Ï Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi

view-icon 673
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doglan güni mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçylaryndan — Mejlisiň Başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi.

Bu ýere ýygnananlar ajaýyp sene bilen mähirli gutlap, döwlet Baştutanymyza Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň, ykdysady kuwwatynyň yzygiderli artmagynyň, mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Bellenilişi ýaly, bagtyýar, döredijilikli durmuşda ýaşaýan türkmenistanlylar milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasy parasadyna, döwlet Baştutanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrýan hem-de abraýyny, şöhratyny we mähriban Watanymyzyň halkara derejesindäki ornuny artdyrýan ynsanperwer ýörelgelerine çäksiz buýsanýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň täsin, özboluşly milli nusgasy döredildi.

Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiziň iri halkara guramalar bilen yzygiderli durmuşa geçirýän netijeli hyzmatdaşlyk syýasatynyň sebit we ählumumy möçberde abadançylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny utgaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berýändigini bellediler. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisine wise-başlyklyga nobatdaky gezek saýlanmagy Türkmenistanyň ägirt uly abraýynyň ykrar edilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda soňky ýyllarda giň möçberli özgertmeler maksatnamalary, ykdysady we maýa goýum taslamalary üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygy giňden we dabaraly baýram edilýän şu ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen ruhubelent çagyryşy nurana geljegine, täze beýik üstünliklere tarap ynamly barýan türkmen halkymyzy has-da galkyndyrdy.

Milli Liderimiz mähirli gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanýan beýik üstünlikleriniň täze ýeňişlere ruhlandyrýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Hemmetaraplaýyn gülläp ösýän, bedew bady bilen ynamly öňe barýan, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy gün-günden artýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň innowasiýalar we ösüşler ýoly boýunça mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönüden-göni ýardam berjek bellenilen wezipeleriň hem-de uly möçberli milli maksatnamalaryň ählisiniň üstünlikli amala aşyryljakdygyna pugta ynam bildirip, bu ýere ýygnananlara saglyk, uzak ömür hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň bähbidine “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.