Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar welaýatyna başlanan iş saparynyň barşynda saglygy goraýyş işgärleri üçin niýetlenen täze döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutmak, birnäçe möhüm durmuş-ykdysady desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.
Irden hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinden ýurdumyzyň gündogar welaýatyna tarap ugur aldy we biraz wagtdan soň, Türkmenabadyň howa menzilinde gondy.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, hökümetiň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Lebap welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.
Milli Liderimize gül desseleri gowşurylýar. Joşgunly aýdym-sazlar ýaňlanýar hem-de milli tanslar ýerine ýetirilýär.
Bu ýerde Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew döwlet Baştutanymyza Lebabyň ekerançylarynyň galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada habar berdi. Lebaply gallaçylar Watan harmanyna azyklyk bugdaýyň 350 müň tonnasyny tabşyrdylar.
Milli Liderimiz hoş habary kanagatlanmak bilen kabul edip, gündogar welaýatyň gallaçylaryny gazanylan uly zähmet ýeňşi bilen gutlady we galla ýygnamakda tapawutlanan ekerançylary höweslendirmegiň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, awtoulagynda howa menzilinden Türkmenabat şäheriniň günorta bölegine, täze desgalaryň düýbüniň tutuljak ýerine ugraýar.
Bu gün gojaman Amyderýanyň kenaryndaky şäher baýramçylyk lybasyna beslenipdir, ýoluň tutuş ugrunda ýaşlar, jemgyýetçiligiň wekilleri, welaýat merkeziniň ýaşaýjylary hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerwenini mähirli mübärekleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenabat düýbünden täze keşbe eýe boldy. Bu ýerde amala aşyrylýan durmuş-ykdysady we medeni özgertmeleriň depgini alnyp barylýan gurluşyk işleriniň giň möçberliliginde öz aýdyň beýanyny tapýar. Häzirki wagtda sebitde senagat kärhanalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, sport toplumlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy işjeň alnyp barylýar.
Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Şol özgertmeler bolsa türkmen halkynyň bitewi, Garaşsyz, ykdysady taýdan kuwwatly hem-de okgunly ösýän döwlet baradaky köpasyrlyk arzuwlarynyň hasyl bolýandygyny alamatlandyrýar. Täze eýýamyň her bir güni türkmenistanlylaryň eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmeti netijesinde uly üstünliklere beslenýär.
Hormatly Prezidentimiz awtoulagynda saglygy goraýyş işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň toplumynyň düýbüniň tutuljak ýerine gelýär.
Bu ýerde döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde eziz Watanymyzy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly özgertmeleri wasp edýän köpöwüşginli aýdym-sazly we tansly çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, gurluşyk meýdançasyna, bu ýerde ornaşdyrylan çadyra tarap ugraýar. Şol ýerde ýakyn geljekde şäheriň şu böleginiň keşbiniň nähili boljakdygy barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän taslamaly planşetler ýerleşdirilipdir.
Bu ýerde hormatly Ýaşulular milli Liderimizi duz-çörek bilen garşylaýarlar, olar döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag bolmagyny, ýurdumyzyň gülläp ösmegini Beýik Biribardan dileg edýärler.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlara baranda hökmany suratda sebitleriň ýaşaýjylary bilen içgin söhbetdeş bolýar. Ine, şu gün hem, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, ýygnananlaryň ählisini Oraza aýynyň tamamlanmagy bilen gutlady we okalan aýat-dogalaryň, berlen sadakalaryň Gudraty Güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi.
Milli Liderimiz il sylagly ýaşulular bilen söhbetdeşlikde olaryň iş-aladalary, ýaşaýyş-durmuş şertleri hem-de möhüm ykdysady we durmuş meselelerini çözmekde işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň strategiki wezipeleriniň biri bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz şu gün meýilleşdirilen şanly wakalaryň—saglygy goraýyş işgärleri üçin täze döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüniň tutulmagynyň, Türkmenabatda 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürýän täze önümçilik toplumynyň hem-de Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrapdaky “Watan” döwlet elektrik stansiýasynyň açylmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, şu sebitiň we tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin täze desgalaryň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde durmuş we önümçilik maksatly binalar hem-de desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär.
Biz welaýatlaryň ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmeginiň anyk guraly boljak dürli taslamalaryň başyny başlap, sebitlerde ösen önümçilik, ulag, inžener-aragatnaşyk we durmuş düzümlerini döretmek wezipesini öňde goýýarys. Şeýle maksatnamalaýyn çemeleşme ýurdumyzyň sebitleriniň okgunly ösmegini hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş derejesiniň gyşarnyksyz ýokarlanmagyny şertlendirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Garabekewül etrabynyň “Zelili” geňeşligindäki şäher görnüşli täze döwrebap obanyň döredilmegi bu ulgamda möhüm taslamalaryň biri bolup durýar. Şol obanyň açylyşy ertir bolar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Lebapdaky täze desgalar ilatymyz, şol sanda oba hojalyk önümçilikleriniň işgärleri üçin iň gowy ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir diýip belledi. Ýokary netijeli oba hojalyk önümçiligini döretmek, serişde, medeni we düzüm kuwwatyny toplumlaýyn artdyrmak, oba ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, sebitiň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem durmuşa geçirilýän, raýatlarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň wajypdygyny belläp, gurluşyk işleriniň möhletleriniň hem-de hiline gözegçiligiň berk berjaý edilmegine, şeýle hem täze senagat kärhanalarynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň abadançylygy we rowaçlygy baradaky aladanyň möhümdigini nygtady.
Öz nobatynda, hormatly ýaşulular ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hem-de türkmen halkynyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýadawsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür we eziz Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan beýik işlerinde we başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar bilen içgin tanşyp, geljekki desgalar babatda anyk teklipleriň birnäçesini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tanyşdyryş çäresine gatnaşýan degişli ýolbaşçylara täze ýaşaýyş jaý toplumyny gurmaga, onuň çägini abadanlaşdyrmaga we bagy-bossanlyga öwürmäge toplumlaýyn hem-de sazlaşykly çemeleşmäni üpjün etmegi tabşyrdy.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge degişli meseleleri çözmäge aýratyn üns berýär. Geçirilýän işleriň netijelidigine göz ýetirmek üçin, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dürli sebitlerine yzygiderli gidýär we ýerinde özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylyşy bilen tanyşýar. Şol maksatnamalar bolsa, döwrebap düzümiň döredilmegini üpjün etmäge ýardam etmelidir.
Ýaşaýyş jaýlary bilen bilelikde durmuş maksatly desgalaryň we degişli düzümiň gurulmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny gurmagyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge bildirýän möhüm talabydyr.
Ýurdumyzyň sebitleri döwletimiziň durmuş syýasatyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we milli Liderimiziň hut özüniň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan milli maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglylykda ösdürilýär. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, olar üçin ähli şertleri döretmek özgertmeleriň esasy ugry bolup durýar.
Ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bilen bagly her bir täze taslama işlenip taýýarlanylanda, diňe bir ýaşaýyş jaý toplumynyň ýerleşýän ýeri däl, eýsem, amatly howly meýdançalaryny döretmegiň köpasyrlyk däpleri hem göz öňünde tutulýar. Uly meýdanly, oňat enjamlaşdyrylan kömekçi otagly öýleri gurmak kada öwrüldi. Aşhana, naharhana we beýleki otaglar amatlylyk babatda iň ýokary talaplara laýyk gelýär.
Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüniň tutulmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Olar Türkmenabadyň şu böleginiň binagärlik toplumyna sazlaşykly goşulyp, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ýene-de bir aýdyň nyşanyna öwrüler. Şol syýasatyň many-mazmuny bolsa, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda aýdyň beýanyny tapýar.
Täze ýaşaýyş jaý toplumynda ähli amatlyklary bolan 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 6-syny gurmak göz öňünde tutulýar. Toplumda her biriniň meýdany 88 inedördül metre barabar bolan 3 otagly öýleriň 92-si, meýdany 107 inedördül metre barabar bolan 4 otagly öýleriň hem 92-si bolar. Ýaşaýyş jaýlaryna ýanaşyk ýerlerde dükanlar, çagalar we sport meýdançalary, dynç alynýan ýerler ýerleşer, köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin niýetlenen ýer enjamlaşdyrylar.
Täze desganyň Lebabyň esasy hassahanasynyň — 836 orunlyk köpugurly welaýat hassahanasynyň golaýynda ýerleşýändigi bellärliklidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, saglygy bejeriş toplumy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Nahal” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edilýär.
Topluma 4 gatly binalaryň 3-si girer, şol ýerde patologiýa anatomiýasy, bejeriş we ýokanç keseller bölümleriniň binasy, edara jaýlary, iň döwrebap barlaghanalar, hojalyk bölümleri we beýleki desgalar ýerleşer. Meýdany 8 gektara barabar bolan hassahananyň çäginde suw sorujy stansiýa, kotelnýa, dikuçar meýdançasy hem bolar.
Köpugurly hassahana näsaglara ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek, keselleri öz wagtynda anyklamak hem-de ýürek-damar keselleriniň möhüm meseleleri boýunça ylmy barlaglary geçirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýe bolar. Onuň bölümleri hem-de barlaghanalary dünýäniň meşhur lukmançylyk tehnikasyny öndürýän kompaniýalaryň kämil enjamlary, şol sanda ýörite trenažýorlar, kompýuterler we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün ediler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, “Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012—2016-njy ýyllar üçin maksatnamasy”, Türkmenistanyň şypahana gullugyny ösdürmek boýunça milli maksatnamasy, “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan bu giň möçberli maksatnamalaryň çäklerinde sagaldyş — keselleriň öňüni alyş işini kämilleşdirmek, lukmançylyk ylmyny we bilimini, derman senagatyny ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek hem-de ornaşdyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýelemek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, saglygy goraýyş ulgamynyň täze edaralary we kärhanalary gurulýar, döwrebap enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmegiň hasabyna pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ýanyna ýurdumyzyň ýaş nesliniň wekilleri bolan oglan we gyz gelýär. Olar milli Liderimizi mübärekläp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk hem-de köpugurly işinde uly üstünlikler arzuw edýärler. Çagalaryň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz şu günki şanly waka mynasybetli nesillere gönükdirilen ýazga gol çekýär, ol ýörite gutujyga ýerleşdirilýär.
Dabaraly pursat gelip ýetýär: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda gutujygy ýaşaýyş jaýlarynyň täze toplumynyň binýadynda ýerleşdirýär hem-de desganyň düýbüne pil bilen beton atyp, toplumyň gurluşygyna badalga berýär.
Meýdançada ýerleşdirilen bannerler geljekde bu ýaşaýyş jaý toplumynyň nähili boljakdygyny görkezýär, ertirki günüň wakalaryna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Her bir uly işiň başy başlananda ýagşy umyt-arzuwlar edilýär. Şu ajaýyp pursatlarda, her bir günde, her bir sagatda ýurdumyzyň iň täze taryhy, onuň şöhratly senenamasy ýazylýar, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady goýulýar. Bularyň ählisi geljege uly ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär.
Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisini şu günki ajaýyp waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap we olar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Dabaralar günüň ikinji ýarymynda şäheriň baýry senagat kärhanasy bolan Türkmenabadyň himiýa zawodynyň çäginde dowam etdi. Bu ýerde ähli zat kükürt kislotasynyň 500 müň tonnasyny öndürýän täze önümçilik toplumyň açylyş dabarasyna taýýar edildi.
Bu waka Türkmenistanyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädimi alamatlandyryp, ýurdumyzyň baý kükürt wodorodly serişdelerini doly möçberde ulanmak onuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Himiýa pudagyny ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam etmelidir. Umuman bularyň hemmesi eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge we ösdürmäge, türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga hyzmat eder.
...Dabaranyň geçiriljek ýerinde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Adamlaryň müňlerçesi täze döwrüň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak ajaýyp wakanyň şaýatlary bolmak üçin bu ýere ýygnandylar. Ähli ýerde baýdaklar parlap, önümçilik işi barada aýdyň düşünje berýän dürli şygarlar we bannerler oturdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy kärhananyň baş binasynyň öňüne gelip saklanýar. Milli lybasly gyzlar Milli Liderimize ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Ajaýyp aýdymlar, sazlar we dürli öwüşginli tanslar şu günki dabara aýratyn baýramçylyk ruhuny çaýýar. Haly ýodasynyň iki tarapynda hatara düzülen elleri baýdakly, gülli we şarly oglanlar we gyzlar, himiýa kärhanasynyň işgärleri, gurluşykçylar milli Liderimizi mähirli mübärekleýärler.
Türkmenistanyň Prezidenti kükürt kislotasyny öndürýän toplumyň baş bölümine barýar hem-de dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesip, täze önümçilik desganyň açylmagyna badalga berýär. Bu şanly waka iri halkara maýa goýum taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň nobatdaky aýdyň mysaly, ýurdumyzyň himiýa pudagyny ýokary hilli mineral önümlerini öndürmek babatda dünýäde öňdäki orunlara çykarmagyň ýolunda uly ädim bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, kükürt kislotasyny öndürýän kärhanany gurmagyň taslamasy milli Liderimiziň 2013-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa amala aşyran resmi saparynyň barşynda gol çekilen ylalaşyklaryň we şertnamalaryň bukjasyna girdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda desganyň taslamasyny düzmek we gurmak işleri ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda “Mitsui Ingineering & Shipbulding Co., Ltd” (Ýaponiýa) we “Rönesans Türkmen Inşaat Sanayi ve Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan amala aşyryldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe himiýa senagaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň birine öwrüldi. Onuň ägirt uly eksport kuwwaty baý tebigy serişdelerine, pudakda döredilýän ýokary tehnologik düzümiň mümkinçiliklerine esaslanýar. Dökünleriň dürli görnüşlerini öndürýän kuwwatlyklaryň artdyrylmagy himiýa senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol dökünlere bolan isleg oba hojalygyny we agrosenagat toplumyny özgertmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen baglylykda, ýurdumyzda, şeýle hem tutuş dünýäde yzygiderli artýar.
Öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasion enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhanalary gurmaga hem-de bar bolan kärhanalaryň durkuny täzelemäge uly möçberde maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi netijesinde pudagyň önümçilik binýadynyň üsti Mary şäherindäki iri gaz himiýa toplumy — karbamid we ammiak öndürýän zawodlar bilen ýetirildi. Olaryň kuwwaty azot dökünlerine bolan diňe içerki islegi kanagatlandyrmaga däl-de, eýsem, bu gymmatly önümiň daşary ýurtlara ugratmaga mümkinçilik berýär. Ýerli çig malyň esasynda ýokary hilli, eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmagyň wezipeleri Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde gurulýan iri ammiak — karbamid zawodyň bina edilmegini şertlendirdi.
Ýokary hilli mineral önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmagyň mümkinçilikleri gerimi we ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk taslamanyň amala aşyrylmagy — Türkmenistanda ilkinji we Merkezi Aziýa sebitinde iri, Lebap welaýatyndaky Garlyk ýatagynda bina edilýän tebigy kaliý duzlarynyň ýataklaryny özleşdirmek boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurulmagy bilen baglydyr. Kaliý dökünleriniň bir ýylda bir million 400 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenen kärhananyň ulanmaga berilmegi bilen geljekde pudakda ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän bu önümiň öndürilişini bir ýylda 4 million tonna ýetirmek mümkinçiligi dörär.
Bu taslamalaryň hemmesi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli ýöredýän “Açyk gapylar” syýasatynyň, hyzmatdaş ýurtlar, şol sanda Ýaponiýa, Türkiýe Respublikasy, Belarus Respublikasy bilen işjeň ösdürilýän özara bähbitli we netijeli ykdysady hyzmatdaşlygyň miwesi bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz desga bilen tanyşlygyny kükürt kislotasynyň önümçiligini dolandyryş merkezinden başlady. Bu ýerde milli Liderimizi operator garşylap, kompýuter merkeziniň hem-de operator bölüminiň işi bilen içgin tanyşdyrýar. Tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyza tehnologiýa amallaryna gözegçilik etmek we dolandyrmak hakynda aýdyň düşünje berýän ýörite wideorolik görkezildi.
Türkmenabadyň himiýa zawody pudagyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolup, ýurdumyzda fosfor dökünlerini öndürýän ýeke-täk düzümdir. 2015-nji ýylda kärhana tarapyndan ýurdumyzyň ekerançylaryna ugradylan ammoniý superfosfatynyň 273 müň tonnadan gowragy ugradyldy, ol hasyllylygy artdyrmak üçin ýokumly witaminlere baýdyr. Önümçilik bölümleriniň durkuny täzelemek hem-de tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler hakynda kärhana üstünlikli ösdürilýär, bu ýerde şol bir wagtda himiýa önümleriniň beýleki görnüşleri hem öndürilýär. Kärhanada bir ýarym müňe golaý adam işleýär.
Täze zawod toplumynyň düzümine edara binasy, önümçilik bölümi, suwy himiki usulda arassalaýyş bölümi, her biri taýýar kükürt kislotasynyň 5 müň tonnasyny saklamaga niýetlenen 4 ammar, 20 müň tonna kom kükürdiniň saklanylýan çig mal binasyny, şeýle hem her biri arassalanan hem-de arassalanylmadyk suwuk kükürdi saklamak üçin ammarlaryň ikisini öz içine alýar. Şeýle hem bu ýerde inženerçilik kommunikasiýalarynyň giň ulgamy çekilipdir. Taýýar önümler sarp edijilere ugradylýan tehnologiýa bölümi bir wagtyň özünde iri sygymly gaplaryň bäşisine hyzmat etmek üçin ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr.
Desgalaryň ählisi ýygjam ýerleşdirilip, bitewi önümçilik arkaly biri-birine baglanyşyklydyr we Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň ugurdaş kärhanalarynyň iň häzirki zaman abzallary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Tehnologiýa işleri doly awtomatlaşdyrylandyr hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň we daşky gurşawy goramagyň ähli kadalarynyň berjaý edilmeginde amala aşyrylýar. Örän takyk enjamlar, abzallar hem-de kompýuterler bilen enjamlaşdyrylan barlaghana gelip gowuşýan çig malyň içgin gözegçilikden geçirilmegini hem-de hiliniň seljerilmegini, tehnologiýa ulgamy boýunça kükürt kislotasynyň öndürilişine tapgyrlaýyn gözegçilik etmegi, taýýar önümler sarp edijilere ugradylmazyndan ozal olaryň hil häsiýetnamalaryna anyk baha bermegi üpjün edýär.
Kärhananyň täze önümçiliginiň geljeginiň uludygy hem-de bähbitlidigi onuň fosfor mineral dökünleriniň önümçiliginde örän möhüm hem-de zerur goşundy bolup durýandygy bilen şertlendirilendir. Onuň taslama kuwwaty ýurdumyzyň ýokary hilli kükürt kislotasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, önümiň ep-esli bölegini eksporta ibermäge hem mümkinçilik berýär. Bu himiýa önümi şeýle hem beýleki dürli kislotalaryň we duzlaryň, derman önümleriniň hem-de ýuwuş serişdeleriniň, reňkleýjileriň, emeli süýümiň önümçiliginde giňden peýdalanylýar. Kükürt kislotasy metallurgiýa pudagynda magdanlary bölmek üçin, nebit önümlerini arassalamak tehnologiýasynda ulanylýar.
Ýakyn ýyllarda Türkmenabadyň himiýa kärhanasynyň özünde hem kükürt kislotasyna isleg artar. Pudagy ösdürmegiň meýilnamalaryna laýyklykda bu ýerde ýyllyk kuwwaty 300 müň tonna deň bolan ýokary hilli konsentrirlenen fosfor dökünleriniň önümçiligi boýunça täze toplumy gurmak göz öňünde tutulýar.
Kärhananyň zähmet toparynyň adyndan ýaş hünärmen hormatly Prezidentimizden önümçilik bölüminiň işine badalga bermegini haýyş etdi. Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz goýberiş düwmesine basýar we önümçilik ähli tehnologiýa ulgamy boýunça işläp başlady.
Önümçilik işi eredilýän peçde başlanýar, bu ýerde gaty kom kükürdi buguň täsiriniň astynda suwuk görnüşe öwrülýär. Soňra suwuk kükürt mehaniki goşundylardan saplamak üçin ýörite süzgüçlerde arassalanylýar we peç bölümine goýberilýär. 1100 gradus gyzgynlykda ýakylýar hem-de kükürt gazy emele gelýär, şunda uly möçberli ýylylyk bölünip çykýar.
Indiki tapgyrda gazyň gyzgynlygyny zerur bolan tehnologiki ölçeglere düşürmek üçin bugy döretmek ulgamy peýdalanylýar, şunda kükürt kislotasyny işlemegiň barşynda alnan buguň hasabyna önümçilik hajatlary üçin elektrik energiýasy işlenip çykarylýar.
Soňra emele gelýän gaz katalizatoryň kömegi arkaly turşadylýar. Guradylýan absorbsiýa bölüminde gazyň suwa goşulyşmagy bolup geçýär hem-de netijede taýýar önüm — kükürt kislotasy emele gelýär. Taýýar önümler saklamak üçin iri möçberli sygymly gaplara gelip gowuşýar.
Şeýlelikde, täze önümçilik desgasy ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýän kükürt kislotasyny öndürer. Önümiň olara laýyklygyny ýokary takykly abzallar we kompýuterler bilen üpjün edilen ýörite barlaghanada gözegçilik ediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kükürt kislotasy önümçiliginiň tehnologik işi bilen tanşyp, şol barlaghana baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýaş himiýaçylar mähirli garşyladylar. Esasy hünärmen milli Liderimizi barlaghananyň iş usullary bilen tanyşdyrdy. Ol gelip gowuşýan çig malyň hiline, tutuş tehnologik tapgyrda kükürt kislotasynyň tapgyrlaýyn aralyk işine, taýýar önümleri sarp edijilere ibermezden öň hil aýratynlyklaryna berk gözegçilik edýär we seljerýär.
Milli Liderimiz ýaş himiýaçylar bilen söhbetdeşlikde ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegi üçin pudagyň ägirt uly ähmiýetini, ony ösdürmek üçin dürli ugurlarda bar bolan mümkinçiliklerini belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz çuňňur nazaryýet bilimlerine hem-de iş başlangyjyna eýe bolan, täze pikirleri ösdürmäge we olary durmuşa geçirmäge ukyply ýokary hünärli işgärleriň ornunyň uludygyny bellemek bilen, ýurdumyzy gülläp ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyna öz goşantlaryny goşmagy üçin ýaşlara hünär derejesini, bilimlerini yzygiderli artdyrmagy ündew etdi.
Merkeziň işgärleri kükürt kislotasyny öndürýän kärhananyň ýokary öndürijilikli işlemegi üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi, türkmen halkynyň abadançylygy barada ýadawsyz alada edýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidenti açylyş dabarasy tamamlanandan soň, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Bu ýerde aýnaly tekjede Türkmenabadyň himiýa zawodynyň kiçeldilen görnüşi oturdyldy, ol kärhananyň gerimi hakynda aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär. Soňra milli Liderimiz ýapon kompaniýalarynyň wekillerini - “Mitsui Engineering Shipbuilding” kompaniýasynyň taslama departamentiniň baş menejeri Şinsuke Nippeni, “Sojitz Corporation” kompaniýasynyň düzüm we daşky gurşaw departamentiniň uly dolandyryjy direktory, dessin direktory Toşiharo Ýoşimury hem-de “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.
Işewürler döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz kompaniýalarynyň geljegi uly işewür hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar. Myhmanlaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän çuňňur oýlanyşykly, täzeçillik syýasaty Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini hem-de halkara giňişliginde abraýynyň artmagyny şertlendirdi.
Kompaniýalaryň wekilleri Türkmenistan bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny aýtdylar hem-de häzir ýurdumyzda amala aşyrylýan birnäçe möhüm taslamalaryň baş gurluşyk potratçysy bolup çykyş etmegi özleri üçin uly hormat hasaplaýarlar.
Türkmen Lideriniň himiýa senagatyny ösdürmek babatda ýöredýän syýasatyna ýokary baha bermek bilen, myhmanlar öz kompaniýalarynyň Türkmenistanyň we tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam edýän işewür hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga hemmetaraplaýyn taýýardygyny tassykladylar. Şol syýasat ýurduň baý serişdeler kuwwatyny netijeli peýdalanmaga hem-de pudagyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentine bildiren ynamy hem-de 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürýän täze önümçilik toplumyny gurmaga goşant goşmak mümkinçiligi üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Üstünlikli amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň şaýatlyk edýän işewür hyzmatdaşlygynyň netijeliligini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda gurulýan her bir desga ähli babatda ýokary hil ölçeglerine laýyk gelmelidir diýip belledi. Şunda oýlanyşykly, döredijilikli çemeleşme hem-de innowasion tehnologiýalary işjeň ulanmak esasy çelgiler bolmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi. Häzir gurulýan ähli binalar we desgalar Türkmenistanyň özboluşly el bilen döredilen nyşanlaryna öwrülip, baş maksada — adamlaryň durmuşynyň täze ülňülerini üpjün etmek maksadyna laýyk gelmelidir. Şunda döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň möhletleriniň we birkemsiz hiliniň berjaý edilmegi ýurdumyzda işleýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlara bildirilýän esasy talap bolup galýandygyny belledi.
Milli Liderimiz bu kompaniýalaryň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge hem-de halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly möçberli meýilnamalaryny amala aşyrmaga uly goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, ýapon kompaniýalaryna türkmen ykdysadyýetiniň senagat pudagyny, şol sanda TOPH-y ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmak mümkinçiligine garamagy teklip etdi.
Potratçy kompaniýalaryň wekilleri bildirilen ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, buýrujynyň öňe sürýän talaplaryna gyşarnyksyz eýerjekdigini tassykladylar hem-de geljekde hem türkmen Lideriniň başyny başlan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşjakdyklaryny aýtdylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärhananyň işgärleri bilen mähirli hoşlaşyp hem-de olara uly zähmet üstünliklerini, berk jan saglygyny, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edip, bu ýerden Türkmenabat şäheriniň howa menziline bardy. Milli Liderimiz bu ýerden dik uçarda Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň täze desgasynyň açylýan ýerine ugrady. Şol ýerde täze “Watan” döwlet elektrik stansiýasy işe girizilmäge taýýar edildi.
Bu ýerde, täze desganyň golaýynda medeniýet we sungat ussatlary dabara gatnaşýanlaryň öňünde köpöwüşginli aýdym-sazly kompozisiýany ýerine ýetirip, ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň gazanýan ägirt uly üstünliklerini wasp etdiler.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, täze energetika desgasyna tarap ugraýar. Bu desgany Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasy boýunça “Çalyk Enerji Sanaýi we Tiсaret A.Ş.” türk kompaniýasy amala aşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär we gazturbina elektrik stansiýasynyň Dolandyryş merkezine barýar. Bu ýerde işleýän hünärmen döwlet Baştutanymyzy DES-iň esasy tehniki we tehnologiki häsiýetnamalary bilen tanyşdyrýar. Täze desganyň kuwwaty 254 MWt barabardyr. Bellenilişi ýaly, giň meýdanda ýerleşen täze gurluşyk döwrebap tehnologiki desgalaryň toplumyndan ybaratdyr. Dünýäde meşhur “Jeneral Electric” (ABŞ) iri senagat kärhanasynyň 3 gazturbina desgasy olaryň esasylary bolup durýar.
Bu ýerde inžener-tehniki düzümi döretmegiň üstünde hünärmenleriň, inženerleriň, elektrikleriň, gurluşykçylaryň, jemagat hojalygy işgärleriniň ýüzlerçesi işledi. Kabelleriň, aragatnaşyk geçirijileriň, suw geçiriji we lagym ulgamlarynyň ençeme kilometri inženerçilik desgalarynda ýerleşdirildi. Netijede, gurluşygyna 2015-nji ýylyň aprel aýynda badalga berlen elektrik stansiýasy möhletinden bäş aý öň işe girizilýär.
Elektrik stansiýasynyň energobloklaryndan hem-de edara binasyndan başga-da, taslamanyň çäklerinde gaz paýlaýjy beket, gyzdyryjy bina, 2 sany transformator, 220 KW we 110 KW paýlaýjy beket, energetikler üçin umumy ýaşaýyş jaýy, ýangyn howpsuzlyk binasy, ammar we beýleki desgalar guruldy.
Elektrik stansiýasy doly kompýuterleşdirildi. Munuň özi bu stansiýanyň dolandyryş merkezinden — dispetçerçilik nokadyndan ähli tehnologiki işlere netijeli gözegçiligi üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Hususan-da, tebigy gazy gazturbinalaryna akdyrmak işi awtomatlaşdyrylan gaz paýlaýjy ulgamyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Ol basyşyň we temperaturanyň kadaly derejesini üpjün edýär. Munuň özi elektrik stansiýasynyň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyklykda, üznüksiz we uzak wagtlap işlemegini kepillendirýär.
Hormatly Prezidentimiz dürli tehnologiki amallar bilen tanyşýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, iň täze serişdeleri tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň, ýokary netijeli we ygtybarly enjamlaryň ulanylmagy pudaklaýyn taslamalar amala aşyrylanda ýurdumyzyň energetikleriniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Söhbetdeşligiň barşynda stansiýanyň hünärmenleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa energetika pudagynyň döwrebap düzümleýin desgasyny gurduryp berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we eziz Watanymyzyň abadançylygy ugrunda tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Bu ýerde işgärleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilipdir.
Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda düwmäni basmak arkaly täze elektrik stansiýasyny işe girizýär. Bu ýerde ornaşdyrylan monitorlar ägirt uly DES-iň kuwwatlygyny artdyrýandygyny öz gözüň bilen görmäge mümkinçilik berýär. Olarda turbinalaryň şekilleri peýda bolýar.
Täze elektrik stansiýasynyň işe girizilmeginiň okgunly ösýän Lebap welaýatyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellemelidiris. Häzirki wagtda sebitde milli we halkara möçberli iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Şol taslamalar bolsa, dürli ulgamlarda — ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, dokma we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, gurluşyk senagatynda üstünlikli amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň gündogar sebitinden Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisi gözbaş alýar, Amyderýanyň üstünden demir ýol we awtomobil köprüleri guruldy. Olarda müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek pikiri öz beýanyny tapdy. Köýtendag etrabynda täze senagat merkezi döredilýär. Garlyk şäherçesiniň golaýynda kuwwaty ýyldy 1 million tonna önüme barabar bolan sement zawody guruldy. Bu ýerde kaliý mineral dökünlerini öndürýän, Merkezi Aziýadaky iri döwrebap, ýokary tehnologiýaly kärhana gurulýar. Şeýlelikde, täze energetika düzümi mineral serişdeleri senagat taýdan özleşdirmäge kuwwatly itergi berer. Bu dag ülkesi bolsa mineral serişdelere örän baýdyr.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň gündogar sebiti türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara, ilkinji nobatda bolsa, Owganystan Yslam Respublikasyna ibermegiň kuwwatly döwrebap binýady bolup durýar. Bu ýerde degişli düzümiň döredilmegi täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer, dostlukly ýurtdaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga saldamly goşant goşar. Türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara, hususan-da, Pakistana we Täjigistana ibermegiň beýleki geljegi uly ugurlary hem äşgär ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly möhüm taslama barada ýatlap geçsek, ýerlikli bolardy. Onuň geçýän ugrunda kuwwatly elektrik geçiriji ulgamy hem gurmak zerur bolup durýar. Ol bu gaz geçirijisiniň düzümleýin desgalarynyň ählisini elektrik energiýasy bilen üpjün edip, Owganystanyň üsti bilen elektrik energiýasyny beýleki ýurtlara hem eksport etmäge mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda Türkmenistanda umumymilli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmak maksatnamasy has ähmiýetlisiniň biri bolup durýar. Onuň çäklerinde iri senagat toplumlarynyň birnäçesini gurmak meýilleşdirilýär. Şu maksatnamany durmuşa geçirmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak üçin elektroenergetikasyny ösdürmäge goldaw bermek zerur bolup durýar. Umuman, döwrebap energetika ulgamynyň döredilmegi tutuş halk hojalyk toplumyny üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Ýurdumyz bu toplumy döwrebaplaşdyrmaga dünýäniň iň gowy tejribesini çekýär.
Energiýa serişdeleri boýunça Türkmenistanyň iň baý döwletleriň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, elektrik energiýasyny öndürmek bütin dünýäde iň girdejili önümçilikleriň biri hasaplanylýar. Şundan ugur almak bilen, bu möhüm pudaga gönükdirilýän maýa serişdeleriniň möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Şunuň netijesinde, häzirki wagtda türkmen energetika senagaty ýokary depginlerde ösýär we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň eksportuny has-da artdyrmaga ukyplydyr.
Milli Liderimiz elektrik stansiýasy bilen tanşanyndan soň, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “General Electric” kompaniýasynyň gaz-energiýasy ulgamy boýunça Ýewropa, Russiýa, GDA we Türkiýe boýunça prezidenti jenap Rikardo Kordobany we “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Işewürler döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, “General Electric” we “Çalyk Holding” kompaniýalarynyň düýpli özgertmeler ýoly bilen öňe barýan ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.
Milli Liderimiz energetika enjamlaryny öndürmek babatda dünýä bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän iri amerikan kompaniýasy bilen gatnaşyklaryň netijelerine kanagatlanma bildirip, hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Munuň üçin ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli milli maksatnamalar amatly mümkinçilikleri döredýär, olar Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşini üpjün etmäge, halkyň durmuşynyň derejesini we hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şu günki şanly waka — Lebap welaýatynyň merkezinde saglygy goraýyş işgärleri üçin täze ýaşaýyş toplumynyň düýbüniň tutulmagy hem-de Türkmenabadyň himiýa zawodynyň çäginde ýylda 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge niýetlenen önümçilik toplumynyň açylmagy, Beýik Türkmenbaşy etrabynda täze elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi, şeýle hem ertir Garabekewül etrabynda häzirki zaman obasynyň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Duşuşygyň barşynda öňdebaryjy tehnologiýalary, döwrebap işläp taýýarlamalary we täze ýokary netijeli enjamlary ornaşdyrmagyň esasynda Türkmenistanyň elektroenergetika düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça geljegi uly meýilnamalary nazara almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda işe girizilen kuwwatly täze elektrik stansiýalaryň birnäçesi, şol sanda “Watan” döwlet elektrik stansiýasy “General Electric” kompaniýasynyň öndüren gazturbinaly enjamlary bilen üpjün edildi. Düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy hem-de bu möhüm pudaga uly möçberde maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi netijesinde türkmen energetika senagaty ösüşiň okgunly depginini görkezýär, onuň önümçilik we eksport kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda pudak üçin hünärli işgärleri taýýarlamak we hyzmat ediş ugurlary görkezildi.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz Mary DES-nyň çäginde alnyp barylýan ýurdumyzda ilkinji utgaşykly buggaz elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň barşy bilen gyzyklandy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu desganyň hem-de şu gün ulanmaga berlen “Watan” elektrik stansiýasynyň Türkmenistany güýçli depginde senagatlaşdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalarynyň gurluşygy, türkmen elektrik energiýasyny eksport etmegiň möçberlerini artdyrmak babatynda ähmiýetini nygtady.
Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, geçen aýda biziň ýurdumyzdan Owganystana Serhetabat — Hyrat — Turgundy ugry boýunça iberilýän elektrik energiýasynyň iki esse — 200 million kWt/s-dan 400 million kWt/s-a çenli artandygyny belledi. Pudagyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwlete iberilýän möçberlerini artdyrmaga, şeýle hem geljekde beýleki döwletlere, şol sanda Pakistana we Hindistana hem eksport etmäge mümkinçilik döredýär.
Jenap Rikardo Kordoba hormatly Prezidentimize belli amerikan kompaniýasy tarapyndan ýurdumyzda ýerine ýetirilýän işleriň ilerledilişi barada habar bermek bilen, “General Electric” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen köp ýyllyk gatnaşyklaryna tüýs ýürekden buýsanýandygyny hem-de şunuň ýaly möhüm düzümleýin taslamalara gatnaşmagyň kompaniýa üçin uly mertebedigini aýtdy.
Kompaniýanyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga gatnaşmaga taýýardygyny belläp, işewür “General Electric” kompaniýasynyň geljekde hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge düýpli we jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda “General Electric” amerikan kompaniýasynyň “Power” bölüminiň ýolbaşçysy we “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur many-mazmuna we anyk häsiýete eýe bolan söhbetdeşlik üçin çuňňur hoşallyk bildirip, bu kompaniýalaryň geçen ýyllaryň içinde emele gelen biziň ýurdumyz bilen uzakmöhletleýin esasda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we täze bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini ýene bir gezek tassykladylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz täze elektrik stansiýasynyň işgärleri bilen hoşlaşyp we olara üstünlikli işlemegi arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatyna iş sapary dowam edýär.