Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

view-icon 883
>Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!


Sizi mukaddes Oraza aýynyň mübärek Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Mübärek Gadyr gijesi haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, päk ynanjy, ýokary ynsanperwerligi hem-de agzybirligi alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň has-da artýan, şan-şöhratynyň belende göterilýän ýyly bolan Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda halkymyzyň mübärek Gadyr gijesini ýokary agzybirlikde, egsilmez joşgun, iň gowy umyt-arzuwlar bilen mynasyp garşy aljakdygyna berk ynanýaryn!

Müňýyllyklaryň dowamynda baý medeniýeti, ajaýyp däp-dessurlary, adat-ýörelgeleri döreden halkymyz beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hökmünde Oraza aýyna, rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň mübärek gijesi hökmünde Gadyr gijesine aýratyn hormat goýup gelýär. Ata-babalarymyzyň «Günüň serweri — juma, aýyň serweri — remezan, ýylyň serweri — goýun, gijäniň serweri — gadyr» diýen gymmatly dürdäneleri hem Oraza aýynyň we Gadyr gijesiniň halkymyzyň ruhy dünýäsiniň özgermegine hem-de ösmegine düýpli täsir ýetirendigine şaýatlyk edýär. Köpasyrlyk taryhymyza, medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, durmuş kadalarymyza esaslanýan Oraza aýy we Gadyr gijesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň jebisligini we rowaçlygyny has-da pugtalandyrmaga, nesillerimizi watansöýüjiligiň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge, şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy artdyrmaga, geljegimize ynamly garamaga ýardam berýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň jebisligini hem-de bitewüligini alamatlandyrýan ynsanperwer ýörelgelerimizi häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda yzygiderli ösdürmäge hem-de mynasyp dowam etdirmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Eziz Watanymyz üçin ösüşleriň, mähriban halkymyz üçin täze ýeňişleriň we üstünlikleriň ýyly bolan Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hem mukaddes Oraza aýynyň sarpaly Gadyr gijesiniň hormatyna nesillerden-nesillere geçip gelýän rehimdarlyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerimizden ugur alyp, jenaýat edip, iş kesilenleriň günäsini geçýäris. Biziň bu syýasatymyz beýik ynsanperwerlik däplerimiz, medeni-ruhy gymmatlyklarymyz esasynda jemgyýetimizi we döwletimizi sazlaşykly ösdürmäge, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmaga, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Eziz watandaşlar!

Ynsanperwerlik, dostluk, agzybirlik, haýyr-sahawatlylyk, sabyr-kanagatlylyk, ak ýüreklilik, lebzihalallyk, belent ahlaklylyk, päk wyždanlylyk halkymyzyň mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerimizdir. Bu milli aýratynlyklary durmuş ýörelgesi edinen halkymyzyň dünýä taryhyndaky, adamzadyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň jahana ýaýramagyndaky orny hem örän uludyr, dünýä medeniýetine, ylmyna, edebiýatyna, sungatyna, şol sanda musulman medeniýeti bilen baglylykda yslam äleminiň ajaýyp ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, ynanç-ygtykatlaryny döretmäge we kämilleşdirmäge goşan goşandy hem çäksizdir.

Asyrlaryň dowamynda emele gelen ahlak we ruhy gymmatlyklarymyz, ynsanperwer ýörelgelerimiz halkymyzda beýik maksatlara tarap ynamly gadam urmaga synmaz erk, sarsmaz gujur-gaýrat berýär. Şoňa görä-de, beden we ruhy tämizlige, ahlak arassalygyna aýratyn ähmiýet beren pederlerimiziň asylly ýörelgelerini biz özümize nusga edinýäris, döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan gymmatly baýlygymyz bolan medeniýetimize belent sarpa goýýarys, ony many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýarys.

Medeniýetimiziň, ruhy we maddy gymmatlyklarymyzyň, milli mirasymyzyň tutuş dünýäde giňden wagyz edilmegine, rowaçlandyrylmagyna we dabaralandyrylmagyna döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berýäris.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahatçylyk söýüjiligimiziň, hoşniýetliligimiziň, dost-doganlygymyzyň binýady bolup hyzmat edýän milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etmek we baýlaşdyrmak bilen, Watanymyzy ösüşleriň has-da ýokary belentliklerine ýetirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýäris.

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Sizi gudraty güýçli Beýik Biribar tarapyndan Mukaddes Gurhany Kerimiň ilkinji aýatlarynyň iberilen Gadyr gijesi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Goý, kalplary tämizleýän, köňülleri nur bilen doldurýan mukaddes Oraza aýynda hem-de sahawatly Gadyr gijesinde medeni ösüşleriň, beýik özgerişlikleriň mekany bolan eziz Watanymyzyň röwşen geljegi, bagtyýar we asuda durmuş üçin edilen doga-dilegler, amal edilen tagat-ybadatlar, agzaçar sadakalary gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow