Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň belli “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Žil Remini kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk, täze taryhy eýýamyň ägirt uly maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde egsilmez güýç-kuwwat arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde özüni tanadan “Sifal” kompaniýasynyň ähmiýetli milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge önjeýli goşant goşýandygyny belledi.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de jenap Žil Remi bilelikdäki netijeli iş boýunça toplanan tejribäni nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Yangyç-energetika toplumy, gurluşyk düzümi, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň geljekki esasy ugurlary hökmünde görkezildi.
Myhman häzirki döwürde Türkmenistana dünýäniň, hususan-da, Ýewropanyň iri işewürligi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, munuň özi sazlaşykly ösýän ýurduň ägirt uly ykdysady kuwwaty we amatly maýa goýum ýagdaýy, şeýle hem türkmen Lideriniň ählumumy abadançylyk, gülläp ösüş üçin amatly şertleriň döredilmegine, parahatçylygyň, durnuklylygyň berkidilmegine gönükdirilen açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk esaslaryna daýanýan syýasaty bilen şertlenendigini belledi. “Sifal” kompaniýasynyň “Türkmenistan — Owganystan —Pakistan — Hindistan” halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna, şeýle hem başga-da birnäçe sebitleýin we milli ähmiýetli desgalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga bolan meýillerini tassyklap, jenap Žil Remi bu babatda birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi.
Fransiýaly hyzmatdaşlar bilen köpýyllyk netijeli gatnaşyklary kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryna, täzeçil tehnologiýalara aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanyň dünýä işewürleriniň wekilleri bilen ýygjam hem-de netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz we “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşygyň ahyrynda birek-birege hoşniýetli sözler aýdyp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň möhüm ugurlaryna we türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň wajyp wezipelerine laýyk gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.