Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň täze Halkara howa menzilinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň howa menzilinde bina edilýän ýük terminalynyň gurluşygy hem-de onyň bunýadynda logistika merkezini gurmagyň barşy bilen gyzyklandy.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara howa menziliniň çäginde ýerleşýän ýük terminalyna geldi.
Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe pudak düzümleriň ýolbaşçylary garşyladylar. Wise-premýer S.Satlykow hormatly Prezidentimize “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, welaýatlardaky howa menzillerini döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýük terminalynyň esasy görkezijileri barada habar berdi.
Umumy meýdany 17 müň 174 inedördül metre deň bolan ýük terminaly ýylda 200 müň tonna ýüki kabul etmäge we ibermäge niýetlenendir. Onuň çäginde eksport we import zolaklary, iki sowadyjy jaý, dürli ýükleri saklamak üçin ammarlar bar. Şeýle hem bu ýerde Aragatnaşyk ministrliginiň “Türkmenpoçta” döwlet kompaniýasynyň paýlaýjy merkezi göz öňünde tutuldy. Poçta merkezi ýükleri kabul etmek we saýhallamak, hyzmat hem-de beýleki tehniki otaglary öz içine alýar.
Bu ýerde Aşgabadyň Halkara howa menziliniň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük bölüminiň poçta we ýük gatnawlary edaralarynyň, weterinar gullugynyň iş otaglary ýerleşdiriler.
Awia ýük gatnawlaryna ýerüsti hyzmat etmegiň döwrebaplaşdyrylmagy milli raýat awiasiýasyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň awiagullugynyň işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini amala aşyrmagyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziliniň ýük terminalynda işewürlik amallarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyryldy.
ETV (Elevating Transfer Vehicle) ulgamyý ýükleýiş-düşüriş beketlerinde hem-de uçarlaryň duralgasynyň golaýyndaky ýanaşyk ýerlerde elektron ýük-ulag binýatlaryny döretmegi öz içine alýar.
Import ýükleri bilen bagly amallar geçirilende, howa menzilinde gonan uçar ýük terminalynyň uçar duralgasynda saklanylýar. Ýükleri düşürmek işleri palet arkaly ýerine ýetirlýär hem-de ýerüsti tehnikanyň kömegi bilen konteýner ulaglara ýüklenilýär. Uçardan düşürilen ýükler ýük terminalyna ugradylýar. Operator gelip gowşan ýükleriň çyzgy-koduny barlaýar hem-de maglumatlar elektron merkeze iberilýär. Soňra ýükler paletde ýük terminalyna eltilýär we olaryň aýratynlyklaryna laýyklykda zolakda saklamak üçin bölünýär.
Zerur bolan ýük operator tarapyndan awtomatiki usulda getirilýär: ETV ulgamy anyk bir ýüküň saklanylýan ýerini kesgitleýär hem-de ony ýükleýiş-düşüriş bekediniň derwezesine eltýär. Ýük terminalynyň import bölüminde 4 sany ýükleýiş-düşüriş bekedi göz öňünde tutulandyr.
Eksport bölüminiň rentgen-telewizion enjamynda barlagdan geçiirlen ýükler ýükleýjileriň ýa-da platformalaryň kömegi bilen ýükleýiş-düşüriş bekedine iberilýär. Operator konweýer arkaly paletdäki ýüki ETV ulgamyna ugradýar. Bu bölümde hem 4 sany ýükleýiş-düşüriş bekedi bar. ETV ulgamyna gelip gowşan ýükler gatnawlaryň tertibine laýyklykda uçarlaryň durýan ýerine eltilýär. Ýükler operator tarapyndan ýük arabalaryna ýüklenilýär, olaryň kody barlanylýar we ulgamyň maglumatlaryndan aýrylýar.
Şeýlelikde, türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziliniň ýük terminaly diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň has ýokary tehnologiýaly örän iri howa ýük merkezine öwrüler.
Soňra wise-premýer S.Satlykow döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň desgalarynyň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy, onuň ýük terminalynyň enjamlaşdyrylyşy, netijeli awiagatnawlary hem-de hyzmat ulgamyny guramak üçin häzirki zaman düzümlerine tehnikalarynyň ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş howa menziliniň halkara ölçeglerine doly laýyk gelmelidigini, şeýle hem bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny aýratyn belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň Halkara howa menzilinde serhet, gümrük we migrasiýa gulluklarynyň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny belläp, howpsuzlygyň üpjün edilmeginde, öňdebaryjy tehnologiýalary we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýän iň täze usullaryň ornaşdyrylmagynda iň gowy dünýä tejribesini işjeň öwrenmek hem-de ornaşdyrmak babatynda görkezmeleri berdi.
Mundan başga-da, milli liderimiz uçarlaryň ýer üsti hereketini guramak we dolandyrmak ulgamynda esasy ölçegleriň we gözükdirmeleriň üpjün edilmegine, ýolbaşçylara hyzmat etmekde, ýükleri kabul etmekde hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň howa menzilde alyp barýan işlerine ünsi çekip, bu babatda ornaşdyrylýan enjamlaryň, ýola goýulýan hyzmatlaryň halkara standartlaryna doly gabat gelmegi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, ýola goýlan hyzmatlaryň möçberine we hiline baglylykda howa menziliniň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar.
Döwlet Baştutanymyz howa menziliniň ýer üsti önümçilik binýady hem-de desgalarynyň abadanlaşdyrylyşy bilen içgin gyzyklanyp, häzirki döwürde ulag pudagynyň ösdürilmeginiň geosyýasatyň möhüm ugrudygyny, sebitleýin we ählumumy möçberde durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge ukyply kuwwatly utgaşdyryjy serişde bolup durýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegi we bu ulgamda Halkara howa menziliniň ornunyň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitlemek bilen, wise-premýer S.Satlykowyň ünsüni howa menziliniň işini dolandyprmagyň guramaçylyk meselelerine çekdi.
Sebitleýin we sebitara ýollarynyň möhüm çatrygynda amatly geografiki ýagdaýy eýelemek bilen, ýurdumyz ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklerine eýedir we bu mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge çalyşýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Biziň howa menzilimiziň daşary ýurt awiakompaniýalarynyň – ýük gatnadyjylaryň hem-de ýolagçylaryň gyzyklanmasyna eýe bolmagy üçin onuň işini dünýä awiagatnawlary ulgamyndaky işleriň ýagdaýyna, öňdebaryjy tejribä hem-de dolandyryşyň has netijeli usullaryna ylmy seljermeleri hasaba alyp guramak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de myhmansöýerligiň milli ýörelgeleriniň häzirki döwrüň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrylmagynyň möhümdigini aýratyn belläp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman ulag-üstaşyr ulgamynyň döredilmeginiň wajypdygy barada aýdyp, ýurdumyzyň howa ulgamynyň ýokary düşewüntlilginiň üpjün edilmegine gönükdirilen birnäçe çäreleri kesgitledi. Olar Ýewraziýa halkara ýük gatnawlarynyň ägirt uly bölegini özünde jemlemelidir. Milli ulag-logistik ulgamyny giňeltmek maksatnamasy hut şu ugra gönükdirilendir. Munuň özi ýükleriň eltiş tizligini ýokarlandyrmaga, ýük daşamagyň dolandyryş ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, köp şahaly, garyşyk we howpsuz halkara ulag-logistik düzüminiň döredilmegi häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýändigini, “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň bu pudagyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz munuň özi yklymlaýyn ähmiýeti bolan iri üstaşyr geçelgesine öwrülýän ýurdumyzyň ulag mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyny şertlendirýändigini aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz howa menziliniň ýük terminalyndan çykyp, toplumyň meýdany bilen ýöräp, desgalaryň bina edilişi, jaýlaryň we beýleki düzümleriň timarlanylyşy hem-de bezegi boýunça ýaýbaňlanlyndyrylan işler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tanyşlygyň dowamynda gurluşyk serişdelerinden başlap dizaýner çözgütlerine çenli ähli hil görkezijileriniň doly berjaý edilmegine gözegçilik etmek barada tabşyryk berdi.
Türkmenistanyň ulag toplumy ýükleriň daşalýan we ýolagçylaryň gatnadylýan, şol sanda ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçýän möçberiniň artmagyny üpjün edýän önümçilik kuwwatlyklaryna eýe bolmagynda ýurdumyzyň baş howa derwezesi ähli babatda nusga bolmalydyr. Munuň üçin ýurdumyzda artykmaçlyklary amatly utgaşdyrmagyň hem-de peýdalanmagyň esasynda howa we ýerüsti ýollary birleşdirýän ulag gatnawynyň birleşen ulgamy döredilýär. Olar iri halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol hem-de howa ýollaryna çykýar.
Raýat awiasiýasy bu multimodal ulgamyň möhüm bölegi bolup, onuň ösüş derejesi ýurdumyzyň ulag-logistiki ulgamynyň halkara düzümine goşulyşmak depginlerini kesgitleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň täze Halkara howa menziliniň bu babatda aýratyn ähmiýetini belledi.
Ýurdumyzda eýýäm demir ýollaryň hem-de halkara ähmiýetli awtobanlaryň müňlerçe kilometri çekildi we taslamasy işlenip taýýarlanylýar, täze deňiz we howa duralgalary gurulýar hem-de hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylýar. Olaryň hemmesi bir bitewi uly logistik zynjyryň halkasy bolup, onuň işiniň oňat guralmagy milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, halkara söwda gatnaşyklaryny we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur şertleri döretmäge hyzmat eder.
Biziň çekýän täze ýollarymyz XXI asyryň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan döretmek bilen, halklary durnuklylyga hem-de parahatçylyga alyp barýar, çünki olar durnukly ösüşe, özara bähbitli hyzmatdaşlyga, goňşy döwletler, şeýle-de dünýäniň alys ýurtlarynyň halklary bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat edýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we awiaparky düýpli döwrebaplaşdyrmak bu pudakda tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilýän iri möçberli meýilnamalaryň möhüm ugry bolup durýar. Içerki hem-de halkara ugurlarynda ýolagçy gatnatmakda we ýük daşamakda bu pudaga möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzda bu ugurda anyk we yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.
“2012-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasy” howa menzilleriniň täzeleriniň gurluşygyny hem-de ozal hereket edýänleriniň, beýleki degişli desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagyny, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny, häzirki zaman uçarlaryň we beýleki zerur tehnikalaryň satyn alynmagyny,täze, şol sanda halkara ugurlarynyň açylmagyny, şeýle hem ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyny ugur edinýär.
....Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň täze howa menzilini gurmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanşyp, wise-premýerler Ş.Durdylyýewe we S.Satlykowa guramaçylyk meseleleri babatynda belliklerini aýdyp, bu strategiki taslamanyň durmuşa geçirilmegini örän jogapkärli wezipe bolup durýandygyny ýatlatdy hem-de bu taslamanyň derejesi islendik kemçilikleriň ýol berilmeginiň aradan aýrylmagyny talap edýändigini aýdyp, gurluşygyň tamamlaýjy tapgyrynda gözegçiligiň has-da güýçlendirilmegini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Halkara howa menziline baryp gören mahalynda paýtagtymyzdan howa gatnawlarynyň haýsy halkara ugurlar boýunça amala aşyrylýandygy, Aşgabadyň üstünden geçýän daşary ýurt awiagatnadyjylarynyň gatnawlarynyň gerimi, gelýän we gidýän ýolagçylar üçin döredilen şertler we milli awiakärhana hem-de degişli gulluklar tarapyndan ýerine ýetirilýän beýleki hyzmatlar barada hasabaty diňledi.
Paýtagtymyzyň täze Halkara howa menzilinde halkara ülňüleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän amatly garaşylýan we hasaba alyş zallary, eneler we çagalar üçin niýetlenen otaglar, maglumat tablosy, sorag-jogap bölümi, petek bölümleri, saklawhanalar, bankomatlar, ilkinji lukmançylyk kömegini berýän otaglar, restoranlar, duty-free dükanlary ýolagçylaryň hyzmatynda bolar. Şonuň bilen birlikde, uçarmanlar we üstaşyr ýolagçylar üçin ýokary amatlykly myhmanhana göz öňünde tutuldy.
Aşgabadyň Halkara howa menziliniň sagatda 1600 ýolagçyny kabul etmäge mümkinçiligi bolar. Ol dürli görnüşli we dürli ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul edip biler we olara halkara ölçegleriniň derejesindäki hyzmatlary üpjün eder.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabada gelýän we ýerli hem-de halkara ugurlary boýunça gidýän ýolagçylar üçin aňrybaş amatlylygy hem-de hyzmatyň ýokary derejesini üpjün etmegiň, işgärleriň we beýleki hünärmenleriň netijeli zähmet çekmegi üçin degişli şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli wise-premýere bu ugurda maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa menziliniň çäklerinde bina edilýän köp sanly desgalaryň bir bitewi toplumy emele getirmelidigine, bu ýerde göwnejaý timarlanan gök zolaklaryň, bagy-bossanlygyň döredilmelidiginiň, güller bilen bezelmeginiň, toplumyň estetiki keşbini emele getirip, ekologşiýa ýagdaýyň gowulanmagyna ýardam etjekdigine ýolbaşçylaryň ünsüni çekip, milli Liderimiz bu babatda tabşyryk berdi. .
Soňra döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň ýanynda bina edilýän köp zolakly awtomobil köprüsiniň ýanyna geldi. Bu ýerde Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem ulag akymlaryny dolandyrmak hem-de howa menziline barýan ýolda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz häzirki döwürde iri halkara ulag-üstaşyr geçelgesi we logistika merkezi hökmünde möhüm orna eýe bolýan ýurdumyzyň baş şäheriniň ýol düzüminiň okgünly ösdürilmegi häzirki döwrüň talaplaryna we dünýä ülňülerine doly laýyk gelmelidir diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz munuň awtoulag ýollarynyň gurluşygynyň ýokary hili, şeýle hem olaryň öňdebaryjy inženerçilik-tehniki üpjünçiligi babatynda hem esasy talap bolup durýandygyny belledi.
Paýtagtymyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Halkara howa menziliniň çäginde degişli abadanlaşdyrylyş işleriniň alnyp barylmalydygyny, bu ýerde ulaglar we ýolagçylar üçin ähli amatlyklaryň döredilmelidigini, iň esasy bolsa şäheriň ekologiýa derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabady ösdürmek, şähergurluşyk taslamalaryny amala aşyrmak, hususan-da, desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak, olarda ähli amatlyklary üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz täze awtomobil estakadasynyň töweregindäki meýdanlary abadanlaşdyrmagyň, bagy-bossanlyga büremegitň, çüwdürimler toplumyny we beýleki degişli desgalary gurmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Olaryň hemmesi ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidir we gözellik döretmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz köprüniň tehniki häsiýetnamalary bilen tanyşlygyň barşynda onuň gurluşygynda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiliniň hereket edýän kadalara we talaplara laýyk gelmeginiň möhümdigini belledi, şeýle hem ýan ýodalary we yşyklandyryş ulgamy gurmak babatda maslahatlary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, degişli ýolbaşçylara Aşgabatda abadanlaşdyrmak işleriniň barşyny, şeýle hem howa menziliniň ähli desgalarynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we bu ýerden ugrady.