Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Günorta Sudan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Telar Ring Dengden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we Türkmenistanyň hem-de Günorta Sudanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlik arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda diplomata hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary we içeri syýasatynyň esasy ugurlary, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary, amala aşyrylýan halkara ähmiýetli iri taslamalar barada gürrüň berildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülendigi nygtaldy. Şunda türkmen halky özüniň taryhy-medeni mirasyny, özboluşly däp-dessurlaryny aýawly saklap, ruhy taýdan baý ýaş nesli terbiýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen jemgyýetiniň gurluşynyň esasy institutlarynyň biri hökmünde ýurdumyzda her ýyl geçirilýän Ýaşulular maslahatynyň ähmiýeti bellenildi. Onuň taryhy öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar we häzirki wagtda döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny, halkymyzyň ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine ygrarlylygyny özünde jemleýär.
Ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmelere, ýurdumyzyň syýahatçylyk we sport ulgamynyň ösdürilişine, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek giň möçberli sport ýaryşyna – Aziýa oýunlaryna işjeň taýýarlyk görlüşine aýratyn üns berildi.
Günorta Sudan Respublikasynyň ilçisi milli parlamentiň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen hem tanyşdyryldy. Jenap Telar Ring Deng durmuş-ykdysady we medeni ösüşde haýran galdyryjy üstünliklere eýe bolan parahatçylyk dörediji döwletde öz ýurduna wekilçilik etmegi uly hormat-sarpa hasaplaýandygyny nygtady. Diplomat özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýdyp, Günorta Sudanyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Doly ygtyýarly wekil biziň halklarymyzy medeni däpleri saklamaga aýawly garamak ýörelgesiniň birleşdirýändigini belledi. Häzirki wagtda munuň özi jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.
Taraplar döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň, hususan-da, iki halkyň dostlugyny we özara düşünişmegini pugtalandyrmaga ýardam edýän medeni gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini bellediler. Söhbetdeşler şeýle hem parlamentara gatnaşyklarynyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen parlamentiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan üstünlikli peýdalanyljakdygyna ynam bildirip, jenap Telar Ring Dengi Günorta Sudan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesinde işiniň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady.
* * *
Düýn Günorta Sudan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şu gün Bilim ministrliginde hem-de Oba we suw hojalyk ministrliginde onuň bilen duşuşyklar geçirildi.
Ertir jenap Telar Ring Deng we onuň ýanyndaky wekiliýet bilen degişli pudaklaýyn ministrliklerde geçirilmegi göz öňünde tutulýan duşuşyklaryň barşynda ýangyç-energetika toplumynda we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.
Medeni maksatnamanyň çäklerinde diplomat Halkara atçylyk sport toplumyna baryp görer, türkmen paýtagtynyň iri muzeýleriniň gymmatlyklary hem-de Aşgabadyň beýleki ajaýyp ýerleri bilen tanşar.