Ï Türkmenistan dünýä metbugatynyň sahypalarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan dünýä metbugatynyň sahypalarynda

view-icon 974
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli we netijeli daşary hem-de içeri syýasaty, ýetip gelýän şanly senäniň - döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda aýratyn ähmiýete eýe bolýan häzirki Türkmenistanyň gazanýan haýran galdyryjy üstünlikleri ýylsaýyn dünýä jemgyýetçiligi hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan uly gyzyklanma döredýär. Dünýäniň dürli künjeklerinde neşir edilýän meşhur žurnallaryň sahypalarynda yzygiderli peýda bolýan köpsanly makalalar hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Polşanyň “AMBASADOR” žurnaly

Polşanyň “AMBASADOR” žurnaly nobatdaky sanynda okgunly ösýän döwletimiziň şu gününe bagyşlanan makalalaryň ençemesini ýerleşdirdi. Bu žurnal Polşa Respublikasynyň syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni durmuşynda möhüm wakalary beýan edýär.

Polýak we iňlis dillerinde hödürlenilýän mowzuklaýyn syn Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny gazanan gününden bäri geçen döwürde ýurdumyzyň iň täze taryhynyň wakalary hem-de türkmen döwletliliginiň berkararlygynyň esasy tapgyrlary barada gürrüň berýän makala bilen açylýar.

Makalada Aşgabatda bina edilen ägirt uly ýadygärlik toplumy bolan Garaşsyzlyk binasynyň täze taryhy eýýamyň özboluşly nyşanyna öwrülendigi bellenilýär. Onuň binagärlik—heýkeller toplumy halkymyzyň kuwwatly hem-de özbaşdak döwlet baradaky arzuwlarynyň hasyl bolandygyny alamatlandyrýar. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzdaky bu uly binanyň suraty žurnalyň daşky sahabyndaky fotokollažyň bezegine öwrüldi.

Makalada Türkmenistan üçin möhüm waka — 1995-nji ýylyň dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolunmagy bilen baglanyşykly waka aýratyn üns berilýär. Bitaraplyk derejesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň halklarynyň we döwletleriniň arasynda dostluk gatnaşyklaryny hem-de özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň esasyny düzýär.

Dünýä bileleşigi tarapyndan berlen täsin bitaraplyk hukuk derejesi häzirkizaman halkara gatnaşyklarynda üstünlikli täze tejribe bolmak bilen çäklenmän, ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklar üçin ygtybarly esas boldy. Geçen ýyl ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda bitaraplyk derejämiziň 20 ýyllygy giňden bellenilip geçildi.

Türkmen Lideriniň bar bolan ägirt uly parahatçylyk döredijilik, ykdysady, ynsanperwerlik we serişdeler kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga gönükdirilen oňyn hem-de öňdengörüjilikli syýasaty Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişliginde abraýynyň has-da artmagyny şertlendirdi. Soňky ýyllarda durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary derejede saklanyp galmagy hem ýurdumyzyň abraýynyň belende galmagyna ýardam edýär.

Türkmenistan halk hojalyk toplumynyň möhüm pudagy bolan senagat ulgamynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak hem-de ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugruny seçip alyp, iň gowy dünýä tejribesini işjeň öwrenýär hem-de ornaşdyrýar diýlip, makalada nygtalýar. Möhüm maksatnamalaryň ençemesi, şol sanda ýurdumyzda öndürilýän eksport önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasy kabul edildi. Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bolsa milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine, türkmenistanlylaryň abadançylygynyň ýokarlanmagyna hem-de döwletimiziň gülläp ösmegine ýardam edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler we möhüm ähmiýetli düzümleýin taslamalar, ýurdumyzyň giň halkara hyzmatdaşlygyna açyklygy hem-de daşary ýurt işewürleri üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi daşary ýurtly işewür toparlaryň geljegi uly, okgunly ösýän türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge hem-de dürli ulgamlarda, ilkinji nobatda bolsa, nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan taslamalara işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanmasyny şertlendirýär.

Ýurdumyzyň garaşsyz daşary ýurt bilermenleri tarapyndan tassyklanan ägirt uly ýangyç gorlary, ilkinji nobatda, gury ýerde “mawy ýangyjyň” iň iri gory bolan “Galkynyş” gaz käni ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny diňe bir türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak maksadyna däl, eýsem, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirjekdigini öwran-öwran nygtaýar. Ýurdumyzyň tebigy gazynyň dünýäniň iri bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr.


Türkmen tarapynyň soňky ýyllarda başyny başlan anyk taslamalary köpugurly energetika diplomatiýasyny yzygiderli amala aşyrmakda anyk ädimler bolup durýar. Olaryň hatarynda Türkmenistan-Eýran, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijileriniň gurulmagyny, Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) turbageçirijisiniň gurluşygynyň başlanmagyny, şeýle hem soňky ýyllarda gyzyklanma bildirýän taraplaryň Ýewropa ugry boýunça gaz geçirijisiniň taslamasyny işjeň ara alyp maslahatlaşýandyklaryny görkezmek bolar.

Makalada ýurdumyzda amala aşyrylýan milli we sebit ähmiýetli giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň daşary ýurtlaryň, şol sanda dostlukly Polşanyň işewür toparlary bilen işjeň gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açýandygy bellenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň iýul aýynda Warşawada Türkmenistanyň hem-de Polşa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda taraplaryň ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmegiň we köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, syýasy geňeşmelere özara ynanyşmak hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde garaýandyklaryny nygtadylar.

“Türkmenistan: täsin medeniýetiň we syýahatçylygyň mekany” atly ikinji makalada ýurdumyzyň ägirt uly syýahatçylyk kuwwaty barada gürrüň berilýär. Türkmenistan gaýtalanmajak tebigy ýerleri, täsin tebigy goraghanalary hem-de gadymy taryhy — arheologiki ýadygärlikleri, meşhur “Arçman”, “Mollagara”, “Baýramaly”, “Ýyly suw” şypahanalary hem-de täze taryhy eýýamyň ägirt uly binalary bilen meşhurdyr. Şol binalaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Häzirki wagtda syýahatçylyk dünýä ykdysadyýetiniň ýokary düşewüntli hem-de geljegi uly ugry hökmünde ykrar edildi. Şoňa görä-de, ýurdumyzda bu ulgama aýratyn üns berilýär. Döwletimiz sagaldyş, medeni, ekologiýa, sport, işewürlik syýahatçylygyny hem-de onuň beýleki görnüşlerini ösdürmek üçin ähli şertleri döredip, içerki we daşarky bazarlarda milli syýahatçylyk ulgamyny ilerletmek maksady bilen, pudaga hem-de täze taslamalary durmuşa geçirmäge maýa goýumlaryny işjeň çekýär. Merkezi Aziýanyň syýahatçylyk merjeni hökmünde ykrar edilen, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi soňky ýyllaryň giň möçberli taslamalarynyň biri boldy.

Bir mahallar çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistany açyk asmanyň astyndaky muzeý diýip atlandyrmak bolar. Änew, Altyndepe, Maşat-Missiriany, Sarahs, Goňurdepe hem-de ýurdumyzyň beýleki ýüzlerçe ýadygärlikleri, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý türkmenleriň dünýäniň genji-hazynasyna ägirt uly goşandydyr. 2016-njy ýylyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilmegi hökümetimiziň hem-de hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň baý medeni mirasyny giňden wagyz etmek meselelerine aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, meşhur halkara neşiriniň sahypalarynda türkmen halylarynyň we ahalteke bedewleriniň köpasyrlyk taryhyna uly üns berilýär. Bu gymmatlyklar bütin dünýäde giňden ykrar edildi hem-de häzirki wagtda medeniýetiň aýrylmaz bölegi we milletiň beýik genji-hazynasy hem-de buýsanjy bolup durýar.

Täsin taryhy-arheologiki ýadygärlikleriň, deňiz kenarynyň hem-de mähriban Diýarymyzyň gaýtalanmajak tebigatynyň köpöwüşginli suratlary bilen bezelen makalada köpsanly daşary ýurtly okyjylara türkmenleriň gadymy däp-dessurlary barada hem gürrüň berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şol ajaýyp däpler mynasyp dowam etdirilýär.

Hindistanyň “Business Сentral Asia” žurnaly

Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde neşir edilýän hem-de Aziýa sebitiniň ýurtlarynda we onuň çäginden daşarda ýaýradylýan meşhur “Business Сentral Asia” halkara žurnaly nobatdaky ýörite sanyny Türkmenistana bagyşlady. Makalalaryň, söhbetdeşlikleriň uly toplumy ahalteke bedewine bagyşlandy. Bedewiň suraty žurnalyň nobatdaky sanynyň daşyny bezeýär.

Bellenilişi ýaly, ganatly türkmen bedewleri ýaş, özygtyýarly döwletiň hakyky nyşanyna öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Ahalteke bedewiniň şekiliniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezi böleginde ýerleşdirilmegi tötänden däldir. Munuň özi türkmenleriň ýyndam hem syratly ahalteke bedewlerine aýratyn mähir bilen garaýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu ajaýyp bedewler ähli döwürlerde gaýduwsyz ýigitleriň wepaly ýoldaşy we dosty bolupdyr. Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan köpsanly nakyllary hem muňa şaýatlyk edýär. Şol nakyllaryň birinde bolsa “Suw — ýaşaýyş, at — ganat, haly — türkmenleriň kalby” diýilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýelden ýyndam täsin bedewlerimiz maddy medeniýetiň hakyky baýlygydyr, türkmen halkynyň umumy adamzat gymmatlyklaryna goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandydyr, onuň beýik buýsanjy we şöhratydyr diýip nygtaýar.

Milli Liderimiziň uly üns bermegi hem-de aladasy netijesinde ahalteke bedewiniň köp asyrlyk şöhraty artýar, dünýäniň dürli künjeklerinde behişdi bedewleriň muşdaklarynyň sany barha köpelýär. Ýurdumyzda atçylygyň ösdürilmegine hem-de bu ajaýyp bedewleriň meşhurlygynyň has-da artdyrylmagyna ýardam eden möhüm çäreler görülýär. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi, tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap aýlawlar hem-de iri atçylyk sport toplumlary guruldy, abraýly umumymilli bäsleşikler döredildi, naýbaşy atlaryň sergileri yzygiderli guralýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny saklamaga we gowulandyrmaga, täze ugurlaryny döretmäge, arassa ganly atlaryň sanyny artdyrmaga gönükdirilen uly ylmy-seçgi işleri alnyp barylýar.

Çap edilen makalalarda bu täsin atlaryň tohumynyň dörän ýeri bolan Türkmenistana hem-de asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda şan-şöhrata eýe bolan behişdi bedewlere halkara jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasynyň ýokarlanmagyna köp babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň meşhur “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynyň ýardam edendigi bellenilýär. Bu kitap 2008-nji ýylyň güýzünde neşir edildi we dünýäniň köp dillerine, şol sanda hindi diline hem terjime edildi hem-de dünýäniň dürli künjeklerinde okyjylar üçin elýeterli boldy. Şu ýyl türkmen Lideriniň ýene-de bir kitaby — “Gadamy batly bedew” atly kitaby çapdan çykdy.

Türkmen bedewiniň baýramy türkmen halkynyň bütin dünýä owadan hem-de syratly ahalteke bedewlerini peşgeş beren ata-babalarymyzyň gadymy däp-dessurlaryna aýawly garaýşynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Bu baýram Türkmenistanda aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden we dabaraly bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyga gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň sany ýylsaýyn artýar. Žurnalyň sahypalarynda baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursatlaryny aýdyň şöhlelendirilen suratlara aýratyn orun berilýär.

“Ahalteke bedewi türkmenleriň arzuwynyň hasyl bolmagydyr. Bu bedewler zehinli hem-de zähmetsöýer halkyň medeniýetiniň bir bölegidir, onuň ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklere ymtylmasynyň nyşanydyr” –makalalaryň awtorlarynyň – meşhur daşary ýurtly atşynaslaryň, ippolog-alymlaryň, seýisleriň we çapyksuwarlaryň umumy pikiri şeýledir.

At çapyşyklary we konkur boýunça guralýan ýaryşlar baýramçylyk dabaralaryna özboluşly öwüşgin çaýýar. Mälim bolşy ýaly, atlaryň päsgelçilikden bökmegi boýunça ýaryşlar 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň joşgunly çykyşlary myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Bu toparyň ata Watanymyzdaky hem-de daşary ýurtlardaky her bir çykyşy uly üstünlik bilen tamamlanýar.

“Business Сentral Asia” žurnalynda ýerleşdirilen makalalar toplumy beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanan makala bilen dowam etdirilýär. Onuň döredijiliginde watançylyga, türkmen halkynyň agzybirligine we jebisligine çagyryşlar, türkmen döwletini döretmek baradaky arzuwlar esasy orun eýeleýär.

Türkmen nusgawy şahyry öz şygyrlarynda adalatlylyk, deňlik hem-de doganlyk ýörelgelerine esaslanýan durmuş gurluşynyň esasy häsiýetlerini beýan etdi. Beýik Magtymgulynyň bitewi hem-de agzybir türkmen halky baradaky arzuwy 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda hasyl boldy. Şonda özygtyýarly döwlet — Garaşsyz Türkmenistan esaslandyryldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Magtymguly Pyragynyň beýik ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulan goşgulary öňküsi ýaly, dünýäniň köp dillerinde joşgunly ýaňlanýar, onuň agzybirlikde ýaşamak hem-de eziz Watanymyzy söýmek baradaky taglymlary bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.