Ï Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekil hakynda kanun taslamasyna garaldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekil hakynda kanun taslamasyna garaldy

view-icon 745
Çare BMG-nyň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde we BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirýetiniň goldamagynda guraldy.

Duşuşyga Mejlisiň kanun taslamasyny işläp taýýarlamk boýunça iş toparynyň agzalary, Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwerlik hukugy babatda halkara borçlaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça Pudagara iş toparynyň wekilleri, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Halkara synçy hökmünde BMG-nyň Merkezi Aziýada adam hukuklary babatda Ýokary Komissarynyň Müdirýetiniň sebit boýunça wekili Rişard Komenda çagyryldy. Seminaryň açylyşyna BMG-nyň Ösüş maksatnamasy Türkmenistandaky hemişelik wekili Jasinta Barrins gatnaşdy.

Geçirilen maslahat adam hukuklaryny goldamak we goramak bilen meşgullanýan milli edaralaryň (Pariž ýörelgeleri) statusy hakynda ylalaşylan konsepsiýany işläp taýýarlamak üçin binýat boldy. Olar BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen kabul edildi we adam hukuklary babatda esas goýujy konwensiýalary tassyklan BMG-nyň agzalary bolup durýan döwletlerde ornaşdyrmak üçin adam hukulary boýunça Geňeş, BMG-nyň beýleki şertnamalaýyn guramalary tarapyndan maslahat berilýär.


Maslahat bölümlerde mejlisler görnüşinde geçirildi. Birinji mejlisiň çäklerinde Rişard Komenda adam hukuklary we Pariž ýörelgeleri babatda halkar ulgamyna syn bilen çykyş etdi. Ondan soňky sessiýalarda kanun taslmasynyň her maddasy aýry-aýrylykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

„Biz Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekil hakynda taslamasyny işläp taýýarlamagyny goldaýarys. Munuň özi ýurduň jemgyýeti we döwleti demokratiýalaşdyrmak ugrunda eden möhüm ädimi bolup, ol ýurduň adam hukuklaryny goramak we üpjün etmek boýunça halkara ýörelgelerine we kadalaryna berk ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Seminaryň işiniň wekilçilikliligi we kanun taslamasynyň işjeň ara alnyp maslahatlaşylmagy türkmen tarapynyň Pariž ýörelgelerine we Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçlaryna laýyk gelýän kanun taslamasyny işläp taýýarlamaga içgin gyzyklanýandygyna şaýatlyk edýär. Biz kanun taslamasyny işläp taýaýrlamakda we ony Pariž ýörelgelerine laýyk getirmekde mundan beýlägem bilelikdäki işe we onuň synçylar goldawyny bermäge taýýardyrys“,--diýip, BMG-nyň Ösüş maksatnamasy Türkmenistandaky hemişelik wekili Jasinta Barrins aýtdy.


Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekil hakynda kanun taslamasyny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş etdi. Döwlet baştutany bu garaşsyz edaranyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtap, ýurtda adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekil bellenilmegini Konstitusiýada hem berkitmegi teklip etdi.

2016-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça hereketleriň 2016-2020-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasy kabul edildi. Şeýle resminama ilkinji gezek kabul edildi we adam hukularyny we erkinligini üpjün etmek meselesinde milli liderimiziň ýokary syýasy erk-islegine şaýatlyk edýär. Raýatlaryň hukuklaryny we erkinliklerini üpjün etmegiň milli strategiýasy öňde goýlan ileri tutulýan maksatlaryň ýerine ýetirilmeginde we gazanylan netijeleriň görkezijilerinde jemlenendir. Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekil hakynda kanun taslamasy adam hukuklary boýunça hereketleriň 2016-2020-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasyna goşuldy.