Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, strategik häsiýete eýe bolan we ýyl-ýyldan täze mazmun bilen üsti ýetirilýän dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Gürrüňdeşligiň barşynda bu gatnaşyklaryň düýp manysynyň iki doganlyk ýurduň we halkyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de baýlaşdyrmak arkaly dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öz ornuňy pugtalandyrmakdan ybaratdygy aýdyldy.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan ýakynlaşyp gelýän nurana Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar we bozulmaz dostluk hem-de köpasyrlyk taryhy-medeni, ruhy umumylyk arkaly baglanyşýan türkmen we türk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.
Telefon arkaly bolan gürrüňdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan ikitaraplaýyn ylalaşyklary, iki döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň möhüm ugurlaryny we geljekki meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri nazara alyp, türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we onuň geljekki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasy biziň ýurdumyz üçin iň ýakyn doganlyk döwletdir. Türkmenistan Türkiýäniň halky üçin ata Watan hasaplanylýar.
Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanyň we Türkiýäniň häzirki döwrüň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda bolsa ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler babatdaky garaýyşlarynyň meňzeşdigi ýa-da örän ýakyndygy bellenildi. Munuň özi dünýä giňişliginde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň dost-doganlyk, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar we şeýle gatnaşyklaryň iki doganlyk halkyň bähbidine yzygiderli berkidiljekdigine ynam bildirdiler. Iki ýurduň Liderleri birek-birege we iki ýurduň halklaryna hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.
Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň teklibi boýunça geçirildi.