Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary

view-icon 824
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin iş sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan netijeli daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly sebit we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Öz döredijilik kuwwatyny umumy bähbitler üçin amala aşyrmaga çalyşýan ýurdumyz döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, bu babatdaky gyzyklanmasyny anyk başlangyçlar bilen tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ŞHG-niň baş edarasynyň häzirki şanly 15-nji Mejlisine gatnaşmaga çagyrylmagy hem-de bu guramanyň ozalky Sammitleriniň birnäçesine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy Türkmenistanyň belent halkara abraýyna hem-de döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan ösüşlere beslenen daşary syýasatynyň giňden ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. Şol syýasat parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanandyr.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy ŞHG-ä agza döwletleriň ählisi bilen däp bolan dostluk, netijeli gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny bellemek gerek. Şoňa görä-de, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen oňyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine Türkmenistan dünýädäki we sebitdäki ýagdaýlara özüniň gatnaşmagynyň umumy ugurlylygy bilen sazlaşykly baglanyşmagy hökmünde garaýar.

...Bir ýarym sagatdan hormatly Prezidentimiziň uçary özbek paýtagtynyň “Daşkent — 1” howa menzilinde gondy. Bu ýerde ŞHG-niň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary parlaýar. Uçar menzilinde haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzülipdir. Howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Şawkat Mirziýoýew we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Belent mertebeli türkmen myhmanyna gül desseleri gowşuryldy.

Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtomobil kerweni “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady.

Şu gün, ŞHG-niň 24-nji iýunda geçiriljek sammitiniň öň ýanynda döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly kärdeşleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde, “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň öňüsyrasynda iki ýurduň ýolbaşçylary Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşdüler.

Iki döwletiň Liderleri birek-birek bilen mähirli görşüp hem-de ŞHG-niň Daşkent sammitiniň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirip, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini, netijeliligini we uly geljegini bellediler.

Türkmenistanyň we Hytaýyň Baştutanlary strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyp, ykdysady gatnaşyklary onuň ägirt uly kuwwatyny, milli bähbitleri hem-de Aziýa sebitiniň geljegine bolan umumy garaýşy nazara almak bilen, has-da ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky dostlugyň hem-de hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan şahsy goşandy üçin HHR-iň Başlygyna minnetdarlyk bildirdi. Bu ýurtlaryň gatnaşyklary taraplaryň ikisiniň hem tagallalary netijesinde oňyn ösüş bilen häsiýetlenýär.


2013-nji ýylyň sentýabrynda Başlyk Si Szinpiniň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň derejesi strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna çenli ýokary göterildi. Bu bolsa 2014-nji ýylyň maýynda türkmen Lideriniň Pekine bolan döwlet saparynda iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekmek üçin esas bolup hyzmat etdi. Şeýlelik bilen, häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin berk syýasy-hukuk binýat döredildi.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklary bu köp derejeli we ulgamlaýyn syýasy gatnaşyklaryň esasy ýagdaýy bolup durýar. Şol duşuşyklarda ikitaraplaýyn aragatnaşyklary has-da giňeltmek we çuňlaşdyrmak bilen baglanyşykly iri möçberli, has wajyp wezipelere, özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara meselelerine garalýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, “özgertmeler we açyklyk” syýasatynyň durmuşa geçirilen ýyllary içinde Hytaý Halk Respublikasynyň gazanan uly üstünliklerine Türkmenistanyň ýokary baha berýändigini nygtady hem-de hytaý tarapyndan ýurdumyzyň Bitaraplyk daşary syýasat ýörelgesiniň pugta we yzygiderli goldanylýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak bilen baglylykda, partiýaara hem-de parlamentara aragatnaşyklaryny ikitaraplaýyn işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň ýokary wezipeli wekiliýetiniň Aşgabada iberilmegine jogap edip, biz hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň Hytaýa saparyny guramaga taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de 2016—2017-nji ýyllaryň dowamynda iki ýurduň parlamentarileriniň duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

Halkara syýasaty derejesinde hyzmatdaşlyk babatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini üýtgedip guramak, durnukly ösüş maksatlary, döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak ýaly meseleler boýunça bilelikdäki işleri dowam etmäge taýýarlyk tassyklanyldy. Türkmenistanyň Baştutany halkara syýasatynyň şu we beýleki wajyp ugurlary boýunça utgaşykly hereketleri üpjün etmek üçin ýokary derejedäki türkmen-hytaý gatnaşyklary toparyny döretmegi teklip etdi.

Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegidigi nygtaldy. Häzir Hytaý Türkmenistanyň daşary söwdasynyň umumy möçberinde ilkinji orny eýeleýär.

2015-nji ýylyň oktýabrynda Pekinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasynyň açylmagy hem bellärliklidir. Munuň özi ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklaryň işjeňleşendigine şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda iki döwletiň arasynda döwlet Baştutanlarynyň gepleşiklerinden başlap, türkmen-hytaý işewür toparlarynyň gatnaşyklaryna çenli örän dürli derejelerdäki duşuşyklary özünde jemleýän özara hereket etmegiň köpderejeli guraly işlenip taýýarlanyldy. Hytaý işewürliginiň wekilleri ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli maýa goýum taslamalaryna, şol sanda senagat we durmuş ähmiýetli wajyp desgalaryň gurluşyklaryna, hususan-da, Türkmenistanyň çäginde iň iri “Galkynyş” gaz känini toplumlaýyn özleşdirmegiň taslamalaryna örän işjeň gatnaşýar. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir iki döwletiň milli bähbitlerine laýyk gelmän, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi berkitmegiň kepilidir.

Şunda söhbetdeşler ykdysady aragatnaşyklary ösdürmek üçin döwletleriň ikisiniň hem uly mümkinçiliklere eýedigi barada bir pikiri aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk baradaky türkmen-hytaý komitetiniň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny düýpli seljermegi hem-de energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda özara hereket etmäge aýratyn üns berip, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça ýörite maksatnamany taýýarlamagy teklip etdi.

Şunuň bilen baglylykda, gaz pudagynda hyzmatdaşlyk energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugry hökmünde agzaldy. Häzir türkmen “mawy ýangyjynyň” HHR-e uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün edýän, XXI asyryň ägirt uly taslamasy bolan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi özara bähbitli gatnaşyklaryň ajaýyp nyşanydyr.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri çykarmaga ugur alan senagat düzümini ösdürmegiň maksatnamalaryny nazara alyp, özara hereket etmek üçin oňat mümkinçilikler açylýar.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin gaz pudagynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmegiň gazanylan derejesine ýokary baha berip, energetika pudagynda Türkmenistanyň Hytaýyň esasy hyzmatdaşydygyny nygtady. Şeýle hem ol Türkmenistan — Gazagystan — Hytaý demir ýol ugrunyň geljeginiň örän ulydygyny aýdyp, ulag ulgamynda özara gatnaşyk etmek üçin mümkinçiligiň bardygyny belledi.

Türkmenistan ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri göz öňünde tutup, Hytaýa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde örän möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýar. Häzirki wagtda ýurdumyz hyzmatdaşlar bilen bilelikde, Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän uly möçberli, utgaşdyrylan üstaşyr-ulag we logistika düzümini döredýär. Geljekde bu ulgam Hazar we Gara deňizleriniň sebitlerine, Baltika deňziniň ýurtlaryna çykýan üstaşyr geçelgeleri özünde jemlär. Netijede, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýanyň çäkleriniň üsti bilen Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna amatly ugur dörediler. Şeýlelik bilen, bu ileri tutulýan ugurda netijeli gatnaşyk etmek üçin örän uly mümkinçilik bardyr.

Taraplar bu meseläni ara alyp maslahatlaşyp, demir ýol ulagy ulgamynda bilelikde işlemegiň toplanan tejribesini bellediler. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýolagçy demir ýol binýady dolulygyna hytaý önümçiliginiň teplowozlary hem-de wagonlary bilen düzüldi. Şonuň bilen birlikde, Hytaýy Türkmenistanyň çäkleriniň üsti bilen Ýewropa, Ýakyn Gündogar hem-de Orta Ýer deňziniň sebitleri bilen birleşdirýän üstaşyr geçelgeleriň netijeli işlemegini ýokarlandyrmak üçin ulag logistikasynda özara gatnaşyklary güýçlendirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň iýul-awgustynda hökümet derejesinde ulag ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça gepleşikleri geçirmek teklibini öňe sürdi.

Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde aragatnaşyk we telearagatnaşyk ýaly ýokary tehnologiýaly innowasion pudaklarda gatnaşyklara ähmiýetli ornuň berilýändigini bellediler.

Hytaý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda şäher we oba telefon ulgamlary döwrebaplaşdyryldy, ykjam aragatnaşygyň kuwwatly düzümi ulanmaga tabşyryldy. Şeýle hem hytaý tehnologiýalarynyň esasynda aragatnaşygyň optika-süýümli geçirijileriniň ýüzlerçe kilometri çekildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-iň Başlygynyň söhbetdeşlikde nygtaýyşlary ýaly, bulara garamazdan, ýokary tehnologiýalar ulgamynda, ilkinji nobatda, älem ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýene-de has uly mümkinçilikleri bardyr.

Iki ýurduň Liderleri bu mesele boýunça Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň gyzyklanma bildirýän düzümleriniň arasyndaky gepleşiklere gaýtadan dolanyp gelmek hem-de degişli türkmen we hytaý wekilleriniň duşuşyklaryny guramak babatda pikirlerini aýtdylar. Şeýle hem bu ulgam üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň, älem pudagyny ösdürmek maksady bilen, bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky ýyllarda medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar depginli ösdürilýär. Bu gün Türkmenistandan bolan ýüzlerçe talyplar Hytaýda ýokary bilim alýar.

Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky göni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölekleriniň biri bolup durýar. Bu ýerde netijeli özara hereket etmegiň mysaly hökmünde 2015-nji ýylyň oktýabrynda Mary welaýatynyň merkezinde geçirilen Hytaýyň Sian şäheriniň Medeniýet hepdeligini görkezmek bolar. “Galkynyş” at üstündäki milli oýunlar toparynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Çžuhaý şäherinde II Halkara sirk sungatynyň festiwalyna gatnaşandygyny belläp geçmek ýerlikli bolar.

Şonda türkmen atlylary ýeňiji diýlip ykrar edilip, festiwalyň iň ýokary baýragy bolan Gran-pri Altyn kubogyna mynasyp boldy. Bu wakalaryň ählisi iki ýurduň halklarynyň dostlugyň köpasyrlyk däplerini, taryhy, ruhy we medeni aragatnaşyklary gorap saklamaga hem-de ösdürmäge gyzyklanmasyny, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň depginli, yzygiderli häsiýetini örän aýdyň görkezýär.

Döwlet Baştutanlary iki ýurduň ylmy-barlag institutlarynyň hem-de ylmy merkezleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyny bellediler we türkmen-hytaý ylmy maslahatyny geçirmegiň mümkinçiligine garadylar.

Şeýle hem sport ulgamynda netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklary ýola goýuldy. Türkmenistan ýokary gazanylanlar sportuny ösdürmekde, abraýly halkara sport ýaryşlaryny, şol sanda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň taýýarlyk görülýändigini nazarda tutup, şeýle uly ýaryşlary geçirmekde hytaýly hyzmatdaşlaryň üstünlikli tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýär.

Taraplar duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň birnäçe wajyp meseleleri boýunça-da özara pikir alyşdylar.

Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem, abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň özara meýillidigini tassykladylar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpini BMG-niň howandarlygynda durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça birinji Ählumumy maslahatyna gatnaşmaga hem-de özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza gelmäge çagyrdy.

HHR-iň ýolbaşçysy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Hytaýyň Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasat ugruny hem-de onuň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny doly goldaýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin taraplaryň dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny belläp, diňe iki halkyň däl, tutuş sebitiň halklarynyň bähbitlerine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, Özbegistanyň Baştutany türkmen Liderini “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynyň “Duşuşyklar zalyna” çagyrdy.

Milli Liderimiz özbek kärdeşine ŞHG-niň agzasy bolup durýan döwlet Baştutanlarynyň şanly sammitine gatnaşmak üçin Daşkende gelip görmek baradaky çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, Özbegistanyň başlyklyk etmeginde bu möhüm çäräniň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Öz nobatynda, Özbegistan Respublikasynyň Baştutany türkmen Liderini ýene-de bir gezek Daşkentde kabul etmäge tüýs ýürekden şatdygyny belläp, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen soňky döwürde täze many-mazmuna eýe bolýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi.

Söhbetdeşler duşuşygyň çäklerinde türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar, bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn, şeýle hem sebit görnüşinde üstünlikli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda Özbegistan Respublikasy bilen gatnaşyklara ýokary baha hem-de duldegşir goňşy ýurt we ygtybarly hyzmatdaş bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Iki tarapyň hem pikirine görä, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, açyklyk we ynam, iki doganlyk halkyň hem-de ýurtlaryň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigine düşünişmek döwletara gatnaşyklarynyň tapawutly aýratynlyklary bolup durýar. Bu gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylygyň, taryhy-medeni umumylygyň köpasyrlyk däplerine, ýakyn hyzmatdaşlygy hem-de tagallalaryň jebisleşdirilmegini talap edýän döwrüň ýüze çykarýan wehimlerine düşünilmegine esaslanýar.

Ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan, türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi duşuşykda ara alyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin toplanan oňyn tejribäni kanagatlanma bilen belläp, onuň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge iki tarapyň hem taýýardygyny tassykladylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Yslam Karimow uzakmöhletleýinlik esasynda guralýan söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini belläp, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň täze usullary babatynda bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň ornuna aýratyn üns çekdiler.

Energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki ugry hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, munuň özi gündogar ugry boýunça energiýa serişdelerini ugratmagyň durnuklylygyny hem-de ygtybarlylygyny üpjün etmäge, iki ýurduň yklymara ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyna has işjeň goşulyşmagy üçin zerur şertleri döretmäge ýardam berer.


Söhbetdeşler Özbegistanyň we Türkmenistanyň giň ulag-aragatnaşyk kuwwatynyň has netijeli peýdalanylmagyna özara gyzyklanmany tassyklap, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag ugruny döretmek baradaky Aşgabat ylalaşygyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar, bu taslama halkara ýük gatnawlaryny ep-esli artdyrmaga hem-de dünýä bazarlaryna täze geçelgeleri üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Yslam Karimow ynsanperwer ulgamda däp bolan hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtap, bilim we ylym alyşmalaryny, iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek baradaky pikiri aýtdylar.

Milli Liderimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak babatynda şu ýyl Prezident Yslam Karimowyň Aşgabada boljak saparynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak gepleşikleriň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hereket etmegiň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörejekdigine ynam bildirdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň, abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hem oňyn gatnaşyklaryň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan hem-de Özbegistan Merkezi Aziýada parahat we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ygtybarly hem-de netijeli gurallary döretmegiň, ähli meseleleriň syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmeginiň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň, özara bähbitleriň berjaý edilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýärler. Muňa döwletlerimiziň dürli halkara düzümlerinde geçirilýän saýlawlarda hem-de taraplaryň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň özara goldanylýandygy aýdyň subutnamadyr.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň şu gezekki sammitiniň gün tertibi gyzyklanma bildirilip, pikir alyşmalaryň meselesi boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ŞHG-niň işi durnukly parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we ynsanperwer gatnaşyklaryň goldanylmagyna gönükdirilendir we özüniň anyk netijelerini berýär.

Häzirki döwrüň wehimlerine öz wagtynda seslenmek hem-de çylşyrymly wezipeleriň çözgüdini tapmak tutuş dünýä bileleşiginiň ünsüni hem-de jebis tagallalaryny talap edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we ýurtlarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barýandyklaryny hem-de Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnukly ösüşi goldamakda aýratyn orun eýeleýändiklerini belledi. Döwlet Baştutanymyz munuň sebitde we onuň çäkleriniň daşynda ýagdaýlaryň tiz üýtgäp durýandygy nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedigini aýdyp, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde halkara bileleşiginiň parahatçylykly syýasy hem-de ykdysady başlangyçlaryny tutuşlygyna goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Öz nobatynda, Prezident Yslam Karimow Özbegistan Respublikasynyň doganlyk Türkmenistanyň howpsuzlygy üpjün etmek, ygtybarly diwersifikasiýa taýdan we ykdysady nukdaýnazardan esaslandyrylan ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek hem-de energetika geçelgelerini döretmek boýunça döredijilikli daşary syýasat ugruna hem-de oňyn başlangyçlaryna ýokary baha berýändigini belledi. Özbek Lideri döwletara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ikitaraplaýyn derejede hem-de tutuş sebit boýunça özara düşünişmek ýagdaýyny döretmekde aýratyn möhüm şert bolan syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmak işinde Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn işjeň ornuny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Liderleri birek-biregi mähirli mübärekläp, ŞHG-niň sammitiniň çäklerinde duşuşmak hem-de däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýe bolan we häzir hil taýdan täze derejä çykýan döwletara gatnaşyklarynyň ýagdaýlaryny we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-owgan gatnaşyklaryna ýokary baha berip, ozal gazanylan ylalaşyklar hem-de açylýan täze mümkinçilikler babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goňşy döwletleriň özara gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli ulgamlarda, şol sanda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamlarynda türkmen-owgan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin örän uly kuwwatyň bardygyny belläp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegini umumy tagallalaryň üstünlikli birleşdirilmeginiň mysaly hökmünde görkezdi. Bu taslama diňe oňa gatnaşyjy ýurtlar üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem ähmiýetlidir. Ulag we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär, oba hojalygynda, maldarçylykda, azyk senagatynda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Şunda milli Liderimiz diňe iki ýurt üçin däl, tutuş sebit üçin suw we ekologiýa ulgamlarynyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmak hem-de daşky gurşawy goramak häzirki günüň wajyp wezipeleridir. Bu ugurlarda hem türkmen we owgan hünärmenleriniň utgaşykly özara hereketleri zerurdyr.

Muňa jogap edip, Mohammad Aşraf Gani Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikelmeginde, şol sanda dürli pudaklarda möhüm başlangyçlary hem-de taslamalary ýerine ýetirmek, bilim we saglygy goraýyş ähmiýetli desgalary gurmak, ýeňillikli bahadan elektroenergiýany we suwuklandyrylan gazy ibermek, işgär taýýarlamaga kömek bermek arkaly iş ýüzünde berýän goldawlary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şu aýda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde türkmen Lideriniň başlangyjy bilen gurlan çaga dogrulýan öýüň açylandygy bellärliklidir. Dostlukly döwletiň Baştutany Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli döredijilikli syýasatyna owgan halkynyň ýokary baha berýändigini aýtdy. Şol syýasat sebitde howpsuzlygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň möhüm ýagdaýy bolup çykyş edýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň owgan meseleleriniň gepleşikler we syýasy-diplomatik usullar arkaly diňe parahatçylykly ýollar bilen çözülmegi baradaky başlangyjy öňe sürüp, Owganystan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini, goňşy döwletiň durmuş-ykdysady düzümlerini dikeltmäge, iri düzümleýin taslamalara onuň işjeň goşulmagyna Türkmenistanyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Muhammad Aşraf Gani ýangyç-energetika toplumyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde anyk kesgitläp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meselelerine aýratyn üns berdiler. Bellenilişi ýaly, gurluşygyň amala aşyrylmagy boýunça işler geçen ýylyň dekabrynda badalga alan bu transmilli energetika magistraly özüniň gönüden-göni wezipesinden başga-da, sebitde dostlugyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň özboluşly köprüsine öwrüler hem-de şonuň bilen birlikde, ählumumy energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine hakyky goşant bolar. Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bolar. Ýerüsti kömekçi düzümleri goşmak bilen ony 2019-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde 12 müňden gowrak goşmaça iş orunlary dörär. Bu bolsa ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna örän oňat täsir eder.

Ulag-aragatnaşyk ulgamy türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlarynyň hatarynda agzaldy. Şunda Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Ol sebit derejesinde, geljekde bolsa halkara ulag düzüminiň ähmiýetli bölegi bolmagyna, oňa gatnaşyjy ýurtlaryň dünýä hojalyk aragatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna ýakynlaşmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenistany we Owganystany birleşdirýän bu polat ýoluň bölegini, hususan-da, onuň Atamyrat — Ymamnazar — Akina düzümleýin bölegini açmak hem-de ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Mohammad Aşraf Gani strategiki ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge owgan tarapynyň ýokary gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşygyň barşynda elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine hem deglip geçildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýeňillikli şertlerde Owganystana elektroenergiýa iberýär hem-de goňşy ýurda onuň eksportunyň möçberlerini artdyrmak boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barýar. Ozal baglaşylan hökümetara şertnamalaryna laýyklykda, Ymamnazar — Andhoý elektrik geçiriji ugry boýunça kuwwaty 300 million kWt/s hem-de Serhetabat — Hyrat — Turgundy elektrik geçiriji ugry boýunça kuwwaty 200 million kWt/s elektrik energiýasy iberilýär. Ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, onuň kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça degişli maksatnama kabul edildi. Onuň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Serhetabat — Hyrat — Turgundy ugry boýunça Owganystana iberilýän elektroenergiýanyň möçberini 200 million kWt/sagatdan 400 million kWt/sagada çenli köpeltmek üçin mümkinçilik döredildi. Bu hem owgan ykdysadyýetiniň ösmegine hem-de ilatly ýerleriniň energiýa üpjünçiligi meselelerini çözmäge ýardam berer.

Söhbetdeşler türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde ikitaraplaýyn Hökümetara toparynyň işine ähmiýetli orun berilýändigini-de bellediler. Bu toparyň altynjy mejlisi 15-nji iýunda Kabulda geçirildi. Onuň gün tertibine dürli ugurlar boýunça, şol sanda TOPH taslamasy boýunça işlejek owgan hünärmenlerini Türkmenistanda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde tehniki ugurdan taýýarlamaga degişli döwletara gatnaşyklarynyň birnäçe wajyp meseleleri girizildi. Owgan tarapy Owganystanda uly isleg bildirilýän ýurdumyzda çykarylýan nebit-gaz önümlerini satyn almaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bir hatarda, ynsanperwer ulgamda özara hereket etmek döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Muhammad Aşraf Gani türkmen we owgan halklaryny dost-doganlygyň mizemez gatnaşyklarynyň, köpasyrlyk taryhy-medeni umumylygyň birleşdirýändigini belläp, bu wajyp ulgamda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak barada pikirlerini aýtdylar.

Söhbetdeşligiň çäklerinde özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça-da pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň Baştutany öz ýurdunda Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli başlangyçlarynyň doly goldanylýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mohammad Aşraf Gani özara düşünişmegiň we ynamyň ýokary derejesi mahsus bolan dostlukly türkmen-owgan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilip, täze anyk mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler hem-de birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.

Şol gün agşam Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň Sammitine gatnaşmak üçin Daşkende gelen beýleki döwletleriň baştutanlary we wekiliýetleri bilen bilelikde Halkara forumlarynyň köşgüne bardy. Şol ýerde Özbegistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.