Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2016-njy ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň jemi jemlenildi.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.
Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew şu ýylyň alty aýynda geçirilen işler barada hasabat berdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe taýýarlyk görlüşi hem-de harby ulgamda giň möçberli özgertmeleriň barşy barada habar berdi. Harby ulgamy ösdürmek häzirki wagtda ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň biri bolup durýar. Şeýle hem Belent Serkerdebaşymyza dabaraly harby ýörişe gatnaşjak her bir şahsy düzümiň dabara egin-eşikleriniň nusgalary görkezildi, ýörişe gatnaşdyryljak döwrebap harby tehnikalaryň dürli görnüşleri barada habar berildi.
Milli Liderimiz Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmagyň we mähriban halkymyzyň parahat, asuda durmuşynyň hem-de döredijilikli zähmetiniň goragynda duran Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny artdyrmagyň wajypdygyny nygtap, döwletimiziň hemişe “Açyk gapylar” we ähli döwletler hem-de iri halkara guramalary we sebit düzümleri bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli guraljak harby ýörişe harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň hemmetaraplaýyn ýokary derejede taýýarlyk görmegi barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän gullugynyň şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda alyp baran işleri hem-de gaýduwsyz Watan goragçylary tarapyndan ygtybarly goralýan guryýer we deňiz serhetlerindäki ýagdaý barada hasabat berdi. Şeýle hem Belent Serkerdebaşymyza gurulýan döwrebap serhet galalarynyň desgalarynyň gurluşygy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerinde asudalygy üpjün etmekde Serhet gullugynyň aýratyn möhüm orny barada aýdyp, ýaş serhetçileri watançylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylmagynyň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz gullugyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitläp, esgerleriň netijeli gulluk etmegini hem-de boş wagtlaryny göwnejaý geçirmegini üpjün etmek maksady bilen, hereket edýän serhet galalarynda könelişen desgalaryň ýerine täze binalary gurmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işler, şeýle hem ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmäge we ýurdumyzyň ýollarynda düzgün bozmalaryň öňüni almaga jogap berýän düzümlerdäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatda jenaýatçylygy düýp-teýkary bilen aradan aýyrmak hem-de ýurdumyzda jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmek boýunça görülýän çärelere aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hakyky demokratik, hukuk döwletiniň möhüm şerti bolup durýan kanunçylygy we hukuk tertibini saklamagyň zerurdygyny aýdyp, Içeri işler ministrliginiň ähli düzümleriniň, şol sanda ýangyn howpsuzlygyny we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge jogap berýän gulluklaryň işini kämilleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew hasabat döwründe prokuratura edaralary tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Baş prokuror döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň, hususan-da, işgärleri içgin seçip almak babatda beren görkezmeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, prokuratura işgärleriniň milli bähbitleriň goragynda berk durup, özleriniň hünär borçlaryny ýerine ýetirýändiklerini hem-de döwletimizde we jemgyýetimizde kanunçylygyň berjaý edilmegine berk gözegçiligi amala aşyrýandyklaryny nygtady.
Milli Liderimiz kanunlaryň birkemsiz berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça işlere jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň özleriniň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmelidigini, öz öňlerinde goýlan wezipeleri birkemsiz çözmelidigini aýtdy. Şeýle hem Belent Serkerdebaşymyz halk hojalygynyň dürli pudaklarynda prokuratura barlaglaryny dowam etmek barada tabşyryk berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew şu ýylyň birinji ýarym ýylynda ýerine ýetirilen işler hem-de milli kazyýet ulgamyny pugtalandyrmak we mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen görülýän möhüm çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilýän işlere örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny belläp, Türkmenistanyň hukuk döwleti bolmak bilen, hereket edýän kanunçylygy bozýanlaryň garşysyna mundan beýläk hem barlyşyksyz göreş alyp barjakdygyny, olara degişli çäreleri görjekdigini nygtady.
Milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow ýurdumyzda durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygyny hem-de milli howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, 2016-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary bermek bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň sütünlerini pugtalandyrmakda, jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy saklamakda we milli bähbitleri goramakda bu gullugyň möhüm ähmiýetini nygtady. Şeýle oňaýly ýagdaýyň döredilmegi bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş-ykdysady ösüş babatda göz öňünde tutulan ähli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli howpsuzlyk ministrliginiň işinde kemçilikleriň bardygyny aýdyp, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri D.Baýramowa käýinç yglan etdi.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän edarasynyň şu ýylyň alty aýynda alyp baran işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ähli gümrük bölümleriniň takyk hem-de sazlaşykly işini guramak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga hem-de olar üçin göwnejaý iş we durmuş şertlerini döretmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtap, gümrük gullugynyň ýolbaşçylaryna birnäçe tabşyryklary, şol sanda ýurdumyza getirilýän önümleriň, olaryň bellenen hil ölçeglerine doly laýyk gelmeginiň içgin gözden geçirilmegini üpjün etmek, halkara derejesinde ýük gatnawlarynyň artýandygyny nazara alyp, gümrük bölümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow 2016-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şol işler bolsa özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge, özygtyýarly Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini dünýäde giňden ýaýmaga ýardam etmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow migrasiýa gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary hem-de görkezmeleri bermek bilen, Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen netijeli hem-de özara gyzyklanma bildiirilýän gatnaşyklarynyň hakyky gülläp ösýän döwrüne öwrülen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň has ösen döwletleriniň hatarynda Garaşsyz Watanymyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga hem-de ýurdumyzyň abraýyny has-da artdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmegiň migrasiýa gullugynyň her bir işgäriniň möhüm wezipesi bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de daşary ýurtly raýatlaryň zerur bolan migrasion çäreleriniň ählisinden geçmegi üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns bermegi talap etdi.
Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedow milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, ony halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de täze döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hakyky demokratik we hukuk döwletiniň esaslaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak ugry bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini bellemek bilen, dünýäniň kanunçykaryjylyk babatda iň gowy tejribesini öwrenmegiň hem-de ony täze kanunlary işläp taýýarlamakda we hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmekde işjeň ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Şol kanunlar bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň ilerledilmegine täze kuwwatly itergi bermelidir.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň esasynda durýan parahatçylyk söýüjilik hem ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek bilen, döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitjekdigini, harby gullukçylar barada alada etjekdigini, Watan goragçylarynyň netijeli zähmet çekmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleri döretjekdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli düzümlerinde hukuk tertibiniň berk berjaý edilmeginiň möhümdigini belläp, şahsy düzümiň hatarlarynda tertip-düzgüni güýçlendirmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gözýetimini giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleri aýratyn üns merkezinde saklamak barada görkezme berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde möhüm meseleleriň başga-da birnäçesine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow göçme mejlisi tamamlap, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, maşgala abadançylygyny hem-de eziz Watanymyza gulluk etmek işinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi.