Bu senäniň öňüsyrasynda BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODS) Aşgabatdaky edarasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Çary Ataýew şeýle gürrüň berdi:
- 1987-nji ýylyň 17-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy öz rezolýusiýasy bilen 26-njy iýuny neşe serişdelerini ulanylmagyna we olaryň bikanun ulanylmagyna garşy göreşmegiň Halkara gününi döretdi. 1987-nji ýylyň 26-njy iýunynda bolup geçen Neşe serişdelerini ulanylmagyna we olaryň bikanun dolanşygyna garşy göreşmegiň halkara maslahatynda kabul edilen bu çözgüt neşekeşlikden azat döwletleriň jemgyýetlerini emele getirmek boýunça halkara tagallalarynyň birleşdirmeginiň çaltlandyrylmagyna şaýatlyk etdi.
Neşe serişdeleriniň ýaýramagyna garşy göreşmegiň 100 ýyldan hem gowrak taryhy bar. Ýöne bu günki gün hem bu zyýanly endik häzirki zamanyň iň gorkunç wakalarynyň biri bolmagy hökmünde galýar. BMG-niň Baş Assambleýasy halkara jemgyýetçiliginiň işjeň tagallalaryna garamazdan, neşekeşlik adamlaryň, aýratyn hem ýaşlaryň, saglygy we abadançylygy, şeýle hem milli howpsuzlyk we özbaşdak döwlet üçin, olaryň durnukly ösüşleri üçin howpy salaýar diýip, ykrar edýär. Häzirki wagtda BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň gözegçilik edýän neşe serişdeleriniň dolanşygynyň halkara gözegçiligi boýunça maksada gönükdirilen işleriň geçirilmelidiginiň zerurlygy ýüze çykdy.
Neşe serişdeleriniň çalt ýaýramagyna köp derejeli demografiki betbagtçylykdan ykdysadyýetiň, durmuş we syýasy gurşawyna kriminallaşmagyna çenli agyr netijeleri berýän betbagtçylyk hökmünde garalýar. Häzirki wagtda halkara neşe ýollaryna netijeli böwet goýmaga gönükdirilen hereket etmegiň bilelikdäki maksatnamalary işläp taýýarlamagyň zerurdygy ýüze çykdy. BMG bu uly göreşde utgaşdyryjy işleri amala aşyrýar. BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirligi ýurtlaryň hökümetleri bilen bilelikde neşekeşligiň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça taslamalary amala aşyrýar.
Bu meseläni çözmek üçin kabul edilýän esasy çäreleriň biri hem neşe serişdelerine gözegçilik etmek boýunça halkara konwensiýalary bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy barlanylýan maddalar babatda ony üýtgetmek ugrunda çykyş edýär. Munuň bilen adam hukuklary ulgamynyň halkara kadalary doly ylalaşýar. Gadagan edilen maddalary ulanýanlary jenaýatçylykly yzarlamakda alternatiw ugurlaryny we neşe serişdelerini ýaýradýan raýatlar üçin temmini güýçlendirmekde tagallalary bir ýere jemlemek hökman bolup durýar.
Bu ýerde bikanun ulanylýan neşe serişdeleri bilen zorlugyň, korrupsiýanyň we terrorizmiň özara baglanyşygynyň göz öňünde tutulmagy hökmandyr. Bikanun neşe serişdelerini taýýarlamak üçin esas bolup hyzmat edýän himiki maddalar bilen üpjün edilmeginiň öňüni almak maksady bilen tagallalary iki esse güýçlendirmeli.
Halkara jemgyýetçiliginiň çäklerinde, Birleşen Milletler Guramasyny, raýat jemgyýetçiligini we döwletleriň hökümetlerini goşmak bilen, maksatlarynyň bütewiligini gazanmazdan sazlaşdyrylan çemeleşmeleri ulanmak mümkin däl. Bu babatda intellektual we ruhy ösüşi, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi we ýaş nesliň sazlaşykly ösüşini wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülen Türkmenistan mynasyp nusga bolup durýar. Ýurt BMG-niň neşe we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanşygyna garşy göreşmek baradaky halkara Konwensiýalaryna we birnäçe sebitleýin we halkara taslamalaryna işjeň gatnaşýar.
Türkmenistanda neşe serişdelerini ulanmaga we olaryň bikanun ulanylmagyna garşy göreşmegiň Halkara gününe bagyşlanyp, ilatyň, ilkinji nobatda ýaşlaryň, arasynda neşe serişdelerini ulanmagyň we onuň netijelerini zyýany, sagdyn durmuş we beýik ruhubelentlik ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen düşündürüş çäreleri geçirildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty, Içeri işler ministrlikleri narkologlar, jemgyýetçilik guramalarynyň we häkimiýetiň wekilleri bilen bilelikde gadagan edilen maddalary ulanmagyň zyýanlaryna we olaryň ýaramaz netijelerine bagyşlap, bejermek we ömri neşä bagly bolan raýatlaryň arasynda düşündiriş işlerini geçirmäge gönükdirilen maslahatlary we «tegelek stollary» geçirilýär. Ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan «Neşe serişdelerine orun ýok!» şygary bilen sport ýaryşlary, konsertler we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirilýär.
Neşe serişdelerini ulanmaga we olaryň bikanun ulanylmagyna garşy göreşmegiň Halkara gününi bellemek bilen, biz häzirki zamanyň global meselesini çözmäge oýlanyşykly çemeleşmäge aýratyn üns berýäris. Bu ugurda durnukly ösüş boýunça täsirli çäreler özüniň oňaýly netijelerini berer.
Sebitde BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň öňüni alyş işleri neşekeşlige garşy göreşmekde köp ugurly tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Bu işlere şeýle usullar bilen çemeleşilmegi ösüp gelýän ýaş nesliň sagdynlygy we abadançylygy, onuň üstünlikli we bagtly geljegi üçin özüniň oňaýly täsirlerini ýetirýär.