Ï Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberi artdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberi artdyryldy

view-icon 945
2016-njy ýylyň 24-nji iýuny türkmen-owgan dostlukly gatnaşyklarynyň ýylýazgysyna ýene bir ajaýyp sahypany ýazdy. Serhetabat — Hyrat — Turgundy ugry boýunça Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberi 200 million kilowat sagat bolanlygyndan 400 million kilowat sagada ýetirildi.

Mälim bolşy ýaly, 23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz Türkmenistanyň häzirki wagtda Owganystan Yslam Respublikasynyň demirgazyk welaýatlaryna ýeňillikli şertlerde iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn iş alyp barýandygyny aýtdy.

Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen degişli konsepsiýa kabul edildi. Şonuň esasynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde, şol sanda Lebap we Mary welaýatlarynda täze gazturbinaly elektrik beketleri guruldy. Kuwwaty 220 kilowolt we uzynlygy 146 kilometr bolan Ýolöten — Tagtabazar ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy tamamlandy hem-de “Tagtabazar” paýlaýjy bekedinde degişli işler geçirildi.

Oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilikli we giň halkara hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli amala aşyrýan Türkmenistan goňşy ýurtlar, şol sanda Owganystan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Parahatçylygy, energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak, goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegini üpjün etmek işinde energiýa serişdelerini ibermek babatda ýola goýlan hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir.

Türkmen döwleti öňdebaryjy halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň ýolbaşçylygynda öňe sürülýän sebitara we halkara maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar. Şunda milli Liderimiziň BMG-niň belent münberinden öňe sürýän we Türkmenistanyň owgan meselesi boýunça oňyn garaýşyny beýan edýän döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýeti we wajyplygy äşgärdir.

Bu babatda gürrüň, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän energetika we ulag pudaklaryndaky möhüm başlangyçlarynyň diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlar üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin ähmiýetlidigi barada barýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanda elektroenergetika pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, täze gazturbinaly elektrik beketleriniň gurluşygyna gönükdirilen giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär, täze elektrik geçiriji ulgamlar, onlarça paýlaýjy elektrik beketleri gurulýar, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň, obalarynyň energiýa üpjünçiligi, yşyklandyrylyşy döwrebaplaşdyrylýar. Milli Liderimiziň yzygiderli belleýşi ýaly, pudaklaýyn taslamalar durmuşa geçirilende ýurdumyzyň energetikleriniň esasy maksadynyň biri iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we serişdeleri ulanmakdan ybaratdyr.

Elektroenergetika pudagynda täze kuwwatlyklaryň işe girizilmegi diňe bir elektrik energiýasyna ýyl-ýyldan artýan içerki islegleriň kanagatlandyrylmagyny däl, eýsem, onuň goňşy ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga şert döredýär. 2013—2014-nji ýyllarda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gurlan gazturbinaly elektrik beketleriň 4-si ulanylmaga berildi. Geçen ýylyň sentýabrynda Ahal welaýatynyň çäginde ýene bir täze kuwwatly gazturbinaly elektrik bekedi ulanylmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu desganyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Derweze elektrik bekediniň ulanylmaga berilmegi bilen ýurdumyzdaky 12 elektrik beketleriniň 12-sinde-de turbinalaryň hereket edýändigini, şol turbinalaryň 30-synyň gaz, 14-siniň bug, 3-siniň bolsa suw bilen işleýändigini, olaryň taslama kuwwatyna çykmagy bilen öndürilýän elektrik energiýasynyň 5178,6 megewata barabar boljakdygyny nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ägirt uly kuwwaty barada aýdyp, häzirki döwürde energetika senagatynyň durnukly ýokary ösüş depginini gazanýandygyny we eksport mümkinçilikleri artdyrmaga ukyplydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda goňşy Owganystana möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Şu günler Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda täze elektrik bekediniň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Ýakynda Marynyň döwlet elektrik bekediniň çäginde kuwwaty 1574 megawat bolan ýurdumyzda ikinji garyşyk bug we gaz elektrik bekediniň düýbi tutuldy. Bu ähmiýetli energetika desgalarynyň ulanylmaga berilmegi energiýanyň kuwwatynyň 1828 megawata çenli artmagyna mümkinçilik berer. Şeýlelikde, bekediň umumy kuwwaty 7006,6 megawata barabar bolar. Desgalaryň degişli dünýä ölçeglerine kybap gelmegi ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň kuwwatynyň has-da artdyrylmagyny üpjün eder.

Kuwwaty 432 megawat bolan ýene-de bir gazturbinaly elektrik bekedi Serdarabat etrabynda gurlar. “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Ýaponiýanyň “Sunitoma Corparation” kompaniýasynyň arasynda degişli şertnama baglaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň her ýylda ägirt uly serişde goýberýän milli energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtap, olaryň durmuşa geçirilmeginiň diňe bir Diýarymyzyň ilatynyň we senagat desgalarynyň durnukly hem-de ygtybarly elektrik üpjünçiligini ýola goýmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen elektrik energiýasynyň dürli ugurlar boýunça ugradylýan möçberiniň has-da artdyrylmagyny şertlendirjekdigini belledi.

Şu ýerde birnäçe maglumatlary getirsek ýerlikli bolar. Şu ýylyň 5 aýynda elektrik energiýasynyň öndürilişi 9 milliard 292 million 719 müň kilowat sagada barabar boldy. Şonuň 1 milliard 535 million 824 müň kilowat sagady daşary ýurtlara iberildi. Şunda, elektroenergiýanyň öndürilişiniň ösüş depgini 108,5 göterime barabar boldy. «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişi ýylda 25,5 milliard kilowat sagada ýetiriler, onuň eksporty bolsa ýylda 11 milliard kilowat sagatdan gowrak artar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda halkara ulag gatnawlarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Demir ýoluň ulanylmaga berilmegi bilen, üç döwletiň ulag-üstaşyr kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmek, olaryň häzirki zaman halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmek üçin täze mümkinçilikleri döreder.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu iri möçberli energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysadyýetiniň pugtalandyrylmagyny, maýa goýumlaryň çekilmegini, durmuş ulgamyna degişli möhüm meseleleriň çözülmegini, şol sanda täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirer. Şol bir wagtyň özünde elektrikleşdirmegi we senagaty ösdürmekde Owganystanda tebigy gazyň sarp edilişiniň giňeldilmegi bilen baglanyşykly ugurlar emele gelýär.

Şeýlelikde, türkmen gazy we täze polat ýol häzirki döwürde Owganystanyň senagat taýdan ösmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Ulag geçelgesi we energetika köprüsi Owganystanyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklarynyň, hususan-da, oba hojalygynyň, mineral dökünleriň öndürilişiniň ýokarlanmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar. Täze demir ýoluň gurulmagy owganystanly işewürleriň öz önümlerini sebitiň daşyna çykarmaga we ugradýan ýurtlarynyň sanyny artdyrmaga ýol açar.

Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini daşary syýasatynyň düýp özeni hökmünde kesgitlän Türkmenistan Owganystana saglygy goraýyş we bilim ýaly möhüm ugurlarda kömek bermegini dowam edýär. Birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurdumyz ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga goldaw berýär we serhetýaka etraplaryň ilatyna mugt saglygy goraýyş kömegini berýär.

Şeýlelikde, 5-nji iýunda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurlan çaga dogrulýan öýüň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Milli Liderimiz bu saglygy goraýyş edarasynyň işini degişli derejede ýola goýmak maksady bilen, ol ýere zerur bolan lukmançylyk we beýleki kömek serişdelerini, ýerli hünärmenleri taýýarlamak üçin lukmanlar hem-de şepagat uýalary toparyny ugratmagy tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, asyrlaryň dowamynda türkmen halkyna mahsus bolan belent ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarly bolan ýurdumyz Owganystana ynsanperwer kömegini yzygiderli ugradýar we onuň durmuş-ykdysady düzüminiň galkynmagyna netijeli goldaw berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna Owganystanda ozal saglyk öýleri we mekdepler ulanylmaga berlipdi.

Gadymy medeni aragatnaşyklar döwletara gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýär. Onuň çäklerinde owganystanly watandaşlarymyz öz taryhy Watanyna gelip görmek we Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatlaryna gatnaşmak mümkinçiliklerine eýe boldular.

Iki ýurduň sazlaşykly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, şeýle hem täze bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynyň, iri durmuş meseleleriniň, şol sanda ilatyň iş bilen üpjünçiligi bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň möhüm şerti bolup durýar we maýa goýumlaryň çekilmegini şertlendirip, Owganystandaky ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär.

Bu ugurlar syýasat we howpsuzlyk, ykdysadyýet hem-de durmuş ulgamy, medeniýet we bilim ýaly esasy ugurlarda hyzmatdaşlygyň döwrebap usullaryny işläp taýýarlamak zerurlygyny öňe çykarýar. Şunda öňde durýan wezipeleriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen amala aşyrylýan anyk işlerde, gurluşyklarda aýdyň ýerine ýetirilýändigi äşgär duýulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan maksada okgunly tagallalary netijesinde diňe bir biziň ýurdumyzyň parahatçylykly durmuşy we durnukly ösüşi üçin däl-de, eýsem dost-dogan halklarymyzyň asyrlaryň dowamynda ylalaşykly ýaşap gelýän tutuş sebitde durnuklylygyň höküm sürmegi üçin ähli şertler döredilýär.