Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

view-icon 1281
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!


Sizi adamzadyň ahlak we ruhy päkligini dünýä ýaýýan iň gadymy baýramlaryň biri bolan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Oraza baýramynyň joşgunly we täsirli toý-dabaralarynyň mähriban halkymyzyň kalbynda eziz Watanymyza bolan buýsanjyny has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Oraza baýramy ruhy-ahlak tämizligi, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi dabaralandyrýan, mähriban halkymyzyň medeniýetini, däp-dessurlaryny, ynanç-adatlaryny özüne jemleýän gadymy baýramlaryň biridir. Oraza baýramynyň ägirt uly ähmiýeti biziň günlerimizde aýdyň duýulýar, onuň many-mazmuny has-da baýlaşdyrylýar. Mähriban halkymyzy döredijilikli maksatlara we täze beýik işlere ruhlandyrmakda, aýratyn hem ýaş nesillerde beýik buýsanjy, ynsanperwer häsiýetleri terbiýelemekde Oraza baýramy möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, mähriban halkymyzyň ruhy durmuşynda aýratyn orny bolan Oraza baýramy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň hataryna ynamly goşulýan taryhy eýýamynda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet derejesinde giňden bellenip geçilýär. Dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň biri hökmünde giňden tanalýan gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzy jebisleşdirýän, nesillerde ynsanperwerlik we watansöýüjilik duýgularyny kemala getirýän baý many-mazmunly dabaralar geçirilýär, metjit-medreselerde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýan Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da belende galmagy, ýurt abadançylygy hem-de rowaçlygy üçin alkyş-dilegler edilýär. Bu bolsa agzybirligimiziň, bitewüligimiziň binýady bolup hyzmat edýän milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, toý-dabaralarymyzyň jemgyýetimizi has-da jebisleşdirýändigini, beýik işlere hem-de ösüşlere galkyndyrýandygyny tassyklaýar.

Mähriban watandaşlar!

Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklaryň döremegine öz täsirini ýetiren maddy we ruhy gymmatlyklarymyz dünýäniň medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýän egsilmez baýlygymyzdyr. Merdana halkymyzyň mertebesini has-da beýgeldýän baý genji-hazynamyz — Jeýtun, Änew, Namazgadepe, Altyndepe, Köpetdagyň eteklerinde we Murgabyň gadymy akymlarynyň ugrunda dörän medeniýetlerimiz, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Dehistan, Köneürgenç, Abywert sebitlerinde gülläp ösen gadymy şäherdir galalarymyz, köşklerimiz, kerwensaraýlarymyz, kitaphanalarymyz, ajaýyp halylarymyz, altyn-kümüş şaý-seplerimiz, ýelden ýyndam, gamyşgulak ahalteke bedewlerimiz biziň milli buýsanjymyzdyr.

Muhammet Gaýmaz Türkmen, Abdylla ibn Mübärek, Mahmyt Zamahşary, Abu Sagyt Abylhaýyr, Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly akyldarlarymyzyň adalat, şükranalyk, ýagşylyk, dogruçyllyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, sabyrly, salykatly, geçirimli bolmak dogrusyndaky öwüt-ündewleri watansöýüji, gaýduwsyz, parasatly halkymyzyň geçen uzak ýoluny aýdyň görkezýän beýik geçmişimizdir. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmeniň milli mirasy, beýik we akyldar şahslarymyzyň çäksiz we düýpsüz ummany ýatladýan döredijilik mirasy biziň bedew batly ösüşlerimiziň badalgasydyr. Şonuň üçin hem döwlet syýasatynda, nesil terbiýesinde akyl-paýhaslylygyň ajaýyp sazlaşygy bolan mirasymyzy, beden we ruhy tämizligine, ahlak arassalygyna aýratyn ähmiýet beren pederlerimiziň asylly ýörelgelerini hemişe özümize nusga edinýäris.

Halkymyzyň ruhy güýjüne, ykdysadyýetimiziň kuwwatly mümkinçiliklerine, deňsiz-taýsyz taryhy we medeni mirasyna daýanyp, biziň bu ugurda alyp barýan syýasatymyz berkarar Watanymyzyň buýsançly şu güni we ertiri barada yzygiderli alada etmäge, jemgyýetimiziň ruhy durmuşynyň baýlaşmagyna, nesillerde ýokary ahlak häsiýetleriniň kemala gelmegine gönükdirilendir. Oraza baýramynyň jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn orun eýelemegi, sahawatly Gadyr gijesine aýratyn hormat-sarpa goýulmagy, dini dessurlaryň berjaý edilmegi jemgyýetimiziň ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri esasynda kämilleşmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigini ýene-de bir gezek aýdyň tassyklaýar.


Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi mukaddes Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagt hem-de maşgala abadançylygyny arzuw edýärin!

Goý, beden we ruhy taýdan kämillige gowşulýan, kalplaryň tämizlenýän hem-de köňülleriň nur bilen dolýan mübärek Oraza aýynda tutan orazalaryňyz, amal eden tagat-ybadatlaryňyz, tarawa namazlaryňyz, beren agzaçar sadakalaryňyz, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap okan aýat-töwirleriňiz, Garaşsyz Watanymyzyň abadançylygynyň, külli adamzadyň bagtyýar we parahat durmuşynyň hatyrasyna eden alkyş-dilegleriňiz, arzuw-umytlaryňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow