Eziz watandaşlar!
Hormatly medeniýet we
sungat işgärleri!
Sizi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda dabaraly bellenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu ýyl medeniýet we sungat işgärlerimiziň baýramy has-da uly many-mazmuna eýe bolýar. Bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän dabaralar medeniýet, sungat ussatlarymyzyň beýik özgertmelerimize mynasyp goşant goşýandyklaryny, dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasy hasaplanylýan milli mirasymyzy belentden wasp edýändiklerini aýdyň görkezýär.
Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary milletimiziň joşgunly kalbynyň altyn hazynasydyr. Bu gymmatlyklar dünýäniň syýasy, medeni-ruhy we ykdysady ösüşine ummasyz goşant goşan mähriban halkymyzyň milli mirasydyr.
Biziň milli mirasymyz halkymyzyň aň we paýhas, akyl we düşünje, pähim-parasat terezisidir. Medeniýet milletiň mertebesidir, halkyň kalbydyr. Türkmen medeniýeti dünýäniň taryhynda müdimi orun alan maddy hem-de ruhy gymmatlyklarymyzyň bir bitewi ulgamydyr.
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!
Biziň döwletimiz medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrunda uly tagallalary edýär, bu ulgama köp möçberde serişdeleri gönükdirýär. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň has-da kämilleşmegi, gülläp ösmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär.
Bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, zehinli hünärmenleri taýýarlamak boýunça uly işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlan teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, Medeniýet öýleri we medeni maksatly beýleki binalar bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.
Eziz Diýarymyzda bellenýän şanly seneler, milli baýramlar, halkara çäreleri medeniýet ulgamynyň uly rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Şu ýyl Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryny, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýýar.
Eziz watandaşlar!
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!
Medeniýet we sungat işgärlerimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp üstünliklerini belent wasp edýärler. Olaryň döredýän eserlerinde ýurdumyzyň ýeten sepgitleri, gazanýan üstünliklerimiz öz mynasyp ornuny tapýar. Olaryň döredijiligi çeperligi, baý mazmuny, ruhubelentligi, millilik bilen döwrebaplygyň ajaýyp sazlaşygy, özboluşlylygy hem-de kämilligi bilen aýratyn tapawutlanýar.
Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň medeni syýasaty dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, özara medeni hyzmatdaşlygy giňeltmekde guwandyryjy netijelere beslenýär. Ýurdumyzda halkara derejesindäki medeni hyzmatdaşlyga giň gerim berilýär. Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, ýurdumyzda dostlukly döwletleriň Medeniýet günleriniň geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda milli medeniýetimiziň taryhyny, baý medeni mirasymyzy, dünýä medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan medeni we taryhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, wagyz etmek hem-de olara dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Medeniýet ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine hem aýratyn üns berilýär.
Mähriban halkym!
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary has-da baýlaşdyrylýar, dürli ugurlar boýunça ösdürilýär. Her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň dabaraly bellenmegi, bu ulgamyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagy we aýratyn tapawutlanan medeniýet, sungat ussatlarynyň sylaglanmagy döwletimiziň medeni syýasatynyň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň öňünde häzirki döwürde has-da jogapkärli wezipeler durýar. Olar şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak üçin tutanýerli zähmet çekmelidirler. Siziň öňüňizde durýan wezipeleriň ählisini üstünlikli durmuşa geçirjekdigiňize berk ynanýaryn.
Eziz watandaşlar!
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!
Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, milli medeniýetimiziň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW