Ï Sebitleri özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň möhüm ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sebitleri özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň möhüm ugry

view-icon 1521
Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesiniň hormatyna, “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilen 2016-njy ýyl ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýan köp sanly şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlara guraýan iş saparlary mynasybetli, täze binagärlik toplumlarynyň ulanmaga berilmegi milli Liderimiziň döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasatynyň aýdyň netijesidir.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegi şol syýasatyň möhüm ugrudyr. Bu maksatnama halkymyzyň döredijilikli işi, oňaýly ýaşaýşy we dynç alşy üçin amatly şertleriň döredilmegine, adamlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmen gallaçylarynyň 2016-njy ýylyň orak möwsüminde Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyrmagy, şonda Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň ýokary netijelere eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, şu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berlen 2007-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş maksatly desgalaryň 830-dan gowragy, 4,5 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy. Şeýle hem onlarça müň kilometr ulag ýollary, suw geçirijiler, gaz geçirijiler, telefon ulgamy we elektrik geçirijiler çekildi. Bu işleriň hemmesine ABŞ-nyň 6,5 milliard dollary goýberildi.

2015-nji ýylyň fewralynda maksatnamanyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy, ulag düzüminiň, saglygy goraýyş, medeniýet we bilim ulgamlarynyň ösüşi, hemişe bolşy ýaly, maksatnamanyň möhüm ugurlaryny düzdi. Umuman, 2020-nji ýyla çenli ABŞ-nyň 7,5 milliard dollaryndan gowrak maýa goýum serişdelerini özleşdirmek, ýene-de 500-den gowrak desgany gurmak meýilleşdirildi. Şunda nusgalyk täze obalaryň gurulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, ägirt uly kuwwatynyň durmuşa geçirilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şäher görnüşli täze Berkarar zaman obasynyň açylyş dabarasyna Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Munuň özi oba ýerlerinde durmuş derejesini gowulandyrmak, amatlylygyň şäher derejesi boýunça şertleri üpjün etmek babatda döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň subutnamasydyr.

Täze oba Zelili adyndaky geňeşligiň çäginde 210 gektar ýerde guruldy. Ol Garabekewül etrabynyň merkezinden 32 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bary-ýogy 4 ýylyň dowamynda gök zolaklary, owadan gülleri we ak binalary bolan döwrebap oba peýda boldy. Häzirki zaman giň köçeleri, özboluşly yşyklandyryjylary bolan elektrik geçiriji ulgamlar, göni hatarly ýaşaýyş jaýlary we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalar täze obanyň baş bezegine öwrüldi.

Bu ýerde 3,4 we 5 otagly öýleri bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 600-si, şeýle hem medeniýet öýi, Nikalar öýi, metjit, geňeşligiň binasy, aragatnaşyk ulgamynyň jaýy, köpugurly bazary bolan söwda merkezi, hyzmatlar öýi, azyk we senagat harytlarynyň söwdasyny guraýan dükanlar we beýleki desgalar bina edildi. Şeýle hem bu ýerdäki saglyk öýünde näsaglara ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler döredildi. Häzirki zaman rentgen, hirurgiýa, stomatologiýa, terapewt, UZI, EKG otaglary we barlaghana hereket edýär.

640 orunlyk orta mekdebiň otaglary iň täze enjamlar, interaktiw multimediýa tagtalary, lingafon, kompýuter otaglary bilen üpjün edildi. Oglanlar we gyzlar üçin zähmet sapagyny geçirmäge niýetlenen ýörite otaglar okuwçylaryň hyzmatynda. Şeýle hem bu ýerde mekdep okuwçylary we mugallymlar üçin okalga zaly bolan kitaphana, maslahatlar zaly, naharhana, lukmançylyk otagy, sport zaly we açyk sport meýdançasy bar. Häzirki zaman çagalar bagynda kompýuter we lingafon otaglary, döredijilik studiýasy, tomusky bassyrma, oýun meýdançalary, ýumşak mebelleri bolan giň we ýagty ýatakhanalary, sport we saz otaglary, naharhana hem-de lukmançylyk otagy körpeleriň hyzmatynda.

Täze obada ýol-inženerçilik, aragatnaşyk ulgamynyň meseleleri doly derejede çözülipdir. Täze obada suw geçirijiler, lagym ulgamy, gaz we elektrik geçirijiler çekildi. Şeýle hem bu ýerde transformatorly elektrik bekedi, suw arassalaýjy enjamly sorujy beket, ýangyna garşy göreş gullugynyň binasy bar. Şeýle hem obanyň ýakasyndaky çägeligi berkitmek işleri alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlaryna degişli derejede idegiň ýola goýulmagy geljekki bol hasylyň möhüm şertidir.

Döwletimiz täze obanyň ýaşaýjylaryna ýeňillikli karz serişdelerini berip, olaryň isleglerini kanagatlandyrdy. Täze jaýa göçüp gelenler jaýyň umumy bahasynyň 10 göterimini töläp, galan serişdäni ujypsyz göterim bilen 30 ýylyň dowamynda tölärler. Obanyň her bir maşgalasyna 0,16 gektar mellek ýeri bölünip berildi. Öý eýeleri mellek ýerlerinde zerur bolan kömekçi jaýlary gurup bilerler.

Mundan başga-da, geljekde obanyň töwereginde oba hojalyk önümçiligi ösdüriler. Obanyň özünde bolsa gaýtadan işleýän kiçi kärhanalar açylar. Munuň özi täze iş orunlarynyň üpjün edilmegini şertlendirer. Döwletimiz ýaşlaryň obada ýaşamaga höwesini artdyrmak üçin yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär. Şunda, oba ýerlerinde täze, girdejili önümçilik döreýär, olar ýokary hünärli işgärler bilen üpjün edilýär we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ösdürilýär.

Bir aýa golaý wagt mundan ozal Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çäginde hem şunuň ýaly dabaralaryň geçirilendigini bellemeli. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze Bagtyýar zaman obasy açyldy. Bu ýerde dört otagly bir gatly jaýlaryň 274-si, 6 otagly iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 226-sy bina edildi. Umuman, 500 hojalyga niýetlenen jaýlarda ähli amatlyklar göz öňünde tutuldy we bu ýerde beýleki desgalaryň iri toplumy guruldy.

Olaryň hatarynda ähli otaglary zerur enjamlar, kompýuter tehnikasy, degişli aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilen ýerli edara binasy, ýöriteleşdirilen häzirki zaman enjamlary oturdylan saglyk öýi bar. Onda lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşini ilata ýetirmek üçin zerur mümkinçilikler üpjün edildi. Iki gatly saglyk öýünde maşgala lukmanlarynyň otagy, EKG, UZI, rentgen bölümleri, barlaghana we beýleki degişli otaglar bar. Şunuň bilen birlikde, oba ilatyna gündizki lukmançylyk hyzmaty ýerine ýetirilýär we bu ýerde dermanhana hereket edýär. Täze lukmançylyk edarasynda dürli keselleri bejermek we olaryň öňüni almak üçin türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň esasynda taýýarlanan serişdeleri işjeň ulanmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem täze obanyň ilatynyň ygtyýarynda döwrebap medeniýet öýi bolup, onda döredijilik ukybyňy ösdürmek, ilaty, aýratyn-da ýaşlary sungat älemine çekmek, milletiň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmek üçin ähli zerur şertler we mümkinçilikler bar. Şeýle hem medeniýet öýüniň 200 orunlyk tomaşa zaly, aýdym-saz, horeografiýa, şekillendiriş sungaty bilen meşgullanmak üçin degişli derejede enjamlaşdyrylan otaglar hereket edýär.

2 gektardan gowrak meýdany bolan we 113 dükany, 226 söwda orny bolan bazary, şeýle hem edara binasyny özünde jemleýän “Miras” söwda merkezi oba ilatyna, esasan, ýerli önümlerden taýýarlanan azyk we senagat harytlarynyň giň görnüşini hödürleýär. Obanyň çäginde gurlan “Döwletli” hyzmatlar öýi, 500 orunlyk iki gatly “Toý mekany” degişli şäher desgalaryndan kem däldir. Ol özboluşly bezeg aýratynlygy bilen tapawutlanyp, 1200 inedördül metri eýeleýär. 100 orunlyk çaýhanada hyzmatyň ýokary derejesi kepillendirilýär.

Bagtyýar zaman obasynyň körpeleri üçin döwrebap çagalar bagynyň hem-de mekdebiň bina edilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüp gelýän nesil baradaky yzygiderli aladasynyň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda bina edilýän çagalar baglary we umumybilim berýän mekdepler hökmany ýagdaýda öňdebaryjy tehnologiýalar, döwrebap multimediýa hem-de interaktiw enjamlary bilen üpjün edilýär. Bu bolsa körpeleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini şertlendirýär we olaryň halkara ölçeglerine laýyk derejede bilim almagyna giň ýol açýar.

Mundan başga-da, ulgamlaýyn hojalygy bolan 550 telefon belgilik aragatnaşyk ulgamynyň binasy guruldy. Ol oba ilatynyň aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrýar. Şeýle hem bu ýerde degişli suwaryş ulgamlary, tehniki we kömekçi binalar guruldy. Bu ýerde zerur bolan ulag hem-de inženerçilik-tehniki ulgamlar, içerki ulag ýollary, suw geçirijiler, lagym we elektrik ulgamlary, gaz geçirijiler çekildi.

Ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary taýýarlananda, oba ýaşaýşynyň we milli ýörelgeleriň aýratynlyklarynyň, türkmen maşgalalarynyň köp çagalylygynyň nazara alnandygyny bellemeli. Ähli amatlylygy bolan iki gatly kottej jaýlarynyň 0,16 gektar ýeri bar. Jaýlarda birnäçe ýagty we giň otaglar, eýwanlar, myhman we ýatylýan otaglary, şol sanda çagalar üçin niýetlenen oýun otaglary, enjamlaşdyrylan aşhanalar, beýleki degişli otaglar, hususan-da, eşik çalşyrylýan otaglar, hammam we beýlekiler bar. Ýokary derejeli şunuň ýaly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany 420 inedördül metre barabardyr.

Bir gatly ýaşaýyş jaýlarynda hem ähli zerur oňaýlyklar üpjün edildi. Olaryň her birinde giň otaglaryň 4-si bolup, otaglaryň iň ulusynyň eýeleýän meýdany 42 inedördül metre barabardyr. Şeýle hem ýaşaýyş jaýynda häzirki zaman durmuş tehnikasy bilen üpjün edilen aşhana we beýleki zerur otaglar bar. Ýaşaýyş jaýlarynyň hemmesinde awtoulag üçin garaž niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, jemgyýetiň binýady bolan maşgalanyň berkidilmegine we olary goldamak işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň aýratyn söýgi bilen garaýan körpe nesilleri baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şunuň ýaly giň möçberli özgertmeleriň ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde hem üstünlikli amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Häzirki döwürde tutuş ýurdumyz ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Ýeri gelende aýtsak, bu işlere 2007-nji ýylyň martynda Esenguly şäherçesinde badalga berildi. Şonda Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine girişilip, obalarda täze durmuş kemala gelip başlady. Bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde tarp ýerlerde Döwletli, Altyn sähra, Ruhubelent etrap merkezleriniň, nusgalyk, döwrebap täze obalaryň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde Şasenem, Aşyk Aýdyň, Diýarbekir künjeklerinde, Ýylangyz, Bataş we beýleki tarp ýerlerde, şol sanda Jojuklyda, Amyderýanyň sag kenarynda onlarça müň gektara barabar bolan oba hojalyk ýerleri özleşdirilýär. Olardan bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň bol hasyly alynýar.

2012-nji ýylda Ahal welaýatynda Täze zaman obasynyň düýbi tutuldy. Şondan 3 ýyl geçenden soň ol ýerde durmuş we beýleki maksatly desgalaryň iri toplumy, mellek ýerleri bolan ýaşaýyş jaýlary, umumybilim berýän mekdep, çagalar baglarynyň ikisi, medeniýet öýi, iki seýilgäh we metjit gurlup, ulanmaga berildi. Ýerli ilat döwrebap bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň hyzmatyndan peýdalanyp, bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanýar. Munuň özi sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagynyň möhüm şertidir.

Lebap welaýatynda täze Garlyk şäherçesi peýda boldy. 2013-nji ýylyň tomsunda bu ýerde dürli maksatly desgalaryň 17-si gurlup, ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda geňeşligiň edara binasy, umumybilim berýän we sport mekdepleri, medeniýet öýi, çagalar bagy, hassahana, ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezi, aragatnaşyk ulgamy bolan poçta, awtoulag terminaly, amfiteatry bolan uly seýilgäh, bank bölümi bar. Şäherçäni gazlaşdyrmak üçin umumy uzynlygy 250 kilometrden gowrak bolan Bagtyýarlyk — Garlyk ýokary basyşly gaz geçirijisi çekildi.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesinde täze desgalaryň 10-dan gowragy guruldy. Olaryň hatarynda umumybilim berýän mekdep, çagalar bagy, Medeniýet öýi, dynç alyş seýilgähi, demir ýol menzili, telefon ulgamy bolan aragatnaşyk bölümi, dermanhanaly Saglyk öýi, söwda merkezi, maldarçylyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhana we myhmanhana bar.

Obasenagat toplumyndaky özgertmeleri durmuşa geçirmegiň netijeli guraly bolan «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde köpugurly türkmen obalarynyň döredilmegi, möhüm wezipeleriň toplumlaýyn çözgüdini nazarlaýan obasenagat etraplarynyň döredilmegi işjeň ýagdaýa eýe bolýar. Ekin hem-de öri meýdanlarynyň giňeldilmegi netijesinde, ekerançylyk we maldarçylyk kuwwatly ösüşe eýe boldy. Şunda dokma, azyk we beýleki senagat pudaklarynyň serişde binýady pugtalandyryldy. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny köpugurly esasda ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek babatdaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bilen berk baglanyşyklydyr.

Welaýatlarda täze kärhanalaryň, önümleri gaýtadan işleýän önümçilik desgalarynyň gurulmagy üçin ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Ýurdumyzyň gurluşyk, dag-magdan senagatyna giňden goldaw berilýär. Ýerli serişdelerden taýýarlanýan gurluşyk materiallarynyň önümçilik möçberleri artýar. Sebitleri ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine döwlet edaralary bilen bir hatarda dürli görnüşdäki hususy kärhanalar işjeň gatnaşýarlar. Oba ýerleri üçin zerur bolan oba hojalyk tehnikalary, awtobuslar, ýük ulaglary we beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegini, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Ekologiýa abadançylygy, adamlaryň netijeli işi üçin oňyn şertleriň döredilmegi durmuş derejesiniň ýokary hilini üpjün edýär. Şu maksat bilen ýurdumyzda seýilgäh zolaklaryny döretmek, şäherleriň we obalaryň suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin ägirt uly işler alnyp barylýar. Serişde we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Medeni-dynç alyş we sport merkezleriniň işleri göwnejaý ýola goýulýar.

Täze obalaryň döredilmegi müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy, medeni mirasyny goramak we durmuşyň täze talaplary bilen berk baglanyşyklydyr. Şöhratly pederlerimiziň bize miras goýan däpleriniň, gymmatly baýlyklarynyň mirasdüşerleri bolan häzirki nesiller saz sungatynda, halyçylykda, zergärçilikde, küýzegärlik işinde, atçylykda asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlary ösdürýärler. Şunda senetçiligi, özboluşly halk döredijiligini ösdürmek ulgamyna döwlet tarapyndan maksatnamalaýyn goldaw berilýär.

Umuman, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlarynda gazanylýan netijeler ýurdumyzyň eýe bolýan ägirt uly üstünliklerini alamatlandyrýar. Bu bolsa ähli ilatymyzyň, hatda has çetki obalarda ýaşaýan adamlaryň häzirki zaman amatlyklaryna bolan isleglerini kanagatlandyrýar we durmuş derejesini ýokarlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň möçberi beýik maksatlara laýyk gelýär. Bu ähli raýatlar üçin amatly şertleriň, halkymyzyň döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilmegini özünde jemleýän ýokary ösüşi bolan kuwwatly döwletde amal edilýän beýik işlerdir.