Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde eden çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde eden çykyşy

view-icon 774
Hormatly Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti!
Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary!
Hanymlar we jenaplar!


Ilki bilen, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň şu mejlisiniň guramaçylaryna bu möhüm hem-de wekilçilikli duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň. Özbegistan Respublikasynyň hormatly Prezidenti jenap Islam Abduganiýewiç Karimowa we onuň üsti bilen Özbegistanyň ähli halkyna myhmansöýerlik hem-de mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirýärin.

Türkmenistanyň halkara we ykdysady hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirmek biziň gatnaşyklarymyzyň giň geografiýasyna we düzümleýin diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, dünýä ösüşiniň esasy ugurlaryna işjeň goşulyşmaga esaslanýar. Munuň özi Türkmenistanyň döwletler bilen ikitaraplaýyn esasda hem-de umumy bähbitler bilen birleşen we deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini paýlaşýan ýurtlaryň toparlary bilen gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegini göz öňünde tutýar.

Biziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna gyzyklanma bildirip hem-de hormat goýmak bilen garaýşymyz hut şunuň bilen kesgitlenilýär. Bu gurama gatnaşyjylar Türkmenistanyň öňden gelýän däp bolan hyzmatdaşlarydyr, biziň goňşularymyzdyr we dostlarymyzdyr.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

ŞHG bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň möhüm bölegidir. Bu ugur bolsa sebit prosesleriniň durnukly hem-de deňagramly bolmagyny, işjeň ykdysady we söwda gatnaşyklaryny üpjün etmäge, iri halkara düzümleýin taslamalary amala aşyrmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, ŞHG bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşi hem-de özümiziň sebit proseslerine gatnaşmagymyzyň umumy ugurlylygy bilen sazlaşykly gatnaşyklar hökmünde garaýarys. Şeýle hem ŞHG bilen hyzmatdaşlygymyzyň geljegine sebitara gatnaşyklary ösdürmek, häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna doly derejeli hem-de deňhukukly goşulyşmak üçin ýurtlarymyzyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak bilen baglylykda garaýarys.

Biz Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň özara gatnaşyklarynyň kuwwatyna ýokary baha berýäris. Bu gatnaşyklaryň gerimi örän giňdir — olaryň hataryna energetika, ulag, aragatnaşyk, söwda ulgamlaryny goşmak bolar.

Meniň pikirimçe, energetika ulgamynda häzirki wagtda energiýa serişdelerini Merkezi Aziýadan Günorta Aziýanyň we Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň bazarlaryna çykarmak boýunça toplumlaýyn turbageçiriji düzümi döretmek üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistandan Hytaýa we Eýrana gurlan turbageçirijiler şeýle meýilnamalaryň üstünlige eýediginiň subutnamasydyr. Geçen ýylyň dekabrynda ýene-de bir strategik taslama — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslama durmuşa geçirilip başlandy.

Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagynyň bu sebitleriň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berjekdigine, daşary ýurt maýadarlary tarapyndan işjeňligiň ýokarlandyrylmagy üçin höweslendiriş çäresi boljakdygyna ynanýaryn. Türkmenistan bu ugurda bilelikdäki meýilnamalary işjeň ara alyp maslahatlaşmaga we işläp düzmäge taýýardyr.

Biziň pikirimizçe, ŞHG ýurtlary bilen ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek uly ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny ulanmak bilen “Demirgazyk — Günorta”, “Günbatar — Gündogar” ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmegiň geljegi esaslandyrylan bolup görünýär. Ol Ýuwaş ummandan Hazar deňzine we Gara deňze çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi birleşdirip bilerdi.

Pursatdan peýdalanyp, ŞHG-niň agza döwletleriniň ählisiniň wekiliýetlerini we synçylary şu ýylyň 26 — 27-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag boýunça ählumumy maslahatyň işine gatnaşmaga çagyrýaryn.

Türkmenistan ŞHG ýurtlary bilen söwda dolanyşygyny giňeltmäge, eksport-import amallaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, senagat hem-de söwda düzümlerini döwrebaplaşdyrmak üçin tejribäni we tehnologiýalary çekmäge gyzyklanma bildirýär.

Biziň bilelikdäki kuwwatymyz şeýle aragatnaşyklary özara bähbitlilik hem-de uzak möhletli esasda guramaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň parahatçylygy, halkara we sebit durnuklylygyny hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, XXI asyryň wehimlerine we howplaryna garşy durmak, döwletara gatnaşyklarynyň adalatly ulgamyny gurmak meselelerinde eýeleýän oňyn, oýlanyşykly we jogapkärli ornuna ýokary baha berýär. Mälim bolan sebäplere görä, uzakmöhletleýin parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek hem-de saklamak häzirki wagtda örän wajyp meselä öwrülýär.

Türkmenistan ŞHG-niň kuwwatynyň sebit howpsuzlygynyň berk deňagramlylygyny saklamak, gapma-garşylyklara ýol bermezlik, olary çözmegiň ýeke-täk kabul ederlikli serişdesi hökmünde gepleşikler gurallarynyň berkarar bolmagy üçin ulanylyp bilinjekdigine we ulanylmalydygyna ynanýar. Bu möhüm wezipeleri çözmekde ŞHG bilen işjeň özara gatnaşyklara taýýardyrys.

Hormatly hanymlar we jenaplar!

ŞHG-niň şu sammiti bu guramanyň döredilmeginiň 15 ýyllyk senesinde geçirilýär. Şu döwrüň içinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işlemeginiň berk guramaçylyk we hukuk esaslary döredildi, uzakmöhletli geljek üçin onuň işiniň ileri tutulýan ugurlary anyk kesgitlenildi, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň uly oňyn tejribesi toplanyldy.

Şu pursatdan peýdalanyp, döwlet, hökümet baştutanlaryny hem-de wekiliýetleriň agzalaryny şu şanly sene bilen gutlamak hem-de hemmelere üstünlik, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etmek isleýärin.

2016-njy ýylyň 24-nji iýuny, Daşkent şäheri