Ï Oňyn özgertmeler – täzeçillik syýasatynyň möhüm ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oňyn özgertmeler – täzeçillik syýasatynyň möhüm ugry

view-icon 1801
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanan ägirt uly üstünliklerini we ýeten derejesini has aýdyňlygy bilen beýan edýän makalalar toplumynyň jemini jemlemek bilen, oňyn özgertmeleriň ýurdumyzyň keşbiniň sanlyja ýyllarda tanalmaz derejä ýetmegini üpjün edendigini bellemeli. Munuň özi köp sanly gyzyklanmalaryň, arzuw-umytlaryň bir ugra gönükdirilmegini nazarlaýan erk-islegiň netijesidir. Onuň durmuşa geçirilmegine ýolbaşçylyk etmek halkymyz tarapyndan biragyzdan saýlanylan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanyldy.

Milli Liderimiz täze döwrüň aýdyň we oýlanyşykly ýörelgesini esaslandyryp, döwletliligiň synmaz sütünini emele getirdi. Ol mähriban halkynyň Arkadagyna öwrüldi. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ählumumy goldawa eýe bolmagy häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan galkynýandygyny, mähriban Watanymyzyň ykbalyna bolan jogapkärçiligine daşýany bilen düşünýän halkymyzyň döredijilik ýörelgesini, milletiň oňyn özgertmelere bolan ynamyny alamatlandyrdy.

Nazaryýet bilen tejribäni, wezipeler bilen olaryň çözgüdini bir ugra jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ileri tutulýan möhüm ugurlary anyk kesgitledi. Şunda döwlet Baştutanymyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynyň düýpli ösüşine gönükdirilen özgertmeleriň başyny başlady. Milli Liderimiz özüniň saýlap alan ýoluna ygrarlydygyny anyk işler, bar bolan mümkinçilikleri artdyrmak, halkyň gözýetimini ählumumy möçberlere çenli giňeltmek arkaly subut etdi.

Soňky ýyllaryň dowamynda türkmenistanlylaryň we tutuş dünýä bileleşiginiň gözüniň alnynda ägirt uly meýilnamalar durmuşa geçirildi. Olar anyk netijelere, batyrgaý çözgütlere eýe boldy. Watanymyzyň abadançylygyny, mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny esasy ugur hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýgytly, yzygiderli we maksada okgunly hereketi bilen durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň yzygiderli dowam etmegine ýardam berýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda we sport ulgamynda her gün amala aşyrylýan şanly wakalar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan diýen ady buýsanç bilen göterýän döwletimiziň düýp binýadynyň kuwwatyny artdyrdy.

Ynamly ykdysady syýasat we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeler dünýäde ykdysady çökgünligiň dowam edýändigine garamazdan, Türkmenistana jemi içerki önümiň ýokary depginlerini saklamaga, senagat pudagynyň önümçiliginiň möçberlerini, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmaga, içerki bazarda harytlara hem-de hyzmatlara bolan nyrhlaryň durnuklylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, düzümiň döwrebaplaşdyrylmagyna, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberleri has artdyryldy.

BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça maslahatynyň, Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň we maliýe düzümleriniň bilermenleri türkmen ykdysadyýetiniň üýtgewsiz oňyn ösüşe eýedigini belleýärler.

Milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegi, senagatyň okgunly ösüşi, täze pudaklaryň döremegi we eksport mümkinçilikleriniň artmagy ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň möhüm görkezijisidir.

Ägirt uly nebitgaz serişdelerine eýe bolan hem-de kuwwatly energetika döwleti hökmünde tanalýan Türkmenistan energetika syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär. Onuň esasynda bolsa ählumumy bähbitlere laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesi bar. Nebitiň, tebigy gazyň we elektroenergiýanyň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagyna mümkinçilik berýän uglewodorod serişdelerini gazyp alýan düzümiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy, serişdeleriň häzirki zaman derejesinde gaýtadan işlenilmegi, dünýä bazarlaryna ugradylýan möçberleriniň artdyrylmagy döwletimiziň bu ulgamda amala aşyrýan işiniň möhüm ugry bolup durýar. Şunda, ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna çykarylmagyny nazarlaýan köpugurly turbageçiriji düzümiň döredilmegi sebitara we halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, Ýewraziýa energetika giňişliginde gyzyklanmalaryň deňeçerliginiň saklanmagyna oňyn täsiri bolan möhüm şert hökmünde baha berilýär. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasat işjeňliginiň ýokarlanmagyny, ähmiýetli halkara başlangyçlarynyň we teklipleriniň öňe sürülmegini, olaryň halkara giňişliginde giň goldawa eýe bolmagyny şertlendirýän energetika meselesinde eýeleýän möhüm ornudyr.

Şeýle hem ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Bu ulgamdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, amatly geosyýasy ýagdaýy bolan ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatynyň artdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Şunda, soňky ýyllarda deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlaryny öz içine alýan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta halkara ulag ýollarynyň häzirki zaman köpugurly ulgamynyň döredilmegine girişildi hem-de birnäçe möhüm sebitleýin taslamalar durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden öňe süren halkara başlangyçlarynyň hatarynda BMG-niň Hazar we Gara deňizleriň, Orta Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasynda ulag-üstaşyr mümkinçilikleriň öwrenilmegini göz öňünde tutýan Ýörite maksatnamany döretmek bar. Ýewraziýada ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek, täze söwda-ulag geçelgelerini döretmek boýunça anyk teklipler beýleki iri halkara maslahatlarynda hem-de ýokary derejedäki duşuşyklarda öňe sürüldi.

Ählumumy ösüşiň bähbidine ýola goýulýan halkara tagallalaryna goldaw bermek Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş meseleleri boýunça Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejedäki sammitinde türkmen tarapy daşky gurşawy goramak, suw we energetika serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe täze başlangyçlary öňe sürdi. Şeýle hem BMG-niň howandarlygynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde netijeli gurala öwrüljek Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek hakynda teklip aýdyldy.

Garaşsyz Türkmenistan bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti kemala getirýär. Şu babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýýan ýurdumyz daşary ýurtly maýadarlary barha köp özüne çekýär. Häzirki döwürde dünýäniň onlarça döwletleriniň iri kompaniýalary ýurdumyzda uzakmöhletleýin esasda iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Olaryň amala aşyrylmagy ykdysadyýetimiziň batly depgini ösüşini üpjün eder we ýurdumyzy senagat hem-de tehnologik taýdan ösen häzirki zaman döwletleriniň hataryna gysga möhletde çykarmaga mümkinçilik berer.

Ilkinji türkmen milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy halkara täzeçil hyzmatdaşlygyň anyk netijesidir. Bir söz bilen aýdylanda, täzeçil usullar biziň durmuşymyza barha giň aralaşýar. Bu babatda aragatnaşyk düzümindäki gurluşyk işleriniň depgini has-da ähmiýetlidir. Optiki süýümli ulgamlar ýurdumyzyň çägini demirgazykdan günorta we günbatardan gündogara çenli gurşap aldy. Ähli ýerde täze binýatlyk beketler, aragatnaşyk bölümleri, döwrebap sanly aragatnaşyk ulgamy gurulýar.

Milli ykdysadyýetimiziň elektroenergetika, himiýa we gurluşyk senagaty ýaly pudaklary barha kuwwatlanýar. Dag-magdan, gazhimiýa, metallurgiýa we ykdysadyýetimiz üçin täze beýleki pudaklaryň binýady goýulýar.

Türkmenistanyň dokma senagaty täze belentliklere çykýar we kuwwatyny artdyrýar. Birnäçe toplumlardan ybarat bolan düzümler ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirýän ýokary hilli harytlary öndürýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Ol oba ýerlerinde sazlaşykly ösüşi, täze durmuş ölçeglerini üpjün etmäge, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Häzirki zaman obalarynyň gurluşygy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylýan täze taryhy eýýama mahsus aýratynlykdyr. Döwrebap obalar ýurdumyzyň her bir welaýatynyň çäginde bina edilýär.

Sebitlerde durmuş ulgamynyň döredilmegi bilen bir hatarda, oba ýerlerinde ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin zerur şertler döredilýär we obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudagynyň kuwwatlyklary artdyrylýar.

Obasenagat toplumynyň sazlaşykly ösüşine yzygiderli ähmiýet berilmegi, önüm öndürijileriň hemmetaraplaýyn höweslendirilmegi halkara derejesinde ýokary baha mynasyp bolýan oňyn netijeleri üpjün edýär. Türkmenistan BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň maksatnamasynda 2015-nji ýyla çenli döwür üçin kesgitlenen Müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri hökmünde ykrar edilen azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda gazanan üstünlikleri üçin BMG-niň bu guramasynyň Ýörite sylagyna mynasyp boldy.

Ýurdumyzyň kärendeçileri bugdaýyň we pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Munuň özi obasenagat toplumyna hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň çäklerinde döwletimiziň zerur işleri geçirmeginiň we obasenagat toplumyndaky özgertmeleriň anyk netijeleridir. Garagumuň jümmüşinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi netijesinde ägirt uly ekerançylyk meýdanlary we sähralarda ýaşyl zolaklar döreýär. “Milli tokaý maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde tokaý zolaklary, amatly seýilgähler, dynç alyş zolaklary, gülläp ösýän bagçylyk kemala gelýär. Bu bolsa türkmen topragynyň ekologiýa abadançylygynyň saklanylmagyna gönükdirilen anyk çärelerdir.

Bazar gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyny, ykdysadyýetimiziň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny baş maksat edinen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçilik işiniň hemmetaraplaýyn höweslendirilmegine we ýurdumyzyň işewür toparlarynyň iş netijeliliginiň artmagyna ýardam berýär. Häzirki döwürde hususy kärhanalar, ýurdumyzyň işewürleri gurluşyk pudagynda, hyzmatlar ulgamynda, halkyň sarp edýän harytlarynyň, azyk önümleriniň önümçiliginde işlemek bilen daşary ýurt kompaniýalary bilen mynasyp bäsdeşlik edýärler.

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak bilen bir hatarda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Ylym, bilim, durmuş ulgamlaryna, saglygy goraýşa, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlaryna ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň işläp taýýarlan ösüşiň täzeçil usuly ähli pudaklaryň hünärmenlerinden ýokary taýýarlygy, ylmy mümkinçilikleriň yzygiderli artdyrylmagyny, täze, giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala getirilmegini, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Ylym we bilim ulgamyna döwlet tarapyndan berilýän goldawyň möçberi ýyl-ýyldan artýar. Mekdepler okatmagyň 12 ýyllyk möhletine geçdiler. Täze ýokary okuw mekdepleriniň we orta hünärment mekdepleriniň sany artdy. Şunuň bilen birlikde, müňlerçe türkmen ýaşlary daşary ýurtlara bilim almaga ugradylýar. Ýurdumyzyň täzeçil ösüşinde döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen döredilen Tehnologiýalar merkezine möhüm orun degişlidir.

Türkmenistanyň her bir raýatynyň bagtyýar we abadan durmuşy üçin möhüm şertleriň döredilmegini ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň möhüm ugry hökmünde kesgitlän döwlet Baştutanymyz halkymyzyň saglygynyň ýurdumyzyň ösüşiniň baş maksadydygyny belleýär. Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň guramaçylyk meseleleriniň düýpli çözgüdinde öz beýanyny tapdy.Täze saglygy goraýyş edaralarynyň, sport-sagaldyş toplumlarynyň gurluşygyna, tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna döwlet tarapyndan köp million manatlyk serişdeler goýberilýär. Aşgabat iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ugurdaş hassahanalaryň, täze anyklaýyş merkezleriň we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan hassahanalaryň jemlenmegi netijesinde iri lukmançylyk merkezine öwrülýär.

Bir söz bilen aýdylanda, ýurdumyzda häzirki zaman saglyk düzümi kemala gelýär. Ol saglygy goraýyş edaralaryndan başga-da, şypahana-dynç alyş we sport, syýahatçylyk ulgamyny we dynç alşy özünde jemleýär.

“Mollagara”, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Berzeňňi”, “Baýramaly” we beýleki şypahanalar doly döwrebaplaşdyryldy. Hazaryň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň kemala gelmegi bilen syýahatçylyk pudagynyň öňünde täze mümkinçilikler açyldy. Hazaryň kenarynda her ýylda bäş ýyldyzly kaşaň myhmanhanalar, kottej şäherçeleri we şypahana düzümine degişli beýleki desgalar peýda bolýar.

Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda milli Liderimiz Saglyk ýoluna yzygiderli ýörişi amala aşyrmak, sport ylgawyny ýerine ýetirmek, welosipedde gezelenç etmek, dürli sport ulaglaryna we ýyndam bedewlere ussatlyk bilen erk etmek arkaly watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz umumymilli derejedäki dürli sport-sagaldyş çäreleriniň, halkara ýaryşlarynyň geçirilmegine badalga berýär.

Häzirki döwürde 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň taýýarlyk görülýär, bu oýunlar paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriler.

Sport toplumlarynyň, stadionlaryň, dynç alyş merkezleriniň gurluşygy ýaly adamlaryň bähbidi üçin goýberilýän serişdeler özüni aňryýany bilen ödeýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesi milletiň gülläp ösmeginiň, dokuzy düzüw maşgalanyň, aň-paýhas başarnyklaryň durmuşa geçirilmeginiň hem-de şahsy üstünligiň, netijede bolsa ýurdumyzyň umumy rowaçlygynyň kepilidir.

Durmuş düzümini ösdürmek ýurdumyzyň içerki syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwletimiz ilata dünýäde deňi-taýy bolmadyk durmuş ýeňilliklerini berýär. Bu işleriň ählisi, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilip, hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen täze döwrüň şygarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna laýyklykda, her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi ýokarlandyrylýar, netijede, ilatyň jan başyna düşýän girdeji ýylyň-ýylyna yzygiderli artýar. Muňa Bütindünýä bankynyň 2012-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana ortaçadan ýokary girdejili ýurt derejesini bermegi hem şaýatlyk edýär.

Döwletimiziň abadançylygy halkymyzyň ruhy baýlygyny hem öz içine alýar, munuň özi häzirkizaman türkmen jemgyýetinde ata-babalarymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlarynyň, ruhy-ahlak hem-de taryhy-medeni gymmatlyklaryň dowam etdirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda maddy we ruhy mirasymyz diňe bir türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolmak bilen çäklenmän, dünýä medeniýetiniň hem aýrylmaz bir bölegidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, milli medeniýetimizi we mirasymyzy medeniýetleriň milletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, onuň düzümlerini giňeltmek ýaly ugurlarda giň halkara derejesinde medeniýetimizi wagyz etmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekýär. Munuň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzyň medeniýetiniň ösüşi san görkezijileri boýunça (bu görkezijileriň örän ýokarydygyna garamazdan) däl-de, onuň many-mazmuny, döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmäge gönükdirilişi, jemgyýetimiziň özgerişlikleri kabul etmek ukybynyň ýokarlanmagy bilen kesgitlenilýär.

Milli Liderimiziň türkmen halkynyň gadymy mukaddesliklerini dikeltmek boýunça alyp barýan syýasaty ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmaga hem gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başarjaň we tejribeli çapyksuwar, bu täsin bedewlere belent sarpa goýýan ynsan hökmünde yzygiderli tagallalary netijesinde, milli atçylyk pudagy täze belentliklere çykaryldy. Ýurdumyzda pudagyň düzümlerini ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, atçylyk sportuny we at üstündäki milli oýunlary wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistan bu ulgamda ykrar edilen dünýä merkezine öwrülýär, çapyksuwarlarymyz we bedewlerimiz bolsa iri halkara sergileriniň, atçylyk sport ýaryşlarynyň we dürli ýurtlarda geçirilýän çapyşyklaryň ýeňijileri bolýarlar. Olar sirk sungatynda hem öňdäki orunlary eýeleýärler, muňa “Galkynyş”milli at üstündäki oýunlar toparynyň sirk sungatynyň halkara festiwallarynda gazanýan üstünlikleri hem şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladalary netijesinde Watanymyzyň ygtybarly goragyny ýokarlandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça netijeli çäreler geçirilýär. Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda, milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýady iň kämil harby tehnikalaryň hem-de ýaraglaryň hasabyna yzygiderli pugtalandyrylýar, häzirki zamanda Watan goragçylarynyň öňünde durýan belent wezipeleri çözmäge ukyply milli harby işgärleri taýýarlamak ulgamy kämilleşdirilýär.

Üstünlikli amala aşyrylýan jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeler Konstitusiýamyzyň kämilleşdirilmegini talap etdi, onuň esasy maksatlary we ugurlary milli Liderimiz tarapyndan anyk beýan edildi. Munuň özi, ozaly bilen, Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny goramakdan, adamy goramakdan, oňa goldaw bermekden we hyzmat etmekden, raýat jemgyýetiniň ösdürilmegi hem-de durmuş-ykdysady öňegidişligi üpjün etmek üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdyr. Soňky wagtlarda jemgyýetçilik-syýasy gurluşy demokratiýlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen möhüm çäreler ýurdumyzda köp partiýalylyk ulgamyny kemala getirmek üçin hem binýat döretdi.

Ak mermerli türkmen paýtagty Türkmenistanyň iň täze taryhynyň, ýurdumyzyň nurana geljeginiň hem-de döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Aşgabat gök begrese bürenen seýilgähleri, gün nuruna şöhle saçýan altyn gümmezli köşkleri hem-de köp sanly suw çüwdürimleri, özboluşly binagärlik görnüşli häzirki zaman belent binalary bilen dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hataryna goşuldy. Aziýanyň merjenine öwrülen türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleri Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Türkmenistany ösüşiň esasy görkezijileriniň köp ugry boýunça öňdäki orunlara çykaran, ýurdumyzy, onuň ägirt uly ykdysady kuwwatyny, örän baý medeniýeti hem-de ygtybarly goralyp saklanýan täsin mirasy bolan halkymyzy özleri üçin täzeden açan tutuş dünýäniň ýokary ykrarnamasyna mynasyp bolan ägirt uly işler amala aşyryldy.

Türkmen halky öz milli Lideriniň – oňyn özgertmeleriň ruhlandyryjysy hormatly Prezidentimiziň dörediji gujur-gaýratyndan ylham alyp, öz abadançylygynyň hem-de bagtyýarlygynyň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýar. Bu hereket Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilikli depginleri bilen sazlaşyp, ýyl-ýyldan okgunly häsiýete eýe bolýar.

Türkmen Lideriniň alyp barýan daşary syýasat ugry hem milli bähbitlerimizi hasaba almak bilen, aýdyň oýlanyşykly esasda guralýar, bu syýasat dürli derejelerde we ugurlarda alnyp barylýan yzygiderli çäreleriň toplumy bolup, ol baş maksada — häzirki we geljekki nesilleriň mynasyp durmuş derejesiniň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň gülläp ösmegine, parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, dost-doganlyk taglymatynyň ornaşdyrylmagyna, ýer ýüzünde hoşniýetli gatnaşyklaryň we ösüşiň kemala gelmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Täze taryhy eýýam özygtyýarly döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge, halkara abraýyny belende galdyrmaga hem-de dünýä ulgamynda eýeleýän ornuny berkitmäge, halkara bileleşigine işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmelere beslendi.

Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň özenine, dünýäde ýüze çykýan ähli meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomatiki ýol arkaly çözmegiň täsirli guralyna öwrüldi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy 2015-nji ýylda, Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda giň gerimde we dabaraly bellenilip geçildi. Aşgabatda geçirilen “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahat bu şanly waka mynasybetli ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen köp sanly toý dabaralarynyň we çäreleriniň esasylarynyň biri boldy. Ýurdumyz dünýäniň iň täze taryhynda Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdir. Munuň özi gadymdan bäri dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerine eýerýän türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ählumumy parahatçylygyň we dostlugyň dabaralanmagynyň bähbidine dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýär. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygy hem-de ählumumy howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmagyň we III müňýyllykda durnukly ösüşiň hatyrasyna tagallalary birleşdirmek esasy ugurlar bolup çykyş edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hut şu ýagdaýlaryň adamzadyň şu günki we ertirki ykbalyny kesgitleýändigine oňat düşünip, möhüm halkara başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edýär. Şol başlangyçlar bolsa milli bähbitleri hem-de geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara almak bilen häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge kuwwatly itergi berýär we olara hil taýdan täze çemeleşmeleri kesgitleýär.

2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly ýene-de bir kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Halkara bileleşigi tarapyndan berlen bu abraýly dereje häzirki wagtda beýleki döwletler bilen diplomatiki gatnaşyklary ýola goýmak hem-de ösdürmek, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin berk syýasy we hukuk esas bolup hyzmat edýär.

Türkmen diplomatiýasynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň çäginiň ep-esli giňeldilmegi, täze geljegi uly ugurlaryň işjeň gözlenilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň özboluşly aýratynlygy bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2012-nji ýylyň ahyrynda kabul edilen Türkmenistanyň 2013—2017-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň meýilnamasy gönüden-göni hut şu maksatlara hyzmat edýär. Bu resminama ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerini hem-de maksatlaryny kesgitleýär. BMG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň, Zakawkazýäniň, Ýakyn, Orta we Uzak Gündogaryň, Ýewropanyň ýurtlary, ABŞ we beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak şol meýilnamanyň ileri tutulýan stragetiki ugurlarydyr.

Türkmenistana gelýän dürli derejedäki daşary ýurt wekiliýetleriniň sanynyň yzygiderli artmagy, ýurdumyzda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň, hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň, wekilçilikli halkara, ylmy maslahatlarynyň, giň möçberli medeni çäreleriň we dünýäniň ähli künjeklerinden myhmanlaryň gatnaşmagynda beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi halkara hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 140-a golaý döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy we saklaýar. Ýurdumyz halkara guramalaryň 44-siniň agzasydyr. Olaryň 15-siniň Türkmenistanda wekilhanalary bar. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň diplomatlary halkara guramalaryň 12-sinde Türkmenistana wekilçilik edýärler.

Soňky ýyllaryň wakalaryna syn berip, 2012-nji ýylyň ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň nyşany astynda geçendigini ýatlatmalydyrys. Onuň çäklerinde 30-dan gowrak çäre geçirildi. Olaryň hatarynda Aşgabatda geçirilen hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň, Ykdysady geňeşiň, Elektroenergetika geňeşiniň, GDA-nyň obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça Hökümetara geňeşiniň mejlisleri, “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty, GDA agza ýurtlarda öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň halkara ýarmarkasy, GDA-da azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça halkara ylmy-amaly maslahat, GDA gatnaşýan ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumy we beýleki möhüm ähmiýetli çäreler bar. Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy Türkmenistanyň GDA başlyklyk ediji ýurt hökmünde geçirilen giň möçberli işleriň esasylarynyň biri boldy. Bu duşuşyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirildi. Dünýä metbugaty GDA-nyň bu sammitiniň netijelerini teswirläp, onuň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň dabaralanmasyna öwrülendigini nygtady. Şol sammite gatnaşyjylar resminamalaryň ençemesine, şol sanda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakyndaky Jarnama gol çekdiler.

Şol ýyl ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasyna agzalygyna kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bellenilip geçildi. Bu senä gabatlanylyp, möhüm çäreleriň birnäçesi, şol sanda “Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň 20 ýyly” atly halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň howandarlygynda ýubileý ýylynda Aşgabatda möhüm köptaraplaýyn duşuşyklaryň ençemesi, şol sanda Musulman dünýäsinde bosgunlaryň meselelerine bagyşlanan halkara maslahat hem-de Orta Aziýada we Hazar sebitinde ulag-üstaşyr ulgamy ösdürmegiň geljegine bagyşlanan halkara maslahat guraldy. Bu maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek barada beýan eden başlangyjyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Şol maksatnamada Hazar we Gara deňizleriň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasynda ulag-üstaşyr mümkinçilikleri öwrenmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan hem-de strategiki ugrudygyny nygtap, Türkmenistanyň BMG-ni häzirki döwrüň ählumumy özara gatnaşyklar ulgamynyň esasy guraly, dünýä giňişliginde parahatçylygy we bähbitleriň deňagramlylygyny, ählumumy howpsuzlygyň häzirki ulgamynyň durnuklylygyny saklamagyň kepili hasaplaýandygyny belleýär. Milli Liderimiz 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji ýubileý mejlisiniň çäklerinde geçirilen Durnukly ösüş meseleleri boýunça sammitde çykyş edip, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň we BMG-niň strategiki hyzmatdaşlar bolup durýandygyny, hyzmatdaşlygy ählumumy wezipeleri hem-de milli bähbitleri we döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak arkaly guraýandyklaryny nygtady.

Ýurdumyzyň 2012-nji ýylyň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasynyň esasy alty edarasynyň biriniň — 2013—2015-nji ýyllar üçin Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) düzümine saýlanylmagy Türkmenistanyň dünýä giňişliginde eýeleýän ornunyň hem-de ähmiýetiniň artýandygyny tassyklady. 2013-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistan Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) wise-başlyklygyna iki ýyl möhlet bilen, şol ýylyň noýabr aýynda bolsa 2013-2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy. Şeýle hem ýurdumyz 2014-2016-njy ýyllar üçin BMG-niň ösüş maksady bilen ylym we tehnika komissiýasynyň hem-de 2014-2017-nji ýyllar üçin BMG-niň durmuş taýdan ösüş komissiýasynyň düzümine girdi, 2015-nji ýylyň aprel aýynda bolsa 2016-2018-nji ýyllar üçin BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça Ýerine ýetiriji Geňeşiniň düzümine saýlanyldy.

Şu ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistan abraýly halkara guramalarynyň birbada üç düzümine – 2017—2020-nji ýyllar üçin BMG-niň ösüş maksadynda ylym we tehnika baradaky komissiýasynyň, 2016—2020-nji ýyllar üçin ilat we ösüş komissiýasynyň hem-de 2017—2021-nji ýyllar üçin durmuş taýdan ösüş komissiýasynyň düzümine saýlanyldy.

Soňky onýyllygyň dowamynda Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde dürli ulgamlarda jemi 264 taslamany durmuşa geçirdi. Şu ýylyň ýazynda 2016—2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ösüş maksadynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi. Bu resminama ýurdumyzyň 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň Milli maksatnamasynyň hem-de BMG tarapyndan kesgitlenen 2016-2030-njy ýyllar üçin durnukly ösüş maksatlarynyň esasy wezipelerine doly laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de 2015-nji ýylyň iýun aýynda ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň arasynda geçirilen netijeli duşuşyk Türkmenistanyň hem-de bu iri halkara guramasynyň gatnaşyklary gyşarnyksyz ösdürmäge çalyşýandyklaryny hem-de taýýardyklaryny görkezdi.

Milli Liderimiziň 2015-nji ýylyň sentýabr aýynyň üçünji ongünlüginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji ýubileý mejlisiniň çäklerinde geçirilen 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Durnukly ösüş meseleleri boýunça sammite gatnaşmagy dünýäniň syýasy giňişliginde uly seslenme döretdi. Döwlet Baştutanymyz forumyň belent münberinden çykyş edip, ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny hem-de anyk tekliplerini beýan etdi. Şol teklipler bolsa bütin dünýäde abadançylygy we ösüşi üpjün etmegiň, gün tertibiniň maksatlaryna ýetmegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň hut BMG-niň çäklerinde öň hem möhüm başlangyçlaryň ençemesi bilen çykyş edendigini bellemek gerek. Şol başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň soňky ýyllarda kabul edilen "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakyndaky Kararnamada hem-de “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny” atly Kararnamada berkidildi. Bu örän ähmiýetli resminamalar dünýä ykdysadyýetiniň strategiki ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri babatda halkara gepleşikleriniň başyny başlady. Şu ugurlar bolsa dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyny hem-de deňagramlylygyny kesgitleýän ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleri bolup durýar.

2013-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen “Energiýa howpsuzlygy we durnukly ösüş – Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň geljegi” atly ýokary derejeli halkara maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň çäklerinde energiýa ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegi teklip etdi.

2014-nji ýylyň ahyrynda türkmen paýtagtynda Energetika Hartiýasy bilen bilelikde geçirilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” atly maslahat hem halkara energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga, dünýä energetikasyny ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hil taýdan täze söhbetdeşlik meýdançasyny döretmäge gönükdirildi. Türkmenistan 2017-nji ýyl üçin Energetika Hartiýasynyň başlyklygyna saýlanyldy.

Türkmenistan özüniň beýleki başlangyçlaryny, şol sanda sebit we yklymara möçberinde köp şahaly utgaşykly ulag düzümini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli çäreleri görýär. 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlyga bagyşlanan halkara maslahatyň geçirilmegi bu ugurda möhüm ädim boldy. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy (ÝYK), BMG-niň Aziýa—Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we ýörite komissiýasy (ESKATO), Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Halkara awtomobil ulaglary bileleşigi (IRU) hem-de Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgeçi boýunça (TRASEKA) hökümetara komissiýasy bilen bilelikde guralan maslahatyň ýokary derejesi Türkmenistanyň başlangyçlarynyň, hususan-da, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Merkezi Aziýa üçin Modal Şosseni döretmek hakynda öňe süren başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Maslahatyň çäklerinde möhüm resminamalaryň birnäçesine, şol sanda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) arasynda Türkmenistanyň çägi arkaly Ýewraziýa awtoulag gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi, şeýle hem Özbegistan —Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgeçini döretmek meseleleri boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Halkara ulag ýollarynyň strategik taýdan örän möhüm çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan söwda hem-de üstaşyr gatnawlary amala aşyrmak üçin howpsuz şertleri üpjün etmek boýunça teklipleri öňe sürýär hem-de iri taslamalar görnüşinde olary üstünlikli durmuşa geçirýär. Demirgazyk —Günorta halkara ulag geçelgesini döretmek şol taslamalaryň örän ähmiýetlileriniň biridir. Ol Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda özboluşly “köpri” bolmalydyr. Bu ulag geçelgesiniň “altyn halkasy” bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran täze demir ýoly eýýäm ýakyn geljekde Gündogar Aziýa, Pars aýlagynyň deňiz menzillerine, portlaryna hem-de yzyna – Russiýanyň üsti bilen Gündogar Ýewropa ýükleriň ykdysady taýdan amatly daşalmagyny üpjün eder. Mundan başga-da, üstaşyr ýükleriň modal paýlanylmagy babatda, ýagny, awtomobil, deňiz we howa ulaglary bilen daşalýan ýükleri demir ýollar arkaly daşamak mümkinçiligi peýda bolar.

2013-nji ýylyň maýynda milli Liderimiz döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasynda boldy. Döwletara gatnaşyklarynyň geljekki möhüm ugurlaryny kesgitlän ýokary derejede geçirilen duşuşykdan başga-da, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew iki goňşy döwletiň arasynda göni demir ýol gatnawyny üpjün eden Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň ulanylmaga berilmegi mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdylar. Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanlarynyň biri bolan bu ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ýurtlarynyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyny üpjün eder, sebitde köp şahaly ulag düzüminiň kemala gelmegine, onuň halkara ulag-üstaşyr düzümine netijeli goşulmagy üçin zerur şertleriň döredilmegine ýardam berer.

Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, 2013-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasyna doly hukukly agza bolandygyny bellemeli. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 1997-nji ýyldan bäri bu guramanyň synçysy derejesine eýedir.

Milli Liderimiziň 2012-nji ýylyň awgust aýynda Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketine gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmagy halkara hyzmatdaşlygynyň has netijeli we döwrüň talabyna laýyk gelýän görnüşiniň kesgitlenmegine bolan ählumumy çemeleşmeleriň kemala gelmeginde özygtyýarly Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigini alamatlandyrdy. Sammitiň münberinden çykyş etmek bilen, döwlet Baştutanymyz Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp taýýarlamak we ony BMG-niň garamagyna hödürlemek başlangyjyny öňe sürdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýanyň Astrahan şäherinde sentýabr aýynyň ahyrynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV sammitine gatnaşmagy 2014-nji ýylyň şanly wakasyna öwrüldi. Sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn ähmiýet bermek bilen, Türkmenistan Hazar deňziniň sebitinde parahatçylygyň, durnuklylygyň berkidilmegine, giň gatnaşyklaryň ösdürilmegine, köpasyrlyk medeni-taryhy aragatnaşyklary bolan Hazarýaka ýurtlarynyň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar.

Dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmaga uly gyzyklanma bildirýän Türkmenistan birnäçe halkara guramalarynyň agzasy bolmasa-da, olaryň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine işjeň gatnaşýar. Şeýlelikde, 2012-nji ýylyň iýun aýynda we 2014-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň degişlilikde Hytaý Halk Respublikasynda we Täjigistan Respublikasynda geçirilen mejlislerine hormatly myhman hökmünde gatnaşandygyna bellemeli.

Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy we geosyýasy ýagdaýlara oňyn täsirini ýetirýän ýörelgeleri dünýä bileleşigi üçin ýyl-ýyldan has-da äşgär bolýar. Milli Liderimiziň çuňňur esaslandyrylan we dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýan başlangyçlary has möhüm ugurlardaky netijeli gatnaşyklaryň anyk mümkinçiliklerini aýan edýär.

Ozal bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara guramalarynyň çäklerindäki netijeli gatnaşyklar bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn esasda, öňi bilen bolsa ýakyn goňşular bilen döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine uly üns berýär. Munuň özi diňe bir sebitiň möhüm meseleleriniň çözgüdine özara kabul ederlikli çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy däl, eýsem, bu ýerde ýaşaýan halklaryň arasynda köpasyrlyk dostluk we birek-birege ynanyşmak ýörelgeleriniň berkidilmegini şertlendirýär.

Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji ýylda ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen we dünýäniň dürli ýurtlarynda mart aýynda bellenilýän Halkara Nowruz baýramynyň belent dabaralara beslenendigi bellärliklidir. Şol günlerde Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Onuň jemleri boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Ol goňşy ýurtlaryň Türkmenistan —Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyna bolan gyzyklanmalaryny tassyklady. Şondan birnäçe aý geçenden soň, taslama gatnaşyjy döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 5-nji iýunda Lebap welaýatynda bu polat ýoluň birinji bölegi hasaplanylýan Atamyrat —Ymamnazar — Akina böleginiň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu ýyllaryň dowamynda günorta goňşusy Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna hemmetaraplaýyn goldaw berýär hem-de möhüm ykdysady taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen owgan meselesiniň çözgüdi boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar. 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Munuň özi sebitiň ykdysady taýdan ösmegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine kuwwatly itergi berer. 2015-nji ýylda Türkmenistana Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň ilkinji döwlet sapary soňky ýyllarda işjeň häsiýete eýe bolan döwletara aragatnaşyklaryny ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

Ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlara ilkinji saparyny Türkiýä amala aşyrdy. Şol ýerde geçirilen gepleşikler dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna gabat gelen bu sapar özara peýdaly hyzmatdaşlygy hem-de asyrlaryň dowamynda türkmen we türk halklaryny baglanyşdyrýan dostluk aragatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolundaky möhüm ädimi alamatlandyrdy.

2014-nji ýylyň iýun aýynda döwlet Baştutanymyzyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary türkmen-türk gatnaşyklarynyň taryhynda şanly wakalaryň birine öwrüldi. Onuň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň Geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň Bodrum şäherinde geçirilen IV sammitine gatnaşdy. Onda 2015-nji ýylda Mary şäherine türki dilli halklarynyň medeni paýtagty derejäni bermek çözgüdi kabul edildi. Türk tarapynyň Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyjyny, şol sanda Gündogaryň beýik akyldary, görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyny baýram etmek baradaky başlangyçlaryny işjeň goldandygyny bellemeli. Türki dilli halklaryň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2014-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan etdi hem-de türki dilli döwletlerde birnäçe dabaraly çäreler geçirildi.

Türkmen-türk gatnaşyklary baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, 2014-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkiýe Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hut özüniň çagyrmagy boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ankara iş sapary bilen gelendigini bellemeli. Onda döwlet Baştutanymyz türk Lideriniň döwlet wezipesine girişmegi mynasybetli guralan dabara gatnaşdy. Munuň özi netijeli halkara gatnaşyklarynyň has-da berkidilmegine we ösdürilmegine iki ýurduň uly gyzyklanma bildirýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Ýeri gelende aýtsak, Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýe Respublikasynyň täze Prezidenti hökmünde Orta Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji resmi saparyny şol ýylyň noýabr aýynda Türkmenistana amala aşyrdy.

Goňşy döwletleriň Baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklary iki ýurduň däp bolan hyzmatdaşlygy has ýokary derejä ýetirmäge, bilelikdäki işiň oňyn tejribesini we bar bolan ägirt uly ykdysady hem-de serişde mümkinçiliklerini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalary üpjün etdi.

Däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk aragatnaşyklaryna esaslanýan türkmen-eýran hyzmatdaşlygynda döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalar äşgär duýulýar. Şeýlelikde, 2013-nji ýylyň 4-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ählihalk tarapyndan saýlanan Prezidenti Hasan Ruhaniniň wezipesine girişmegi mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy. Milli Liderimiziň daşary döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinjisi hökmünde Eýranyň täze Baştutany bilen duşuşmagy täze taryhy eýýamda kuwwatly itergä eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine we berkidilmegine taraplaryň aýratyn ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. 2015-nji ýylyň 11-nji martynda Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. Iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşyklarynda dünýäniň gün tertibiniň möhüm meselelerine, ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça bilelikdäki çäreler barada pikir alyşmaga, olary işläp taýýarlamaga, energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge bagyşlanan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol ýylyň 23-nji noýabrynda Tähran şäherinde gazy eksport edýän ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň gün tertibinde ýokarda agzalan meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çärä hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Aşgabada we Daşkende döwlet Baştutanlarynyň guran resmi saparlarynyň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Islam Karimowyň arasynda geçirilen gepleşikler Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklarynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine gönükdirildi.

Köp sanly ähmiýetli sebit taslamalarynda möhüm hyzmatdaş hasaplanylýan Täjigistan Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek we netijeli hyzmatdaşlyk ýagdaýynyň saklanylmagyna önjeýli goşant goşýan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýär.

2014-nji ýylyň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen geçiren gepleşiklerinde asyrlar aşyp gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, olaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna taraplaryň ygrarlydygy bellenildi. Häzirki döwürde bu ýurtlar bilen gatnaşyklar strategiki häsiýete eýe bolýar. Birnäçe iri bilelikdäki taslamalaryň yzygiderli ara alnyp maslahatlaşylmagy we üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine ygrarly daşary syýasat strategiýasyna diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, onuň daşynda hem netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň möhüm guraly hökmünde baha berilýär. Hormatly Prezidentimiziň 2014-nji ýylyň ahyrynda Aşgabatda Prezident Georgiý Margwelaşwili bilen bolan duşuşygynda Gruziýa döwleti üçin hem dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklary artdyrmak babatda giň mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi.

2015-nji ýylyň iýulynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-gruzin duşuşygynyň barşynda taraplar bilelikdäki ulag geçelgesini, şol sanda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag üstaşyr geçelgesini bilelikde döretmek hakynda ylalaşyga geldiler. Ol geljekde Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegini we sebitiň ýurtlarynyň milli ykdysadyýetlerini dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň umumy ulgamyna mundan beýläk-de işjeň goşulyşmagyny şertlendirýän häzirki zaman yklymara ulag-aragatnaşyk ulgamynyň möhüm bölegine öwrüler.

Kawkaz ýurtlary bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylyň noýabr aýynyň aýagynda Ýerewana bolan resmi saparynyň çäklerinde ýokary derejede geçirilen türkmen-ermeni gepleşikleri we Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň 2014-nji ýylda Aşgabada amala aşyran resmi saparynda geçirilen gepleşikler munuň aýdyň subutnamasydyr.

2015-nji ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynda iş saparynda boldy. Döwlet Baştutanymyz şol ýerde sportuň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän “Baku—2015” Ýewropa ýaryşlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we Prezident Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Ol milli Liderimiziň durmuşa geçirýän işjeň syýasatyna hem-de birnäçe ugurlar boýunça ählumumy gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Bu saparyň hem 2014-nji ýylda Soçi şäherine gyşky Olimpiadanyň açylyş dabarasyna guralan sapar ýaly anyk maksada eýedigini bellemeli. Şol saparlaryň maksady iri sport çärelerini guramagyň tejribeleri bilen tanyşmakdan, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary, täzeçil çözgütleri bolan degişli düzümi döretmekden ybaratdyr. Munuň özi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlygy nazara alanyňda, Türkmenistan üçin has-da ähmiýetlidir.

Türkmenistan Aziadany geçirmek hukugyna Merkezi Aziýa sebitinde ilkinjileriň biri hökmünde eýe boldy. Munuň özi ýurdumyzyň sport ulgamynda ýeten derejesiniň ykrar edilýändiginiň, Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygynyň we ýurdumyzyň iri sport merkezine öwrülýändiginiň tassyknamasydyr. 2015-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisi geçirildi. Oňa 80-e golaý ýurtdan 600-den gowrak wekil gatnaşdy. Şu gezek Okeaniýanyň 17 ýurdundan türgenleriň ilkinji gezek gatnaşjak iri sport çärelerine toplumlaýyn taýýarlygyň alnyp barylmagy Aziada — 2017-niň hakyky sport baýramçylygyna, dostlugyň, yklymyň we tutuş dünýäniň halklarynyň agzybirliginiň baş nyşanyna öwrüljekdigine bolan ynamy pugtalandyrýar.

Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygyny bellemeli. Wekiliýetleriň alşylmagy, ilkinji nobatda, ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunda, gadymy dostluk we köpasyrlyk taryhy-medeni umumylyk däplerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýýan Günorta Aziýa ýurtlary milli Liderimiziň ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, şol sanda energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýarlar. Geçen ýylda Hindistanyň hökümetiniň Baştutany Narendra Modi we Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif bilen geçirilen gepleşikler birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan däp bolan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin täze mümkinçilikleri açdy. Şu ýylyň martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynda iki günlük resmi sapar bilen boldy. Onuň çäklerinde taraplar iki ýurduň ykdysadyýetleriniň üstüni ýetirýän mümkinçilikleri doly derejede herekete girizmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýulýan strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklary soňky ýyllarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Türkmenistan Russiýa bilen ikitaraplaýyn görnüşde we iri halkara guramalarynyň, abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirýär. Ýola goýulýan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň çäklerinde dostlukly ýurduň käbir sebitleri, iri senagat, ylym-bilim we medeni merkezleri bilen özara aragatnaşyklar ösdürilýär.

Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary, hususan-da, Belarus Respublikasy bilen gatnaşyklarda täze taryhy eýýamda ýokary göteriliş duýulýar. Ýakynda Minskide geçirilen ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşiklerinde, ozalky duşuşyklarda bolşy ýaly, iki dostlukly ýurduň özara peýdaly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge bolan taýýarlyk derejesi tassyklanyldy.

Soňky ýyllarda türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypalar ýazyldy. 2013-nji ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiz Moldowa Respublikasyna ilkinji saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Nikolae Timoftiniň gepleşiklerinde hem-de 2015-nji ýylyň aprelinde Moldowanyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan jogap saparynyň barşynda iki döwletiň däp bolan gatnaşyklara uzakmöhletleýin, giň ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň uly geljegini nazara almak bilen özara peýdaly esaslaryň ösdürilmegine bolan taýýarlygy tassyk edildi.

Baltika ýakasyndaky ýurtlar bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk ösüşiň täze derejesine çykýar. Latwiýa Respublikasy bilen oňyn döwletara gatnaşyklary bu babatda aýdyň mysal bolup biler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň sentýabrynda resmi saparynyň çäklerinde, şeýle hem 2013-nji ýylyň maý aýynda Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinşiň Türkmenistana resmi saparynyň barşynda bu ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygyň barşynda Latwiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Algirdis Butkawiçýus özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi. Ol 2013-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanda resmi sapar bilen boldy.

Soňky ýyllar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Ýewropa ugrunyň üýtgewsizdigini görkezip, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň oňa gyzyklanmasynyň artýandygyny tassyklady. Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Beseskunyň 2012-nji ýylda Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-rumyn gepleşikleri hem ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini tassyklady. 2014-nji ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Horwatiýa Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Iwo Ýosipowiç, Wengriýa Respublikasynyň Lideri Ýanoş Ader, Sloweniýa Respublikasynyň Baştutany Borut Pahor, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň ýolbaşçysy Didýe Burkhalter, şeýle hem dostlukly ýurtlaryň hökümet Baştutanlary – Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Zoran Milanowiç we Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensi bilen geçiren duşuşyklaryň barşynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

2015-nji ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Italiýa Respublikasynda saparda boldy, şol ýerde Milanda açylan “EXPO—2015” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy.

Şondan bir hepde geçenden soň, 12-nji maýda türkmen Lideri resmi sapar bilen Awstriýa Respublikasyna bardy, şol ýerde Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişer bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplaryň köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga taýýardygy tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, syýasy-diplomatik babatda Türkmenistanyň we Awstriýanyň umumy zatlary köpdür. Olaryň ikisi hem bitaraplyk derejesine eýedir. Ýurtlaryň ikisi hem bitaraplygyň oňyn ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýär. Dostlukly ýurtlar BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyk edýärler. Döwlet Baştutanymyz Wenada saparda bolanda iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda ÝHHG-niň Baş sekretary Lamberto Zaýner hem-de Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş direktory Ýukiýa Amano bilen hem duşuşdy.

Geçen ýylyň awgust aýynda Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow ilkinji resmi sapary bilen Türkmenistana geldi. Bularyň ählisi döwletimiziň ýewropaly hyzmatdaşlarymyz, ilkinji nobatda, Ýewropa Bileleşigine agza döwletler, uly ykdysady kuwwata eýe bolan ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda yzygiderli ädimleri ädýändigine şaýatlyk edýär.

Biziň Garaşsyz hem Bitarap Watanymyz Ýakyn Gündogaryň döwletleri bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge hem uly üns berýär. Şu babatda 2013-nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa Ben Zaýed Al-Nahaýanyň ýurdumyza bolan resmi saparynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler möhüm ähmiýetli waka boldy.

Şu ýylyň ýazynda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tani Türkmenistana ilkinji resmi sapary bilen geldi. Munuň özi iki ýurduň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda guralýan gatnaşyklaryň uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 2014-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Katar Döwletiniň ilçihasanynyň açylmagy hem-de Türkmenistanyň Katardaky ilçisiniň bellenmegi iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini tassyklaýar.

Şu ýylyň maý aýynyň başynda milli Liderimiz Saud Arabystanyna resmi sapar bilen bardy. Bu döwlet bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny 2007-nji ýylyň aprel aýynda hut şu ýurda amala aşyrmagy hem muňa şaýatlyk edýär. ER-Riýadda geçirilen türkmen-saud gepleşikleriniň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi berjekdigi hem-de ýola goýlan oňyn syýasy gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen has netijeli çäreleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berjekdigi şübhesizdir. Yslamyň esasy keramatly ýerine – Mekgede mukaddes Käbä zyýarat edilmegi şu taryhy saparyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şu ýerde Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Onuň Alyjenaby Saud Arabystany Patyşasy Salman ben Abdulaziz Al Saud tarapyndan hormatly Prezidentimize uly hormat-sarpa goýlandygy bellemelidiris – 2-nji maýdan 3-nji maýa geçilýän gijede hormatly Prezidentimiz Allanyň Öýünde, mukaddesligiň içinde namaz okady. Saparyň çäklerinde milli Liderimiz Yslam Ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen netijeli gepleşikleri geçirdi. Olaryň barşynda Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri, hususan-da, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine gönükdirilen täze taslamalary we maksatnamalary maliýeleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky ýyllarda Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, hususan-da, Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmegiň taryhynda möhüm ähmiýetli wakalara baý boldy. 2013-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistan HHR-iň täze Başlygy Si Szinpiniň sapary amala aşyran ilkinji döwleti boldy. Ol Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sapary amala aşyrdy. Resminamalaryň ençemesiniň kabul edilmegi ýokary derejedäki türkmen-hytaý duşuşygynyň netijesi boldy. Türkmenistan bilen Hytaý halk Respublikasynyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Jarnama şol resminamalaryň iň esasylaryň biridir. 2014-nji ýylyň maýynda hem-de 2015-nji ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e amala aşyran saparlary iki dostlukly ýurduň ýola goýlan oňyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge taýýardygyny doly tassyklady.

Türkmen –ýapon gatnaşyklary hem ösüşe eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Tokio amala aşyran resmi sapary şol gatnaşyklara kuwwatly itergi berdi.

2013-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde we Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde ýurdumyzyň ilçihanalaryny açmak baradaky çözgütleriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Permanlar bilen berkidilmegi Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň özygtyýarly Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup çykyş edýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 2014-nji ýylda Malaýziýanyň premýer-ministri Mohd Najib Bin Tun Abdul Razak Aşgabada sapar bilen geldi. Şol ýylda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Pak Kyn He döwletimizde saparda boldy. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda örän wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçen ýylyň aprel aýynda döwlet Baştutanymyz Seula döwlet saparyny amala aşyrdy, şol ýerde 7-nji Bütindünýä suw forumyna gatnaşdy. Onuň gün tertibine suwdan rejeli peýdalanmagy meseleleri girizildi.

Şondan bir aý ozal, 2015-nji ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça Ýaponiýada geçirilen III Bütindünýä maslahata çagyryldy. Milli Liderimiz şol ýerde Ýaponiýanyň işewür we ylym-bilim toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşdy. Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýa parahatçylygy, durnuklylygy hem-de ösüşi üpjün etmek maksadynda sebitiň ýurtlary bilen bilelikde tagalla etmäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny beýan edýär. “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan 2015—2016-njy ýyllar döwri üçin oňa başlyklyk edýän döwlet hökmünde saýlanyldy. Şol ýylyň 23-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sinzo Abeniň ýurdumyza ilkinji resmi sapary dostlukly döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Türkmenistan “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, Amerika yklymynyň döwletleri, şol sanda Latyn Amerikasynyň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hem oňyn gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Onuň bilen netijeli gatnaşyklar häzirki zaman dünýäsiniň wajyp meseleleri — durnukly ösüşi hem-de ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek ýaly meseleler boýunça garaýyşlaryň umumylygyna esaslanýar.

Afrika yklymynyň döwletleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin hem oňat mümkinçilikler açylýar. 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan bilen Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Addis-Abebede türkmen wekiliýetiniň syýasy meseleler boýunça Afrika bileleşiginiň Komissary bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda halkara guramalarynyň çäklerinde hem-de ikitaraplaýyn görnüşde Afrika bileleşiginiň ýurtlary bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlyga degişli möhüm wakalaryň hödürlenen syny ýurdumyzyň halkara işlerinde abraýynyň barha artandygyny hem-de döwletimiziň çalt üýtgeýän dünýäniň şertlerinde netijeli hereket etmäge mümkinçilik berýän syýasy-diplomatik usullaryň gerimini ep-esli giňeldendigine aýdyňlyk bilen şaýatlyk edýär.

Şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň ykbalynda möhüm sepgit, öňe — täze üstünliklere we belent sepgitlere ynamly gitmek üçin strategiki çözgütleri kabul etmegiň we gujur-gaýratly hereket etmegiň döwri boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban halkymyzy şol täze belent sepgitlere tarap

“Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen çagyryş bilen ynamly alyp barýar.