Ï Türkmenistanda Rim Papasynyň Doly ygtyýarly wekili işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Rim Papasynyň Doly ygtyýarly wekili işe başlady

view-icon 1044
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Rim Papasynyň Türkmenistandaky Doly ygtyýarly wekili, Watikanyň nunsiýasynyň Apostoly jenap Paul Fitspatrik Rasselden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ony döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň we Watikanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Myhman öz nobatynda hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ýurdumyzyň ähli halkyna Rim Papasy Fransiskiň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Bitaraplyk derejesine ygrarly bolan Türkmenistanda Watikana wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Bitarap Türkmenistan ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilip, dünýäniň beýleki döwletleri bilen ynsanperwer we oňaýly gatnaşyklary ýola goýmaga işjeň ýardam edýär.

Myhmanyň belleýşi ýaly, diplomatik işi başlanmazdan öň ol ýurdumyza birnäçe gezek gelip görüpdir. Diýarymyz onuň kalbynda gowy ýatlamalary galdyrypdyr, şonuň üçin özüniň jogapkärli wezipä bellenilmegini geljek ýyl diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 20 ýyl dolýan Türkmenistanyň we Watikanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ýöredýän durmuş ugurly syýasatynyň esasyny düzýän ynsanperwer gymmatlyklar döwletiň demokratik sütünlerini berkitmäge, jemgyýetde ata-babalarymyzyň wesýet eden ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, umuman, adamyň abadançylygyny goramaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, nunsiý Apostola ýurdumyzda gender deňligi meseleleriniň çözülişi, köp çagaly maşgalalary goldamak, ilaty sport we sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek, ýaşlary terbiýelemek meselelerini çözmek babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi. Ata-babalarynyň parasatly wesýetlerine, milli taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamaga we ýaýmaga ygrarly bolan türkmen jemgyýetiniň durmuşynda Ýaşulular maslahatynyň eýeleýän ornuna, şunuň bilen baglylykda, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän çärelere aýratyn üns berildi.

Şeýle hem Watikanyň Doly ygtyýarly wekili milli parlamentiň düzümi hem-de kanunçykaryjylyk işiniň ugurlary bilen tanyşdyryldy.

* * *

Şu gün Rim Papasynyň Türkmenistandaky hemişelik diplomatik wekili ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Myhman medeni maksatnamanyň çäklerinde mukaddes ýerlere baryp gördi we paýtagtymyzdaky Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdy.