Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

view-icon 3389
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, onda welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toparyna seredildi.

Döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň şu mejlisinde Garaşsyz Watanymyzy öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna goşmak, oba adamlarynyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş - durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen kabul edilen Milli we döwlet maksatnamalarynyň Lebap welaýatynda durmuşa geçirilişiniň seljeriljekdigini aýtdy. Welaýaty mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly möhüm wezipeler kesgitlener. Bu ugurda bar bolan kemçilikleri düzetmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşylar. Welaýatyň we onuň şäherleriniň hem-de etraplarynyň häkimleriniň kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işlerine, olaryň bu ugurda gazanan netijelerine görä baha berler.

—Biziň halkymyzyň örän möhüm meseleleri tejribeli adamlar, at - abraýly ildeşlerimiz bilen geňeşip, aç-açanlykda maslahatlaşyp çözmek ýaly gowy däbi bar diýip, milli Liderimiz ata-babalarymyzdan gelýän şu asylly däbe eýerip, Lebap welaýatynyň şäherleriniň, etraplarynyň we obalarynyň wekilleriniň hem Ministrler Kabinetiniň şu mejlisine çagyrylandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, şu ýyl berkarar Watanymyz özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly toýuny uly üstünliklere besläp, giňden we dabaraly belläp geçýär diýip belledi. Garaşsyzlyk mähriban halkymyza erkin ösüş ýoluny saýlap almaga mümkinçilik berdi, şan-şöhrat getirdi. Dünýäde ata Watanymyzyň adyny arşa göterdi.

Bellenilişi ýaly, geçen çärýek asyryň içinde ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler, ýokary netijeler gazanyldy, belent sepgitlere ýetildi. Berkarar Watanymyzda giň gerimli we beýik işler amala aşyryldy. Bitarap Türkmenistan dünýäde ýokary netijeleri gazanýan abraýly döwletleriň hataryna goşuldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz Diýarymyz düýbünden özgerdi we gözel görke geldi. Täze-täze obadyr şäherçeler döredi. Müňlerçe önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalar işe girizildi, ähli amatly şertleri bolan ýaşaýyş jaýlary bina edildi. Welaýatlarda we etraplarda, uzakdaky obalarda häzirki döwrüň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri giň gerim bilen gurlup, ulanmaga berildi.

Täze demir we awtomobil ýollarynyň, beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp baryldy. Ylym we bilim, medeniýet we sungat pajarlap ösdi. Ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň iň ajaýyp şäherleriniň birine öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz mähriban halkymyzyň durmuşynda, türkmen jemgyýetinde geçen 25 ýylyň içinde köp özgertmeleriň bolup geçendigini belledi. Halkymyzyň jebisligi has-da berkedi, ýaşaýyş - durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandy. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän bu özgertmeleri Esasy Kanunymyzda beýan etmek, ýurdumyzyň kanunlaryny döwre görä kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykdy diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de şu zerurlykdan ugur alnyp, häzir Konstitusiýamyzy we kanunlarymyzy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek bilen bagly zerur işleriň geçirilýändigini belledi.

Ýer ýüzünde asudalygy, dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny öňe sürýän, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýan, «açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda hem uly üstünlikleri gazandy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilmegi, diňe şu ýylyň özünde iň iri we abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň 3 sany komissiýasyna agzalyga hem-de bu Guramanyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň Wise-başlyklygyna indi bäşinji gezek saýlanmagy Bitarap döwletimiziň halkara işlerinde hem täze üstünlikleri gazanýandygyna, dünýädäki abraýynyň barha ýokarlanýandygyna doly şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynda işleriň ýagdaýyna geçmek bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda bu sebitiň hem uly üstünliklere ýetilendigini buýsanç bilen belledi. Welaýaty hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça Hökümetiň birnäçe Kararlary kabul edildi. Şoňa görä-de, welaýatda durmuş-ykdysady taýdan gowy netijeler gazanylýar. Senagat, oba hojalygy, gurluşyk, ulag we söwda pudaklary utgaşykly ösdürilýär. Medeniýet, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlarynda täze sepgitlere ýetilýär, ilatyň hal-ýagdaýy yzygiderli ýokarlanýar.

Diňe Oba Milli maksatnamasynyň çäklerinde 2008–2016-njy ýyllarda welaýatda jemi 206 sany medeni-durmuş maksatly desga, şol sanda hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we sagaldyş merkezleriniň 46-sy, orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 97-si guruldy. Bulardan başga-da, welaýatda Medeniýet öýleriniň 15-si, sport mekdepleriniň we desgalarynyň 48-si, umumy meýdany 1 million 265 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Uzynlygy 1268 kilometre barabar suw geçirijileri, 971 kilometr bolan awtomobil ýollary, 3227 kilometr elektrik geçiriji we 2900 kilometr gaz geçiriji ulgamlary işe girizildi.

Häzirki döwürde hem diňe Oba Milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatda 24 sany medeni - durmuş maksatly desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Birata etrabynda 2 müňden gowrak hojalygyň, ýagny 10 müňe golaý adamyň ýaşamagy üçin ähli şertler döredilen döwrebap şäherçe gurulýar.

Welaýatda gurulýan iri desgalaryň hatarynda Türkmenabat şäherindäki halkara howa menzilini, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprülerini, Garlyk şäherçesindäki kaliý dökünlerini öndürýän kärhanany we beýleki onlarça desgalary görkezmek bolar.

Welaýatyň gallaçylarynyň hem uly üstünlikleri barada durlup geçildi.Olar Watan harmanyna 350 müň tonna ýokary hilli guşgursak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamasyny abraý bilen berjaý etdiler. Lebaply gallaçylary, welaýatyň oba hojalyk işgärlerini we ähli ilatyny berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň öňüsyrasynda gazanan bu ajaýyp üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň zähmetkeşlerine berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, täze üstünlikleri arzuw etdi.

--Şu gün irden biz welaýat merkezinde saglygy goraýyş işgärleri üçin täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutduk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 200-e golaý hojalyga niýetlenen toplumda saglygy goraýyş işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşamagy üçin ähli amatly şertler dörediler.

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, günüň ikinji ýarymynda S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda kükürt kislotasyny öndürýän kärhana we Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabyň çäginde gurlan «Watan» gazturbinaly döwlet elektrik stansiýasy işe giriziler. Ertir bolsa, Garabekewül etrabynyň Zelili geňeşliginde 600 hojalyga niýetlenip gurlan döwrebap «Berkarar zaman» obasy dabaraly açylyp, ulanmaga berler.

Kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde welaýatda köp işler edildi we edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba Milli maksatnamasyna laýyklykda diňe 2008–2016-njy ýyllarda welaýatda 6,5 milliard manada golaý düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilendigini aýtdy.

Oba ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýaş maşgalalary goldamak maksady bilen, ýörite karar boýunça Lebap welaýatynda-da möçberi 21 müň 700 gektardan hem köp bolan mellek ýer gaznasy döredildi. Bu gaznadan häzire çenli jemi 90 müň 300-den gowrak maşgala täze mellek ýerleri berildi.

Welaýatyň gazanýan üstünlikleri, eýeleýän sepgitleri bizi guwandyrýar. Emma, muňa garamazdan, welaýaty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlerde entek köpsanly kemçilikleriň hem bardygyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu kemçilikleri düzetmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, öňde duran wezipeleri kesgitlemek üçin Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisiniň gün tertibine geçdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç. Gylyjowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Lebap welaýatynda alnyp barylýan işlere geçirilen seljermäniň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, seljermäniň barşynda Oba Milli maksatnamasyny amala aşyrmakda hem-de durmuş ulgamynda birnäçe kemçilikler ýüze çykaryldy.

Soňra Lebap welaýatynda alnyp barylýan işlere geçirilen barlagyň netijeleri barada Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew habar berdi. Ol welaýatyň dolandyryş düzümleriniň işinde ýüze çykarylan kemçilikler barada hasabat berdi. Olar ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ösüş depginlerini we umumy ösüşi peseldýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, Lebap we beýleki welaýatlarda alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçilik etmegiň hem-de Oba Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça işlere seljermäni dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna we Baş prokurora birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Atamyrat etrabynyň häkimi A.Erlekowa ýüzlenip, Oba Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde köp kemçiliklere ýol berlendigini, şeýle hem ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak boýunça işleriň netijeleriniň pesdigini aýtdy hem-de häkim A.Erlekowyň işine nägilelik bildirip, etrapda işleriň ýaramaz guralandygy, kabul edilen maksatnamalary we meýilnamalary ýerine ýetirmek boýunça garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin oňa käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Beýik Türkmenbaşy etrabynda hem oba ilatyny durmuş we jemagat hyzmatlary bilen üpjün etmek babatda kemçiliklere ýol berlendigini aýdyp, häkim N. Saýypowyň işleri guramakda haýal-ýagallyga ýol berendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz etrabyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň işleriniň depginleriniň pese düşmegine ýol berendigi üçin häkim N.Saýypowa käýinç yglan etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin N.Bähbidowany Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Milli Liderimiz bu wezipä L.Jumaýewany belledi.

Soňra Birata etrabynda işleriň ýagdaýyna seljerme berildi. Milli Liderimiz etrabyň ýolbaşçysy D.Mämmedowa ýüzlenip, içerki ýollary, köprüleri we beýleki desgalary döwrebaplaşdyrmaga, olary degişli derejede saklamakda alnyp barylýan işleri guramakda birnäçe kemçiliklere ýol berlendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz kabul edilen maksatnamalaryň we meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin Birata etrabynyň häkimi D.Mämmedowa berk käýinç yglan etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz E.Nebiýewanyň özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Birata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz bu wezipä A.Çöliýewany belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Döwletli etrabynyň häkimi P.Kurbanowa ýüzlenip, etrapda ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda birnäçe kemçilikleriň bardygyny belledi we oňa berk käýinç yglan etdi. Häkim ýol berlen kemçilikleri düzetmek we öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz etrabyň işini guramakda ýol berilýän kemçilikler baradaky gürrüňi dowam edip, işde goýberen kemçilikleri üçin A.Döwranowy şu etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz bu wezipä K.Pirowy belledi.

Hormatly Prezidentimiz Farap etrabynyň häkimi H.Metkulyýewe ýüzlenip, etrabyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleriniň pesdigini ilatyň durmuş üpjünçiliginde hem birnäçe kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Etraba köp ýyllaryň dowamynda ýolbaşçylyk edýändigine garamazdan, işleriň talabalaýyk guralyşyna gözegçiligi gowşadandygyny belläp, milli Liderimiz Farap etrabynyň häkimi H.Metkulyýewe berk käýinç yglan etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz işde goýberen düýpli kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Farap etrabynyň häkiminiň orunbasary G.Ernazarowy eýeleýän wezipesinden boşatdy. Bu wezipä Ş.Ismailow bellenildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Galkynyş etrabynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, Oba Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulýan gurluşyklaryň depginleriniň pesdigini, ýagdaýy düzetmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmaýandygyny aýratyn belledi. Maksatnamada bellenilen maýa goýumlaryň doly özleşdirilmezliginiň ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyny aýdya, hormatly Prezidentimiz etrapda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin Galkynyş etrabynyň häkimi B.Kadyrowa berk käýinç yglan etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Garabekewül etrabynyň häkimi A.Joraýewe ýüzlenip, işde goýberilen köp sanly kemçilikler sebäpli düýpli nägileligini bildirdi. Etrap merkeziniň we käbir obalaryň suw we gaz üpjünçiligi degişli derejede ýola goýulmandyr, ýerli ýollaryň we köprüleriň ýagdaýy hem öwerlik däl, etrabyň ekerançylyk ýerleriniň şorlaşmagyna ýol berilýändigini, kärendeçiler üçin degişli mümkinçilikleriň döredilmeýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýol berlen kemçilikleri düzetmek ugrunda zerur tagallalary etmeýändigini aýdyp, Garabekewül etrabynyň häkimi A.Joraýewe işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy. Bu wezipä şu etrabyň häkiminiň orunbasary B.Gylyjow bellenildi.

Garabekewül etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine A.Öwülýägulyýew bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň Garaşsyzlyk etrabynda durmuş ulgamyna degişli düzümlerde hünärmenleriň ýetmezçilik edýändigini, onuň bolsa işiň netijeliligine ýaramaz täsirini ýetirýändigini, ýagdaýy düzetmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmaýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz etrabyň ilatynyň oňaýly ýaşamagy we öndürijilikli işlemegi ugrunda zerur mümkinçilikleriň döredilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin Garaşsyzlyk etrabynyň häkimi S. Abdyşükürowa käýinç yglan etdi.

Hormatly Prezidentimiz dynç alyşa gitmegi sebäpli D.Polatowany Garaşsyzlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy we bu wezipä M.Koşaýewany belledi.

Oba Milli maksatnamasyny we beýleki kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmakda kemçilikler Halaç etrabynda hem ýüze çykaryldy. Bellenilişi ýaly, bu ýerde simli aragatnaşyk ulgamyny giňeltmek boýunça zerur işleriň geçirilmeýändigini, etrabyň çägindäki ýollaryň, köprüleriň gurluşygyna haýal-ýagal çemeleşilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz etrabyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işlere gözegçiligiň gowşadylandygy, kemçiliklere ýol berilýändigi üçin, Halaç etrabynyň häkimi A.Jomartowa käýinç yglan etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hojambaz etrabynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, çagalar baglarynyň, mekdepleriň binalaryny abatlamak boýunça degişli işleriň geçirilmeýändigini , etrabyň çäginde awtobus gatnawlarynyň talabalaýyk ýola goýulmandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz etrapda işi göwnejaý guramakda düýpli kemçiliklere ýol berlendigi üçin B.Döwletowy Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesine Serdarabat etrabynyň “Parahat” daýhan birleşiginiň başlygy bolup işleýän Ş.Hudaýkulyýewi belledi. Hojambaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine R.Meredow bellenildi.

Milli Liderimiz Köýtendag etrabynyň häkimi M.Erkaýewe ýüzlenip, etrapda durmuş düzümine degişli edaralaryň işinde köp sanly kemçilikleriň bardygyny, ýaşaýyş jaýlarynyň, medeniýet ojaklarynyň gurluşyklarynda haýal-ýagallyga ýol berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz etrapda alnyp barylýan işleriň guralyşyna, kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin Köýtendag etrabynyň häkimi M.Erkäýewe berk käýinç yglan etdi.

Milli Liderimiz welaýatyň Magdanly şäherinde Oba Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde köp kemçilikleriň bardygyny aýdyp, şäher häkimi M.Annaseýidowyň bu barada alyp barýan işine nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz şäherde alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin M.Annaseýidowa käýinç yglan etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin O.Guwançowany Magdanly şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Milli Liderimiz bu wezipä G.Mamedowany belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sakar etrabynyň häkimi R.Jumamyradowa ýüzlenip, köp ugurlar boýunça etrabyň yza galmagyna getiren işine nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz etrapda elektrik geçiriji ulgamlaryň köpüsiniň abatlanylmandygyny, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ilatyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işlerde kemçiliklere ýol berilýändigini belledi. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz işinde goýberen düýpli kemçilikleri üçin R.Jumamyradowy Sakar etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Milli Liderimiz bu wezipä häzirki wagtda Türkmenabat şäheriniň häkimliginiň arhitektura we şähergurluşygy edarasynyň başlygy wezipesinde işleýän A.Tekäýewi belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin M.Mahmudowany Sakar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz bu wezipä G.Ryzzakowany belledi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň Saýat etrabynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleriniň pesdigini, ekin dolanyşygynyň talabalaýyk ýola goýulmandygyny, kemçilikleri düzetmek boýunça hem zerur tagallalaryň edilmeýändigini belledi. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Saýat etrabynyň häkimi S.Halmyradowa berk käýinç yglan etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz işde goýberen düýpli kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin M.Babanazarowy Saýat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz Saýat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine A.Ýagmyrowy belledi.

Serdarabat etrabynda durmuş düzümini kämilleşdirmek meselelerine örän gowşak çemeleşilendigi ýüze çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz etrabyň häkimi I.Işangulyýewe ýüzlenip, etrapda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin, oňa käýinç yglan etdi.

Soňra milli Liderimiz Seýdi şäheriniň häkimi N.Haýitowa ýüzlenip, işleri guramakda kemçiliklere ýol berýändigini, ekerançylyk meýdanlarynyň, zeýkeşleriň wagtynda arassalanylmaýandygyny, munuň bolsa ýerleriň şorlaşmagyna sebäp bolýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz etrabyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilen möhüm maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin Seýdi şäheriniň häkimi N.Haýytowa käýinç yglan etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin H.Bäşimowy Seýdi şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Bu wezipä A.Seýidow bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenabat şäheriniň häkimi G.Bazarowyň hasabatyny diňläp, şäherde elektrik geçirijileriň, beketleriň transformatorlaryň netijeli işini üpjün etmek boýunça birnäçe kemçilikleriň bardygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmekde ýol beren kemçilikleri üçin G.Bazarowa käýinç yglan etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dynç alyşa çykýandygy sebäpli G. Ýagşygeldiýewi Türkmenabat şäheriniň häkiminiň abadanlaşdyryş boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy. Bu wezipä S.Allakulyýew bellenildi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz işinde goýberen kemçilikleri üçin N. Hallyýewany Türkmenabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy. Bu wezipä G.Jumaýewa bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewe ýüzlenip, welaýatda Oba Milli maksatnamasyny we kabul edilen beýleki maksatnamalary ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işlerde kemçiliklere ýol berlendigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz kemçilikleri düzetmek boýunça zerur işleriň geçirilmeýändigini aýratyn belledi. Şeýle bolansoň işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin welaýatyň 3 etrabynyň häkiminiň we 8 etrabyň hem-de şäheriň häkimleriniň orunbasarlarynyň eýeleýän wezipesinden boşadylandygyny, welaýat, etrap, şäher häkimleriniň we olaryň orunbasarlarynyň 16-syna käýinç we berk käýinjiň yglan edilendigini aýdyp, munuň özi welaýatda işleriň talabalaýyk guralmaýandygyny äşgär edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz işleri göwnejaý guraman, etrap we şäher häkimliklerinden edilýän talaby hem-de ýerine ýetirilýän işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewe käýinç yglan etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz welaýatda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin, Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary D.Setdarowa käýinç yglan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow berkarar ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr diýip belledi. Şoňa görä-de, «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasaty öňe sürdük. Ýurdumyzda ähli zady adamyň bähbitlerine, onuň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna gönükdirdik.

--Şu syýasatymyzy biz hemişe dowam ederis. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş - durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, bolelin we eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin ähli zerur işleri geçireris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şu belent wezipäni üstünlikli amala aşyrmak ugrunda kabul edilen maksatnamalary doly durmuşa geçirmek boýunça döwletimiz tutumly işleri alyp barýar, köp möçberde maliýe serişdelerini gönükdirýär. Gynansak-da, bu serişdeler ýerlerde netijeli we tygşytly ulanylmaýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen maksatnamalar Lebap welaýatynda häzirki döwürde talabalaýyk ýerine ýetirilmeýär. Senagat we medeni- durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, ýollaryň, köprüleriň gurluşygy bellenen möhletlerden gijikdirilip alnyp barylýar. Bu bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizde esassyz bökdençlikleri döredýär.

Eziz Diýarymyzy yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň doly we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ilki bilen welaýat, şäher we etrap ýolbaşçylary gönüden - göni jogap berýärler. Döwlet Baştutanymyz bu meselä olaryň aýratyn ünsüni çekdi.

Bellenilişi ýaly, Lebap welaýatynda oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýokarlandyrmak üçin köp mümkinçilikler bar. Ilki bilen, bu ugurda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaly, ýer, suw serişdelerini tygşytly ulanmaly. Ekerançylyk ýerleriniň şorlamagynyň öňüni almaly. Şorlan ýerleri dikeltmek boýunça zerur işleri yzygiderli geçirmeli. Zeýkeşleri talabalaýyk saklamaly.

Welaýatda zerur bolan mekdepleri, çagalar baglaryny, hassahanalary we saglyk öýlerini, ýollary, köprüleri giň gerim bilen gurmaly. Şäher we oba adamlaryny arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen doly we bökdençsiz üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmeli.

Ýaşaýyş jaýyny gurmak, kömekçi hojalygy alyp barmak üçin ilata bank karzlaryny we mellek ýerlerini bermeli.

Lebap welaýatynda dowam edýän kemçilikler üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem gönüden - göni jogapkärçilik çekýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýolbaşçylaryň welaýatyň hem-de onuň şäherleriniň we etraplarynyň häkimleri bilen bilelikde, ysnyşykly işlemeýändikleri sebäpli, şeýle kemçilikleriň ýüze çykýandygyny, ilatyň durmuşynda derwaýys meseleleriň wagtynda çözülmeýändigini belledi. Bularyň hemmesi welaýatyň ösüşine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýaramaz täsirini ýetirýär.

—Döwletimiz mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak meselesinde hiç wagt serişde gaýgyrmady we gaýgyrmaz. Biz bu ugurda geçirilýän işleri geljekde hem ýokary depginler bilen dowam ederis diýip, milli Liderimiz mähriban halkymyzyň jana-jan bähbidi bilen aýrylmaz bagly bu işleri berk gözegçilikde saklamagy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna tabşyrdy.

Soňra Mejlisiň Başlygy A. Nurberdiýewa söz berildi. Ol Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça taýýarlanylan teklipler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň şu mesele boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, milli parlament tarapyndan welaýat häkimlikleri bilen bilelikde işler alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasy esasynda Mejlisiň “Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk meseleleri hakyndaky” Karary kabul edildi. Resminama laýyklykda, welaýatyň düzüminde 14 etrap, 3 etrap hukukly şäher, 12 etrapdaky şäher, 23 şäherçe, 106 geňeşlik hem-de 430 oba galýar.

Lebap welaýatynyň käbir etraplarynyň dolandyryş çäklerini tertipleşdirmek maksady bilen: Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabyň ýerleriniň bir bölegini Döwletli etrabyna geçirmek, Döwletli etrabynyň ýerlerinden bir bölegini Hojambaz etrabyna geçirmek göz öňünde tutulýar. Garabekewül etrabynyň ýerleriniň bir bölegi Halaç etrabynyň dolandyryş çägine geçirilýär.

Mundan başga-da, dolandyryş çäklerini, ýörite ýer gaznalarynyň ýerleşişini tertipleşdirmek maksady bilen: Garaşsyzlyk we Serdarabat etraplarynyň öri meýdan ýerleriniň bir bölegini Galkynyş etrabynyň dolandyryş çägine; Garaşsyzlyk etrabynyň ýerleriniň bir bölegini Seýdi şäheriniň dolandyryş çägine; Galkynyş we Serdarabat etraplarynyň öri meýdan ýerleriniň bir bölegini Garaşsyzlyk etrabynyň dolandyryş çägine; Serdarabat etrabynyň ýerleriniň bir bölegini Sakar etrabyna hem-de Türkmenabat şäheriniň çägine geçirmek bellenildi.

Mejlisiň Kararyna laýyklykda, şu sebitiň dolandyryş-çäk gurluşyna şu aşakdaky üýtgetmeleri girizmek meýilleşdirilýär.

Atamyrat etraby boýunça Ýeketut obasyny Atamyrat şäherine birikdirmek we degişlilikde adybir geňeşligi ýapmak; Astanababa obasyna oba şäherçe derejesini bermek; Gyzylaýak geňeşliginiň Mirnyý obasyny Parahat adyna üýtgetmek; Halaç etrabynyň Jeýhun geňeşliginiň Gülüstan obasyny Atamyrat etrabynyň Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy adyndaky şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna geçirmek bellenildi.

Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrap boýunça: Azatlyk we Gurluşykçylar şäherjigi obalaryny Dostluk şäherçesine birikdirmek we degişlilikde, Dostluk şäherçesine etrapdaky şäher derejesini bermek, Garagum geňeşligini Döwletli etrabyna geçirmek; Ýylgyn agyz obasyny Türkmenistan geňeşligine geçirmek, şunda Ýylgyn agyz geňeşligini ýatyrmak; Ärsarybaba obasyny ilat sanynyň azdygy sebäpli, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak bellenildi.

Birata etraby boýunça: Şyh aryk obasyny Gazojak şäherine, Darganata obasyny Birata şäherçesine birikdirmek; Çarwadar geňeşliginiň Gazak oba obasyny Çarwadar obasyna birikdirmek; Lebap geňeşliginiň Başsaka obasyny şu geňeşligiň Krançoba obasyna birikdirmek hem-de bu obalary Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak bellenildi.

Döwletli etraby boýunça: Ýylan gyz geňeşliginiň Bataş obasyny Döwletli şäherçesine birikdirmek; Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň Garagum geňeşligini Döwletli etrabyna geçirmek; Ýylan gyz geňeşliginiň Aşgabat obasyny Döwletli şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek; Hojahaýran geňeşliginiň Miras obasyny, Garagum geňeşliginiň Garagum obasyny Abadan geňeşligine, Watan geňeşliginiň Watan obasyny Täze durmuş geňeşligine geçirmek, Berkararlyk geňeşliginiň Altyn ýol, Garaşsyzlyk, Ýalkym obalaryny şu geňeşligiň Berkararlyk obasyna birikdirmek we olary Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak; Abadan geňeşliginiň adyny Miras diýip üýtgetmek, Hojahaýran geňeşliginiň Gyz guduk obasyny Gyzguýy adyna üýtgetmek; Miras geňeşliginiň edara ediş merkezini Miras obasyna geçirmek; Abadan geňeşliginiň Abadan obasyny, Tallymerjen geňeşliginiň Jeýhun obasyny, Watan geňeşliginiň Türkmenistan obasyny, Ýylan gyz geňeşliginiň Ýaşlyk obasyny Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak, Garagum geňeşligini ýatyrmak, Garagum, Watan, Ýylan gyz geňeşliklerini ýatyrmak bellenildi.

Farap etraby boýunça: Jendi geňeşliginiň Joşgun we Tolkun obalaryny Farap şäherçesine birikdirmek, degişlilikde, oňa etrapdaky şäher derejesini bermek; Hanoba geňeşliginiň Gyzylja obasyny şu geňeşligiň Goýgala obasyna, Kyraç geňeşliginiň Gumkent obasyny şu geňeşligiň Kyraç obasyna, Täzeoba geňeşliginiň Amyderýa, Azatlyk, Bakyjan, Bereket, Dostluk, Watan obalaryny Jendi geňeşliginiň Başsaka obasyna birikdirmek we bu obalary Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak; Täzeoba geňeşligini ýatyrmak bellenildi.

Galkynyş etraby boýunça: Azatlyk geňeşliginiň Medeniýet obasyny Galkynyş şäherçesine birikdirmek, degişlilikde, bu şäherçä etrapdaky şäher derejesini bermek; Maý geňeşliginiň Menjere obasyny şu geňeşligiň Maý obasyna, Döwletabat geňeşliginiň Adak obasyny şu geňeşligiň Watan obasyna birikdirmek we bu obalary Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak bellenildi.

Garabekewül etraby boýunça: şu etrabyň çäginde täze gurlan ilatly ýere Karara laýyklykda, oba derejesini bermek hem-de oňa Berkarar zaman adyny dakmak, şeýle hem bu obany Zelili adyndaky geňeşligiň düzümine goşmak teklip edilýär. Mundan başga-da, Berkarar zaman obasyny Zelili adyndaky geňeşligiň edara ediş merkezi etmek bellenildi. Şunuň bilen birlikde, Guraýyş geňeşliginiň Täzedurmuş obasyny Garabekewül şäherçesine birikdirmek; Garabekewül şäherçesine etrapdaky şäher derejesini bermek, Yslam geňeşliginiň Yslam obasyna şäherçe derejesini bermek we bu geňeşligi ýatyrmak; Guraýyş geňeşliginiň Şaglar obasyny Baý geňeşligine geçirmek we Guraýyş geňeşligini ýatyrmak; Akgala geňeşliginiň Ýeňiş obasyny şu geňeşligiň Akgala obasyna birikdirmek bellenildi.

Garaşsyzlyk etraby boýunça: Asuda geňeşliginiň Araky ýap obasyny Nyýazow şäherçesine birikdirmek; Asuda geňeşliginiň Jeýhun obasyna şäherçe derejesini bermek we onuň adyny Asuda diýip üýtgetmek hem-de bu geňeşligi ýatyrmak; Berzeň geňeşliginiň Buýançy obasyny ilat sanynyň azdygy sebäpli, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak bellenildi.

Halaç etraby boýunça: Halaç geňeşliginiň Halaç obasyny Halaç şäherçesine birikdirmek, degişlilikde, bu şäherçä etrapdaky şäherçe derejesini bermek; Çohpetde geňeşliginiň Çohpetde obasyna şäherçe derejesini bermek we bu geňeşligi ýatyrmak; Güneşlik geňeşliginiň Mal semrediş şäherjigi obasyny şu geňeşligiň Güneşlik obasyna birikdirmek we bu obany Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak; Jeýhun geňeşliginiň Gülüstan obasynyň Atamyrat etrabynyň dolandyryş çäginde ýerleşýändigi sebäpli, bu obany Atamyrat etrabynyň Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy adyndaky şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna geçirmek bellenildi.

Hojambaz etraby boýunça: Galkynyş geňeşliginiň Olam, Ýolbaşçy obalaryny Hojambaz şäherçesine birikdirmek, degişlilikde, Hojambaz şäherçesine etrapdaky şäher derejesini bermek, Beşir geňeşliginiň Gyzyl aryk, Selhoztehnika obalaryny şu geňeşligiň Beşir obasyna birikdirmek, degişlilikde Beşir geňeşliginiň Beşir obasyna şäherçe derejesini bermek we bu geňeşligi ýatyrmak; Burdalyk geňeşliginiň Ýabany obasyny şu geňeşligiň Burdalyk obasyna, Gultak geňeşliginiň Gultakoba obasyny şu geňeşligiň Gultak obasyna, Mekan geňeşliginiň Suwçylar obasyny şu geňeşligiň Abdal obasyna birikdirmek we bu obalary Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak bellenildi.

Köýtendag etraby boýunça: Köýtendag şäherçesine etrapdaky şäher derejesini bermek; Magdanly şäheriniň Gurşun magdany Käni şäherçesini Köýtendag etrabyna geçirmek; Ters geňeşliginiň Hojak obasyny Garlyk şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna, Akgumalaň geňeşliginiň Hojeýpil obasyny Köýten geňeşligine geçirmek; Kelif şäherçesiniň Jargüzer obasyny, Garahowuz geňeşliginiň Akdaş obasyny ilat sanynyň azdygy sebäpli Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak bellenildi.

Sakar etraby boýunça: Hojainebeg geňeşliginiň Garamahmyt we Garamahmyt geňeşliginiň Hojalygaryk obalaryny Sakar şäherçesine birikdirmek, degişlilikde Sakar şäherçesine etrapdaky şäher derejesini bermek; Çaltut geňeşliginiň adybir obasyna şäherçe derejesini bermek we bu geňeşligi ýatyrmak; Jeňňel geňeşliginiň Täzeusul obasyny bu geňeşligiň Bereketli obasyna birikdirmek we bu obany Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak bellenildi.

Saýat etraby boýunça: Saýat şäherçesine etrapdaky şäher derejesini bermek, Katretdin şäherçesiniň Guşçulyk obasyny Mülk geňeşliginiň düzümine geçirmek; Katretdin şäherçesini Saýat şäherine birikdirmek we bu şäherçäni ýatyrmak; Çekiç geňeşliginiň Şatlyk obasyny ilat sanynyň azdygy sebäpli, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak bellenildi.

Serdarabat etraby boýunça: Kiştiwan geňeşliginiň Adak obasyny we Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşligiň Petdeli obasyny şu etrabyň Boýrabap geňeşligine, Zergär geňeşliginiň Ýalkym obasyny Gularyk geňeşligine geçirmek, degişliliede Kiştiwan obasyna şäherçe derejesini bermek we bu geňeşligi ýatyrmak; Balta Myradow adyndaky geňeşligiň Nurulla Açylow adyndaky obasyny Hojagala şäherçesine, Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşligiň Gazakaul obasyny şu geňeşligiň Magtymguly obasyna birikdirmek we bu obalary Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak; Gularyk geňeşliginiň adyny Kölaryk adyna üýtgetmek; Kiştiwan şäherçesiniň Garaguş obasynyň adyny Parahatçylyk, Gatyaryk obasynyň adyny Miras, Keltemarküş obasynyň adyny Bagtyýarlyk, Amyderýa geňeşliginiň Ölmezek obasynyň adyny Hydyr ili, Balta Myradow adyndaky geňeşligiň Älemgoşar obasynyň adyny Hojamekan, Kölaryk geňeşliginiň Gularyk obasynyň adyny Kölaryk adyna üýtgetmek; Boýrabap geňeşliginiň edara ediş merkezini Gaýmakçy, Talhanbazar geňeşliginiň edara ediş merkezini Pagtaçy obasyna geçirmek, Serdarabat etrabynyň Sarykbala geňeşliginiň Garaşsyzlyk obasyny Garaşsyzlyk etrabynyň Berzeň geňeşligine geçirmek bellenildi.

Magdanly şäheri boýunça: Gurşun magdany käni şäherçesini Köýtendag etrabynyň düzümine geçirmek bellenildi.

Umuman, hödürlenen resminama laýyklykda, Lebap welaýatynda 10 şäherçä etrapdaky şäher derejesini bermek, 7 oba şäherçe derejesini bermek; 1 şäherçäni şäheriň düzüminden etrabyň düzümine geçirmek, 29 obany şäherçeleriň dolandyryş tabynlygyna geçirmek, 14 obany bir geňeşlikden beýleki geňeşligiň düzümine geçirmek; 10 geňeşligiň dolandyryş merkezini başga obalara geçirmek; 1 şäherçäni ýatyrmak we 13 geňeşligi ýapmak; jemi 15 obany şähere, 5 obany şäherçä birikdirmek; 1 şäherçäniň, 2 geňeşligiň, 8 obanyň adyny üýtgetmek; 16 obany biri-birine birleşendigi, 15 obany ilatynyň sanynyň azdygy sebäpli Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak bellenildi.

Belleýşi ýaly, bu kararyň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we umuman, welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, wise-premýer Ş.Durdylyýewe Mejlis we Lebap welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekillerinden düzülen topary döretmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz bu toparyň agzalary bilen dolandyryş-çäk gurluşy meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşmagyň wajypdygyna ünsi çekip, degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy hem-de Ministrler Kabinetiniň garamagyna tassyklamak üçin hödürlemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, biz ýene-de birnäçe wagtdan Mary welaýatynda Oba Milli maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş - ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine serederis diýip belledi. Welaýatyň we onuň etraplarynyň hem-de şäherleriniň häkimleriniň bu ugurda alyp barýan işleri baradaky hasabatlaryny diňläris. Häkimlere geçiren işleriniň netijeleri boýunça baha bereris.

Ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek boýunça hemmämiziň öňümizde belent we jogapkärli wezipeler durýar diýip, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny uly ýeňişlere beslemek, täze sepgitlere ýetmek ähli watandaşlarymyzyň belent borjy bolup durýar diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň agzybir hem-de zähmetsöýer adamlarynyň öňde duran belent wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin yhlas bilen, tutanýerli işlejekdiklerine, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hem Garaşsyz döwletimiziň has ýokary netijeleri gazanmagy, mähriban halkymyzyň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işlere uly goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Şunuň bilen milli Liderimiz Lebap welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işde üstünlikleri arzuw etdi.