Ï Türkmen parlamentarileri “Kinematografiýa hakynda” Kanuny kabul etdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen parlamentarileri “Kinematografiýa hakynda” Kanuny kabul etdiler

view-icon 1704
Döwlet syýasatynyň bu ulgamdaky esasy ugurlary, kinematografiýa işlerini döwlet tarapyndan goldamak we dolandyrmak çäreleri bu kanunyň üns merkezinde durýar.

“Kinematografiýa hakynda” Kanuny biziň ýurdumyzda ilkinji sapar kabul edilýär. Kanuna laýyklykda milli kinematografiýa – milli medeniýetiň möhüm we aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu kinonyň biziň we her bir adamyň durmuşynda oýnaýan möhüm ähmiýeti we orny bilen şertlendirilendir. Bu günki gün kino öz täsirligi boýunça adamda maksada okgunlylyk we özüňi alyp barmak ýaly gymmatlyklary emele getirmekde bilimden we terbiýeden pes gelmeýändigi gümansyzdyr.

Mundan hem başga, kino ýyl ýazgysy – bu taryhy arhiw. Kinematogragiýa bolsa – çylşyrymly iş bolup, döredijilik, önümçilik, ylmy, tehniki, bilim, aň-bilim proseslerini öz içine alýan medeniýet pudagydyr.

Bularyň ählisi bilelikde, kinematografiýa ulgamynda gatnaşyklary hukuk taýdan sazlaşdyrmagyň bütewi we tutuşlaýyn ulgamyny talap edýär. Kanunyň baş maksady ony ösdürmekde häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän milli kinematografiýanyň hukuk binýadyny döretmekden ybarat bolup durýar.

Kinematografiýa türkmen halkynyň milli medeniýetiniň düzüm bölegi hökmünde umumylykda ynsanperwerlik taglymatlaryny, umumyadamzat, milli-medeni we ruhy gymmatlyklary berkitmegi nazarlaýar. Kinematografiýa eserleri milli düşünjeliligiň, watançylyk duýgularynyň, estetiki we ekologik terbiýäniň ösdürilmegine ýardam bermekden ybaratdyr.

Kino sungaty – çeper döredijilik görnüş. Şonuň üçin hem kanun döredijilik erkinligini, awtorlyk we garyşyk hukuklary goramagy kepillendirýär. Bu bolsa konstitusion kadalaryna doly laýyk gelýär. Kinematografiýa babatda döredijilik erkinligi kinematografiýa babatda döredijilik işleriniň ugurlaryny, döredijilik meýillerini ornaşdyrmagyň görnüşlerini we usullaryny erkin saýlamak, tematikasyny we žanrlaryny kesgitlemegi erkin saýlamak üpjün edilýär.

Ýurduň kino we onuň prokatyna güýçli itergi bermek üçin kanunda “milli film” düşünjesi girizilipdir. Eger-de filmiň mazmuny, onuň tematikasy Türkmenistanyň taryhy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ösüşiniň möhüm ugurlaryny görkezýän bolsa, türkmen halkynyň häsiýetini, däp-dessurlaryny we milli aýratynlyklaryny görkezýän bolsa, şeýle hem filmiň awtorlarynyň köpüsi Türkmenistanyň raýatlary bolsa, onda ol milli film diýlip hasap edilýär. Kanun milli filme degişli başga ölçegleri hem kesgitleýär. Mundan hem başga, önümçiligi Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda daşary ýurtly film öndürijiler (prodýuserler) bilen bilelikde amala aşyrylýan filme hem milli film hökmünde garalýar.

Kinematografiýany medeniýet ulgamynda, milli filmi bolsa medeniýetiň gazananlary hökmünde ykrar edilmegi bu möhüm ulgamyň döwlet tarapyndan goldaw berilmegini görkezýär. Kanunda döwlet goldawy – milli kinematografiýanyň, onuň döredijilikli ösüşiniň, önümçilik, tehniki, bilim, ylmy we maglumatlar binýadynyň bolmagynyň esasy şerti bolup durýar diýlip, anyk aýdylýar. Döwlet kino sungatyny saklamagy we ösdürilmegini, kinematografiýa eserleriniň halka elýeterli bolmagy üçin şertleri döretmegi öz üstüne alýar.

Milli filmleri döretmek we olary ýaýratmak, çagalar we ýaşlar üçin filmleri öndürmek, möhüm durmuş-medeni ähmiýeti bolan dünýä kino sungatynyň iň gowy nusgalaryny ýaýratmak kinematografiýa babatda döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.

Kinematografiýa babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we degişli ygtyýarly döwlet edarasy, şeýle hem ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Ygtyýarly döwlet edarasynyň ýanynda medeniýet we sungat işgärlerinden, alymlardan, hünärmenlerden we beýleki adamlardan ybarat bolan jemgyýetçilik geňeşleri döredilip biliner. Jemgyýetçilik geňeşleri Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna önüm öndürmek üçin hödürlenýän kino taslamalaryny öwrenýärler.

Kinematografiýany goldamak babatda aýdylanda bolsa, onda Döwlet býujeti döredilende döwlet kinematografiýanyň döwlet edaralaryny, şol sanda mili filmleriň önümçiligini we ilatyň ähli gatlaklarynyň kinematografiýanyň eserleriniň elýeterli bolmagyny üpjün etmek üçin maliýeleşdirmäge serişdeleri bölüp berýändigini bellemelidiris. Baýraklary bermek, pul haklaryny bellemek, grantlary bölüp bermek ýaly döwlet goldawlaryny hem bermek göz öňünde tutulýar . Döwlet kinematografiýanyň işgärlerini taýýarlamaga we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Kanunda filmleri köpçülige görkezmekligiň we ýaýradylmagynyň düzgünleri anyk görkezilipdir. Filmleri köpçülige görkezmek we ýaýratmak diňe ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan berilýän hukuk berýän döwlet prokat şahadatnamasy bolan mahalynda amala aşyrylýar. Filmleri köpçülige görkezmäge we ýaýratmaga hukuk berýän döwlet prokat şahadatnamasy bilen filmler baradaky maglumatlar filmleriň Döwlet sanawyna girizilýär. Döwlet kinozallaryň we kinoteatrlaryň ýagdaýlaryna bildirlýän talaplary reglamentleşdirýär.

Kanun Türkmenistanda kinematografiýanyň ýokary hilli ösdürilmegine gönükdirilendir we kinematografiýanyň subýektleriniň ählisiniň hukuklaryny we bähbitlerini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär