Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýetip gelýän Prokuratura işgärleriniň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.
Baş prokuror A.Hallyýew ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň döredilmeginiň 24 ýyllygy mynasybetli milli Liderimizi ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlap, bagt, abadançylyk hem-de mukaddes Garaşsyzlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga we Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyna gönükdirilen köp ugurly işinde täze üstünlikler arzuw etdi hem-de döwlet Baştutanymyza prokuratura edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, netijeli işlemäge berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, prokuratura edaralarynyň ähli işgärlerini hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, olaryň hukuk döwletiniň pugtalandyrylmagyna, türkmen jemgyýetinde kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge goşýan goşantlaryna ýokary bara berdi. Döwlet Baştutanymyz prokuratura edaralarynyň üstüne kanunçylygyň berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça belent wezipäniň ýüklenendigi barada aýtmak bilen, hukuk goraýjy hem-de harby düzümler bilen bilelikde prokuratura edaralarynyň raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, döwletimiziň milli bähbitleriniň goragynda ygtybarly durmalydyklaryny belledi.
Milli Liderimiz Konstitusiýanyň, kanunlaryň hem-de beýleki döwlet kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň üýtgewsiz berjaý edilmeginiň ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ynamly öňe gitmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny aýtdy hem-de ilatyň hukuk sowatlylygynyň ýokarlandyrylmagynyň we milli kanunçylygyň bozulmagynyň öz wagtynda öňüniň alynmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow prokuratura edaralarynyň işgärleriniň üstüne ýüklenen aýratyn jogapkärçiligi nygtamak bilen, işgärleri seçip almak we ýerli-ýerine goýmak işlerine geljekde hem örän jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy hem-de prokuratura işgärleriniň öz işlerini ýokary derejede bilmekden başga-da, giň gözýetimli, päk ýürekli adamlar bolmalydygyny hem-de kanunyň gullugynda ygtybarly durmalydyklaryny, şeýle hem garamagyndaky ähli düzümleriň işgärleriniň gulluk we ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady.
Kanunçylygy pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça birkemsiz wepaly gulluk edýändigi üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň 3-nji derejeli geňeşçisi A.Hallyýewi “Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň hormatly işgäri” diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglady.
Döwlet Baştutanymyza öz işine berlen ýokary baha üçin çäksiz hoşallyk bildirip, A.Hallyýew prokuratura işgärleriniň hemişe halkymyza we eziz Watanymyza janyny aýaman gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.
Milli Liderimiz prokuratura edaralarynyň ähli şahsy düzümini hünär baýramy bilen ýene bir gezek gutlap hem-de işlerinde uly üstünlikler arzuw edip, döwletimiziň geljekde hem düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriniň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, döwrüň talabyna laýyklykda olaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berjekdigini aýtdy.