Ï ÝUNISEF Türkmenistanyň goňşy Owganystana ynsanperwer kömegine ýokary baha berýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝUNISEF Türkmenistanyň goňşy Owganystana ynsanperwer kömegine ýokary baha berýär

view-icon 774
Owganystanyň Gerat welaýatynyň Turgundy şäherinde täze çaga dogrulýan öýüniň açylmagy, türkmen halkyndan sowgat berilen, halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan uly goldawy tapdy. Hususan-da, ÝUNISEF-ň Türkmenistandaky wekili Oýunsaýhan Dendewnorow öz beren interwýuynda şeýle diýdi:

- Türkmenistanyň hökümeti we ÝUNISEF hyzmatdaşlygyň 2016-2020-nji ýyllar üçin täze maksatnamanyň çäklerinde özara hereket edýärler. Ýurtlaryň maksatnamasynyň ilkinji ýyly pediatriýa boýunça bilimiň hilini we milli konsepsiýany gowulandyrmak boýunça milli normatiw resminamanyň kabul edilmegini goşmak bilen, oňyn notalardan başlandy.

Men ÝUNISEF-iň adyndan Türkmenistanyň hökümetiniň çagalaryň mynasyp durmuşda ýaşamaklary, bilim we lukmançylyk kömeklerini almakda hukuklaryny amala aşyrmakda halkara tagallalaryny bellemek isleýärin. Biz Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Gerat welaýatynyň Turgundy şäherinde çaga dogrulýan öýüni gurmak baradaky başlangyjyny makullaýarys.

BMG-niň çagalaryň hukuklary baradaky gullugy hökmünde, biz indi Owganystanyň enelerini Türkmenistanyň halkynyň goňşy dostlukly ýurduň halkyna sowgat beren täze hemme zatlar bilen üpjün edilen howpsuz we oňaýly şertlerde sagdyn çagalary dogurmaga mümkinçilikleriniň bardygyna begenýäris. Biz Türkmenistanyň Hökümeti we halky tarapyndan dostlukly Owganystana berýän ynsanperwer kömeklerine ýokary baha berýäris.

Çaga dogrulýan öýden başga hem Gerat welaýatynyň ilaty türkmen halkyndan mekdebi, Saglyk öýüni, dermanlary, azyk we beýleki ynsanperwer kömeklerini sowgat hökmünde aldy. Owgan çagalarynyň doly ösmegi we bilim almaklary üçin oňaýly şertleriň döredilmegi diňe bir owgan halkynyň gülläp ösmegine däl, eýsem bütin sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga möhüm goşandyny goşjakdygyna biz ynanýarys.

Bu durmuş ähmiýetli desgalar goşmaça iş orunlaryny döreder. Bu bolsa welaýatyň ýaşaýjylarynyň durmuş derejesine oňaýly täsirlerini ýetirer. Biz, Türkmenistanda çagalary irki döwürden terbiýelemek we okatmak boýunça halkara standartlaryna laýyk okuw geçen hünärmenleriň öz tejribelerini we bilimlerini owganystanly kärdeşlerine hem geçirerler diýip, uly ynam bildirýäris. Biz, mundan beýläk hem çagalara barada alada etmek boýunça diňe bir türkmen hünärmenleriniň däl, eýsem daşary ýurt hünärmenleriniň hem hünär kämilligini ýokarlandyrmak boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine ymam bildirýäris.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentini we Hökümetini Owganystandaky ýagdaýlary durnuklaşdyrmaga gönükdirilen parahatsöýüjilikli daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändigi bilen gutlasym gelýär. ÝUNISEF çagalaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi we sebitleýin maksatnamalary durmuşa geçirmekde netijeli gepleşikleri geçirmäge çalyşýandygy üçin Türkmenistanyň köp ugurly tagallalaryny goldaýar.