Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gadyr gijesiniň gelmegi mynasybetli ýurdumyzyň Gypjakda ýerleşen Baş metjidinde agzaçar sadakasyny berdi.
Bu çäräniň sahawatly Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda geçirilýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Şol gije Gudraty güýçli Allatagala ruhy päklige, ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilige çagyrýan mukaddes Gurhanyň ilkinji sürelerini bagyş edipdir. Ynsana diňe bir beden arassalygyny we ahlak päkligini peşgeş berýän bu sahawatly türkmen däp-dessury Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze üstünlikler gazanmak hem-de belent sepgitlere ýetmek üçin güýç-kuwwat berýär. Bu gadymy däpde aýratyn parasatlylyk we çuňňur many jemlenendir. Onda rehim-şepagatlylyga we kalbyň päkligine ymtylýan milletiň ruhy ýörelgesi beýan edilýär.
Türkmenler gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Oraza aýratyn hormat-sarpa bilen garaýarlar. Asylly işleri hem-de rehim-şepagatlylygy amala aşyrmaga çagyrýan bu mukaddes aýyň her bir gününde biziň ildeşlerimiz mukaddes däp-dessurlary berjaý edipdir, beden we ahlak taýdan päklenmäge, ruhy taýdan täzelenmäge üns beripdir. Milli däp-dessurlara hem-de urp-adatlara laýyklykda şäherlerde we obalarda agzaçar sadakalary berilýär, sagdyn we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň abadançylygy we halkymyzyň jebisligi barada dileg edilip, aýat-doga okalýar.
Islendik işde sabyr-takatlylyk we sahawatlylyk ýörelgelerine eýermegi ündän ata-babalarymyz adamlaryň kalbynda müdimilik orun alan asylly däp-dessurlary kemala getirdiler. Türkmen halky belent ruhy – ahlak gymmatlyklarynyň we umumadamzat ýörelgeleriniň kämilleşdirilmegine mynasyp goşant goşdy.
Asyrlaryň dowamynda kemala gelen ynsanperwerlik ýörelgeleri türkmen halky üçin beýik maksatlara tarap ynamly öňe gitmekde mizemez erk-islegiň we güýç-kuwwatyň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Milli däp-dessurlaryň aýratyn gymmatlygy olaryň nesilleriň we eýýamlaryň dowamatlylygyny üpjün edýändigi, ýaşuly nesle hormat-sarpany artdyrýandygy, türkmen halkynyň dünýägaraýşynda hem-de ahlak ýörelgelerinde berk orun tutan ruhubelentlik bilen baglanyşyklydyr. Halkymyzyň agzybirligi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde üçünji müňýyllygyň parahatçylyk dörediji merkezi hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda uly ähmiýete eýe bolan giň möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär, köpasyrlyk arzuwlar hasyl bolýar, parahatçylygyň we ynsanperwerligiň ýörelgeleri dabaralanýar.
Jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we milletiň ahlak kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, parahatçylygy hem-de dostlugy pugtalandyrmak ata-babalarymyzyň we tutuş adamzadyň nesilden--nesle geçip gelýän gymmatly däplerini artdyrmak, parahatçylygy hem-de dostlugy pugtalandyrmak ýurdumyzyň döwlet ugrunyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyz ynsanperwerlik ýörelgelerini daşary syýasat strategiýasynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde kesgitläp, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär, abadançylygyň hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň bähbidine beýleki döwletler bilen gatnaşyklary has-da giňeldýär.
....Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy ýurdumyzyň Baş metjidiniň golaýyna gelip saklanýar.
Bu ýere ýygnananlar-Türkmenistanyň müftüsi, ýurdumyzyň Baş metjidiniň mütewelisi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, şeýle hem ýurdumyzyň paýtagtyna we welaýatlaryna wekilçilik edýän hormatly ýaşulular, Ýaşulular maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary milli Liderimizi mähirli garşylaýarlar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen kümmete baryp, bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň hatyrasyny tutup, kümmete gül çemenini goýdy. Çärä gatnaşyjylar hem ýadygärlige gül desselerini goýdular.
Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň we onuň ýakynlarynyň maşgala guburynyň ýanyna bardy, bu ýerde merhumlar ýatlanyp aýat-doga okaldy.
Döwlet Baştutanymyz kümmetden çykyp, ýurdumyzyň Baş metjidine tarap ugraýar. Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okaýar. Şonda Gypjakdaky metjidiň ozalky mütewelisi merhum Atageldi agany hem ýatlap aýat okaldy.
Şu ýerde möhüm we çuňňur mana eýe bolan bu ýagdaýy belläp geçmelidiris: döwlet Baştutanymyzyň golaýda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň çäklerinde mukaddes Käbä haj zyýaraty amala aşyrylandyr. Milli Liderimize sowgat berlen teperrik hut Gypjakdaky baş metjitde saklanýar. Munuň özi mukaddes ýerlerde meşhur din işgärleri tarapyndan berilýän ýokary sarpaly sowgatdyr. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň hem bu mukaddesligiň öňünde tagzym edip bilmekleri üçin keramatly Käbede kabul edilen teperrigiň ýurdumyzyň beýleki metjitlerinde hem goýulmagyny maksadalaýyk hasaplady. Şeýle hem geçen aýda bu gymmatlygyň Daşoguz welaýatynyň metjidinde goýulandygyny bellemelidiris.
Şunuň bilen baglylykda, Onuň Alyjenaby Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasynyň aýratyn tabşyrygy boýunça 2-nji maýdan 3-nji maýa geçilýän gijede musulman dünýäsiniň baş mukaddesliginiň içinde namaz okamak maksady bilen, milli Liderimiz üçin Allanyň öýüniň gapylary açyldy. Bu örän ähmiýetli waka dostlukly ýurtda Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistana we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ägirt uly hormat-sarpa goýulýandygynyň ýene-de aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Yslamyň gymmatlyklary türkmen halkynyň gadymy ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyz asylly däplere eýerip hem-de mukaddes Käbede keramatly gymmatlyklara tagzym edip, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, eziz Watanymyzyň ýagty geljegini we kuwwatly bolmagyny, ählumumy parahatçylygy we gülläp ösüşi dileg edip, aýat-töwir okady.
Mukaddes teperrige togap edip, milli Liderimiz “Okalan aýat-dogalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, biziň ýurdumyz hemişe asuda bolsun! Goý, biziň halkymyz hemişe abadan we agzybir ýaşasyn!” diýip ýygnananlara ýüzlendi we olary hem-de mukaddes teperrige togap edenleri agzaçar sadakasynyň geçirilýän ýerine çagyrdy.
...Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sadaka beriljek ýere barýar hem-de özi üçin niýetlenen ýere geçip oturýar.
Döwlet Baştutanymyz nahar çekilmezden öň bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, müňýyllyklaryň dowamynda baý medeniýeti, ajaýyp däp-dessurlary döreden mähriban halkymyz keremli aý hökmünde Oraza aýyna, haýyr-sahawatyň mübärek gijesi hökmünde Gadyr gijesine aýratyn hormat goýup gelýär, ine, biz şu gün Oraza aýynyň mübärek Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi mynasybetli agzaçar sadakasyna gatnaşýarys diýip belledi.
Ata-babalarymyz Remezan aýyny aýlaryň ýagşysy, Gadyr gijesini gijeleriň serweri hasaplapdyrlar. Mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesini agzybirlikde, ýagşy niýetler, iň gowy umyt-arzuwlar bilen garşy alypdyrlar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biz beýik ynsanperwer däplerimiz, medeni-ruhy gymmatlyklarymyz esasynda jemgyýetimizi we döwletimizi sazlaşykly ösdürmäge, agzybirligimizi we jebisligimizi berkitmäge uly üns berýäris. Ynsanperwer ýörelgelerimizi häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda yzygiderli ösdürýäris hem-de mynasyp dowam edýäris.
Biz milli däp-dessurlarymyza laýyklykda halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda tutumly işleri yzygiderli alyp barýarys. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, obadyr şäherlerimiziň keşbiniň özgermegi, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagy üçin uly işleri amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli zerur çäreleri göreris. Sebäbi biz ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasaty alyp barýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz mübärek Gadyr gijesiniň haýyr-sahawaty, ruhy tämizligi, päk ynanjy, ýokary ynsanperwerligi we agzybirligi alamatlandyrýandygyny nygtap, häzirki döwürde ata-babalarymyzdan gelýän gadymy däp-dessurlarymyzy, urp-adatlarymyzy mynasyp dowam edýändigimizi belledi. Milli Liderimiz şu asylly ýol-ýörelgämizden ugur alyp, ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerine eýerip, mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky Permanlara gol çekendigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň Oraza baýramyna çenli öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Biz şeýlelik bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, milli Liderimiz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen adamlara bolsa, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban ýurdumyz ähli ugurlar boýunça uly üstünlikleri gazanyp, ynamly öňe barýar.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly bolan bu ýylda biz Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň şanly 25 ýyllygyny hem giň gerim bilen belläp geçeris diýip, milli Liderimiz bu ýere ýygnananlaryň ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.
Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara: “Goý, mukaddes Oraza aýynda hem-de sahawatly Gadyr gijesinde eziz Watanymyzyň röwşen geljegi, bagtyýar we asuda durmuş üçin edilen doga-dilegler, agzaçar sadakalary Gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýen sözler bilen ýüzlendi.
Soňra milli Liderimiz tebärek çykmak üçin Türkmenistanyň müftüsine söz berdi. Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykyp, türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň bolmagyny, halkymyzyň agzybirligini, milli Liderimize berk jan saglygyny we üstünlikli işlemegini, şu gün berýän sadakasyny kabul etmegini Beýik Biribardan dileg edip, aýat-doga okaýar.
Aýat-töwirler, doga-dilegler okalandan soň döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara: “Şu gün berlen sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.