Ï Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý kiçi komitetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý kiçi komitetiniň mejlisi

view-icon 777
Paýtagtymyzda Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň iki ýurduň degişli ulgamlarynyň ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde IV mejlisi boldy.

Dostlukly we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleri barada giňden pikir alşyldy. Mejlise gatnaşanlaryň aýtmagyna görä, hyzmatdaşlyk işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýar hem-de onuň mundan beýläk hem netijeli ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikler bar.

Biziň ýurdumyzyň söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda Hytaýyň birinji orny eýeleýändigi, biziň ýurdumyzyň bolsa Ýewraziýa sebitinde Hytaýyň üçünji iri söwda hyzmatdaşydygy bellenildi. Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, hususan-da, tebigy gazy Türkmenistandan Hytaýa ugratmak uzakmöhletleýin we strategik türkmen-hytaý söwda gatnaşyklarynyň berk binýady bolup durýar. HHR-den ýurdumyza demir ýol enjamlarynyň ugradylmagy, şeýle hem hytaý telearagatnaşyk we habar beriş tehnologiýalarynyň ulanylmagy söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine ýardam berýär. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn maýa goýmak we tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk uly ösüşlere eýe boldy. Muňa panbarhat we ýüpek egriji fabrikler boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagy aýdyň mysal bolup biler.

Taraplar geçen ýylyň noýabrynda Pekinde geçen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler topary bilen bolan, iki ýurduň arasynda iri taslamalary işe girizmäge hem-de hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge uly itergi beren duşuşygynyň ähmiýetini nygtadylar.


Şeýle hem geçen aýda Daşkentde geçen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky duşuşygyň wajypdygy bellenildi. Bu duşuşykda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berildi, onuň netijeli ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Taraplar ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde iki ýurduň uly mümkinçilikleriniň bardygyny biragyzdan bellediler. Hormatly Prezidentimiz Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny pugta seljermegi hem-de ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmek boýunça ýörite maksatnama taýýarlamagy, onda energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns bermegi teklip etdi.

Ikitaraplaýyn işjeň gatnaşyklaryň güýçlenýändigini aýdyň görkezen, 2015-nji ýylyň oktýabrynda Pekinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasynyň açylmagy bellärliklidir.

Aşgabatdaky häzirki duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin geljegi uly ugurlar kesgitlendi. Hususan-da, iki ýurduň kärhanalarynyň derejesinde hyzmatdaşlygyň oňaýly şertlerini döretmegiň, söwda-ykdysady ulgamda bilelikde işlemegiň täze görnüşlerini gözlemegiň, bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmagyň, şeýle hem iki döwletiň arasynda söwdany ösdürmek üçin iri taslamalary peýdalanmagyň möhümdigi barada aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistandan pagta süýüminiň, miwe-bakja,ösümlik önümleriniň hem-de guşçulyk we maldarçylyk toplumlarynda öndürilýän çig mal görnüşleriniň käbirleriniň Hytaýa ugradylyşynyň möçberini artdyrmaga hytaý tarapynyň gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Mejlise gatnaşanlar iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda yzygiderli duşuşyklary guramagyň, işewürlik forumlaryny geçirmegiň wajypdygy barada aýdyp, şu ýylyň ikinji ýarymynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan türkmen-hytaý maýa goýum forumynyň iki ýurduň hojalygyny dolandyrýan edaralaryň arasynda göni söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda eksport etmek, sergileri geçirmek, telekeçilik teklipleri we beýlekiler boýunça işewür maglumatlary alyşmagyň netijeli boljakdygy nygtaldy. Şeýle hem taraplar iki ýurduň telekeçilik düzümlerine işewür hyzmatdaşlary gözlemäge ýardam etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Hyzmatdaşlygyň geljekde bähbitli ugurlary hökmünde ulag, elektroenergetika, himiýa we dokma senagaty, gurluşyk serişdeleri, oba hojalygy hem-de şäher gurluşygy pudaklary görkezildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi hökmünde iki döwletiň maliýe ulgamynda, sebitara hyzmatdaşlygy, bilelikdäki kärhanalary gurmak, şeýle hem syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek kesgitlenildi.

Taraplar kiçi komitetiň indiki mejlisini 2017-nji ýylda Pekinde geçirmek barada karara geldiler. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli resminama gol çekildi.