Türkmenistan, geostrategiki artykmaçlyklary ulanmak, milli ykdysadyýeti mundan beýläk hem ösdürmek üçin berk esasy döretmek, onuň maýa goýum mümkinçiligini ýokarlandyrmak, özarabähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine şertleri döretmek bilen, ulag-kommunikasion ulgamy yzygiderli ösdürýär. Ulag-logistika ulgamynda döwletara özara hereket etmegi işjeň ösdürmek bilen, garaşsyz, baky Türkmenistan baý däp-dessurlara eýe bolan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär.
“Aziýanyň, Ýewropanyň halklary parahatçylygy ulanmak bilen, bilelikde Beýik Ýüpek ýoluna eýe bolmagy başardylar...”
Günbatar we Gündogar, gadymy dünýä we hytaý siwilizasiýasy... Olary bir ýarym müň ýyldan (b.e.öňki II a. – XV a.) gowrak ýyl birleşdiripdir. Ýedi müň kilometrden gowrak ýol sähralyklary we deňizleri, çöllükleri we ertekä çalymdaş mes toprakly ýerleri kesip geçipdir. Ortaýerdeňziniň kenarlaryndan Beýik Hytaý düzlüklerine çenli iri göwrümli halkara gatnaşyklarynyň bolandygyna doly şaýatlyk edýän aragatnaşygyň bu görnüşi haçan emele gelipdir? Taryhy maglumatlaryň şaýatlyk edişi ýaly, by b.e.öňki 138-nji ýylda bolup geçdi. Şonda günbatara iberilen hytaýyň ilçisi Çžan Sýan köp ýurtlar we Hytaýda näbelli bolan harytlar onuň özüni we imperatory haýran galdyran täze dünýäni açdy. Bu syýahatçylyk ýeňil düşmedi, 12 ýyldan soňra ýüzden gowrak adamdan Hytaýa diňe ol öz hyzmatkäri bilen gaýdyp geldi.
Hytaýyň gündogarsyndan başlanýan, günortada Hindistanyň, günbatarda - Gresiýanyň, Ýegipetiň we Rimiň üstünden geçýän Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Türkmenistan dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň arasynda özboluşly köpri bolup hyzmat edipdir. Bir ýarym müň ýylyň dowamynda kerwenler Nusaýyň, Merwiň, Dehistanyň, Köneürgenjiň, Amulyň we türkmenistanyň beýleki şäherleriniň üstünden geçipdir. Kerwenleriň dynç alyşyny we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin giň kerwensaraýlar gurlupdyr. Olaryň biri – Daýahatyn häzirki günlere çenli saklanyp galypdyr.
Gündogaryň beýik akyldary Ferdöwsi öz eserleriniň birinde bu Beýik Ýüpek ýolundan baý ýükli kerwenleriň geçendigini, Hytaýdan Müsürdir Eýrana üsti dürli azyk önümleri we beýleki ýükler ýüklenen kerwenleriň geçendigini aýdyp geçýär.
Bu gadymy söwda ýolunyň büz üçin nämesi gyzykly bolup durýar? Ilkinji nobatda, maddy we ruhy gymmatlyklar arkaly ol gündogaryň we Günbataryň siwilizasiýalaryny birleşdiripdir, özara medeniýetiň baýlaşmagyna täsirini ýetiripdir. Onuň netijesinde ajaýyp arhitektura ýadygärlikleri, şekillendiriş sungatynyň eserleri we maddy däl gymmatlyklar gazanyldy. Parfiýa imperiýasynyň paýtagty Nusaýdan tapylan ellinizm sungatynyň ajaýyp eserleri bolan nusaý ritonlary, dabaraly çäreleriň gurallary, «nusaý hudaýlarynyň» we Afroditanyň şekilini ýatladýan şa zenan Rodogunanyň mermer heýkeljikleri Gündogaryň we Günbataryň sazlaşykly özara baglanyşykly medeniýetiniň bolandygynyň aýdyň beýany bolup durýar.
Geçen ýyllarda toplanan tejribe ösüşiň esaslarynyň bütin adamzadyň tagallalary netijesinde döreýändigine düşünmäge mümkinçilik berýär we Beýik Ýüpek ýoly – bu adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň gadymy integrasion ösüşi bolup durýar. Şonuň üçin hem, döwletleriň onlarçasy, şol sanda Türkmenistan hem, Transaziýa ýolunyň gurluşygyna goşuldylar. Ol Atlantika we Ýuwaş umman sebitleriniň ýurtlaryny baglanyşdyrar. BSG we ÝUNESKO-nyň maglumatlary boýunça Beýik Ýüpek ýoly 2020-nji ýyla söwda we syýahatçylar üçin iň özüne çekiji ýol-ugur bolar.
Täze mümkinçilikler üçin giňişlik
Ulag-kommunikasiýa ulgamynyň häzirki zaman şahalaryny döretmek Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda Türkmenistan ýewropa, aziýa-ýuwaş umman we –günorta-aziýa özara hereket edýän ykdysady ulgamynyň transkontinental ykdysady köprüsi hökmünde kesgitlendi.
Türkmenistan halkara giňişliginde döwletleriň we sebitleriň geografiki we infrastruktura mümkinçiliklerini, tehniki we tehnologiki kuwwatlyklaryny birleşdirmäge gönükdirilen global ulag strategiýasyny öňe sürýär. Bu integrasion ösüşli strategiýa iri halkara we sebit deňiz, derýa, ulag, demirýol we howa ýollaryna çykýan ulag gatnaşyklarynyň kombinirlenen ulgamyny döretmäge, olaryň optimal utgaşmasyna we her birini netijeli peýdalanmaga getirer.
2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Halkara maslahaty geçirildi. Onda ýurtlaryň 33-siniň we abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň ÝYT, ESKATO, ÝHHG, YHG, HAUB, TRASEKA-nyň wekilleri halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, üstaşyr-ulag geçelgelerini giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň jemleri boýunça Aşgabat deklarasiýasy kabul edildi. Onda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýasynyň esasy bölekleri beýan edilýär.
Ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek üçin Türkmenistan täze ulag ýollarynyň, iri howa menzilleriniň gurluşygyny işjeň alyp barýar, demir ýollary çekýär, logistika merkezlerini döredýär. Dünýä standartlaryna laýyk gelmegi bu ýollaryň ählisiniň esasy ölçegi bolup durýar. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transkontinental demir ýoly Demirgazyk-Günorta halkara geçelegesiniň möhüm ulag gatnaw ýoluna öwrüldi. Ol gazagystanyň çöllükleriniň içingen geçip, Garagumyň üsti bilen Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän Gülistan welaýatyna baryp ýetýär, onuň uzynlygy bolsa 900 kilometrdir. Bu demir ýolunyň uzynlygynyň köp bölegi Türkmenistanyň çäklerinden geçýär. Ol gapdal ýollary bilen 825 kilometrdir. Oňaýly we ykdysady taýdan amatly bu ugur aziýa bazarlaryna ýoly açýar. Bu bolsa Türkmenistan we Gazagystan üçin möhümdir.
Täze ýol täze mümkinçilikler üçin giňişlikleri açýar, ilkinji nobatda, Hazarýaka sebitiniň ýurtlary üçin, sebäbi olaryň ulag, önümçilik we durmuş infrastrukturalary barha giňelýär. Täze ýoluň ugrunda Türkmenistanyň çäklerinde täze menzilleriň onlarçasy guruldy, olaryň her birinde durmuş üçin ähli oňaýly şertler: söwda merkezi, mekdep, çagalar bagy, saglyk öýi, medeniýet merkezi, telefon bekedi, sport toplumy guruldy, ykjam aragatnaşyk we Internet tory bilen üpjün edildi.
Beýleki bir ulag geçelgesi – Orta Aziýa-Ýakyn Gündogar (Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman). Bu taslama Gazagystan hem goşuldy. 2015-nji ýylyň fewral aýynda Tähranda taslamany amala aşyrmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň ilkinji mejlisi geçirildi. Beýleki bir demir ýoluň Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy Päkistanyň we Eýranyň portlaryna çykmaga mümkinçilik berer we sebitde integrassion işlerine ýardam berer. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň üstünden geçýän üstaşyr ýol Owganystany Ýewropa bilen birleşdirer.
Türkmenistanyň ulag ulgamynda awtomobil, howa we deňiz pudaklary çalt depginler bilen ösýär. Amyderýanyň üstünden geçýän demirýol köprüsi, Türkmenabat-Farap awtomobil köprüsi, Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystanyň serhedi, Mary-Serhetabat, Türkmenabat-Gazojak-Daşoguz, Türkmenabat-Türkmenbaşy awtomagistrallary ýewraziýa ykdysady giňişliginiň iri bölegi boldy. TRASEKA-nyň taslamalaryna gatnaşmak bilen, Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we sebitiň möhüm ulag ulgamynyň derejesini berkitmek boýunça işjeň ädimleri ädýär.
Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunyň gurluşygy iri taslamalaryň biri bolup durýar. Portuň ýylyň bütin dowamynda gämileri kabul etmäge, gije-gündiziň dowamynda ýük ýüklemek we ýük düşürmek mümkinçiligi bardyr. Ol ýewropa döwletlerine Ýakyn we Orta gündogar we Hindi ummanynyň sebit döwletlerine çykmak üçin aňrybaş oňaýly şertleri döreder. Baku porty (Azerbaýjan respublikasy), Olýa porty (Russiýa Federasiýasy), Enzeli we Amirabat portlary (Eýran) ugurlary boýunça gatnalmagy ýükleri daşamagyň wagtyny we çykdajylary ep esli azaldar.
Golaý wagtda Aşgabadyň täze halkara howa menzili ýurduň iri üstaşyr geçelgesi bolar. Türkmen paýtagtynyň «Howa derwezeleri» her ýylda 14 million adamy kabul eder we ugradar. Uzynlygy 3,8 kilometr we ini 75 metr bolan “Günorta” täze uçuş-gonuş zolagy döredilende innowasion tehnologiýalar we iň täze materiallar ulanyldy. Durky täzelenen “Demirgazyk” (3,8 km) zolagy bilen bilelikde olar iň çylşyrymly howa şertlerinde hem häzirki zaman howa gämileriniň islendik görnüşi Aşgabadyň Halkara howa menzilinde päsgelçiliksiz gonuşyny üpjün ederler. Özüniň tehniki taýdan üpjünçiligi, hyzmat edişiň giň spektri boýunça paýtagtyň aerodrom toplumy iň ýokary dünýä standartlaryna laýyk geler.
Türkmenistanyň logistika strategiýasy ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň toplumynyň ählisiniň hil taýdan täze ösüşini, olaryň ýakyn özara gatnaşygyny we ýük akymlarynyň hereketini utgaşdyrmagy kesgitleýär. Demir ýol düzümi dolylygyna diýen ýaly täzelendi, howa ulaglar düzüminiň üsti «Boing -737-800», «Boing-777-200 LR» täze howa gämileri bilen ýetirildi. Deňiz flotynyň ýokary tehnologiýaly gämiler tapgyrynyň tankerleriniň ýedisi, ýolagçylary we ýük awtomobillerini daşamak üçin iki sany häzirki zaman paromlarynyň ikisi bar.
BMG-niň Baş Sekretarynyň teklibi bilen 2016-njy ýylyň ahyrynda Aşgabatda durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça I Bütindünýä halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi. Ony geçirmegiň ideýasy dünýä hojalyklarynyň gatnaşyklarynyň global ulgamyny durnukly we netijeli ösdürmäge gönükdirilen häzirki zaman logistika strategiýasynyň manysyny beýan edýär.