Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 1018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyp, “Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Hasabatyň çäklerinde täze hojalyk jemgyýetiniň düzümi, esasy paýdarlar hem-de olaryň esaslandyryş maýasyna paýly gatnaşygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gymmatly kagyzlar bazarynyň esasy wezipesiniň ykdysady edaralaryň arasynda pul serişdeleriniň erkin paýlanmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi. Soňky ýyllarda bu ugurda birnäçe möhüm ädimler ädildi. Milli Liderimiz munuň ýakyn geljekde maliýeleşdirmegiň çeşmeleriniň çägini giňeltmäge hem-de ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam etjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda işi dowam etmegiň hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen ähli çäreleriň wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ýurdumyzyň ägirt uly nebitgaz kuwwatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary we täzeçil işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen netijeli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda welaýatlarda galla oragynyň geçirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer ýygnalan bugdaý hasylynyň galla kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşalýandygyny, tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen özara hasaplaşyklaryň wagtynda amala aşyrylýandygyny belledi. Galla oragy bilen bir hatarda, meýdanlarda saman ýygnamak, ýerleri sürmek hem-de aralyk ekinleri ekmek, şeýle hem gowaça ideg etmek işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere galla oragynyň depginlerini güýçlendirmek, bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy we bugdaý hasylyny ýygnamak işini bellenen möhletde tamamlamak hem-de ýitgisiz geçirmek üçin degişli çäreleri görmegi talap etdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri ýokary hilli ýerine ýetirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Ýurdumyzda ekerançylyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, gök we bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň, şol sanda welaýatlaryň her birinde döwrebap ýyladyşhana hojalyklaryny döretmegiň hasabyna artdyrmagyň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Ereşow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň barşy, Russiýa Federasiýasynyň Orýol we Iwanowo şäherlerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň söwda öýlerini açmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, daşary bazarlarda ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň önümlerini ýerlemek we türkmen harytlaryny daşary ýurtlara ibermek barada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça türkmen dokma önümlerini Russiýanyň bazarlarynda ýerlemek üçin işler alnyp barylýar.

Hususan-da, Aşgabatda geçirilen “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty ösüşiň täze tapgyrynda” atly dokma önümleriniň halkara sergisine gatnaşan «RIO-Iwanowo» atly dokma önümleriniň lomaý we bölek söwda merkeziniň wekilleriniň teklibi aýdyldy. Duşuşyklaryň jemleri boýunça russiýaly hyzmatdaşlar türkmen dokmasyny rus bazarynda ýerlemek üçin göni söwdany ýola goýmak, şol sanda Iwanowo şäherinde söwda dükanlaryny we ammarlaryny, Orýol şäherinde ýöriteleşdirilen dükan açmak isleglerini mälim etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini, senagatyň önümçilik kuwwatynyň ýokary hilli hem-de uly isleg bildirilýän önümleri öndürmäge mümkinçilik berýändigini belledi. Milli Liderimiz iňňän wajyp wezipäniň, halkara ölçeglerine doly laýyk gelýän harytlary dünýä bazaryna çykarmagyň möçberini artdyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu pudakda islegleri we teklipleri pugta öwrenmegiň, ýokary hilli eksport üçin niýetlenen harytlaryň , şol sanda taýýar dokma önümleriniň görnüşlerini artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, Russiýanyň şäherlerinde ýöriteleşdirilen söwda öýlerini açmak baradaky teklibi makullady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, milli Liderimiziň başlangyjy bilen Aşgabady hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän giň möçberli işler barada hasabat berildi, onuň çäklerinde tutuş şäher düzümini kämilleşdirmek we paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň 10-njy iýunyndaky paýtagtymyzy ösdürmek baradaky Kararyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli meýilnama işlenip taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Jemagat hojalygy ministrligi, ýurdumyzyň gurluşyk we energetika toplumlary hem-de Aşgabat şäheriniň degişli edaralary, gulluklary häzirki wagtda ýaşaýyş jaýlarynyň daşyny abatlamak, şäheriň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, täze ýaşaýyş toplumlaryny hem-de köpgatly awtoduralgalary gurmak işleri dowam edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berilmeginiň uly ähmiýetini belläp, dürli maksatly, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryny we durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurluşygy hem-de olaryň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly ähli işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek işlerine aýratyn üns berilmelidigini aýdyp, bu işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Paýtagtymyzyň häkimliginiň düzümleri jemagat hojalygy gullugy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde agaç nahallaryna göwnejaý idegi ýola goýmak we Aşgabady gülzarlyga bürelen şähere öwürmek üçin ähli çäreleri görmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýerden işleriň depginini güýçlendirmek boýunça netijeli çäreleri görmegi talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän düzümleriniň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň harytlarynyň daşary ýurtlara iberilýän çägini giňeltmegiň hasabyna daşary söwda dolanyşygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanda öndürilýän oba hojalyk we gaýtadan işleýän senagat harytlarynyň daşary ýurt bazarlarynda tutýan ornunyň barha giňelýändigi, bu önümlere goňşy döwletlerde sarp edijiler tarapyndan islegleriň barha artýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän harytlaryň sanawyna süýji-köke önümlerini, balyk konserwlerini we pagta ýagyny goşmak barada teklip berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paçsyz söwda gümrük ýagdaýynyň halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de ýurdumyzyň harytlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli kanunçylygyň berjaý edilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda iň gowy daşary ýurt tejribesini öwrenmegi, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak hem-de täze bazarlary özleşdirmek meselelerinde beýleki ýurtlaryň has netijeli tejribesini ulanmagyň mümkinçiligine garamak barada görkezmeleri berdi.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa Mary welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň çäreleriniň maksatnamasy, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça her ýylyň 27-nji iýunynda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli guraljak dabaralar barada hasabat berdi. Şu gün badalga alýan Medeniýet hepdeliginiň barşynda ylmy maslahat we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, folklor toparlarynyň hem-de beýleki döredijilik toparlarynyň, aýdymçylaryň, sazandalaryň, çagalar toparlarynyň çykyşlary, şygryýet agşamy guralar. Şeýle hem opera we sahna oýunlary görkeziler. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýen şygary astynda geçirilýän bu çäreler milli mirasy wagyz etmäge hem-de sungaty we halk döredijiligini has-da ösdürmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2017-nji ýylda Aşgabatda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakyndaky kararyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, jemgyýetimiziň ruhy ösüşi, bütin dünýäde milli mirasy aýawly saklamak we giňden wagyz etmek, tejribe alyşmak hem-de halkara döredijilik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, täze zehinleri ýüze çykarmak hem-de zehinli ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertleri döretmek babatda Medeniýet hepdeligine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň ähli çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berip, bu çäreleriň häzirki hem-de geljekki nesillere – türkmen halkynyň baý medeni-ruhy mirasyny dowam etdirijilere gönükdirilendigini belledi.

Milli Liderimiz geljek ýyl Aşgabatda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakyndaky Karara gol çekip, her ýyl guralýan bu uly döredijilik baýramçylygynyň milli medeniýetleriň gadymdan gelýän däpleriniň dowamatlylygynyň aýdyň beýany bolup hyzmat etmelidigini, onuň gazanylýan üstünlikleri görkezmelidigini hem-de halkara ynsanperwer gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmalydygyny aýtdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň düzümini ösdürmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň lukmançylyk ulgamynda düzümleýin özgertmeleriň yzygiderli amala aşyrylmagynyň, ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagynyň dünýä ölçegleriniň derejesine çykmagy üçin ähli şertleri döredendigini belledi. Milli Liderimiz bu ulgamyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda esasy wezipeleri kesgitläp, işde öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini nazara almak arkaly, lukmançylyk ylmynyň we işiniň esasy ugurlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ähli meselelere ýokary derejede pugta üns bermegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz ösüp gelýän ýaş nesil baradaky aladany, zerur hünärler boýunça ýaşlaryň bilim almagy üçin ähli şertleri döretmegi hem-de olaryň başarnyklaryny göz öňünde tutmak bilen, güýçli depginler bilen ösýän pudaklary ökde hünärmenler bilen üpjün etmegi döwletiň esasy üns berýän ugry hökmünde belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň bilim ulgamynda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur şert bolan ýokary hilli okatmagyň we öwretmegiň esasyny düzýän mugallymlar düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmaga üns bermegiň möhümdigini görkezdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow “Türkmen Älem-52o E” aragatnaşyk emeli hemrasynyň hyzmatlaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, dünýäniň 70-den gowrak kompaniýalaryna täjirçilik tekliplerini ugradan “Türkmen hemrasy” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň işi barada maglumat aýdyldy.

Şeýle hem hasabatyň barşynda milli Liderimiziň garamagyna Ýewropanyň «Cargolux Airlines International S.A.» iri awiakompaniýasynyň ýerine ýetirýän ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak hakyndaky teklip hödürlenildi. 2015-nji ýylyň iýun aýyndan başlap Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda howa gatnawlary hakyndaky gazanylan degişli ylalaşyga laýyklykda, “Cargolux.” Awiakompaniýasy tarapyndan Lýuksemburg-Türkmenbaşy ugry boýunça hepdede 8 gatnaw amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän milli aragatnaşyk hemra ulgamynyň ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň taryhynda täze tapgyry kemala getirýändigini belledi. Dünýä bileleşiginiň ösüşi bilen aýakdaş gitmek üçin milli telearagatnaşyk ulgamyny has-da kämilleşdirmek, şol sanda maglumat tehnologiýalarynyň ýokary derejesini, telearagatnaşyk ulgamynyň ösüşini üpjün etmek zerur bolup durýar.

Milli Liderimiz bu ulgamy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we ony bir bitewi maglumat giňişligine utgaşdyrmagyň, pudagyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň, onuň Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlaryndaky maglumat akymlaryny has doly üpjün etmek boýunça halkara merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere türkmen hemrasynyň dünýäniň iri operatorlary tarapyndan ulanylmagy baradaky meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz döwrebap ulag-üstaşyr ulgamyny kemala getirmegiň ähmiýeti babatda aýtmak bilen, ýurdumyzyň awiasiýa ulgamynyň düşewüntliliginiň ýokary derejesini üpjün edýän birnäçe çäreleri kesgitledi. Türkmenistanyň özüniň amatly geografiki ýagdaýy netijesinde Ýewraziýa halkara ýük gatnawlarynyň ägirt uly möçberlerini özünde jemlemäge mümkinçiligi bar. Şu maksat bilen milli ulag-logistika ulgamynyň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Munuň özi ýük gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrmaga we dolandyryş düzümini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmündäki derejesini pugtalandyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri doly herekete girizmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 23-24-nji iýunynda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasyna boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalary we düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ozal Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 2007, 2010, 2012 we 2014-nji ýyllarda geçirilen Sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Şu ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriniň Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçiriler. Onuň gün tertibine bu guramanyň işiniň möhüm ugurlary, sebitara we halkara derejesindäki wajyp meseleler giriziler.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitine gatnaşmagyň çäklerinde milli Liderimiziň birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirjekdigini, oňyn sebit we ählumumy ýagdaýlary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek boýunça zerur tagallalary etjekdigini nygtap, ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady.

Milli Liderimiz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky Sammiti barada aýtmak bilen, türkmen tarapynyň abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we döwletara derejesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýaly çärelere işjeň gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistany Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlary bilen dostluk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, däp bolan hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda has-da çuňlaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitara gatnaşyklary ösdürmekde uly geljeginiň bardygyny we ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň maksatlaryna hyzmat edýändigini aýdyp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Özbegistan Respublikasyna boljak iş saparyna taýýarlyk babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Mämmetalyýewi şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa deputatlaryň alyp barýan işleri barada habar berdi. Şu ýylyň 18-nji iýunynda geçirilen milli parlamentiň V çagyrylyşynyň on dördünji maslahatynda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, ösümlik dünýäsini goramak, kinematografiýa, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny döretmek hakyndaky täze kanunçylyk namalary kabul edildi we birnäçe kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizildi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, sebitleriň dolandyryş-çäk gurluşyny tertipleşdirmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň we hukuk ulgamyndaky öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň çäklerinde abraýly halkara guramalary, şol sanda BMG-niň düzümleýin bölümleri bilen duşuşyklar geçirilýär. Mejlisiň deputatlary ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralýan çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk işleriniň barşy we ony ýokary derejede geçirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz milli kanunçylygy toplumlaýyn özgertmekde Mejlisiň möhüm orun eýeleýändigini belläp, kanunçylyk-hukuk binýadynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň esasy maksatlaryna laýyk derejede kämilleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz häzirki döwürde döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda deputatlaryň ornunyň ýokarlanýandygyny aýdyp, olaryň öz wezipelerini netijeli durmuşa geçirmelidiklerini hem-de ýaş nesilleri terbiýelemek, sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmek işine gatnaşmalydyklaryny nygtady.

Öňdebaryjy tejribäni we halkara standartlaryny öwrenmek we milli hukuk ulanyş tejribesine ornaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup çykyş edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk meselelerine degip geçmek bilen, onuň barşynda ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm meselelerine serediljekdigini, wajyp çözgütleriň kabul ediljekdigini belledi we ony geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň degişli derejede işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýekşenbe gününde ýurdumyzda Prokuratura edaralarynyň işgärleriniň gününiň giňden bellenilýändigini aýtdy. Milli Liderimiz Watanymyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmakda, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, kanunçylygyň berjaý edilmegine gözegçiligi ýola goýmakda prokuratura edaralaryna möhüm ornuň degişlidigini belläp, döwletimiziň olaryň üstüne örän jogapkärçilikli borçlary ýükländigini aýtdy. Prokuratura işgärleri demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde kanunçylygyň hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, jenaýatlaryň we hukuk bozmalarynyň öňüni almak hem-de olara garşy göreşmek, agzybir halkymyzyň rahat durmuşyny üpjün etmek boýunça ägirt uly işleri alyp barýarlar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň ähli işgärlerini hünär baýramçylyklary bilen tüýs ýürekden gutlap, bu düzümiň işgärleriniň mukaddes kasama wepaly bolup, öz wezipe-borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz prokuratura edaralarynyň işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärçilikli işinde uly üstünlikler arzuw edip, ýustisiýanyň üçünji derejeli geňeşçisi A.Hallyýewi “Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň hormatly işgäri” diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi.

Mejlisde şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.