Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

view-icon 709
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,


Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.

Döwlet Baştutany wezipesinde alyp barýan işiňiz bilen Siz watandaşlaryňyzyň arasynda uly hormata hem-de belent halkara abraýyna mynasyp bolduňyz. Türkmen-rus gatnaşyklaryny dostluk we hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürmekde Siziň şahsy goşandyňyz örän beýikdir.

Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine özara bähbitli ikitaraplaýyn aragatnaşyklarymyzyň tutuş toplumyny has-da pugtalandyrmak boýunça biziň oňaýly, ýoldaşlyk gatnaşyklarymyzyň hem-de netijeli bilelikdäki işlerimiziň dowam etdiriljekdigine umyt edýärin.

Saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we üstünlikler baradaky tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.

Hormatlamak bilen,

W.Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!


Siziň doglan günüňiz mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy kabul ediň.

Soňky ýyllarda hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň sagdyn we depginli ösüş meýilleri saklanýar, biziň döwletlerimiziň arasynda syýasy özara ynanyşmak çuňlaşýar, dürli pudaklarda hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn netijeleri gazanyldy.

Hytaý-türkmen aragatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly üns berip, biziň gatnaşyklarymyzyň iki ýurduň we halklarymyzyň bähbidine täze derejä tarap yzygiderli öňe ilerlemegi üçin Siziň bilen bilelikdäki tagallalara özümiň taýýardygymy beýan edýärin.

Size berk jan saglyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,


Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we özümiň iň oňat arzuwlarymy ýollaýaryn.

Şu ajaýyp günde Size berk jan saglyk, bagt, Türkmenistanyň dostlukly halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,


Siziň doglan günüňiz mynasybetli meniň tüýs ýürekden we mähirli gutlaglarymy kabul ediň.

Doganlyk Türkmenistanyň üstünlikleri, durmuş-ykdysady gazananlary hem-de ýurduň halkara derejesinde abraýynyň pugtalanmagy Siziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatyňyzyň aýdyň netijesidir.

Taryhy däplere esaslanýan gyrgyz-türkmen dostlugynyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge mundan beýläk-de ýardam berjekdigine ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagt, abadançylyk we döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Almazbek Atambaýew,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.