Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny — «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy hem-de Russiýanyň «BTK Holding» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Taýmuraz Bolloýewi kabul etdi.
Myhmanlar duşuşmak üçin mümkinçiligiň döredilendigine hoşallyk bildirip, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikleriň gazanylandygyny bellediler. Şol özgertmeler türkmenistanlylaryň durmuşyny düýpli gowulandyrdy hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, halkara giňişlikde abraýynyň artmagyna kuwwatly itergi berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belli kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, daşary ýurtlaryň, şol sanda Russiýanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna uly goşandyny kanagatlanma bilen belledi. Şol maksatnamalar milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn berkitmäge, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bellenilişi ýaly, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür hyzmatdaşlyk bu gün täze mazmuna eýe bolup, dürli ugurlarda iri möçberli bilelikdäki taslamalarda öz beýanyny tapýar.
Duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz hem-de «Rönesans Holding» we «BTK Holding» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Erman Ylyjagyň belleýşi ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy özygtyýarly ösüşiniň ýolunda uly üstünlikleri gazanýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine tüýs ýürekden buýsanýar.
Işewür netijeli gatnaşyklary dowam etmäge hem-de öz kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny hemmetaraplaýyn berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ynanylan taslamalary amala aşyrmak boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada habar berdi, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça täze tekliplerini hödürledi.
Özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda Taýmuraz Bolloýew hem öz tekliplerini hödürledi. Ol Russiýa Federasiýasynda ýeňil senagatda ýöriteleşdirilen örän uly kompaniýa ýolbaşçylyk edýär.
— Ähli ugurlarda, çig maly we taýýar önümleri almakdan başlap, Siziň ýurduňyzyň ýeňil senagaty ösdürmekde, şol sanda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze döwrebap önümçilikleri gurmakda we kärhanalary tehniki taýdan enjamlaşdyrmakda toplan tejribesini nazara almak bilen, bilelikdäki kärhanalary döretmäge çenli Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek biziň üçin wajypdyr diýip, russiýaly işewür aýtdy.
Myhmanlar bildirilýän uly ynam üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, öz kompaniýalarynyň geljekde hem buýrujynyň öňe sürýän şertlerine birkemsiz eýerjekdigine hem-de türkmen Lideriniň Türkmenistanyň ägirt uly gazananlarynyň ählumumy ykrar edilmegine beslenen täze taryhy döwürde başyny başlan özgertmelerine işjeň gatnaşmagy maksat edinýändigine ynandyrdylar.
Işewürler soňky on ýylyň içinde ýurdumyzda döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda bolup geçen düýpli özgerişliklere ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýylda dabaraly belleniljek şanly sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurdumyzyň has-da ösmegini arzuw etdiler.