Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Kriminalistik barlaglar merkeziniň hem-de Ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak müdirliginiň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olary iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek, ýokary hünärli gullukçylary taýýarlamak, IIM-niň düzüm birlikleriniň işgärleriniň döwrebap gullugy üçin zerur şertleri döretmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.
Ir bilen milli Liderimiz Içeri işler ministrliginiň Kriminalistik barlaglar merkeziniň baş girelgesiniň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa içeri işler ministri I.Mulikow täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk barada hasabat berdi.
IIM-niň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Watan serweri” atly aýdym bu ýerde guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.
Kriminalistik barlaglar merkeziniň baş girelgesine baryp, milli Liderimiz dabaraly ýagdaýda toplumyň toý bagyny kesdi. IIM-niň ýöriteleşdirilen düzüminiň üstüni ýetiren täze desgalar toplumy açyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň içine girip, merkeziň işi, aýratyn-da, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz merkeziň fiziko-himiýa, nebit önümleri we nat-ýazuw, şeýle hem El-yzlary barlaghanalarynyň iş aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Şu ýerde barlaghananyň hünärmeni işgärleriň ygtyýarynda bar bolan daşary ýurtlaryň iň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň degişli barlaglary we kriminalistik seljermeleri ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýän täze enjamlar we kämil tehnologiýalar barada gürrüň berdi. Bu enjamlaryň bir bölegi döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň barşynda ýapon hyzmatdaşlary bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda Ýaponiýadan satyn alyndy.
Hususan-da, bu ýerde Ýaponiýanyň belli “Shimadzu” kompaniýasynyň we ABŞ-nyň “Agilend Techologiýes” enjamlary oturdyldy, olar dürli görnüşli barlaglary hem-de seljermeleri ýerine ýetirmek üçin ulanylýar. Şeýle hem bu ýerde meýdan şertlerinde we wakanyň bolan ýerinde ulanmak üçin göçme enjamlar bolup, olaryň kömegi bilen biziň ýurdumyza getirilýän ýükleriň içinde gadagan edilen harytlaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny kesgitläp bolýar.
Fiziko-himiýa barlaghanasy bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz barlaghananyň işine täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklarda ulanylýan mermeriň we beýleki gurluşyk serişdeleriniň hilini seljermek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, gurluşyk serişdeleriniň ýokary hil derejesi ýurdumyzda bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň we beýleki desgalaryň ygtybarlylygyny, uzakmöhletleýinliligini we oňaýlylygyny üpjün edýär. Milli Liderimiz bu ýerde oturdylan enjamlaryň daşary ýurtlardan getirilýän, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdelerini barlamak üçin peýdalanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Barlaghananyň hünärmeni döwlet Baştutanymyza merkeziň täze binasynyň gurulmagy hem-de onuň ýokary halkara ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz kärdeşleriniň adyndan öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz merkeziň nebit önümleri barlaghanasynyň enjamlaşdyrylyşy, onuň işiniň aýratynlyklary bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylara ýurdumyzyň ýangyç guýujy beketleriniň işiniň, awtoulag ýangyjynyň ýokary halkara ölçegleriniň talaplaryna laýyklyk derejesine barlag geçirmegi tabşyrdy. Şonda hil derejesiniň kadalaryna gabat gelmeýän ýagdaý ýüze çykarylsa, olary gyssagly düzetmek boýunça zerur çäreler görülmelidir.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz nebit önümlerine, şol sanda bituma, mazuda, motor ýagyna degişli seljermeleriň geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle nebit önümleri ýurdumyzyň howa şertleriniň aýratynlyklaryna doly gabat gelmelidir.
Soňra milli Liderimiz Hat-ýazuw barlaghanasynyň enjamlaşdyrylyşy, onuň işiniň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bu ýerde Ýewropa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze ýöriteleşdirilen enjamlary oturdylypdyr. Barlaghanada döwrebap enjamlar arkaly dürli resminamalara, möhürlere, maliýe serişdelerine seljermeleri geçirmek we olaryň galp görnüşlerini ýüze çykarmak, resminamalaryň zaýalanan ýazgylaryny, beýleki könelişen maglumatlary dikeltmek we grafologiýa seljermesini geçirmek mümkinçiligi bar.
Hormatly Prezidentimiz barlaghananyň enjamlary bilen tanşyp, bu ugurda dünýäniň ösen tejribesiniň we ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň giňden ulanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz içeri işler edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek, dünýäde işjeň ulanylýan daşary ýurt dillerini öwrenmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ünsi çekdi.
Barlaghananyň hünärmeni işiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin döredilen şertler hem-de mümkinçilikler üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüniň we kärdeşleriniň öňde goýlan wezipeleri döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän derejede ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Kriminalistik merkeziň düzüminde El-yzlar barlaghanasynyň hem bardygyny bellemeli. Bu barlaghana hem dünýäniň iň kämil enjamlary we ylmyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilipdir.
Merkeziň işgärleriniň ygtyýarynda kriminalistik barlaghana bilen üpjün edilen we jenaýatyň bolan ýerine kriminalistika işgärlerini eltmek üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen ulagyň bardygyny bellemeli, munuň özi hadysanyň bolup geçen ýerinde geçirilmeli işiň netijeliligini ýokarlandyrýar. Ulagda dessin-gözleg işleriniň aýratynlyklary nazara alnyp, zerur häzirki zaman enjamlar toplumy oturdylypdyr. Bu bolsa maddy subutnamalary ýygnamaga, seljermäge we saklamaga mümkinçilik berýär.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow IIM-niň Ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak müdirliginiň täze binasyna bardy. Binada birnäçe degişli bölümler, surata düşürilýän otag we salgylar býurosy ýerleşýär.
Hormatly Prezidentimiz müdirligiň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyna aýratyn ünsi çekdi. Onda häzirki zaman ýöriteleşdirilen enjam, şol sanda raýatlaryň bökdençsiz we yzygiderli kabul edilmegine mümkinçilik berýän elektron nobat enjamy oturdylypdyr.
Bölümi gözden geçirmeginiň barşynda döwlet Baştutanymyz biometriki maglumatlar alynýan otagyň işi bilen tanyşdy. Bu ýerdäki biometrik enjamy awtomatik usulda raýatlary surata düşürýär. Ol IKAO halkara guramasynyň degişli ölçeglerine doly laýyk gelýär. Şeýle hem bu ýerde barmak yzlaryny surata düşürmek, şahsy elektron goly almak, şeýle hem resminamalary, şahsyýetnamalary taýýarlamak mümkinçiligi üpjün edilipdir. Raýatlaryň biometrik maglumatlary ýörite ulgamyň üsti bilen IIM-niň bitewi maglumat binýadyna ugradylýar.
Şeýlelikde, bu maglumatlaryň müdirligiň Seljeriş merkezine ugradylmagy, Türkmenistanyň raýatlarynyň pasportlarynyň çalt we bökdençsiz taýýarlanylmagy hem-de olara raýatlaryň ýaşyna görä suratlary goýmak işleri üçin zerur şertler döredildi.
Şäher, etrap polisiýa bölümleriniň pasport gulluklarynda şunuň ýaly enjamlaryň peýdalanylmagy olaryň öňünde durýan wezipeleri gyssagly ýerine ýetirmäge, resminamalary resmileşdirmek üçin zerur bolan wagty ep-esli tygşytlamaga ýardam edýär.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak müdirliginde oturdylan enjamlar onuň ýerlerdäki düzümleýin bölümlerinde taýýarlanylan pasportlar hakyndaky maglumatlara gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Ýörite maksatnamanyň kömegi bilen ähli degişli maglumatlar bir bitewi ulgama birikdirilýär hem-de IIM-niň maglumatlar binýadynda elektron görnüşinde saklanýar.
Ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak müdirligi bilen tanyşlygyň barşynda hormatly Prezidentimize raýatlardan resminamalary kabul etmegiň we salgylar býurosynda maglumatlary bermegiň tertibi barada giňişleýin habar berildi.
IIM-niň düzümleýin bölümleriniň işgärleri içeri işler edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, iň täze enjamlar bilen üpjün etmek babatdaky yzygiderli aladasy üçin Belent Serkerdebaşymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz mukaddes borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirip, halkymyza, Watanymyza wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.
Döwlet Baştutanymyz IIM-niň täze düzümleýin desgalarynyň aýratynlygy bilen tanyşlygy tamamlap, içeri işler edaralarynyň işgärlerine jogapkärli we möhüm işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi.