Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

view-icon 1122
Türkmenistanyn Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen Ahalteke atçylyk toplumyna geldi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda türkmen halkynyň milli buýsanjy ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny artdyrmak boýunça köptaraplaýyn işler ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzda ahalteke atçylygyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan halkara derejeli çäreler, şol sanda forumlar yzygiderli geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan iri möçberli işleriň netijesinde ýurdumyzyň atçylyk pudagy hil taýdan täze derejä çykaryldy. Ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, atçylyk sportunyň görnüşlerini hem-de at üstündäki milli oýunlary wagyz etmek boýunça deňi-taýy bolmadyk çäreler durmuşa geçirilýär.

Döwletimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde türkmen seýisleriniň we atşynaslarynyň “behişdi bedewleriň” arassa ganly tohumyny saklamak, ady rowaýata öwrülen atlaryň görnüşlerini kämilleşdirmek boýunça döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanylyp, netijeli işleriň geçirilýändigini bellemek gerek. Bütin dünýäde meşhur bolan ýelden ýüwrük bedewleriň şöhraty dünýä dolýar. Biziň ata-babalarymyz köp ýüzýyllyklaryň dowamynda tutanýerli zähmetini gaýgyrman, özleriniň ähli zehinini siňdirip, hakyky sungat eserlerine deň bolan täsin türkmen bedewlerini kemala getirijiler, olaryň tohum arassalygyny saklap, nesilden-nesle kämilleşmegini gazandylar.

Milli Liderimiz ussat çapyksuwar, behişdi bedewlere çuňňur sarpa goýýan atşynas hökmünde boş wagtlaryny bedewler bilen didarlaşmaga bagyşlaýar.

Ozal habar berilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň şu ýylyň birinji ýarymynda gazanylan netijelerine bagyşlanylan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna 25-nji iýuldan zähmet rugsadynyň berilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň zähmet rugsadynyň nobatdaky gününde agtyklary bilen Ahalteke atçylyk toplumyna bardy.

Şunda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bina edilen häzirki zaman Atçylyk sport toplumlarynyň diňe bir atşynaslygyň kämilleşdirilmegine däl-de, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, şol sanda ýaş atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň hem-de atlary ösdürip ýetişdirýän seýisleriň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam edýändigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn işleri netijesinde häzirki wagtda atçylyk sporty, at çapyşyklary ýurdumyzda ägirt uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýaş nesliň wekilleriniň barha köpüsiniň ajaýyp ahalteke bedewleri bilen öz ykbalyny baglaýandygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň agtygy Kerimguly Berdimuhamedow ýetginjekleriň arasynda geçirilýän ýaryşlarda has ýokary netije görkezip, ýeňiji boldy. Şu gün milli Liderimiziň kiçi agtygy Ysmaýyl çapyksuwarlyk sungaty bilen meşgullanmaga höwes bildirýändigini beýan edip, babasyndan bedewe atlanmaga rugsat bermegini haýyş etdi. Öň at münüp görmedik agtygynyň bu haýyşyny döwlet Baştutanymyz makullady. Mähriban Arkadagymyz bedewiň jylawyndan tutup, agtygyna ata atlanmagy öwredýär. Körpe agtyk ata atlanyp, manežde aýlanyp başlaýar. Ol manežde birnäçe öwrüm edýär. Soňra Kerimguly Ysmaýyla eýerde ykjam oturmalydygyny, jylawy tutmagyň usullaryny, mahlasy, atyň üstündäki adamyň bedew bilen bir hörpden gopmalydygy, dem alşyň hem bedewiňki bilen sazlaşmalydygy bilen baglanyşykly maslahatlary berdi.

At çapmaga uly höwesi bolan agtygynyň hereketine syn etmek, onuň babasy—milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üçin örän buýsançly wakadyr. Hormatly Prezidentimiz agtygynyň bedewe erk edişini synlap, onuň erjelligine, yhlasyna guwandy. Bu görnüşler türkmen bedewine goýulýan uly sarpany we asylly ýörelgeleriň nesilden-nesle geçýändigini alamatlandyrýan aýdyň pursatdyr.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň atasynyň dogany Aba Annaýew öz döwrüniň meşhur atşynaslarynyň biri bolup, ahalteke bedewleriniň genofonduny saklap galmak we kämilleşdirmek işlerine ägirt uly goşant goşdy. Ata bolan çäksiz söýgi, maşgala dessuryna öwrülýär.

Bu ajaýyp göreldäniň milli Liderimiziň agtyklary üçin üýtgewsiz durmuş ýörelgesine öwrülendigi buýsançlydyr. Döwlet Baştutanymyzyň agtygy bedewlere söýgini, göwnejaý ideg etmegi, ussatlyk bilen erk edip, at çapmagyň inçe tilsimlerini babasyndan yhlas bilen öwrenjekdigini aýdýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çäksiz aladasy netijesinde at-owazasy, şan-şöhraty dünýä dolan halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda ösdürip ýetişdiren hem-de kemala getiren şöhratly bedewlerimiz milli we dünýä medeniýetiniň gaýtalanmajak nusgasy bolup, tebigy gözelligi hem-de ajaýyplygy, wepadarlygy bilen älemi haýran galdyrmagyny dowam edýär.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyna häzirki döwrüň üsti bilen täzeçe baha bermäge mümkinçilik döretdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda gaýtadan dikeldilýän däp-dessurlar döwürleriň hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde milli mirasyň we taryhy tejribäniň ornuny äşgär etdi.