Ï Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň ýubileý mejlisine gatnaşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň ýubileý mejlisine gatnaşar

view-icon 805
23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen ugraýar. Milli Liderimiz şol ýerde özbek Lideri Yslam Karimowyň çakylygy boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň Daşkentde geçiriljek 15-nji ýubileý mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky wekilçilikli forumyň geçirilýän ýeri bolan goňşy ýurda iş sapary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine, sebit we ählumumy howpsuzlygyň möhüm şerti bolan dostluk hem-de köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirilen daşary syýasat ugruna laýyklykda amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, 40-dan gowrak halkara düzümleriniň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistan iri guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn esasda ösdürilmegine ägirt uly ähmiýet berýär. Ýurdumyz dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmaga gyzyklanma bildirip, agzasy bolmasa-da, birnäçe halkara guramalaryň derejesinde geçirilýän mejlislere işjeň gatnaşýar. Olaryň biri hem Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. Onuň esasy wezipesi ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi, ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, deňhukukly, ynanyşmak hem-de birek-birege hormat goýmak esasynda ylmy we medeni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça tagallalary utgaşdyrmakdan ybaratdyr.

Şu ýyl döredilmeginiň 15 ýyllygyny belleýän ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň sebitara gatnaşyklary ösdürmekde örän uly geljegi bardyr. Munuň özi milli ykdysadyýetleriň doly derejede ösdürilmegi we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagy üçin mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ýardam berýär.

Bu gezekki mejlise sebitleýin gurama gatnaşyjy döwletler bolan Hytaý Halk Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan we Täjigistan Respublikasyndan başga-da, ŞHG-niň işine gözegçilik etmek derejesine eýe bolan birnäçe ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sebitiň ýurtlarynyň XXI asyrda durnukly ösüşe umumy ygrarlydygyny aýdyň beýan edýän bu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk 2025-nji ýyla çenli bu abraýly guramanyň bir bitewi ösüş strategiýasyny işläp taýýarlamagy, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny berkitmek, täze bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşmagy nazarlaýar.

Sammitiň gün tertibine guramanyň agzalygyna Hindistan Respublikasyny we Pakistan Yslam Respublikasyny kabul etmek bilen baglanyşykly meseleler hem-de guramanyň häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamynda täsirli düzüm hökmündäki ornuny ýokarlandyrmakda onuň işini kämilleşdirmegiň geljekki ugurlary girizildi.

Türkmen tarapynyň ýokary derejede geçirilýän şeýle duşuşyklara yzygiderli gatnaşmagy Türkmenistanyň iri halkara guramalary bilen bolşy ýaly, oňa gatnaşyjy birnäçe döwletler bilen oňyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär.

Sammitiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegine garaşylýar. Olaryň barşynda özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.