Ï Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

view-icon 1057
Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!


Sizi Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda ykdysady taýdan has-da kuwwatlanyp, uly ösüşlere eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan uly üstünlikler mähriban halkymyzy örän guwandyrýar.

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, netijeli we döredijilikli işlemegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, ýurdumyzyň şäherlerini, etraplaryny, obalaryny düýpli özgertmek, ýaşlar üçin täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen medeni-durmuş maksatly binalar, döwrebap zawod-fabrikler yzygiderli gurulýar. Bu tutumly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin köp möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämize esaslanýan bu belent maksatlar halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly adamlar!
Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!


2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we dünýä döwletlerinde baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Bu çäreleriň ählisi dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga, türkmen medeniýetini we sungatyny has-da kämilleşdirmäge uly ýardam edýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak tutumly işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi halkymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryny täze öwüşginlere beslemekde, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy döwrebap, kämil eserler bilen baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Medeniýet hepdeligi türkmen şygryýetiniň, aýdym-sazynyň, eziz Watanymyzy öz eserlerinde ýokary çeperçilik bilen suratlandyrýan, döwrebap sahna oýunlaryny döredýän sungat ussatlarymyzyň özboluşly baýramydyr.

Ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň bir supranyň başyna jem bolup, şatlyk-şowhunly geçirýän sungat baýramy berkarar ýurdumyzyň taryhy senenamasyna girjek şanly waka öwrüler.

Eziz watandaşlar!
Hormatly myhmanlar!


Şu ýyl Medeniýet hepdeliginiň Mary welaýatynda geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly ösüşlere beslenen Mary topragy türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň dürli döwürlerinde döredilen milli gymmatlyklary özünde jemleýän gadymy toprakdyr.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasy häzirki wagtda diňe bir watandaşlarymyzyň däl, eýsem, dünýä jahankeşdeleriniň hem iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guraljak medeni çäreler ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge, halkymyzyň milli mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny içgin öwrenmäge we dünýä ýaýmaga täze badalga berer.

Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!

Sizi Mary welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow