çagalar baglarynyň, lukmançylyk edaralarynyň onlarçasy ulanmaga tabşyrylýar. Oba hojalygyny ösdürmek, hususy işewürligi goldamak maksady bilen täsirli çäreler geçirilýär. Bularyň ählisi täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilaty iş bilen üpjün etmek meseleleriniň oňyn çözülmegine ýardam berýär.

Şunuň bilen birlikde, raýatlaryň durmuş goraglylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär. Täze Kanun hem munuň mysalydyr, onda ilaty iş bilen üpjün etmek ulgamynda döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary kesgitlenilýär we raýatlaryň zähmete bolan konstitusion hukugyny üpjün etmäge, işsizlikden goraglylygyna gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik ulgamynda döwlet kepillendirmeleri bellenilýär.

Deputatlaryň garamagyna “Kinematografiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Taslamany ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň — milli medeniýeti we sungaty gaýtadan dikeltmegiň zamanasydygy bellenildi. Häzirki wagtda döwlet syýasaty derejesinde medeniýete jemgyýeti jebisleşdiriji hem-de ruhlandyryjy güýç hökmünde garalýar, ol milletiň ahlak we estetiki ýörelgeleriniň, demokratik hem-de durmuş özgertmeleriniň, halkyň we ýurduň ösüşiniň möhüm guralydyr.

Täze Kanun ýurdumyzyň kinematografiýasynyň ägirt uly döredijilik, önümçilik, ylmy, tehniki, aň-bilim, maglumat, wagyz mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Hususan-da, Kanun kinematografiýa ulgamynda hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş işleriniň esaslaryny düzgünleşdirýär, filmleriň düşürilýän pursatynda, görkezilýän, ýaýradylýan we saklanylýan halatlarynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar. Sungatyň bu görnüşini goramak, ösdürmek we goldamak boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär.

Deputatlar “Ösümlikleri goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, bu taslamanyň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipelerden, oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelerden ugur alnyp işlenip taýýarlanylandygyny bellediler. Bu Kanun ösümlikleri zyýankeşlerden, kesellerden, haşal otlardan goramak ulgamynda alnyp barylýan işleriň hukuk, ykdysady hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we ýetişdirilen hasylyň goralmagyna gönükdirilendir.

Täze Kanunyň möhümliginiň, hususan-da, ýurdumyzda ösümlikçiligiň işjeň ösdürilmegi bilen şertlendirilendigi nygtaldy. Bu taslama işlenip taýýarlanylanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda hem-de döwlet Baştutanymyzyň 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda Mejlisiň V çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygynyň barşynda öňe süren ekologiýa babatyndaky degişli başlangyçlarynyň nazarda tutulandygy bellenildi.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, Mejlisiň garamagyna “Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Pikir alyşmalaryň barşynda ýurdumyzda adalat ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, türkmen jemgyýetiniň hukuk binýatlaryny pugtalandyrmak, halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelerini ösdürmek we baýlaşdyrmak babatynda bu resminamanyň ähmiýeti nygtaldy.

Hususan-da, bu Kanun taslamasynyň Türkmenistanyň adalat edaralarynyň iş alyp barşynyň, wezipeleriniň, hukuklarynyň we borçlarynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýändigi, şeýle hem olaryň işgärleriniň hukuk we durmuş goraglylygynyň kepilliklerini belleýändigi bellenildi. Adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, döwlet işiniň hukuk üpjünçiligi adalat edaralarynyň üstüne ýüklenen esasy wezipeleriň hataryna girýär. Olaryň işi kanunçylyk, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adalatlylyk, ynsanperwerlik, aýanlyk, beýleki döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlyk esaslarynda guralýar.

Deputatlaryň garamagyna “Türkmenistanyň içerki goşunlary hakynda” (rejelenen görnüşi) we “Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda” (rejelenen görnüşi) Kanunlaryň taslamalary, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Kanunyň taslamasy hödürlenildi. Garaşsyz Watanymyzyň 25 ýyllygynyň şanly senesi mynasybetli bu sylaga döwletimiziň durmuş-ykdysady we medeni-ruhy ösüşine uly goşant goşan raýatlar mynasyp bolar.

Deputatlaryň garamagyna hödürlenen beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň hatarynda “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalary bar.

“Girdejiler üçin we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasynda Konwensiýany tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglary boýunça saýlawlary bellemek hakynda”, “Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda “Kärizek” geňeşligini döretmek hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň 3-nji bölegini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalary maslahatyň gün tertibine girizilen möhüm meseleler boldy.

Milli parlamentiň deputatlary Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň on dördünji maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny biragyzdan makullamak we kabul etmek bilen, bu möhüm hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.