Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni ruhubelent halkymyzyň eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine çekýän döredijilikli zähmetiniň nobatdaky üstünliklerine beslenýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň dabaralanmagynyň aýdyň mysaly bolup, ýurdumyzyň kuwwatly ykdysady mümkinçiliklerine, eziz Watanymyzyň taryhynyň şöhratly sahypalaryna, milletimiziň medeni mirasyna we ruhy güýjüne daýanýar.
Geçen hepdede Türkmenistanda Oraza baýramy giňden bellenildi. Milli Liderimiz halkymyzy bu baýramçylyk bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyz Gutlag hatynda Oraza baýramynyň ruhy-ahlak tämizligi, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi dabaralandyrýan, mähriban halkymyzyň medeniýetini, däp-dessurlaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemleýän gadymy baýramlaryň biridigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda hem bu baýramçylyk mynasybetli biri-birini gutladylar. Iki doganlyk ýurduň Liderleri türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Liderleri Oraza baýramy mynasybetli türkmen we eýran halklaryna parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edip, özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatyň möhüm meseleleriniň birnäçesine degip geçdiler, söhbetdeşler möhüm halkara meseleler, aýratyn hem parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary birleşdirmäge degişli meseleler boýunça garaýyşlaryň birmeňzeşdigini bellediler.
5-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Kriminalistik barlaglar merkeziniň hem-de Ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak müdirliginiň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Bu ýerde degişli barlaglary hem-de kriminalistik seljermeleri ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýän täze enjamlar we kämil tehnologiýalar oturdylypdyr. Bu enjamlaryň bir bölegi döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň barşynda ýapon hyzmatdaşlary bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda Ýaponiýadan satyn alyndy.
Şol gün geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2016-njy ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň jemi jemlenildi. Milli Liderimiz mejlisiň barşynda Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň esasynda durýan parahatçylyk söýüjilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek bilen, döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitjekdigini, harby gullukçylar barada alada etjekdigini, olaryň netijeli gullugy hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleri döretjekdigini aýratyn belledi.
Milli Liderimiz döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge degişli meseleleri çözmäge aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyz geçirilýän işleriň netijelidigine göz ýetirmek üçin, ýurdumyzyň dürli sebitlerine yzygiderli gidýär we ýerinde özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylyşy bilen tanyşýar. Şol maksatnamalar bolsa döwrebap düzümiň döredilmegini üpjün etmäge ýardam etmelidir. Şunda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenen obany özgertmek meselelerine aýratyn üns berilýär.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna amala aşyran iki günlük iş saparynyň barşynda hem Garabekewül etrabynyň Zelili adyndaky geňeşliginde Berkarar zaman şäher görnüşli täze döwrebap obanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Etrap merkezinden 32 kilometr uzaklykda ýerleşýän bu künjekde soňky dört ýylyň dowamynda ak mermerli, bagy-bossanlyga bürelen döwrebap oba guruldy. Täze obanyň ýaşaýyş toplumyny döretmek baradaky meseläni welaýatda iri “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň gurluşykçylary üstünlikli çözdüler. Bu ýerde 3 — 4 we 5 otagly ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň 600-si guruldy. Täze obada her bir maşgala üçin 0,16 gektar mellek ýeri göz öňünde tutulypdyr. Täze jaýlara göçüp baranlar özleriniň isleglerine görä, mal, guş saklamak üçin zerur bolan hojalyk desgalaryny gurup bilerler ýa-da gök we bakja önümlerini hem-de miweli baglary ýetişdirip bilerler.
Ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda dürli öwüşginli sahnalar, şol sanda türkmen toýunyň gelnalyjy dessury görkezildi. Jaýlaryň birinde bagtly öý eýeleri döwlet Baştutanymyzdan hormatly myhman bolmagy haýyş etdiler. Milli Liderimiz oba maşgalasyny täze jaý toýy bilen gutlap, olaryň täze mesgende mekan tutuşlary bilen gyzyklandy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze jaý toýuny öz milli däp-dessurlaryna laýyklykda tutýan gazak maşgalasynyň öýüne myhman boldy. Maşgala agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylap, döwlet Baştutanymyza oba zähmetkeşleriniň, Türkmenistanyň agzybir we jebis halkyny düzýän dürli milletleriň wekilleriniň durmuş derejesi bilen bagly meselelere berýän ünsi üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Ýaşaýyş jaý toplumlaryny durmuş desgalary we degişli düzümler bilen bilelikde gurmak döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň şäherlerini hem-de obalaryny gurmagyň taslamalaryny amala aşyrmakda bildirýän möhüm talabydyr. Täze obada medeniýet öýi, toý dabaralaryny geçirmek üçin 500 orunlyk zaly bolan “Bagt öýi”, 200 adamyň namaz okamagy üçin niýetlenen metjit guruldy. Şeýle hem obada 640 orunlyk mekdep, 280 körpe üçin çagalar bagy, dermanhanaly saglyk öýi, oba geňeşliginiň edara binasy, awtomatlaşdyrylan telefon beketli 650 belgili aragatnaşyk edarasynyň jaýy, köpugurly bazary bolan söwda merkezi, durmuş hyzmaty öýi, dükanlar bina edildi.
Ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň her bir täze taslamasy işlenip taýýarlananda, diňe ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ýerleşişi däl-de, eýsem, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça köpasyrlyk däpler göz öňünde tutulýar. Ynha, täze obada hem ozal çöllük meýdan bolan bu künjek häzirki wagtda bagy-bossanly gülleýän mekana öwrülýär. Ýakyn wagtda bugdaý we gowaça meýdanlary, bag-bakjalar, seýilgäh zolagy peýda bolar. Bu işleriň amala aşyrylmagy üçin ýörite çäreler geçirilýär. Ýeri gurplandyrmak, topragy berklendirmek işleri geçirildi. Bu işleriň netijesinde döredilen ekin meýdanlaryndan bol hasyl almak mümkin bolar. Bu ýere eýýäm mes topragyň müňlerçe kub metri getirildi we ýeriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak işleri dowam etdiriler. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ilkinji ýaş agaç nahalyny oturdyp, geljekki ajaýyp seýilgähiň döredilmegine badalga berdi.
Bir aýa golaý wagt mundan öň şunuň ýaly dabaralar Daşoguz welaýatynda hem geçirildi. Şonda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Bagtyýar zaman atly täze oba açyldy. Döwletimiz munuň üçin uly möçberde serişde goýbermek bilen, obanyň ýaşlar üçin özüne çekiji bolmagy, bu ýerde düşewüntli önümçilikleriň döredilmegi hem-de hünärli işgärleriň zähmet çekmegi, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ösmegi üçin yzygiderli çäreler görülýär.
Şäher düzümi hem döwrebaplaşdyrylýar, onda durmuş düzümi tutuş ýaşaýyş ulgamynyň binýatlyk esasy hökmünde öz beýanyny tapýar. Ýakynda Türkmenabatda saglygy goraýyş işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüniň tutulmagy munuň subutnamasyna öwrüldi. Milli Liderimiziň hut özi bu toplumyň gurluşygyna badalga berdi. Onuň taslamasy köp öýli jaýlardan başga-da, döwrebap talaplaryň derejesindäki ýaşaýyş-durmuş hyzmatlar ulgamynyň döredilmegini öz içine alýar.
Täze desganyň welaýatyň köpugurly hassahanasynyň golaýynda gurulýandygy bellärliklidir. Saglygy goraýyş işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň toplumy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Nahal” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edilýär. Bu bolsa durmuş meselesiniň oýlanyşykly çözgüdiniň ýene-de bir möhüm pursady bolup durýar. Iri saglygy goraýyş edarasynyň golaýynda lukmanlar üçin gurlan ýaşaýyş jaý toplumy ýaş hünärmenleriň iş ýerini saýlap alanda artykmaçlyk bolup hyzmat eder.
Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde milli Liderimiziň gatnaşmagynda açylan täze desgalar hem senagat taýdan ösüşe uly itergi berer. Olaryň biri — Türkmenabadyň himiýa zawodynyň çäginde işe girizilen kükürt kislotasynyň 500 müň tonnasyny öndürýän önümçilik toplumydyr. Bu ýerde çig mal hökmünde tebigy gazy arassalamakdan alynýan kükürt ulanylýar.
Mälim bolşy ýaly, kükürt kislotasyny öndürýän kärhanany gurmagyň taslamasy milli Liderimiziň 2013-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa amala aşyran resmi saparynyň barşynda gol çekilen ylalaşyklaryň we şertnamalaryň toplumyna girdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, desganyň taslamasyny düzmek we gurmak işleri ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda “Mitsui Ingineering & Shipbulding Co., Ltd” (Ýaponiýa) we “Rönesans Türkmen Inşaat Sanayi ve Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan amala aşyryldy.
Täze desganyň açylyş dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Mitsui Ingineering & Shipbulding” hem-de “Sojitz Corporation” ýapon kompaniýalarynyň wekillerini — Şinsuke Nippeni we Toşiharo Ýoşimury hem-de “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Işewürler öz kompaniýalarynyň geljegi uly işewür hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar. Milli Liderimiz bu kompaniýalaryň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge hem-de halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly möçberli meýilnamalaryny amala aşyrmaga uly goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, ýapon kompaniýalaryna türkmen ykdysadyýetiniň senagat pudagyny, şol sanda TOPH gaz geçirijisini çekmek boýunça giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmak mümkinçiligine garamagy teklip etdi.
Täze desgalaryň ýene-de biri — Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrapda gurlan, açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň gatnaşan “Watan” döwlet elektrik bekedi bolup, onuň ýyllyk kuwwaty 254 MWt barabardyr. Uly meýdany eýeleýän täze desga döwrebap tehnologik desgalaryň toplumy bolup durýar. Dünýä belli “General Electric” kompaniýasynyň öndüren gazturbinaly enjamlary bilen üpjün edilen desga olaryň esasylarynyň biridir. Ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän elektrik bekedi doly kompýuterleşdirildi, bu bolsa dolandyryş merkezinden ähli tehnologik işlere netijeli gözegçilik edilmegini üpjün edýär.
Inžener-tehniki düzümi döretmegiň üstünde hünärmenleriň, inženerleriň, elektrikleriň, gurluşykçylaryň, jemagat hojalygy işgärleriniň ýüzlerçesi işledi. Kabelleriň, aragatnaşyk geçirijileriň, suw geçiriji we lagym ulgamlarynyň ençeme kilometri inženerçilik desgalarynda ýerleşdirildi. Netijede, gurluşygyna 2015-nji ýylyň aprel aýynda badalga berlen elektrik bekedi möhletinden bäş aý öň işe girizilýär.
Pudagyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwlete iberilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik döredýär. “Watan” elektrik bekediniň işe girizilmegi dürli ulgamlarda — ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, dokma we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, gurluşyk senagatynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan hem Lebap welaýaty üçin möhümdir.
“General Electric” kompaniýasynyň gaz-energetika ulgamy boýunça Ýewropa, Russiýa, GDA we Türkiýe boýunça prezidenti jenap Rikardo Kordoba hem-de “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygyň barşynda ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Mary DES-niň çäginde alnyp barylýan ýurdumyzda ilkinji utgaşykly buggaz elektrik bekediniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň barşy barada hem habar berildi.
Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň “CNPC” milli nebitgaz korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy jenap Wan Ilini, “Petro China Company Limited” kompaniýasynyň wise-prezidenti we “CNPC”-niň baş direktory jenap Lýuý Gunsuny hem-de “CNPC”-niň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň baş direktory jenap Den Minmini kabul etdi. Korporasiýanyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyza “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginiň nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek hem-de dünýädäki iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz känini gurmak boýunça işleriň barşy hakynda habar berdiler. 7-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Türkmenabatda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, onda Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toparyna seredildi.
Bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda bu sebit uly üstünlikleri gazandy.
Diňe Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde 2008 — 2016-njy ýyllarda welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň 206-sy, şol sanda hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we sagaldyş merkezleriniň 46-sy, orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 97-si guruldy. Bulardan başga-da welaýatda medeniýet öýleriniň 15-si, sport mekdepleriniň we desgalarynyň 48-si, umumy meýdany 1 million 265 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Uzynlygy 1268 kilometre barabar suw geçirijileri, 971 kilometr bolan awtomobil ýollary, 3 müň 227 kilometr elektrik geçiriji we 2 müň 900 kilometr gaz geçiriji ulgamlary işe girizildi.
Häzirki döwürde hem diňe Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň 24-siniň gurluşygy alnyp barylýar. Birata etrabynda 2 müňden gowrak hojalygyň, ýagny 10 müňe golaý adamyň ýaşamagy üçin ähli şertler döredilen döwrebap şäherçe gurulýar.
Welaýatda gurulýan iri desgalaryň hatarynda Türkmenabat şäherindäki halkara howa menzili, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil hem-de demir ýol köprüleri, Garlyk şäherçesindäki kaliý dökünlerini öndürýän kärhana we beýleki onlarça desgalar bar. Welaýatyň gallaçylarynyň hem uly üstünlikleri barada durlup geçildi. Olar Watan harmanyna 350 müň tonna ýokary hilli guşgursak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamasyny abraý bilen berjaý etdiler.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, diňe 2008 — 2016-njy ýyllarda welaýatda 6,5 milliard manada golaý düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilendigini aýtdy. Oba ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýaş maşgalalary goldamak maksady bilen, ýörite karar boýunça Lebap welaýatynda-da möçberi 21 müň 700 gektardan hem köp bolan mellek ýer gaznasy döredildi. Bu gaznadan häzire çenli jemi 90 müň 300-den gowrak maşgala täze mellek ýerleri berildi.
Şonuň bilen birlikde, welaýaty ösdürmek boýunça geçirilýän işlerde üstünlikleriň gazanylýandygyna garamazdan, kemçilikleriň hem az däldigi bellenildi.
Geçirilen seljermeleriň barşynda Oba milli maksatnamasynyň, kabul edilen beýleki maksatnamalaryň Lebap welaýatynda ýaramaz ýerine ýetirilýändigi ýüze çykaryldy. Senagat we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy möhletinden gijikdirilip alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň 3 etrabynyň häkimi we 8 etrabyň hem-de şäheriň häkimleriniň orunbasarlary eýeleýän wezipelerinden boşadyldy, welaýat, etrap, şäher häkimleriniň we olaryň orunbasarlarynyň 16-syna käýinç we berk käýinç yglan edildi.
Hormatly Prezidentimiz işleri göwnejaý guraman, etrap we şäher häkimliklerinden edilýän talaby hem-de ýerine ýetirilýän işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewe hem-de onuň orunbasary D.Setdarowa käýinç yglan etdi.
Şeýle hem mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasyna laýyklykda, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara almak bilen işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Mejlisiniň “Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk meseleleri hakynda” karary hakynda habar berildi.
Resminama laýyklykda, welaýatyň düzümine etraplaryň 14-si, etrap hukukly şäherleriň 3-si, etrapdaky şäherleriň 12-si, şäherçeleriň 23-si, geňeşlikleriň 106-sy, obalaryň 430-sy girýär. Umuman, hödürlenen resminama laýyklykda, Lebap welaýatynda 10 şäherçä etrapdaky şäher derejesini bermek, 7 oba şäherçe derejesini bermek, 1 şäherçäni şäheriň düzüminden etrabyň düzümine geçirmek, 29 obany şäherçeleriň dolandyryş tabynlygyna geçirmek, 14 obany bir geňeşlikden beýleki geňeşligiň düzümine geçirmek, 10 geňeşligiň dolandyryş merkezini başga obalara geçirmek, 1 şäherçäni ýatyrmak we 13 geňeşligi ýapmak, jemi 15 obany şähere, 5 obany şäherçä birikdirmek; 1 şäherçäniň, 2 geňeşligiň, 8 obanyň adyny üýtgetmek, 16 obany biri-birine birleşendigi, 15 obany ilatynyň sanynyň azdygy sebäpli Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Durdylyýewe Mejlis hem-de Lebap welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekillerinden düzülen topary döretmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz bu toparyň agzalary bilen dolandyryş-çäk gurluşy meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşmagyň wajypdygyna ünsi çekip, degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy hem-de Ministrler Kabinetiniň garamagyna tassyklamak üçin hödürlemegi tabşyrdy.
Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän şanly 25 ýyllygynyň hormatyna hem-de garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarynda ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanan raýatlarymyzy sylaglamak maksadynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly döredildi.
Geçen hepdede Günorta Sudan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Telar Ring Deng işe başlady.
Türkmenistanyň gallaçylary galla oragyny tamamlap, döwlete 1 million 600 müň tonnadan gowrak guşgursak däne tabşyrdylar. Däne taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinji bolup Ahal welaýatynyň gallaçylary ýerine ýetirdiler. Olar Watan harmanyna ak bugdaýyň 450 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Olaryň yzysüre Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň kärendeçileri öňlerinde goýlan möhüm wezipäni ýerine ýetirip, degişlilikde, 300 müň tonnadan gowrak, 350 müň we 380 müň tonna azyklyk däne tabşyrdylar.
Galla oragy dowam edýär. Şol bir wagtda, bugdaýdan boşan ýerlerde maldarçylyk hojalyklary üçin saman taýýarlamak, aralyk ekinleri ekmek boýunça işler ýaýbaňlandyryldy. Mundan başga-da, daýhanlar güýzlük galla ekişi üçin ýerleri taýýarlamak, gowaça ideg etmek işlerini dowam edýärler.
Her bir gün bizi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ýakynlaşdyrýar. Atlylaryň 17-si — yklym derejesindäki sport baýramçylygynyň buşlukçylary Balkan welaýaty boýunça ýörişi dowam edýärler. Ýurdumyzyň ýaş türgenleri bolsa şu günler Ýakutskide geçirilýän “Aziýanyň çagalary” atly nobatdaky VI halkara oýunlarynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edýärler.
Şeýle hem şol günler Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilen “Aziýanyň ýaňy” IX Halkara sirk sungaty festiwalynda türgen gyzymyz Selbi Şyhyýewa ikinji orny eýeledi we kümüş medala mynasyp boldy. Selbi çeýe tilsimleri ussatlarça ýerine ýetirendigi üçin Gazagystanyň döwlet sirkiniň ýörite baýragyna hem mynasyp boldy.
Geçen hepdäniň esasy wakalary şulardan ybarat bolup, olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan düýpli özgertmeleriniň aýdyň miwelerine öwrüldi. Şol özgertmeleriň esasy maksady bolsa eziz Watanymyzy öňdebaryjy, kuwwatly döwlete öwürmek bolup, bu ýerde halkyň döredijilik kuwwatyny amala aşyrmak üçin örän oňaýly şertler üpjün edildi.