Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly ähli watandaşlarymyzy, aýratyn-da, medeniýet işgärlerini we sungat ussatlaryny ýurdumyzda giňden hem-de dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen gutlady.
Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň özboluşly we köptaraply milli medeniýeti, sungaty we däp-dessurlary bilen taryhda öçmejek yz goýan halkdygyny nygtady. Biziň medeni gymmatlyklarymyz we köp sanly taryhy ýadygärliklerimiz dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzy aýawly saklamak we baýlaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Şoňa görä-de, şu ýyly “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýip yglan etdik diýip, milli Liderimiz belledi. Şu ýyl milli medeniýetimiziň taryhyny, baý medeni mirasymyzy, taryhy gymmatlyklarymyzy öwrenmekde we wagyz etmekde uly ähmiýete eýe bolar.
Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda medeni maksatly taslamalary maliýeleşdirmäge we bu ulgama maýa goýumlaryny gönükdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletimiz tarapyndan berilýän uly goldawyň netijesinde, milli medeniýetimiz we sungatymyz yzygiderli ösýär. Türkmen medeniýeti many we mazmun taýdan barha baýlaşýar. Garaşsyz Watanymyzda örän täsirli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.
Mary welaýatynda uly dabaralara beslenip geçirilen Medeniýet hepdeligi hem halkymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna täze öwüşgin bermekde, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy döwrebap, kämil eserler bilen baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň döredýän ajaýyp eserleri bilen halkymyzyň ruhuny galkyndyryp, amaly aşyrýan beýik özgertmelerimize öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny nygtady. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň öňünde häzirki döwürde has-da jogapkärli wezipeler durýar. Olar şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak üçin tutanýerli zähmet çekmelidirler. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, döredijilik işgärleriniň öz öňünde durýan wezipeleriň ählisini durmuşa geçirjekdigine berk ynam bildirdi.
Milli Liderimiz mähriban halkymyzy, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ähli işgärlerini Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny we egsilmez bagt, medeniýet we sungat işgärlerine bolsa täze döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýyna, şeýle hem döwlet durmuşynyň birnäçe beýleki wajyp meselelerine, şol sanda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge degişli meseleler girizildi.
Iş maslahatynyň gün tertibine geçip, hormatly Prezidentimiz ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi.
Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, galla oragynyň depginleri, sebitiň etraplarynda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylan işleriň netijeleri, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, galla oragyny bellenilen möhletlerde we ýokary derejede tamamlamak bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.
Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, milli Liderimiz soňky günlerde, umuman, tutuş welaýatda, aýratyn-da, Ak bugdaý, Sarahs, Altyn asyr, Baharly, Tejen, Kaka etraplarynda galla oragynyň depginleriniň pesdigini belläp, bu babatda häkimiň işine nägilelik bildirdi we bu ýagdaýy seljermegi, galla oragynyň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreleri görmegi häkimden berk talap etdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmek we ýangynyň öňüni almak boýunça degişli çäreleri görmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew ýurdumyzyň günbatar welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyny guramaçylykly geçirmek, dürli görnüşli gök we bakja ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, oba hojalyk toplumynda möhüm hasaplanylýan galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak, bu işe dahylly düzümleriň utgaşykly işini ýola goýmak, iň esasy bolsa galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň käbir etraplarynda, aýratyn-da, Etrek, Magtymguly we Esenguly etraplarynda alnyp barylýan galla oragynyň ýagdaýyna ünsi çekip, oragyň depginleriniň pesdigini bellemek bilen, bu babatda häkimiň işine nägilelik bildirdi we oragyň depginini güýçlendirmek bilen baglanyşyky meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi berk talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz howanyň örän yssydygyny nazarda tutup, welaýatyň çäklerinde ýangyn howpsuzlygynyň öňüni almak boýunça ýörite maslahatlary geçirmegi we bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Welaýatyň ähli edara-kärhanalary milli baýramlara gowy taýýarlyk görmelidirler, olaryň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir we baýramçylyk örän dabaraly geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli agrotehniki çäreler, galla oragyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Häkim demirgazyk sebitiň zähmetsöýer gallaçylarynyň oragyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrýan işleri, möwsümiň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagy ugrunda ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz möwsümi guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny nygtap, bu işlere gatnaşýan degişli düzümleriň ählisiniň sazlaşykly işini, gallaçylaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de işleriň depginini ýokarlandyrmak üçin degişli şertleri üpjün etmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň ünsden düşürilmeli däldigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň Köneürgenç, Türkmenbaşy, Gurbansoltan eje, S.A.Nyýazow adyndaky, Boldumsaz etraplarynda galla oragynyň depginleriniň pesdigine ünsi çekip, bu babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň galla meýdanlarynda we beýleki ýerlerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, ýangyn döremegi mümkin bolan ýerlerde degişli çäreleri geçirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän möwsümleýin işler, galla oragyny guramaçylykly we ýokary hil derejesinde tamamlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.
Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde welaýatyň ilatynyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, häkim welaýatyň gallaçylarynyň iş depginlerini ýokarlandyrmak babatda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, galla oragyny öz wagtynda we guramaçylykly tamamlamak, kärendeçileriň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, möwsüme degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz soňky günlerde welaýatyň Sakar, Saýat, Döwletli, Birata we Köýtendag etraplarynda galla oragynyň depgininiň peselendigini aýdyp, ony güýçlendirmegi häkimden talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde howanyň gyzýandygyny nazara alyp, welaýatyň çäklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin çäreler, galla oragyny öz wagtynda we guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyny guramaçylykly geçirmek, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz galla oragynda işledilýän tehnikalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olaryň bökdençsiz hereketini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň Altyn sähra, Wekilbazar, Mary we Murgap etraplarynda galla oragynyň depginleriniň pese düşendigini aýdyp, işiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ähli ýerlerinde, aýratyn-da, galla meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny dowam edip, göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarowy çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol milli Liderimize galla oragynyň barşy, möwsüme dahylly düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada durup geçdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny, gaýtadan işleýän düzümleriň netijeliligini artdyrmak, kärendeçi daýhanlar üçin zerur şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz gowaçalara edilýän agrotehniki idegiň hiline we derejesine ünsi çekip, olaryň zyýankeşlerden goralmagy hem-de dürli keselleriň öňüniň alynmagy bilen baglanyşykly wezipelere örän jogapkärçilikli we ylmy esasda gijikdirilmän çemeleşilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalyk toplumynyň yzygiderli ösdürilýändigini, amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň oňyn netije berýändigini belläp, galla oragy möwsüminiň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ata Watanymyzda bol hasyl ösdürip ýetişdirmek, azyk önümleriniň bolçulygyny gazanmak, daýhanlaryň yhlasly zähmet çekmegi, ene toprakdan ýokary hasyl almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini aýdyp, ýurdumyzda Döwlet ýer kadastryny düzmek boýunça berlen tabşyryklaryň haýal ýerine ýetirilýändigine ünsi çekip, bu işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň ýerden alynýan hasylyň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.
Häzirki wezipe yhlas bilen ýetişdirlen hasyly çalt we zaýasyz ýygnap almakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz orak möwsüminiň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça degişli düzümleriň utgaşykly işini ýola goýmagy wise-premýerden berk talap etdi.
Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy M.Annabaýew häzirki wagtda ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, obasenagat toplumynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmelidigini, ulgama täzeçil usullaryň, öňdebaryjy tejribeleriň ornaşdyrylmalydygyny belledi we bu çäreleriň oba hojalyk toplumyndaky işleriň ilerlemeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynda zyýan beriji mör-möjekleriň ekinleriň hasyllylygyna düýpli täsirini ýetirýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň çäklerinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belledi hem-de Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň bu ugurda durmuşa geçirýän çärelerine nägilelik bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz komitetiň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, zyýankeşlere garşy göreşmek, geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi berk talap etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli göni aragatnaşyga bilim ministri P.Agamyradowy çagyrdy. Ol özüne ynanylan ulgamda işleriň ýagdaýy, şol sanda, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde tamamlanan okuw ýylynyň jemleri hem-de täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şonuň bilen birlikde, tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň dynç almagy, boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin degişli şertleri üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabatda aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge we ösdürmäge, bu ulgamda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegine degişli ähli meseleleriň çözülmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ministre birnäçe anyk tabşyryklary berip, täze okuw ýylyna, şol sanda täze okuw mekdepleriniň açylmagyna hemmetaraplaýyn, düýpli taýýarlyk görmegiň ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde girizilmegi bellenilýän täze hünärleri öňünden kesgitlemegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz birinji synpa gelýän körpeleri noutbuklar bilen üpjün etmek meselesiniň üstünde durup geçip, olaryň çagalar üçin ýörite niýetlenen döwrebap bolmalydygyny, okuwçylaryň ýaş aýratynlygyna laýyk gelmelidigini, çagalaryň başlangyç kompýuter sowatlylygyny üstünlikli özleşdirip bilmekleri üçin ulanylyşynyň ýönekeý we has oňaýly bolmalydygyny aýtdy.
Milli Liderimiz iş maslahatynyň netijelerini jemläp hem-de garalan meseleleriň möhümdigini, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň bolsa döwrüň wajyp talabydygyny belläp, şu meselelerden gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi ugrunda degişli düzümleriň birleşen tagallalarynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.