Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenç etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenç etdi

view-icon 924
Zähmet dynç alşynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň adamyň, halkymyzyň saglygyny berkitmegiň iň gowy serişdesi hökmünde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga garaýşy amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Bu syýasatyň maksady türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmakdan, beden taýdan sagdyn hem-de ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdyr.

Häzirki döwürde Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar, onuň jemgyýetdäki ähmiýeti ýokarlanýar. Munuň özi häzirki döwrüň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şahsy görelde görkezýär.

Ine, şu gün hem milli Liderimiz endigine görä, welosipedli gezelenç edip, sport maşklary bilen meşgullandy. Döwlet Baştutanymyz yzygiderli türgenleşikleriň netijesinde gazanylýan berk beden taýýarlygyny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sport düzümini ösdürmäge, köpçülikleýin sport-tomaşa çärelerini, ýaryşlary, şol sanda sportuň ýurdumyzda indi ösüp başlan görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmäge uly üns berýär. Munuň özi indiki ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde hem uly ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda degişli çäreler, şol sanda umumymilli spartakiadalar, sportuň dürli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlary, şol sanda Aziýanyň çempionatlary yzygiderli geçirilýär. Sport ulgamynyň, şol sanda ýurdumyzda gaýtadan dikeldilen welosiped sportunyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär.

Welosipedçileriň ilkinji jemgyýeti Aşgabatda XIX asyryň ahyrynda, 1894-nji ýylda, ýagny, 122 ýyl mundan ozal döredilipdi. Şondan bir ýyl geçenden soň bolsa, Türkmenistanda welosiped sportunyň ösüşine badalga beren welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda sportuň bu görnüşi öňden gelýän däbe eýedir. Häzirki döwürde özygtyýarly Türkmenistanda welosport täze ösüşe eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanda welosporty ösdürmegiň meseleleri hakynda” ýörite Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda 2013—2017-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde sportuň bu görnüşini yzygiderli ösdürmäge, oňa ýaşlary işjeň çekmäge hem-de türgenleriň halkara derejesinde türgenleşigini geçirmäge gönükdirilen anyk çäreler işlenip taýýarlanyldy. Şunuň netijesinde ýurdumyzda welosiped sportunyň ösüşine kuwwatly itergi berildi. Munuň özi ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň Aziada — 2017-de üstünlikli çykyş etmegine oňaýly şertleri döredýär.

Sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlar paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň arenalarynyň birinde — ajaýyp üsti ýapyk welotrekde geçiriler. Bu ýerde göz öňünde tutulan şertler halkara ýaryşlaryny we bäsleşiklerini, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Welotrek 6 müň tomaşaça niýetlenendir. Desgada zerur bolan düzümleriň ählisi göz öňünde tutuldy. Munuň özi türgenler we tälimçiler, tehniki hem-de hyzmat edýän işgärler, žurnalistler we elbetde, tomaşaçylar — welosiped sportunyň muşdaklary üçin oňaýly şertleri döredýär.

Aşgabatda Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda ýapyk welotregiň açylmagy bilen milli welosport hereketiniň taryhynda täze sahypa açyldy, çünki, şeýle görnüşdäki desga Türkmenistanda ilkinji gezek guruldy. Desganyň hiline diňe bir synag ýaryşlaryna gatnaşanlar däl, eýsem, welosipedçileriň Halkara birleşiginiň hünärmenleri hem ýokary baha berdiler we bu ýerde dünýä çempionatlarynyň geçirilmegine gyzyklanma bildirdiler.

Hususan-da, bu barada Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň geçen ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda türkmen paýtagtynda geçirilen 34-nji Baş Assambleýasynda gürrüň edildi. Onuň işine Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň 62-siniň Milli Olimpiýa komitetleriniň, sportuň V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna giren görnüşleri — welosport, suwda ýüzmek, guşakly göreş, sport göreşi (erkin we grek-rim), ýeňil atletika, kikboksing, konkur, basketbol, tennis, küşt we beýleki görnüşleri boýunça halkara federasiýalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Bu giň möçberli forumyň Türkmenistanda geçirilmegi halkara sport dünýäsinde Garaşsyz, Bitarap döwletimize goýulýan uly hormatyň, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleriniň bütin dünýäde ykrar edilmeginiň nyşanydyr.

Biziň ýurdumyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdary bolmak bilen, dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýeti bolan meseleleri yzygiderli teklip edýär hem-de olary çözmäge işjeň gatnaşýar. Aşgabatda geçirilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň mejlisi halkara Olimpiýa hereketine işjeň gatnaşyjy hökmünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana dünýä jemgyýetçiliginiň ynamynyň ýokarydygyny aýdyň görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz 1993-nji ýyldan bäri Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň doly hukukly agzasy bolup durýar. Halkara Olimpiýa Komiteti we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu guramalaryň Olimpiýa hereketini we sporty ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirilen işlerine hemmetaraplaýyn ýardam berip gelýär. Şoňa görä-de, 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Kuweýt döwletinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakyndaky şertnama gol çekildi.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Şeýh Ahmad Al-Fahad Al Sabah Aşgabat forumynyň barşynda Milli Olimpiýa komitetleriniň assosiasiýasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sport hereketini we bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin ýörite sylagy gowşurmak hakyndaky çözgüdini beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz bildirilen hormat üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýokary sylaga Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana goýulýan hormatyň, halkara sport hereketine ýurdumyzyň goşan goşandynyň ykrar edilmeginiň, umumy maksatlara ýetmekde hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň nyşany hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Foruma gatnaşyjylar ýurdumyzyň welosiped sportuny ösdürmekdäki kuwwatyny aýratyn nygtadylar. Bellenilişi ýaly, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjigine dünýäniň islendik ýurdy buýsanyp bilerdi. Bu täsin sport toplumy ähli babatda iň ýokary talaplara laýyk gelýär we Merkezi Aziýa sebitinde onuň deňi-taýy ýokdur. Olimpiýa ülňülerine laýyklykda gurlan ajaýyp üsti ýapyk welotrek onuň esasy desgalarynyň biri bolup durýar.

Şeýle desganyň gurulmagy Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmekde örän möhüm ädimdir. Bu desga giň möçberli ýaryşlaryň geçiriljek ýerine öwrüler. Halkara welosport birleşigi ýakyn ýyllarda Aşgabatda şu trekde welosiped boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge gyzyklanma bildirýär. Halkara welosport birleşiginiň bilermenleri eýýäm Aşgabadyň täze welotregine gelip gördüler we bu desganyň ýokary hillidigini bellediler hem-de guramanyň ýolbaşçylary bu ýerde dünýä derejesindäki ýaryşlaryň geçirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Nygtalyşy ýaly, hut Türkmenistanyň Baştutany türkmen paýtagtynda Olimpiýa şäherjigini gurmak başlangyjyny öňe sürdi hem-de hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns bermegi netijesinde bu ägirt uly taslama iş ýüzünde durmuşa geçirilýär.

Umuman, Olimpiýa şäherjigi barada aýdylanda, bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzda ýokary netijeler sportunyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmelidigini bellemelidiris. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilýän täsin toplum özüne sport we beýleki degişli düzümleýin desgalaryň 30-dan gowragyny birleşdirýär.

Şäherjigiň desgalarynyň uly sanawynda 45 müň orunlyk täze Olimpiýa stadiony, 6 müň orunlyk üsti ýapyk welotrek, başa-baş sport göreşi we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen 5 müň hem-de 15 müň orunlyk üsti ýapyk arenalar, 5 müň orunlyk üsti ýapyk ýeňil atletika meýdançasy, 5 müň orunlyk üsti ýapyk suw toplumy we suwda ýüzülýän üsti açyk howuz, degişlilikde 4 müň we 2 müň orunlyk üsti ýapyk we açyk tennis meýdançalary, 1 müň orunlyk münberli köpugurly sport meýdançalary we sportuň toparlaýyn görnüşleri üçin niýetlenen açyk meýdançalar, şeýle hem kiçi we uly türgenleşik zallary bar.

Şäherjigiň desgalarynyň biri-de, uzynlygy 5 müň 180 metre barabar bolan şäherjigiň giň çägini gurşap alan hem-de onuň sport desgalaryny öz aralarynda baglanyşdyrýan monorels ýoludyr. Onuň tutuş ýolunyň ugrunda talabalaýyk enjamlaşdyrylan we täsin bezelen menzilleriň birnäçesi göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda estakada ulagynyň bu görnüşi dünýäniň dürli ýurtlarynda giňden ulanylýar. Ýokardan çekilýän şeýle polat ýollaryň esasy artykmaçlyklarynyň biri-de olaryň ýerüsti ulaglaryň hereketine düýbünden päsgel bermeýändigi we şunda ýolagçylar üçin örän amatlydygy bilen baglanyşyklydyr.

Mundan başga-da, Olimpiýa şäherjiginiň düzümine lukmançylyk we dikeldiş merkezleri, doping-gözegçilik merkezi, şeýle hem halkara gepleşikleri alyp görkezmek we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işlemegi üçin zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen merkez, jemgyýetçilik medeni merkezler, işewürler merkezi, türgenler we myhmanlar üçin kaşaň myhmanhanalar, beýleki degişli desgalar girýär. Köpugurly toplumyň sport desgalarynyň ählisi halkara ülňülerine hem-de şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de soňra sport desgalarynyň halkara ýaryşlar üçin meýdançalar hökmünde işjeň ulanylmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär.

...Milli Liderimiz welosipedli gezelenç mahalynda dag eteginiň ajaýyp görnüşine syn etdi. Döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda haýwanlaryň dürli görnüşleri, şol sanda Gyzyl kitaba girizilen haýwanlaryň sany ep-esli artdy. Döwlet Baştutanymyz ýoluny dowam edýärkä, ýygy-ýygydan duş gelýän örän hüşgär, ýöne adamlara öwrenişen jerenlere, şeýle hem asmanda uçup ýören bürgütlere hem-de laçynlara we beýleki jandarlara syn etdi. Tebigy şertlerde ösýän dürli agaçlaryň hem-de köpçülikleýin döredilýän ýaşyl zolaklaryň hasabyna dag eteginiň ösümlik dünýäsi hem baýlaşdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawa hemişe aýawly garamagyň, amatly ekologiýa ýagdaýyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtaýar. Aşgabatda we paýtagtymyzyň töwereklerinde, şeýle hem ýurdumyzyň ähli ilatly ýerlerinde ýaşyl zolaklaryň sany ýylsaýyn artýar. Her ýyl ýaz paslynda, ählihalk ýowarynda milli Liderimiziň hut özi bag ekmek möwsümine badalga berýär. Umuman, ýylyň dowamynda ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 3 million düýbi oturdylýar. Olar ozaldan bar bolan baglar bilen birlikde şäherlerimiziň we obalarymyzyň ýaşyl zolaklarynyň çägini barha giňeldýär.

Bularyň ählisi ildeşlerimiziň abadançylygyny artdyrmaga, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Paýtagtymyzyň eteginde dynç alýanlaryň tebigat bilen ýakynlaşmagy, işjeň dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär.

Tomus paslynyň — köpçülikleýin dynç alyş möwsüminiň gelmegi bilen tebigatda gezelenç etmek we dynç almak üçin mümkinçilikleriň döredilmegi uly ähmiýete eýe bolýar, galyberse-de, bu ýere tutuş maşgalalar çagalary bilen dynç almaga gelýärler. Olaryň boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin ähli şertleri döretmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Şunuň bilen baglylykda, ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşini — welosipedleri işjeň ulanmak, olarda gezelenç etmek hem maksadalaýykdyr. Geljekde Aşgabadyň etegindäki ýollarda iri ýaryşlary, şol sanda halkara derejesindäki welosiped ýaryşlaryny geçirmek bolar.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly welosipedde gezelenç etmek türgenleşigiň iň meşhur görnüşi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, syýahatçylygyň giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler üçin syýahatçylygyň geljegi örän uludyr.

Milli Liderimiz Aşgabatda hem-de Awazada geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişlere ençeme gezek gatnaşyp, bu giň möçberli sport çärelerine ýolbaşçylyk etdi. Şeýle ýörişlere gatnaşmak bilen, döwlet Baştutanymyz egindeşlerine sportuň bu görnüşiniň peýdasy, welosipedli türgenleşikleriň dürli keselleriň öňüni almakda hem-de myşsa we nerw ulgamyny berkitmekde adamyň bedenine edýän oňyn täsiri barada köp gezek gürrüň berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, welosipedde gezelenç etmek ruhy taýdan uly lezzet berýär, şol bir wagtyň özünde ajaýyp tebigatymyzy synlamaga, daşky gurşawy öwrenmäge, tebigatyň ajaýyp ýerlerine baryp görmek arkaly mähriban ülkämiz bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişiň barşynda hormatly Prezidentimiz latyn dilinden terjime edilende, welosiped sözüniň “çalt aýak” diýen manyny berýändigini, halkara pikir soraşylmagynyň netijesinde ulagyň bu görnüşiniň adamzadyň iň ajaýyp açyşy diýlip ykrar edilendigini gürrüň berdi. Sesleriň sany boýunça welosiped hatda telefon we Internet ýaly açyşlardan öňe geçdi.

…...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenji dowam edip, daş-töweregi bagy-bossanlyga öwürmek çäresiniň netijeli häsiýete eýedigine hem-de baglara ideg etmek we olary suwarmak işlerini dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiziň hemişe nygtaýşy ýaly, sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglygy berkitmäge hem-de işjeňligi ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Bilşimiz ýaly, bu babatda milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanyp, eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýadawsyz zähmet çekmek bilen, biziň ählimize görelde bolýar.