Lebap welaýatyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Hytaýyň “CNPC” milli nebitgaz korporasiýasynyň Direktorlar geňeşiniň başlygy jenap Wan Ilini, “Petro China Company Limited” kompaniýasynyň wise-prezidenti we “CNPC”-niň baş direktory jenap Lýuý Gunsuny hem-de “CNPC”-niň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň baş direktory jenap Den Minmini kabul etdi. Duşuşyk Türkmenabat şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçirildi.
Myhmanlar işiniň örän köpdügine garamazdan, wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, “CNPC”-niň Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar. Şol hyzmatdaşlyk bolsa özara bähbitlilik hem-de uzakmöhletleýin esasda guralýar. Nygtalyşy ýaly, HHR-iň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny giňeltmäge çalyşýandygyny hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan edýärler. Şunda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň seçip alan döredijilik ýolunda haýran galdyryjy üstünlikleri gazanandygy bellenildi. Şol üstünliklere buýsanmak bolar. Işewürler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu iş saparynyň çäklerinde Lebap welaýatynda bolan wakalaryň özlerinde galdyran täsirleri barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň şeýle ajaýyp netijeleri berýän giň möçberli işine haýran galýandyklaryny beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen däp bolan dostlukly, strategiki häsiýete eýe bolan gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtap, Hytaýyň esasy işewür düzümleri, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolup durýan “CNPC” bilen gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi.
XXI asyryň ägirt uly taslamasynyň – Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ulgamda netijeli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Häzirki wagtda bu gaz geçiriji arkaly türkmen “mawy ýangyjy” HHR-e uzak möhletleýin esasda iberilýär. Aziýada durnukly geosyýasy we ykdysady ösüşde möhüm ähmiýete eýe bolan bu transmilli energiýa köprüsiniň sebit we ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini ynamly aýtmak bolar.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de bar bolan uly kuwwaty nazara almak bilen onuň geljegi barada pikir alyşdylar. Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçylary “CNPC”-niň ýurdumyzda amala aşyrýan işleri barada döwlet Baştutanymyza habar berdiler. Bu Korporasiýanyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginiň uglewodorod ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge hem-de dünýädäki iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” känini abadanlaşdyrmaga gatnaşmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Nygtalyşy ýaly, hytaýly hyzmatdaşlar türkmen Lideriniň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen ähli tagallalary edýärler.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär diýip belledi. Şol strategiýa bolsa pudaga iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge gönükdirilendir. Ýangyç serişdelerini çykarýan we gaýtadan işleýän ulgamyň kuwwatyny artdyrmak, hereket edýän kärhanalary tehniki taýdan enjamlaşdyrmak we bäsleşige ukyply taýýar önümleri çykarýan täze innowasion önümçilikleri gurmak hem-de turba geçirijileriň döwrebap, ösen ulgamyny döretmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Myhmanlar Hytaýyň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energetika syýasatyna we onuň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna durnukly, ygtybarly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek baradaky halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýändigini nygtap, ýurdumyzyň işjeň orun eýelemeginiň köpugurly turba geçiriji düzümi kemala getirmäge, ýangyç-energetika toplumynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri döretmäge oňyn täsir edýändigini bellediler. Şol hyzmatdaşlyk bolsa gatnaşýan taraplaryň ählisiniň, ýangyç serişdelerini iberijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerine doly laýyk gelýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döredijilikli syýasaty dünýä bileleşiginiň ählumumy ykrarnamasyna we goldawuna mynasyp boldy. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, mizemez dostluk gatnaşyklaryna hem-de taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanýan, däp bolan türkmen-hytaý gatnaşyklary soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Şunda iki döwletiň Liderleriniň arasynda ýola goýlan özara ynanyşmak gatnaşyklary hem-de ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi Türkmenistanyň we Hytaýyň ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga meýillidigini aýdyňlyk bilen görkezýär.
Duşuşygyň ahyrynda “CNPC”-niň ýolbaşçylary korporasiýa uly ynam bildirýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hytaýly hyzmatdaşlaryň öz üstlerine alan borçnamalarynyň hötdesinden abraý bilen gelmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar. Şunda Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli düzümleýin taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardygy ýene-de nygtaldy. Şol taslamalar bolsa ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini üpjün etmäge hem-de sebit we dünýä möçberinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.