Ï Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyna gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyna gynanç bildirdi

view-icon 1058
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki mukaddesligiň hyzmatkäri, onuň Alyjenaby Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al-Sauda ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Beýik Biribardan sabyr-takat diläp, ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy, Gudraty güýçli Allatagalanyň Saud Arabystanynyň ähli halkyna ruhy durnuklylyk we mertlik bermegini dileg etdi.