Ï Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň federal maliýe ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň federal maliýe ministrini kabul etdi

view-icon 962
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň federal maliýe ministri jenap Ulrih Maureri kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda mähirli garşylandygy üçin hoşallyk bildirip, ýüzbe-ýüz duşuşykda maliýe-bank ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige örän şatdygyny nygtady. Şweýsariýada Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşine, abadançylyk hem-de rowaçlyk ýolunda gazanýan üstünliklerine uly gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli garşylap hem-de hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň döwletimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy ugrudygyny nygtady. Munuň özi özygtyýarly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň milli ileri tutulýan ugurlaryna hem-de esasy wezipelerine doly laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz we Şweýsariýanyň federal maliýe ministri iki ýurduň ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýändiginiň tassykladylar. Munuň üçin ähli şertler bar, ilkinji nobatda bolsa, taraplaryň ikisi hem deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýardyr.

Myhman Ýewropanyň maliýe toparlarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli maliýe-bank ulgamyny pugtalandyrmak boýunça soňky ýyllarda ädilen netijeli ädimlere ýokary baha berýändiklerini nygtady. Şol netijeli çäreler bolsa dünýäniň ykdysadyýeti üçin ýeňil bolmadyk döwürde durmuş-ykdysady ösüşi ýokary depginde saklamaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda okgunly ösýän, ägirt uly serişdeler hem-de ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan daşary ýurtlaryň işewür toparlary hem-de geljekki maýadarlar üçin uly gyzyklanma döredýär. Olary ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de ygtybarly kanunçylyk binýady özüne çekýär. Bularyň ählisi halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly taslamalara hem-de giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şweýsariýanyň federal maliýe ministriniň pikirine görä, iki ýurduň hem Halkara pul gaznasynda we Bütindünýä bankynda bir ýerine ýetiriji topara girýändigi olaryň has ysnyşykly gatnaşyklary üçin oňat mümkinçilikleri döredýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, türkmen-şweýsar gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler we taraplaryň ähli esasy ugurlarda dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Duşuşyga Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Ştalder gatnaşdy.