Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy

view-icon 1194
Düýn Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Bu mejlis ŞHG-niň döredilmeginiň 15 ýyllyk senesinde geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen Lideri ŞHG-niň nobatdaky sammitine hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Türkmenistan tutuş dünýäde abadançylygyň bähbidine özara peýdaly hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edip, oňyn sebit we ählumumy tagallalaryň işjeňleşdirilmegine, häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň deňagramly çözgüdiniň işlenip taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmäge çalyşýar. Ýurdumyz oňyn daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, abraýly halkara guramalary hem-de düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrýar. Şol gatnaşyklarda bolsa sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek esasy ugurlar bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Daşkentde geçirilýän şu mejlisine gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mundan ozal milli Liderimiz hormatly myhman hökmünde ŞHG-niň sammitleriniň birnäçesine, şol sanda 2007-nji, 2010-njy, 2012-nji we 2014-nji ýyllardaky duşuşyklaryna gatnaşdy. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişliginde abraýynyň barha artýandygyna hem-de döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasatynyň tutuş dünýäde ykrarnama eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Bu syýasat bolsa özüniň aýdyň netijelerini berýär.

Ozal habar berlişi ýaly, ŞHG-niň sammitiniň resmi çäreleriniň öňüsyrasynda, 23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Milli Liderimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşdy, şolaryň barşynda taraplaryň däp bolan dostluk gatnaşyklaryna, uzakmöhletleýin geljek üçin giň möçberli hyzmatdaşlyk ugruna gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.


Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda geçirildi.

ŞHG-niň giňişleýin düzümdäki sammitiniň öňüsyrasynda metbugat maslahatlary zalynda oňa gatnaşyjylaryň — döwlet we wekiliýetleriň baştutanlarynyň, şeýle hem halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, 2001-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Liderleri tarapyndan esaslandyrylan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy hemişelik esasda hereket edýän halkara gurama bolup durýar. Onuň işiniň esasy wezipeleri sebitde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek maksady bilen umumy tagallalary birleşdirmekden, netijeli syýasy gatnaşyklary, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Guramanyň ýokary edarasy döwlet Baştutanlarynyň Geňeşidir. Onuň mejlisleri her ýyl geçirilýär. Başlyklyk ediji ýurt hökmünde ŞHG-niň şu sammitini Özbegistan Respublikasy kabul edýär.

ŞHG-niň sammitine gatnaşmak üçin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Daşkende geldiler.

Mejlise ŞHG-niň ýanynda synçylar derejesine eýe bolan döwletleriň ýolbaşçylary — Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Mongoliýanyň Prezidenti Sahiagiýn Elbegdorž, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi hem gatnaşdylar. Eýran Yslam Respublikasyna daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif wekilçilik etdi.

ŞHG-niň sammitine halkara guramalaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de ýokary wezipeli wekilleri, şol sanda BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Jeffri Feltman, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy — GDA-nyň Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, Günorta — Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Le Lyong Min we beýlekiler geldiler.

Resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, Kongresler zalynda ŞHG-niň giňişleýin düzümindäki sammitiniň mejlisi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu mejlisiniň guramaçylaryna bu möhüm hem-de wekilçilikli duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowa we onuň üsti bilen Özbegistanyň ähli halkyna myhmansöýerlik hem-de mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.


Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň halkara we ykdysady hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirmek biziň gatnaşyklarymyzyň giň geografiýasyna we düzümleýin diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, dünýä ösüşiniň esasy ugurlaryna işjeň goşulyşmaga esaslanýar. Munuň özi Türkmenistanyň döwletler bilen ikitaraplaýyn esasda hem-de umumy bähbitler bilen birleşen we deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini paýlaşýan ýurtlaryň toparlary bilen gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegini göz öňünde tutýar.

Biziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna gyzyklanma bildirip hem-de hormat goýmak bilen garaýşymyz hut şunuň bilen kesgitlenilýär. Bu gurama gatnaşyjylar Türkmenistanyň öňden gelýän däp bolan hyzmatdaşlarydyr, biziň goňşularymyzdyr we dostlarymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

ŞHG bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň möhüm bölegidir. Bu ugur bolsa sebit prosesleriniň durnukly hem-de deňagramly bolmagyny, işjeň ykdysady we söwda gatnaşyklaryny üpjün etmäge, iri halkara düzümleýin taslamalary amala aşyrmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şoňa görä-de, ŞHG bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşi hem-de özümiziň sebit proseslerine gatnaşmagymyzyň umumy ugurlylygy bilen sazlaşykly gatnaşyklar hökmünde garaýarys. Şeýle hem ŞHG bilen hyzmatdaşlygymyzyň geljegine sebitara gatnaşyklary ösdürmek, häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna doly derejeli hem-de deňhukukly goşulyşmak üçin ýurtlarymyzyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak bilen baglylykda garaýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Biz Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň özara gatnaşyklarynyň kuwwatyna ýokary baha berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bu gatnaşyklaryň gerimi örän giňdir — olaryň hataryna energetika, ulag, aragatnaşyk, söwda ulgamlaryny goşmak bolar.

Energetika ulgamy barada aýdylanda bolsa, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda energiýa serişdelerini Merkezi Aziýadan Günorta Aziýanyň we Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň bazarlaryna çykarmak boýunça toplumlaýyn turbageçiriji düzümi döretmek üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistandan Hytaýa we Eýrana gurlan turbageçirijiler şeýle meýilnamalaryň üstünlige eýediginiň subutnamasydyr. Geçen ýylyň dekabrynda ýene-de bir strategik taslama — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslama durmuşa geçirilip başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagynyň bu sebitleriň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berjekdigine, daşary ýurt maýadarlary tarapyndan işjeňligiň ýokarlandyrylmagy üçin höweslendiriş çäresi boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň bu ugurda bilelikdäki meýilnamalary işjeň ara alyp maslahatlaşmaga we işläp düzmäge taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz ulag-aragatnaşyk ulgamyny ŞHG ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, häzirki wagtda awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny ulanmak bilen “Demirgazyk — Günorta”, “Günbatar — Gündogar” ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmegiň geljeginiň esaslandyrylan bolup görünýändigini belledi. Ol Ýuwaş ummandan Hazar deňzine we Gara deňze çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi birleşdirip bilerdi.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz ŞHG-niň agza döwletleriniň ählisiniň wekiliýetlerini we synçylary şu ýylyň 26—27-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag boýunça ählumumy maslahatyň işine gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ŞHG ýurtlary bilen söwda dolanyşygyny giňeltmäge, eksport-import amallaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, senagat hem-de söwda düzümlerini döwrebaplaşdyrmak üçin tejribäni we tehnologiýalary çekmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, bilelikdäki kuwwatyň şeýle aragatnaşyklary özara bähbitlilik hem-de uzak möhletli esasda guramaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň parahatçylygy, halkara we sebit durnuklylygyny hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, XXI asyryň wehimlerine we howplaryna garşy durmak, döwletara gatnaşyklarynyň adalatly ulgamyny gurmak meselelerinde eýeleýän oňyn, oýlanyşykly we jogapkärli ornuna ýokary baha berýändigini belledi. Mälim bolan sebäplere görä, uzakmöhletleýin parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek hem-de saklamak häzirki wagtda örän wajyp meselä öwrülýär.

Türkmenistan ŞHG-niň kuwwatynyň sebit howpsuzlygynyň berk deňagramlylygyny saklamak, gapma-garşylyklara ýol bermezlik, olary çözmegiň ýeke-täk kabul ederlikli serişdesi hökmünde gepleşikler gurallarynyň berkarar bolmagy üçin ulanylyp bilinjekdigine we ulanylmalydygyna ynanýar. Bu möhüm wezipeleri çözmekde ŞHG bilen işjeň özara gatnaşyklara taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

ŞHG-niň şu sammiti bu guramanyň döredilmeginiň 15 ýyllyk senesinde geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu döwrüň içinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işlemeginiň berk guramaçylyk we hukuk esaslary döredildi, uzak möhletli geljek üçin onuň işiniň ileri tutulýan ugurlary anyk kesgitlenildi, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň uly oňyn tejribesi toplanyldy.

Çykyşyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, döwlet, hökümet Baştutanlaryny hem-de wekiliýetleriň agzalaryny şu şanly sene bilen gutlady hem-de hemmelere üstünlik, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Mejlis tamamlanandan soň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek paýtagtynyň “Daşkent—1” howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.