Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban kyblasynyň hal-ýagdaýyny soramak maksady bilen, Halkara kardiologiýa merkezine geldi.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow garşylady. Ministr hormatly Prezidentimizi bölüme çenli ugratdy.
Ene-atalar hakyndaky alada we olara üns berilmegi türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Bejeriş çäresini amala aşyrýan lukmanlar milli Liderimize Mälikguly aganyň saglyk ýagdaýynyň kadalydygy barada habar berdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyga Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory hem gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz geçen ýyl täze “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilendigini aýdyp, onuň milletimiziň saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga gönükdirilendigini we maksatnamanyň döwrebap hem-de täze derejä eýedigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz onuň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy.
Duşuşyga gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli çäreler, şol sanda ýurdumyzyň bejeriş we keselleriň öňüni alyş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Karary esasynda saglygy goraýyş boýunça köpugurly pudagara topar döredildi. Şu geçen ýarym ýylyň içinde toparyň iki mejlisi geçirildi. Olaryň barşynda saglygy goraýyş ulgamyny halkara kadalara laýyk derejede ösdürmek işlerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň özara gatnaşyklary babatda toplumlaýyn çäreler we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem keselleriň öňüni almak boýunça bir bitewi ulgamy döretmek, saglygy goraýşyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, jemgyýetimizde sagdyn-durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda anyk meýilnama işlenip taýýarlanyldy.
1-nji iýuldan başlap, keselleri wagtynda ýüze çykarmak we ilatyň saglyk ýagdaýyny seljermek maksady bilen, ýurdumyzyň işleýän raýatlaryna lukmançylyk gözegçiligini geçirmäge girişiljekdigi barada-da habar berildi.
Sebitleýin ýörelgelere laýyklykda, enelere we çagalara ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermek ulgamy ýola goýuldy. Ol dünýä tejribesinde eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak gullugynda has netijeli usullaryň ulanylmagyna gönükdirilendir. Mundan başga-da, häzirki döwürde dogabitdi süýji keseli, semizligi, kerligi we körlügi bolan çagalarda, şeýle keseliň öňüni almak üçin aýallarda göwreli bolmazyndan öň we göwrelilik döwründe lukmançylyk gözegçiligini, şeýle hem çaga dogrulýan öýde doly barlag işlerini alyp barmak ýola goýuldy.
Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak babatda täze çemeleşmeleriň girizilmegi netijesinde 2016-njy ýylyň birinji ýarymynyň jemleri çaga dogrulanda operasiýa etmek ýagdaýlarynyň 2 müňden gowrak azalandygyny görkezdi. Ýylyň ahyryna çenli çaga dogluşynyň has-da artmagyna garaşylýar. Täze doglan çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň möçberi 92 göterime barabar boldy.
Ýürek-gan damar, nerw ulgamy, dem alyş ýollary, süýji we düwnük keselleri ýaly ýokanç däl keselleriň öňüni almak maksady bilen, ilatyň arasynda, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Ýokanç däl keselleriň öňüniň alnyşynyň hem-de bejergisiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli Saglyk öýlerinde ýörite “Saglyk mekdepleri” döredildi we anyklaýşyň kliniki görkezijileri işlenip taýýarlanyldy we ornaşdyryldy. Şunda, degişli lukmançylyk kömeginiň netijeleri ýokarlandy.
Çilimkeşlik we arakhorluk ýaly zyýanly endiklere garşy göreşmek boýunça toplumlaýyn işler dowam edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanynda pudagara toparynyň döredilmegi, onuň düzümine dürli döwlet guramalarynyň hem-de pudaklarynyň wekilleriniň girizilmegi bu ugurdaky guramaçylyk-usulyýet işleriniň möhümleriniň biridir.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Aýratyn-da, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldaw bermeginde ýokanç we ýokanç däl kesellere, çilimkeşlige garşy göreşmek we olaryň öňüni almak boýunça ýörite taslamalar durmuşa geçirilýär.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlykda ýol hereketiniň howpsuzlygy, sagdyn iýmitlenmek, psihiki saglygy üpjün etmek, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk ýaly ugurlar boýunça işlenilýär.
Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde çaganyň irki ösüşi hem-de çagalaryň saglygyna irki döwürlerden çemeleşmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirýär. Täze doglan çagalara we körpelere lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen taslama amala aşyrylýar.
BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde “Aýallaryň sagdyn önelgeliligini pugtalandyrmak” taslamasy işjeň durmuşa geçirilýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde inçekesele garşy göreşmek baradaky taslamalar işlenip taýýarlanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň saglygyny goramak ulgamyndaky täze döwlet syýasatynyň ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna, adamlaryň saglygyny goramak baradaky konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini belledi. Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamynyň ähli ugurlarynyň tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, uzakmöhletleýin maksatnamalara we öňüni alyş çärelerine esaslanýan toplumlaýyn işleriň milli lukmançylyk ulgamyny ösdürmegiň düýpli usuly ýörelgeleri bolmalydygyny aýtdy.
Saglygy goraýşy ösdürmegiň täzeçil usuly anyklaýyş, bejeriş edaralarynyň we lukmançylyk ylmynyň ýakyn gatnaşyklaryny, saglygy goraýşyň talaplaryna laýyklykda ylmy barlaglaryň meýilleşdirilişini, ylmyň gazananlarynyň iş ýüzünde ulanylmagyny üpjün etmäge ukyply hünärmenleriň maksatnamalaýyn taýýarlygyny ugur edinýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz lukmanlaryň hünär derejesiniň hem-de lukmanlaryň we beýleki işgärleriň ussatlyklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän umumy ulgamyň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.
Milli Liderimiz bu meselä aýratyn ünsi çekmek bilen, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektoryna häzirki zaman bilim derejesi bolan, öňdebaryjy usullary ele alan, ýokary lukmançylyk tehnologiýalaryndan baş çykarýan kämil hünärli işgärleri taýýarlamagy kämilleşdirmek, talyplary möhüm ylmy barlaglara çekmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz lukmançylyk ylmynyň ýakyn wagtda ylmy-tehniki serişdeleri seçip almakda, jemlemekde we saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm ugurlaryndaky serişdeleri ýüze çykarmakda möhüm orun eýelemelidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýşyny we derman senagatyny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň degişli düzümiň döwrebaplaşdyrylmagyndan ybaratdygyny aýtdy. Aşgabatda iň täze enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman lukmançylyk merkezleri guruldy we olaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Şunda, soňky ýyllarda döwrüň talabyna laýyk lukmançylyk edaralary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, hatda iň çetki obalarda hem gurulýar. Munuň özi ilaty ýokary derejeli lukmançylyk kömegi bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Ýakyn wagtda paýtagtymyzda saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze desgalary gurup, ulanmaga bermek meýilleşdirildi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz olaryň gurluşyk işleri, enjamlaşdyrylyşy, açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk bilen gyzyklandy.
Milli Liderimize 2012—2016-njy ýyllarda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda meýilleşdirilen täze gurulýan desgalary barada hem hasabat berildi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi bar. Bu täze kärhananyň işi ilatyň saglygyna durmuş we biologik şertleriň täsiri babatda ylmy barlaglaryň alnyp barylmagyna, ekologiýa taýdan arassa iýmit tehnologiýalarynyň we sagdyn iýmitlenmegiň kadalarynyň taýýarlanmagyna gönükdiriler.
Merkez iň häzirki zaman barlaghana we lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler. Munuň özi onuň işinde amaly, ylmy-barlag we tejribe-önümçilik wezipelerini çözmek üçin öňdebaryjy usullarynyň ulanylmagyna mümkinçilik berer.
Bellenilişi ýaly, bu kärhananyň ulanmaga berilmegi bilen, häzirki zaman we ylmy-tehniki çemeleşmeleriň kömegi arkaly “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenen wezipeleri 2014—2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň milli strategiýasynyň”, “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013—2017-nji ýyllar üçin milli maksatnamasynyň” we “Türkmenistanda 2003—2020-nji ýyla çenli döwür üçin immuno-öňüni alyş milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.
Biondikasiýa usullary arkaly daşky gurşawy barlamak, iýmit önümlerine, şol sanda daşary ýurtlardan ýurdumyza getirilýän azyk önümlerine gözegçiligi kämilleşdirmek, arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş ulgamynyň kadalaryna we tertiplerine laýyk gelýän ylmy esaslary işläp taýýarlamak merkeziň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolar.
Dört gatly binanyň umumy eýeleýän meýdany 18 müň inedördül metre barabar bolup, onda aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreş, gaplanan azyk önümlerini döwlet tarapyndan hasaba almak, bazarlaryň barlaghana gözegçiligini amala aşyrmak, ýöriteleşdirilen azyk barlaghanalary, daşky gurşawyň, zähmet, jemagat hojalygy we radiasion gigiýena, toksikologiýa, bakteriologiýa, wirusologiýa, parazitologiýa barlaghanalary, immunobiologiýa serişdeleriniň merkezi ammary bilen arassaçylyk immunologiýa bölümleri bolar.
Şeýle hem bu ýerde maglumatlary seljeriş we ylmy-önümçilik bölümleri göz öňünde tutuldy. Olar ähli welaýatlardaky barlaghanalary goşmak bilen, umumy barlaghana ulgamyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Merkeziň hünärmenleri azyk önümleriniň hiline, howpsuzlygyna, ekologiýa-biologiýa serişdelerine barlaglary, suw we azyk bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak, şeýle hem ýokanç keselleriň çeşmesini anyklamak üçin wirusologiýa, bakterologiýa, parazitologiýa ugurlary boýunça barlag işlerini alyp bararlar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze kärhananyň düzüminde okuw merkezini döretmegi tabşyrdy. Onda okuw sapaklary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň arassaçylyk hem-de keselleriň öňüni alyş gulluklarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrýan okuwlar geçiriler.
Täze toplumyň düzüminde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap derejede dermanlary we beýleki immunobiologiýa serişdelerini saklamaga niýetlenen milli ammaryň gurulmagy Türkmenistanda keselleriň öňüni almak boýunça milli maksatnamanyň mundan beýläk-de üstünlikli kämilleşdirilmegini şertlendirer. Türkmenistan dünýäde tutuş ilata ýokanç kesellere garşy sanjym işlerini mugt alyp barýan ilkinji we ýeke-täk ýurtdur.
Şeýlelikde, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi Döwlet arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş gullugynda ylmy-barlag, usuly-tejribe, maglumat-seljeriş we barlaghana ulgamynda öňdebaryjy kärhana bolar.
Ýene bir desga — Morfologiýa merkezi üç binadan we kömekçi desgalardan ybarat bolar. Ýokanç keseller müdiriýetiniň ýakynynda emele gelen merkeziň umumy eýeleýän meýdany 27 müň inedördül metrdir. Morfologiýa merkezindäki bölümlerde ýerine ýetirilýän işleriň kazyýet-lukmançylyk, patologik —–anatomiýa we Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň morfologiýa okuw kafedrasy, kazyýet-lukmançylyk we hukuk, patologiýa-anatomiýa, adam anatomiýasy, operatiw hirurgiýa we topografiýa-anatomiýasy ýaly ugurlary bar. Olar öz aralarynda berk baglanyşyklydyr.
Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar gistohimiýa we sitohimiýa seljerişiň, elektron-mikroskopik usullaryň kömegi arkaly gistologiýa barlaglaryny geçirmek üçin zerur şertleri üpjün edýär. Munuň özi adam bedeninde düzümleýin we ähmiýetli özgerişleri boýunça alynýan maglumatlaryň möçberlerini has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Morfologiýa merkezinde mikroskopik we immunogistohimik barlag usullarynyň ornaşdyrylmagy zyýanly çişleriň antigenini kesgitlemekde möhüm orun eýeleýär. Bu bolsa onkologiýa anyklaýşyň täze derejä çykmagyny üpjün edýär. Anyklaýyş ýerine ýetirilende morfologiýa barlaglary iň anyk usuly ýüze çykarýar we bejerişiň ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Patologiýa ýagdaýlarynyň morfologiýa esaslarynyň ylmy taýdan, şol sanda synag usullary arkaly öwrenmegiň netijeleri ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň işiniň ýokarlanmagyna we hyzmatyň hiliniň gowulanmagyna ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu edaranyň işiniň esasy ugurlaryndan başga-da, onda talyplary, ordinatorlary we tejribe geçýän lukmanlary döwrebap enjamda okatmak üçin okuw merkezi dörediler.
Paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly bilen Atatürk köçesiniň çatrygynda — Berzeňňidäki “Saglyk” şäherçesinde 120 orunlyk Halkara newrologiýa merkezi guruldy. Ol bäş binadan ybarat bolup, eýeleýän meýdany 23 müň 338 inedördül metre barabardyr. Bu ýerde çagalaryň we ulularyň newrologiýa kesellerini bejermek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Merkez magnit-rezonans terapiýany, kompýuter tomografiýasyny, angiografiýany, ehoensefolografiýa, ultases we beýni gan aýlanyş, bil oňurga näsazlyklaryny bejermek üçin, beýleki bejeriş-anyklaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün ediler.
Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkezi paýtagtymyzda täze bina bolýan desgalaryň nobatdakysydyr. Ol hem Döwlet arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi ýaly häzirki zaman derejesindäki merkezdir. Onuň düzümine edara ediş binasy, häzirki zaman barlaghanalary, barlag haýwanlaryny saklamaga niýetlenen bölüm, şeýle hem ýörite tehnikasy bolan ykjam barlaghana bölümi girýär. Merkeziň işiniň baş maksady Türkmenistanyň çägine aýratyn howply keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekden ybaratdyr. Ol ygtybarly we iň täze usullar arkaly amala aşyrylar.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aziada — 2017-ä lukmançylyk hyzmatyny guramak, şol sanda doping gözegçiligi, arassaçylyk-keselleriň öňüni almak meseleleri boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Milli Liderimiz türgenleriň ýokary hilli we sagdyn iýmitlenmegi boýunça ähli talaplaryň berk berjaý edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi we bu wezipeleriň oňyn çözgüdine täze Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň mynasyp goşant goşmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýakyn günlerde boljak yssy günler bilen baglanyşykly gyssagly çäreleri görmegi, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde jöwzaly howanyň adam saglygyna ýaramaz täsiri we Gün urmakdan goranmak ýaly meseleler boýunça lukmanlaryň çykyşlaryny guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Jemgyýetçilik saglygyna mümkin bolan töwekgelçilik bilen baglanyşykly meseleler ady agzalan merkezde işlejek hünärmenleriň hünär derejesiniň ýokary bolmagyna baglydyr.
Şeýle merkezleriň dördüsiniň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň täze derejelere çykmagyny üpjün eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we degişli ýolbaşçylara binalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmegi, olaryň öňdebaryjy tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylyşynyň halkara ülňüleriniň ähli talaplaryna laýyk gelmelidigini, lukmanlaryň işi we näsaglar üçin zerur şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda iň täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalary gurlup ulanmaga berilýär we olaryň gurluşygy dowam edýär diýip bellemek bilen, milli Liderimiz Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň ýakynda düýbüniň tutulandygyny ýatlady.
Mundan başga-da, Mary şäherinde 120 orunlyk çagalar hassahanasy, Lebap welaýatynda 836 orunlyk ýokanç keseller klinikasy bolan köpugurly hassahana gurulýar. Täze gurulýan desgalar we sebitlerdäki durky täzelenýän bejeriş-öňüni alyş edaralary barada döwlet Baştutanymyza hasabat berildi.
Umuman, 2016-njy ýylda saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralaryň 16-sy gurlup ulanmaga berler. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, oba ýerlerinde 44 hassahanany, 72 saglyk merkezlerini we öýlerini gurmak göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara gurulýan desgalaryň ýokary hilli derejesini üpjün etmek, olary bellenen möhletde gurmak, ýokary hünärli lukmanlary işe çekmek, olaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary, derman we beýleki serişdeler bilen üpjünçiligi meselelerini berk gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň derman senagatynyň önümçilik möçberleriniň artyşy, Baş dermanhanalar birleşiginiň ygtyýarnamasy boýunça daşary ýurtlardan getirilýän derman serişdeleriniň sanawy we hili barada hasabat berildi. Häzirki döwürde Türkmenistana Ýewropa ýurtlaryndan, Hindistandan, Russiýadan, Belarusdan, Ukrainadan derman serişdeleri getirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän derman serişdelerine berk gözegçilik etmegi hem-de saglygy goraýyş edaralary üçin alynýan enjamlaryň hem-de ýöriteleşdirilen serişdeleriň BSGG-niň we saglygy goraýyş ulgamynda işleýän beýleki abraýly halkara guramalaryň talaplaryna doly laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz her ýylyň 21-nji iýulynda bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň hem-de şu sene mynasybetli “Saglyk — 2016” halkara sergisiniň hem-de pudaklaýyn ylmy maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli guraljak dabaralara Germaniýadan, Awstriýadan, Russiýadan, Türkiýeden, Wengriýadan, Rumyniýadan we beýleki ýurtlardan hünärmenleriň, professorlaryň Aşgabada gelmegine garaşylýar.
Köpýyllyk türkmen-german hyzmatdaşlygy saglygy goraýyş ulgamyndaky netijeli halkara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Germaniýanyň Senior Eхсperten Serviсe (“Ýokary bilermenleriň gullugy” SES halkara hyzmatdaşlyk boýunça nemes ykdysadyýetiniň gaznasy) guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk munuň bir mysalydyr.
Şeýle hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşmak, ýurdumyzyň lukmanlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak we Ýewropanyň iň gowy lukmançylyk tejribesini öwrenmek maksady bilen, saglygy goraýyş ulgamyna SES-iň bilermenleri işjeň çekilýär. Şunuň ýaly gyzyklanma bildirilýän duşuşykda ýokary tehnologiýaly täzeçil usullara aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde goýýan möhüm wezipeleriniň çözgüdiniň baş şerti bolup durýar. GFR-iň saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri türkmen kärdeşleri bilen bilelikde lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, anyklaýşyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, kliniki we operatiw işleri, operasiýadan soňky dikeldiş çäreleri bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.
Soňky ýyllarda Halkara saglyk merkezleri müdiriýetinde neýrohirurgiýa, neonatologiýa, stomatologiýa, kardiologiýa, nefrologiýa, umumy hirurgiýa we beýlekiler ýaly dürli ugurlar boýunça ýöriteleşen köp sanly nemes professorlary iş saparlary bilen boldular.
Şeýlelikde, 2015-nji ýylda ýurdumyza german bilermenleriniň 18-si geldi. 2016-njy ýylyň birinji ýarymynda bolsa olaryň sany 15-e golaýlady. Germaniýanyň lukmanlarynyň üç hepdeden bir ýarym aýa çenli bolýan saparlary ulgamlaýyn we toplumlaýyn häsiýetli bolup, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň zerur ugurlaryny öz içine alýar.
Saglygy goraýyş ulgamyna täze lukmançylyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, ylmyň ýokary gazananlary esasynda lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy we onuň hiliniň ýokarlanmagy biziň ýurdumyzyň ýokary dünýä ösüşine eýe bolmagynyň möhüm şertidir. Häzirki zaman hassahanalary, ylmy-kliniki merkezleri, lukmançylyk we şypahana ugrunyň dürli edaralarynyň enjamlaşdyrylyşy we ýerine ýetirýän hyzmatlary, dünýä ülňülerine laýyk gelmek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda öňde durýan wezipeleriň iş ýüzünde çözülýändiginiň anyk görkezijileridir. Bu babatda möhüm orun halkara lukmançylyk merkezleri ulgamyna degişlidir.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrylýan täzeçil tehnologiýalar diňe bir häzirki zaman enjamlary bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen lukmanlarynyň hünär derejesiniň döwrüň talabyna laýyk ýokarlanýandygyny, bejerişiň täze, häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylýandygyny we näsaglara dünýä lukmançylygynda bar bolan ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň ähli görnüşleriniň edilýändigini alamatlandyrýar.
Milli Liderimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan islendik täzeçil ýörelgeleriň baş maksadynyň halkymyzyň ömrüni uzaltmakdan hem-de saglygyny gowulandyrmakdan, ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdygyny belleýär.
Ynsan saglygy baradaky düşünje diňe bir ugruň çägine ýerleşmeýär. Ilatyň saglygyny goramak wezipesini jemgyýetiň we döwletimiziň durmuşynyň beýleki ugurlaryndan üzňe göz öňüne getirmek çetin. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe, sport hereketiniň ýaýbaňlandyrylmagynyň, sport desgalarynyň köpçülikleýin gurulmagynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Sagdynlyk diňe bir adamyň ýa-da maşgalanyň abadançylygy bolman, eýsem, ýokary zähmet mümkinçilikleriniň-de möhüm şertidir, medeni derejäniň görkezijisidir, döwlet dolandyryşynyň netijeli ulgamynyň aýdyň netijesidir.
Milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi barada aýdylanda, ol döwlet Baştutanymyzyň maglumat jemgyýetini, täzeçil usuly bolan ylma esaslanýan syýasaty kemala getirmek boýunça öňde goýýan wezipesi bilen berk baglanyşyklydyr. Bu örän jogapkärli wezipedir. Milli Liderimiz onuň oňyn çözgüdi üçin ýurdumyzda dünýä derejesine laýyk gelýän amaly we düýpli barlaglary alyp barmak, möhüm ylmy we nazary nukdaýnazaryndan ylmy işläp taýýarlamalaryň geçirilmegine ýardam bermek üçin oňaýly gurşawyň döredilmegi babatda ägirt uly tagallalar edýär.
Saglygyň üpjün edilmegine we adamlaryň dünýä derejesine laýyk gelýän abadançylygyna mynasyp goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Şeýlelikde, ýurdumyz ikitaraplaýyn we Birleşen Milletler Guramasynyň düzüminiň çäklerinde köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan özara gatnaşyklara işjeň çemeleşýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglygy goraýyş meseleleri bu babatda ýeterlik tejribe toplan, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň oňyn bahasyna mynasyp bolan we beýleki ýurtlarda öwrenilmegi, peýdalanylmagy teklip edilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.
Biziň ýurdumyzyň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda gazanan üstünlikleriniň hatarynda döwrebap düzümiň we dünýä lukmançylyk ylmynyň iň oňat işläp taýýarlamalarynyň we tejribeleriniň binýadynda milli saglygy goraýşyň netijeli usulyny döretdi, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hilini üpjün etdi. Eneligi we çagalygy goramagyň ulgamyny ösdürdi, temmäki tüssesi ýaly ýaramaz endiklerden el çekmegiň möhüm şerti bolan sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitdi diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy belleýär.
Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy gözegçilik boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny ýerine ýetirmekde anyk işleri amala aşyrmak bilen ýokary syýasy jogapkärçilik derejesini we nusgalyk göreldesini dünýä äşgär edýär. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedow uzak ýyllaryň dowamynda ýurduň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk edip we pudaga ägirt uly döwlet goldawyny gönükdirip, Türkmenistan bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürip, dünýä derejesindäki ykrarnama mynasyp boldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 2014-nji ýylda BSGG-niň altyn medaly bilen sylaglandy. Bu ýörite sylag döwlet Baştutanymyza temmäkä garşy göreşde öňdebaryjylygy üçin berildi.
2013-nji ýylyň dekabrynda BSGG-niň “Saglyk — 2020” syýasatynyň düzgünnamasyna laýyklykda, ýokanç keselleriň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça Aşgabatda geçirilen Ýewropa ministrler maslahatynda bu hyzmatdaşlygyň strategik ugurlary tassyklandy. Adamy, onuň mertebesini, bähbidini we hukuklaryny döwlet syýasatynyň merkezinde goýmak bilen, milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine milletiň howpsuzlygy we abadançylygy diýen ýörelgäni utgaşdyrdy.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi döwletimiziň we hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde durýar we ol dünýäniň ösen döwletleri bilen deňeşdirilende, täze derejelere çykýar.
Watansöýüjiligiň, lukmançylyk borjuna we öz halkyna wepalylygyň belent nusgasy bolup durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugruň ösüşine goşandy ägirtdir. Oňyn çözgütleri kabul etmekde, paýhasly hereketleriň amala aşmagynda milli Liderimiz döredijilik ýadawsyzlygyny, oňyn usullary, netijeli özgertmeleri we Türkmenistanyň bagtyýar geljegine ynamy öňe sürýär.