Ï Türkmenistanda Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda Kanun kabul edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda Kanun kabul edildi

view-icon 2222
Türkmenistanyň adalat edaralary raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýän, döwletiň işiniň hukuk üpjünçiligini amala aşyrýan döwlet edaralary bolup durýarlar.

Adalat edaralarynyň ulgamy Türkmenistanyň Adalat ministrliginden, welaýat adalat bölümlerinden, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyndan, döwlet notarial edaralaryndan, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky RÝNÝ Merkezi arhiwinden ybarat bolup durýar. Mundan öň bu edaralar hersi aýratyn hereket edip, öz resmi aktlary esasynda işleýärdiler. Täze Kanun adalat edaralarynyň ulgamyna girýän edaralaryň umumy düzgünlerini kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kesgitleýär we şeýlelikde hemme edaralar umumy bir ulgama birikdirilýär.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi merkezi utgaşdyryjy organdyr. Türkmenistanyň Adalat ministri Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar. Ministrlik «Adalat» gazetiniň esaslandyryjysy bolup durýar.

Adalat edaralarynyň işi kanunylyk, adamyň we raýatyň kanun öňündäki deňligi, olaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň, şeýle hem jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagynyň üpjün edilmegi, adalatlylyk, ynsanperwerlik, aýanlyk, gaýry döwlet edaralary bilen arkalaşykly hereket etmek ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hem-de olaryň wezipeli adamlary adalat edaralaryna öz wezipelerini amala aşyrmakda ýardam etmelidirler.

Kanuna laýyklykda adalat edaralarynyň wezipelerine kadalaşdyryjy hukuk namalaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmak, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak we tertipleşdirmek, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň taslamalaryna hukuk netijenama we Türkmenistanyň halkara karz ylalaşyklaryna hukuk taýdan baha bermek işleri we jemgyýetçilik birleşiklerini, syýasy partiýalary we dini guramalary döwlet belligine almak wezipeleri girýär.

Şeýle-de Adalat edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşary ýurt döwletleriniň degişli edaralary, şeýle hem halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan meseleleri çözmäge gatnaşýar.

Adalat edaralaryndaky gulluk döwlet gullugynyň bir görnüşidir. Kanun adalat edaralarynyň işgärleriniň kanun ýagdaýyny we durmuş goragyny üpjün edýär. Olar syýasy partiýalarda agzalyga durmaga we haýsydyr bir syýasy partiýany goldap çykyş etmäge hukugy ýokdur. Adalat edaralarynyň işgärleri şol bir wagtda saýlawly döwlet häkimiýet edaralaryň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryň agzalary bolup bilmeýärler.

Adalat edaralarynyň ýokary ýuridik ýa-da beýleki ýokary bilimi bolan işgärlerine öz eýeleýän wezipesine, hünär derejesiniň berilmegine hukuk berýän iş döwrüne laýyklykda hünär derejeleri berilýär.Kanunyň täze girizilen maddasynda adalat edaralarynyň hünär derejesi diňe ýuridik bilimi däl, eýsem başga ugurdan hem ýokary bilimi bolan hünärmene berlip bilinýär.