Ï Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 728
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň toplumynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Türk işewüri döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp, duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşinde uly üstünlikleri gazanan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň onuň ýolbaşçylyk edýän gurluşyk kompaniýasy üçin uly hormat bolup durýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe bilen biziň ýurdumyzy dostlugyň, doganlygyň mäkäm gatnaşyklarynyň, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhyň we medeniýetleriň umumylygynyň birleşdirýändigi hakynda aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmegiň Türkmenistanyň amala aşyrýan uzakmöhletleýin ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şol strategiýa bolsa innowasion senagat düzümini kemala getirmäge hem-de durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz we myhman duşuşygyň çäklerinde dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň, şol sanda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän zawody, Mary DES-iniň çäginde bina edilýän buggazly elektrik bekedini we beýlekileri gurmak boýunça bilelikdäki möhüm taslamalary ilerletmegiň barşy hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz habary diňläp, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagynyň hem-de bina edilýän desgalaryň şertnamalarda göz öňünde tutulan möhletlerde ulanmaga berilmeginiň türkmen tarapynyň hökmany şerti bolup durýandygyna işewüriň ünsüni çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda türk işewüri türkmen döwletiniň Baştutanyna wagt tapyp kabul edendigi üçin ýene bir gezek çuňňur hoşallygyny bildirdi hem-de öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde hem hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge düýpli we jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.