Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym!
Türk halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň paýhasly ýolbaşçylygyňyzda dillerimiziň, ynanjymyzyň, taryhymyzyň, medeniýetimiziň we ruhy gymmatlyklarymyzyň umumylygyndan gözbaş alýan dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklarymyz barha pugtalanýar.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt we üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Siziň üçin şu nurana günde Size berk jan saglyk, uzak ömür we dostlukly Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan köpugurly işiňizde täze üstünlikler arzuw edýärin. Häzirki wagtda Türkmenistanyň okgunly ösmegine we rowaçlanmagyna, halkara giňişliginde abraýynyň has-da artmagyna goşýan uly goşandyňyzy bellemek isleýärin. Pursatdan peýdalanyp, Siziň bilen bilelikde köpugurly we özara bähbitli täjik-türkmen hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygymy nygtamak isleýärin.
Hormatlamak bilen,
Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Doglan günüňiz mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda okgunly ösýändigini ýene-de bellemäge şatdyryn. Gruziýa Siziň ýurduňyz bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biziň Türkmenistanda hem-de Gruziýada geçiren duşuşyklarymyzyň, gazanylan ylalaşyklaryň gruzin-türkmen taryhy gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine we çuňlaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berjekdigine berk ynanýaryn. Muňa iki ýurduň we halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň üstünlige eýe bolmagy ýardam eder.
Siziň Alyhezretiňiz, Size bagt, berk jan saglyk we ähli başlangyçlaryňyzda uly üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarym bilen birlikde, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Hormatlamak bilen,
Giorgi Margwelaşwili,
Gruziýanyň Prezidenti