Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli ugurlar boýunça gyzyklanma bildirilýän halkara hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri döreden «Açyk gapylar» syýasaty ýyl-ýyldan täze many-mazmuna eýe bolýar. Iýun aýynyň dowamynda bolup geçen möhüm wakalara ser salanyňda, munuň şeýledigine göz ýetirýärsiň. Geçen aýyň içinde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda köp sanly çäreleri, halkara sergileri, maslahatlary, syýasy geňeşmeleri, hökümetara toparlarynyň mejlislerini, işewür duşuşyklary, işewür maslahatlary we giň möçberli medeni çäreleri guradylar.
31-nji maýdan 1-nji iýuna çenli bolan döwürde Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-wenger hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Taraplar özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleri barada aýdyp, eksport-import amallarynyň ýokarlandyrylmagyna, harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ylalaşykly çäreleriň kabul edilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde türkmen-wenger hususy kompaniýalarynyň, döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürler maslahaty geçirildi. Onuň netijeleri boýunça mejlisiň Teswirnamasyna hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda goşalaýyn salgyt salynmagynyň we girdejä tölenýän salgytlar babatda tölegden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakyndaky Konwensiýa gol çekildi.
2-nji iýunda paýtagtymyzda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň diplomatik edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Goňşy ýurduň wekiliýetine Owganystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Hikmat Halil Karzaý ýolbaşçylyk etdi.
Iri sebitleýin taslamalar bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde halkara energetika we ulag-aragatnaşyk düzümleriniň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem iki ýurduň ynsanperwerlik, hususan-da, medeniýet, bilim we saglygy goraýyş ulgamlardaky hyzmatdaşlyklaryny işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşmalar boldy.
Ikitaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň žurnalistleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Onuň barşynda myhmanlar Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine ägirt uly goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Tutuş musulmanlar üçin mukaddes hasaplanylýan Oraza aýynyň öňüsyrasynda, 5-nji iýunda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde täze çaga dogrulýan öýüň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwer gymmatlyklara esaslanýan döredijilikli daşary syýasatynyň rowaç alýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu saglyk edarasynda işleri degişli derejede alyp barmak maksady bilen hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, goňşy ýurda ýerli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak üçin lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň topary we zerur bolan derman, lukmançylyk hem-de beýleki zerur serişdelerden ybarat bolan ynsanperwer ýüki ugradyldy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Owganystanda türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna Saglyk öýüniň we mekdebiň gurlandygyny bellemeli.
Energiýa serişdelerini ibermegiň möçberlerini artdyrmak bilen baglanyşykly hyzmatdaşlyk goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Iýun aýynyň ahyrynda ýurdumyz Serhetabat — Hyrat — Turgundy ugry boýunça Owganystana ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrdy. Ol 200 million kWt sagat bolanlygyndan 400 million kWt sagada ýetirildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde 2-nji iýunda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde “Durmuş monitoringi: Merkezi we Gündogar Ýewropa, Kawkaz hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynda çagalaryň hukugynyň we abadançylygynyň durmuş taýdan goraglylygy” ady bilen ÝUNISEF-iň Sebit habarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Duşuşykda ýurdumyzyň çagalaryň durmuş taýdan durnukly ulgamyny döretmekde toplan tejribesi, döwlet ösüşiniň oňyn ugurlaryny hem-de möhüm wezipelerini nazara almak bilen, Türkmenistanyň we ÝUNISEF-iň geljekki meýilnamalary we bilelikdäki işleri bilen baglanyşykly meselelere üns berildi.
Ýurdumyzyň dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralar iýun aýynyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Şanly sene mynasybetli 4—5-nji iýunda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagy ösüşiň täze tapgyrynda” atly halkara sergi guraldy. Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi bilen Söwda-senagat edarasynyň bilelikde her ýylda guraýan bu gözden geçirilişine dünýäniň dokma işewürliginiň wekilleri tarapyndan ägirt uly gyzyklanma bildirildi. Ýewropanyň we Aziýanyň 13 ýurdundan iri kompaniýalaryň hem-de kärhanalaryň 60-a golaý wekilleriniň, köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagy sergä uly gyzyklanma bildirilýändigini alamatlandyrdy. Ol daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen işewür duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek üçin oňyn meýdança öwrüldi. Olaryň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
6-nji iýunda Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri jenap Ahmad Ahundiniň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekilçilikli topar bilen geçirilen gepleşiklerde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy. Duşuşygyň barşynda ýol gurluşygy, şäher düzümini ösdürmek babatdaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Bellenilişi ýaly, şäher düzümini ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Duşuşykda iki goňşy ýurduň arasynda deňiz we howa gatnawlary boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine hem garaldy.
Şol gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Žoakim Auguştu de Lemuş bilen duşuşyk geçirildi. Onuň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň dürli sebitleriniň milli alnyp eşitdiriş, metbugat we onlaýn-köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly düzümleriniň wekillerinden, ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika bölümleriniň mugallymlaryndan ybarat 30-a golaý žurnalist Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda geçirilen üç günlük okuw maslahatyna gatnaşdylar. Ol geçen aýyň birinji ongünlüginde boldy. Litwadan we Russiýa Federasiýasyndan gelen halkara bilermenler žurnalistik makalalaryň aýratynlyklary, düzümi we wezipeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem multimediýa serişdeleriniň meýilleşdirilişine aýratyn üns berildi.
20 — 22-nji iýunda türkmen žurnalistleriniň we Mejlisiň deputatynyň ÝHHG-niň guramagynda Latwiýa bolan okuw-tanyşdyryş saparynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek, düzümini özgertmek meselelerine garaldy. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Latwiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde geçirilýän özgertmeler we halkara ölçeglere, häzirki zaman mediýa serişdeleriniň talaplaryna laýyklykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky milli kanunçylyk boýunça toplanan tejribe bilen tanyşdyryldy.
Şeýle hem ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi jemgyýetiň, ilkinji nobatda bolsa, çagalaryň, ýaşlaryň hereket howpsuzlygy boýunça meseleler babatda habarly bolmagyny ýokarlandyrmakda alnyp barylýan aň-bilim işleri, bu ulgamda maglumat möwsümlerini guramak bilen baglanyşykly meseleler boýunça üç günlük okuw maslahatyny geçirdi.
9-njy iýunda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmen-britan söwda-senagat edarasynyň geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň wekilçilikli topary Türkmenistana geldi. Toparyň düzüminde Beýik Britaniýanyň iri kompaniýalarynyň 18-siniň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri bar. Işewür duşuşygyň gün tertibine ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň meseleleri, şeýle hem döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary girizildi. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda goşalaýyn salgyt salynmagyny we girdejilere hem-de maýa goýum tölegleriniň artyşyna salgyt babatda fiskal boýun gaçyrylmagynyň aradan aýrylmagy hakynda Konwensiýa gol çekildi.
11-nji iýunda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa işini utgaşdyrmak we Daşary işler ministrliginiň Gündogar we Günorta Ýewropa, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa departamentiniň ýolbaşçysy hanym Haýdermariýa Gýurer bilen bolan duşuşykda netijeli türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň meselelerine garaldy. Awstriýanyň işewür toparlarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalary barada aýtmak bilen, myhman iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine, kiçi we orta telekeçilikdäki hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleriniň we ugurlarynyň gözlenmegine itergi bermegiň zerurdygyny nygtady.
12-nji iýunda türkmen paýtagtynda Ylymlar güni mynasybetli “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi milli senenamamyzyň nobatdaky şanly wakasyna öwrüldi. Oňa türkmen alymlaryndan, mugallymlaryndan we ýaş ylmy-barlagçylardan başga-da 50-den gowrak ýurtdan, şol sanda Russiýadan, Ýaponiýadan, Kanadadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Ysraýyldan ylmy toparlaryň wekilleri gatnaşdylar. Daşary ýurtly alymlar paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we talyplar, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralarynyň alymlary bilen duşuşyklary geçirdiler.
Bellenilişi ýaly, dünýäniň abraýly halkara düzümleri, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýulýan köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegi milli Liderimiziň işjeň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynyň wise-başlyklygyna bäşinji gezek saýlanylmagy ýurdumyzyň ýokary halkara abraýynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna daýanýan daşary syýasat ugrunyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu çözgüdiň Garaşsyz Watanymyzyň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda kabul edilmegi has-da ähmiýetlidir.
13-nji iýunda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň daşary gatnaşyklary ministri jenap Sun Taonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi babatdaky ýörelgeleriň durmuşa geçirilmegini, Türkmenistanyň möhüm ulag-üstaşyr merkez hökmündäki ornunyň pugtalanmagyny nazara almak bilen, ulag ulgamyndaky gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň birine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz döwrebap ösen ulag düzüminiň ösdürilmegine, şol sanda demir ýollaryň, ulag ýollarynyň, ýokary tizlikli ýollaryň, derýalaryň üstünden geçýän köprüleriň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berýär.
14-nji iýunda Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary jenap U Hunbonyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana gelen wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2016-njy ýylyň ahyrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
14—15-nji iýunda Buharest şäherinde Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Onda taraplar geçen ýylyň fewral aýynda toparyň Aşgabatda geçiren mejlisiniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu mejlisiň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi. Onda söwda, energetika, ulag, oba hojalygy, dokma, syýahatçylyk, bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlendi. Türkmen toparynyň saparynyň çäklerinde Maliýe ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Gymmatly kagyzlaryň Buharest biržasynyň we gymmatly kagyzlar bazaryna, hususy pensiýalar we ätiýaçlandyryş bazarlaryna, Rumyniýanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işine gözegçilik etmek baradaky agentligiň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda 16—18-nji iýunda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň gözden geçirilişi özara peýdaly hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda-ykdysady, türk kompaniýalary, maýadarlary bilen işewür gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň “Meridyen” kompaniýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen ýöriteleşdirilen sergi türkiýeli hyzmatdaşlaryň gurluşyk senagatynda giňden ulanylýan önümleriniň örän köp görnüşiniň goýulmagy bilen tapawutlandy.
Medeni gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi Türkmenistanyň dünýäniň köp ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda geçirilen Medeniýet günleri bu babatda uly ähmiýete eýe boldy. Iki döwletiň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Almazbek Atambaýewiň başlangyjy boýunça geçirilen giň möçberli çäräniň çäklerinde geçen aýyň ortalarynda Gyrgyzystanyň sungat ussatlarynyň konsert çykyşlary, dostlukly ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, şeýle hem gyrgyz kinematografiýaçylary tarapyndan düşürilen iň gowy çeper filmleriň görkezilişi boldy. Sergi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guraldy.
Daşoguzyň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň çäklerinde guralan “Türkmenistan ruhy-medeni gymmatlyklara baý ülkedir” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň medeni durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Forumyň çäklerinde Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde sergi geçirildi, onuň ekspozisiýasyna amaly-haşam sungatynyň eserleri, ýurdumyzyň suratkeşleriniň nakgaşlyk suratlary girdi.
17-nji iýunda Daşary işler ministrliginde BMG-niň ynsanperwer meseleleri utgaşdyrmak baradaky müdiriýetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete “Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmäge taýýarlyk” atly okuw maslahatyny guramak we oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen müdiriýetiň Kawkaz ýurtlary üçin sebit edarasynyň baştutany jenap Marsel Bassen ýolbaşçylyk etdi. Taraplar ynsanperwer meselesiniň ählumumy gün tertibinde ileri tutulýan ugur bolmagynda galýandygyny belläp, sebitde tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we olaryň howpuny azaltmak maksady bilen tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan üç günlük okuw maslahatynyň çäklerinde “Dini sowatlylyk, jemgyýet we howpsuzlyk” diýen mowzuk boýunça söhbetdeşlik geçirildi. Oňa kanunçykaryjylyk häkimiýetiniň, hukuk goraýjy edaralaryň, ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Halkara bilermenler ÝHHG-ä agza döwletleriň din we dine ynanmak azatlygy ulgamyndaky tejribesi barada gürrüň berdiler.
20-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň Owganystanyň işleri baradaky ýörite wekili jenap Den Siszýun bilen duşuşyk geçirildi. Ol uly wekiliýete ýolbaşçylyk edip Aşgabada geldi. Taraplar strategik häsiýete eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny nygtadylar we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny beýan etdiler.
Harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan bilelikde üstünlikli geçirilen birnäçe ýörite çäreleriň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini we psihotrop maddalaryny ýok etmek boýunça nobatdaky çäre bütin dünýäde 26-njy iýunda bellenilýän Neşe serişdeleriniň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň halkara gününe gabatlanyldy. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda 21-nji iýunda guralan bu çärä Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň (UNDOC), ÝHHG-niň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäre döwletimiziň we jemgyýetimiziň tutuş adamzat üçin howply wehimleriniň birine garşy durmaga ygrarlydygynyň, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de kontrabandasyna garşy barlyşyksyz göreşmäge ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
21-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seulda Türkmenistanda gaz kuwwatyna hem-de maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan türkmen-koreý işewürler forumy geçirildi. Ýygnananlar TOPH halkara taslamasy we ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak boýunça strategik taslamalara maýa serişdelerini çekmek bilen baglanyşykly esasy meseleler bilen tanyşdyryldy. Işewürler maslahatynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Koreýanyň esasy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Olarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi anyklaşdyryldy hem-de özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
22-nji iýunda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2016—2020-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça Maksatnamanyň Hereket meýilnamasyna hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMGÖM-niň arasynda maliýeleşdirmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins geljekki hyzmatdaşlygyň maksatnamasynyň resminamalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen uly işler üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde Ýaponiýanyň Şita prefekturasynda ýerleşýän iň owadan muzeýleriniň biri bolan MIHO muzeýinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline terjime edilen “Çaý — melhem hem ylham” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dostlukly türkmen we ýapon halklarynyň medeni taýdan has-da ýakynlaşmagyna uly goşant bolan tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň muzeý etnografik gymmatlyklarynyň sergisiniň çäklerinde geçirildi. Bu sergi şol muzeýde şu ýylyň 20—27-nji iýuny aralygynda guraldy.
Soňky ýyllarda Türkmenistan iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmündäki derejesini has-da berkidýär. 29-njy iýunda Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline ilkinji gezek Ýewropanyň iri awiakompaniýalarynyň biri bolan “Cargolux Airlines International S.A.” kompaniýasynyň ýük uçary gondy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda howa gatnawy hakyndaky degişli ylalaşyga laýyklykda, 2015-nji ýylyň iýunyndan başlap, “Cargolux” awiakompaniýasy tarapyndan Lýuksemburg — Türkmenbaşy ugry boýunça hepdede 8 gatnaw ýerine ýetirilýär, 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan bolsa ýerine ýetirilýän howa gatnawlarynyň sany 10-a çenli köpeldildi. Ine, indi bolsa bu kompaniýanyň howa arkaly ýük daşaýan ugurlarynyň hataryna paýtagtymyz hem goşuldy. Hepdede jemi 11 gatnaw amala aşyrylar.
Geçen aýyň ahyrynda Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň Aziýa we Okeaniýa ýurtlary boýunça orunbasary jenap Ebrahim Rahimpuryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda däp bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary hem-de özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
30-njy iýunda bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Oýuunsaýhan Dendewnorow bilen duşuşyk geçirildi. Ol ýurdumyzda öz diplomatik işini tamamlady. Hanym Oýuunsaýhan Dendewnorow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň netijeliligine we ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn hem-de sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertleri döretmekde ýurdumyzda gazanylan üstünliklere ýokary baha berip, özüniň wekilçilik edýän halkara guramasynyň Türkmenistan bilen köpýyllyk gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge çalyşýandygyny aýtdy.
Öňküsi ýaly, ýurdumyzyň türgenleri özleriniň gazanýan üstünlikleri bilen begendirýärler. Olar abraýly halkara ýaryşlarda ajaýyp netijeleri görkezýärler. Filippinleriň paýtagtynda 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda grek-rim göreşi boýunça 3-nji iýunda geçirilen Aziýanyň çempionatynda ildeşimiz Didar Amannazarow 66 kilograma çenli agramlyk derejede kümüş medala mynasyp boldy.
Geçen aýyň başynda Türkmenistanyň kikboksing boýunça ýygyndy topary Rimde (Italiýa) geçirilen dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşlardan uly üstünlik bilen gaýdyp geldi. Ildeşlerimiz 9 medal, şol sanda altyn, kümüş we bürünç medallaryň her birinden üçüsini gazandylar.
Türkmenistandan halkara grossmeýster Amangül Berdiýewa iňlis-amerikan şaşkasy (çekers) boýunça dünýäniň absolýut çempiony diýen ada mynasyp boldy. Ol şu ýylyň iýun aýynda Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde geçirilen dünýä birinjiliginde ýeňiş gazandy. Biziň toparymyzyň düzüminde altyn medallaryň ýene-de birini Penagylyç Ezizgylyjow eýeledi. Ol 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň toparynda üstünlige eýe boldy.
Geçen aýyň üçünji ongünlüginde sport muşdaklarynyň, ähli türkmenistanlylaryň ünsi Türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatyna gönükdi. Aşgabatda geçirilen bu ýaryşlara dünýäniň 16 ýurdundan, şol sanda Hytaýdan, Malaýziýadan, Singapurdan, Bahreýnden, Yrakdan, Eýrandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan türgenleriň 300-e golaýy gatnaşdy.
Abraýly ýaryşlaryň ýeňiş Kubogy türkmen milli göreş we guşakly göreş ussatlaryna miýesser etdi. Olar umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýelemegi başardylar. Ildeşlerimiz paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde geçirilen synag ýaryşlarynda dört günüň netijesi boýunça bäsleşikleriň iki görnüşinde ýüze golaý medala mynasyp boldular, olaryň 44-si altyn, 28-si kümüş we 26-sy bürünç medallardyr. Guşakly göreş boýunça ussatlarymyz umumy topar hasabynda birinji orny eýeläp, jemi 50 medal gazandylar, türkmen göreşi boýunça ýaryşlarda hem (erkin we nusgawy görnüşlerde) pälwanlarymyz ýeňiş gazanyp, 48 medaly eýelemegi başardylar.
Aziýanyň çempionatynyň öňüsyrasynda geçirilen Aziýanyň guşakly göreş boýunça federasiýasynyň Kongresinde türkmen göreşini onuň düzümine goşmak baradaky çözgüt kabul edildi. Indiden beýläk bu sport guramasy Aziýanyň göreş we guşakly göreş federasiýasy diýlip atlandyrylar.
Bir söz bilen aýdylanda, geçen aýyň degişli wakalarynyň ýokarda beýan edilen syny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistana dünýä bileleşigi tarapyndan ägirt uly gyzyklanma bildirilýändiginiň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.